18:58 Köňüllere nagyş bentlän | |
KÖŇÜLLERE NAGYŞ BENTLÄN
Edebi makalalar
Türkmen halkynyň ruhy durmuşynda we hakydasynda Abusagyt Abylhaýyr, Hoja Ahmet Ýasawy, Nejmeddin Kubra ýaly unudylmajak orun alan beýik pirleriň biri-de XIV asyrda ýaşap geçen Bahaweddin Nagyşbendidir. Hormatly Prezidentimiz: «...Bahaweddin Nagyşbendiniň halallyga, kalby päklige, zähmetsöýerlige çagyrýan pikirleri durmuş, medeni hem-de ruhy taýdan galkynýan halkymyzyň şu güni üçin has-da gymmatlydyr» diýmek bilen, bu akyldaryň ölmez-ýitmez taglymatyna ýokary baha berýär. 2018-nji ýylda doglan gününe 700 ýyl dolýan Bahaweddin Nagyşbendiniň nusgalyk ömrüni, ynsanperwerlige, zähmetsöýerlige halallyga ýugrulan edebi-pelsepewi mirasyny öwrenmek we ony bagtyýarlyk döwrümiziň okyjylaryna ýetirmek möhümdir. Çünki bu akyldaryň miras goýan taglymatynda şu günki we geljekki nesiller üçin zerur bolan ruhy-ahlak, edep we adamkärçilik gymmatlyklary jemlenýär. *** • Beýik akyldaryň mübärek ismi-şeripleri Bahaweddin Nagyşbendiniň asyl ady Muhammet, kakasynyň ady Muhammet Jelaleddin, ejesiniň ady Bibi Aryfa, atasynyň ady Seýit Burhaneddindir. Ol «Hoja Buzurg», «Hoja Bahaweddin», «Şa Nagyşbendi», «Belagerdan», «Gaýtarmyş Ata» diýen hormatly ismi-şeripleri bilen bütin yslam älemine meşhur bolan beýik pirdir. Çeşmelerde ýazylmagyna görä, Bahaweddin Nagyşbendiniň şejeresi ata tarapdan Hezreti Ala we ol arkaly Muhammet pygambere, ene tarapdan Abubekr Syddyka baglanýar. Pygamberiň, dört çaryýaryň we sahabalaryň neslinden bolanlar «hoja» diýen ady göteripdirler. Şuňa görä, akyldar «Uly Hoja» diýmegi aňladýan «Hoja Buzurg» ýa-da «Hoja» diýen hormatly atlara hem eýe bolupdyr. Bulardan başga-da, ol «Zamananyň beýik derejeli welisi» manysyny berýän «Kutby zaman», «Hezret işan» diýen mertebeli derejeleri bildirýän atlary hem göteripdir. Beýik piriň «Bahaweddin» ady «Diniň nury» diýen manyny aňladýar. Oňa bu adyň berlişi hakynda Sopy Allaýaryň «Sebatul ajyzyn» («Ejizleriň takaty») eserine «Rysalaýy Azyzan» («Ezizleriň (keramatlylaryň, welileriň) rysalasy») ady bilen şerh ýazan alym Täjeddin Ýelçikul gadymy çeşmelere salgylanyp, şeýle rowaýaty getirýär: Hezreti resulalla magraç wagtynda Arşa çykyp, özünden soň dünýä gelip, yslam dinine rowaçlyk berjek welileriň ruhy bilen tanşypdyr. Şonda ýagşyzadalardan biri ýetmiş perdeden ötüp, Allatagala bilen syrdaş bolup, Arşyň küňresine çykyp oturanmyş. Pygamber alaýhyssalam diýipdir: «Ýa Reb! Sen aýdypdyň: «Senden soň pygamber bolmaz» diýip. Bu ne ajap haldyr, ol kişi Seniň bilen pygamberler kibi syrlaşýar?». Allatagalanyň jogaby şeýle bolupdyr: «Eý, Muhammet, habarly bolgun! Senden soň bir weli geler. Onuň ady seniň adyň ýaly Muhammet, lakamy bolsa, Bahaweddin bolar». Gol zähmeti, alyn deri bilen halal gazanç edip, gün-güzeranyny dolandyryp, pukara durmuşda ýaşan akyldaryň «Şa Nagyşbendi» adyna eýe bolşy hakynda XV asyryň başlarynda Muhammet Bakyr tarapyndan ýazylan «Makamaty Şahy Nakşband» («Şa Nagyşbendiniň makamaty») atly kitapda maglumat berilýär (keramatly pirleriň, welileriň ruhy kämillige ýetiş basgançaklaryny we derejelerini beýan edýän esere «makamat» diýlipdir). Onda beýan edilişine görä, Hezreti Nagyşbendi şeýle diýipdir: «Zamana kutublary (sopuçylyk ýolunda beýik derejä ýeten weliler) we owtadlary (keramatly gaýyp kişiler) Şamda jem bolup, meni ak keçäniň üstüne aldylar we beýik bir tagta mündürdiler. Şundan soň, mende hiç bir gam galmady». Şu hekaýatdan mälim bolşuna görä, Hezreti Bahaweddin bütin welileriň şasy – Şa Nagyşbendi bolýar. Nagyşbendiniň wepatyna bagyşlanyp ýazylan şygyrlaryň birinde, oňa «Dini döwletiň şasy» hem diýlipdir. Magtymguly atamyz öz şygyrlarynda meşhur piriň «Şa Nagyşbendi» adyny uly hormat bilen tutupdyr: «Bir gije ýatyrdym, Şa Nagyşbendi // Keremi joş eýläp, bir nan getirdi». Näme üçin Bahaweddin Nagyşbendi «Belagerdan» («Belany dep ediji») diýip atlandyrylýar? Bu soragyň jogabyny giňräk garaýyş bilen beýan etsek, Nagyşbendi taglymaty Gurhany Kerime we Muhammet pygamberiň hadyslaryna esaslanýar. Bu mukaddeslikleriň görkezmelerini berjaý eden adama bela duş gelmeýär. Anygragy, Gurhany Kerim we Hadysy şerip belagerdandyr, ýagny belany dep edijidir. «Meniň taglymatyma eýeriň, oňa amal ediň, sizden bela dep bolar» diýende, Bahaweddin Nagyşbendi şuny göz öňünde tutupdyr. Hakykatdanam, Nagyşbendä bela-beterleri dep edýän, görner-görünmez belalary gaýtarýan keramatly pir hökmünde garalýar. Şoňa görä-de, ol halkymyzyň arasynda «Gaýtarmyş ata» ady bilen hem bellidir. Ussat piriň «Belagerdan» ady barada Abdyrahman Jamynyň «Nafahatul üns min Hadarat al-kuds» («Keramatlylyk köşgünden öwüsýän dostlugyň şemaly») eserinde ýene bir maglumat berilýär. Onda beýan edilişine görä, Bahaweddin düýşünde Hoja Abdylhalyk Gijdiwanyny görýär we ol piri Baba Semasyny görkezip: «Bu kişini sen diri wagtlarynda görüpdiň, seniň şyhyňdyrlar, saňa külah berip, keramat edipdirler, indi geljek hemme belalar seniň bereketiň bilen ýok bolarlar». Şundan görnüşine görä, meşhur pir Baba Semasy özüniň kulahyny şägirdi Bahaweddin Nagyşbendä beripdir. Bu teperrik kulahyň şerapatyndan Allatagala Bahaweddine belany dep edijilik, belany gaýtaryjylyk keramatyny bagyşlapdyr. Hezreti Bahaweddiniň «Nagyşbendi» adyna eýe bolşy hakynda birnäçe rowaýatlar hem deliller bar. Birinjisi, ol ata kesbi bolan mata nagyş salmak, nagyş bentlemek (gül salmak) bilen meşgullanandygy üçin «Nagyşbendi» adyna eýe bolupdyr. Ikinjisi, Täjeddin Ýelçikulyň ýokarda ýatlanan kitabynda beýan eden rowaýatyna görä, Bahaweddin bir tahýa tikipdir. Ol her gezek iňňäni sanjanda: «Alladan başga Hudaý ýokdur, Muhammet Onuň resulydyr» diýip, ýetmiş gezek aýdar eken. Tahýany ýedi ýylda tikip bolupdyr. «Kim bu tahýany menden satyn alsa, bahasy ýedi dowzahdyr» diýip äht edipdir. Bir gün Allatagala bir perişdäni zeňňi (hebeşi, gara adam) sypatyna girizip, «Bargyl, Bahaweddiniň tahýasyny satyn alyp gel» diýip iberipdir. Ol perişde gelip, içeri giripdir, salam beripdir. «Eý, Muhammet ymmaty, men Zeňňistan welaýatyndan geldim. Tahýam ýokdur. Sende satlyk tahýa barmy?» diýipdir. Bahaweddin: «Elbetde, bar, ýöne bahasy agyrdyr» diýipdir. «Bahasy näçedir?» diýip, zeňňi sorapdyr. Hoja aýdypdyr: «Ýedi dowzahdyr, seniň mülküňde bolsa algyl». Onda perişde: «Dowzah Allanyň mülkündedir, meniň golumda ýokdur» diýipdir we şobada Haktagalanyň huzuryna gelipdir. Hojanyň halyny beýan edipdir. Allatagala aýdypdyr: «Bargyl, alty dowzahy bergil, ondan artyk bermegil, çünki men Hojanyň dilän zadyny biler men» diýipdir. Şu ýerde rowaýat wakasyna ara berip, bir zady aýdyp geçmek zerur. Rowaýatyň mazmuny Bahaweddin Nagyşbendiniň beýik ynsanperwerligini, rehimdarlygyny açyp görkezýär. Ol Allanyň adyny nagyş edip, ýedi ýylda tiken şol ylahy tahýasy bilen ynsan oglunyň günälerini satyn almakçy bolýar. Şeýle etmek bilen, ynsanyýetiň günälerden sap bolmagyny, «dowzah» diýlen zadyň ýok bolmagyny isleýär. Rowaýaty dowam etsek, perişde Hojanyň huzuryna gelip aýdypdyr: «Tahýany alty dowzaha alar men». Hoja: «Arzandyr» diýipdir. Perişde kabul etmändir. Ahyry Hoja perişdä tahýany beripdir we alty dowzaha eýe bolupdyr. Haçan-da kyýamat güni bolanda, şol alty dowzaha Muhammet ymmaty giriziljek dälmiş. Çünki Hojanyň öz mülküne, satyn alan alty dowzahyna özüniň eýeçiligi bardyr. Allanyň sylan ýakyn adamsy Bahaweddiniň tahýa tikmekden maksady hem şudy. Allatagala Hojanyň niýetini bilse-de, eden işini dürs görse-de, günäkärlere berjek jezama emin bolmasyn, olara arka durmasyn diýip, ýedinji dowzahy bermändir. Allanyň adyny nagyş bentläp tiken tahýasy üçin Hoja «Nagyşbendi» ady berlipdir. Halk içinde aýdylýan ýene bir rowaýata görä, Hezreti Bahaweddin binalara nagyş salmak bilen hem meşgullanypdyr. Köplenç, metjitdir medreseleriň, köşkleriň belent diwarlaryna, petiklerine owadan hatlar bilen Allanyň adyny nagyş bentläpdir. Bir gezek ol Buhara bazarynda ýanynda ýaş, hor çagasy bilen bir naçaryň dilegçilik edip duranyny görüpdir. Ynsanperwer, rehimli, jomart piriň bu aýala we onuň çagasyna rehimi inip, olara kömek etmek isläpdir. Şonda ol şäheriň beýik binalarynyň biriniň ýokarsyna özüniň Allanyň adyny nagyş edip ýazan daş bölegine garap, doga okapdyr. Daş bölegi piriň goşawjuna − eline gelip düşüpdir. Ol bu daşy satyp, harç edinmegi, çagany eklemegi üçin şol aýala beripdir. Elbetde, Allanyň ady nagyş bentlenen daşyň bahasy gymmat bolupdyr. Bahaweddiniň şu kesp-hünäri we görkezen şu keramaty bilen baglanyşykly oňa «Nagyşbendi» ady galypdyr. Käbir alymlaryň ýazmagyna görä, älemde nähili wakalar bolsa, bary gaýypdan Hoja Bahaweddiniň köňlüne altyn möhüre oýulyp ýazylan harplar ýaly nagyşlanyp galar eken. Şunuň esasynda ol Buharada oturyp, alys ülkelerde we şäherlerde nähili wakalaryň bolýanyny bilip durupdyr. Şuňa görä hem Bahaweddine «Nagyşbendi» diýlipdir. Meşhur piriň «Nagyşbendi» adynyň ýene bir delili bolsa, köne kitaplarda hekaýat edilişine görä, Hezreti Bahaweddin kim bilen söhbet etse, söhbetden soň, Allanyň ady şol adamyň kalbyna nagyşlanyp galypdyr. «Allanyň adyny köňülde (ýürekde) nagyş et» («Nakş band bar dil band») diýen ýörelge Hezreti Bahaweddiniň sopuçylyk taglymatynyň esasy şygarlarynyň biri bolupdyr. «Köňül gözgüsine Ýaryň (Allanyň – N. S.) adyny, // Hekaýat eýleýip, ýazmaly boldum» diýen Magtymguly atamyzyň sopuçylyk mazmunly setirleriniň esasynda hem köňüllere Allanyň adyny nagyş bentlän Nagyşbendiniň şu pelsepewi garaýşy ýatýar. Köňlüne Allanyň ady nagyş edilip ýazylan ynsan ýagşylyk, halallyk, rehimlilik, jomartlyk, sahawatlylyk, keremlilik ýaly ajaýyp sypat-häsiýetlere, ýagşy niýet-duýgulara eýe bolýar. Şeýle adamlara türkmen «Gursagy Hudaýly adam» diýýär. Bu ganatly aýtgy hem Nagyşbendiniň şol garaýşy bilen baglanyşýar. Jemläp aýdanymyzda, beýik piriň «Nagyşbendi» ady çuňňur ruhy-ylahy mana eýedir. • Mübärek ys bilen dünýä gelen beýik weli Ady dillere sena bolan Bahaweddin Nagyşbendi 1318-nji ýylda Buharanyň 9-10 km golaýyndaky Kasry Hindiwan diýen obada dogulýar. «Kasry Hindiwan» diýmek «Hindileriň köşgi» diýmegi aňladýar. Çünki orta asyrlarda ylmyň we söwdanyň merkezi hökmünde şöhratlanan Buhara şäheri Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinden söwda kerwenleriniň, syýahatçylaryň, alymlaryň köp gelýän ýeri eken. Bu şäheriň etegindäki «Kasry Hindiwan» diýen ýer hem Hindistandan gelen hindi söwdagärleriniň düşleýän obasy bolansoň, oňa şeýle at galypdyr. Akyldaryň kakasy dokmaçy we mata nagyş salyjy eken. Bahaweddiniň geljekki ykbalynda kakasynyň uly hyzmaty bolupdyr. Ol döwrüniň ylymdar adamlary, sopulary bilen ýakyn gatnaşyk saklapdyr. Bu bolsa ýaşajyk Muhammediň kalbynda ylma we ylahyýete uly gyzyklanma oýarypdyr. Bahaweddin Nagyşbendiniň dünýä gelşi we çagalygy barada köp sanly hekaýat-gürrüňler dilden dile, kitapdan kitaba geçip gelipdir. Zamanasynyň beýik welilerinden biri Muhammet Baba Semasy heniz ol dogulmazdan öň, Kasry Hindiwana gelipdir. Ol halatlylyk bilen: «Bu ýerde beýik bir äriň mübärek ysy gelýär. Bu ýerden beýik bir weli ýetişjek. Kasry Hindiwan Kasry Aryfan bolar» diýip, Nagyşbendiniň dünýä geljegini öňünden yşarat edipdir. Soňra Nagyşbendiniň doglan obasy beýik aryfyň, akyldaryň hormatyna «Aryflar köşgi» ýa-da «Aryflar çykýan köşk» diýen manyny bildirýän «Kasry Aryfan» diýen ada eýe bolýar. Nagyşbendiniň kakasy şeýle diýipdir: «Oglum doglandan üç gün soň, hajy Baba Semasy obamyza geldi. Men oňa çyn ýürekden muhabbet beslärdim. Oglumy onuň huzuryna getirdim. Hajy oglumy alyp, bagryna basdy we: «Bu çaga meniň oglumdyr. Men muny ogullyga kabul etdim» diýip, doga okady. Ýene şeýle diýipdir: «Bu meniň ysyny syzan oglanymdyr. Şol mübärek ys şu perişde ýaly çaganyň ysydyr. Bu çaga beýik bir weli bolsa gerek». Ýene-de ýanyndaky müridi Mir Külala şeýle diýipdir: «Perzendim Muhammediň terbiýesini saňa tabşyrýan! Ondan ünsüňi daş tutma! Eger bu işde hata ýol goýsaň, asla günäň geçilmez!». Mir Külal hormat bilen jogap beripdir: «Pirim, siziň her bir tabşyrygyňyz, meniň üçin kanundyr». Şundan görnüşine görä, beýik weli bolup ýetişen Hezreti Nagyşbendi uly pir Baba Semasynyň etegine salnan nepes ogly bolupdyr. Ýaşajyk Muhammet bir ýarym ýaşynda gepläp başlapdyr. Üç ýaşynda aýdýan sözleri mantyk taýdan çuňňur mazmuna eýe bolupdyr. Dört ýaşynda kakasyndan elipbiý öwretmegini sorapdyr we tiz wagtda harp öwrenip, sowadyny çykypdyr. Bäş ýaşyndan başlap, Gurhanyň sürelerini arkaýyn ýakymly owaz (kyrat) bilen okamagy başarypdyr. Ýedi ýaşynda Allanyň Muhammet pygambere iberen kitabyny doly ýat bekläpdir. Nagyşbendi hakyndaky kitaplardan we rowaýatlardan onuň maşgala durmuşy barada käbir maglumatlary bilmek bolýar. Olarda beýan edilişine görä, akyldar on ýedi-on sekiz ýaşlarynda öýlenipdir, ogul we gyz perzentleri dünýä inipdir. Ussat piriň zehinli şägirdi Alaueddin Attar onuň giýewsi bolupdyr. Nagyşbendi hakyndaky ýatlamalaryň birinde, pir Mekgede haj zyýaraty wagtynda yzynda oglunyň aradan çykandygy oňa gaýypdan aýan bolandygy aýdylýar. Bahaweddin Nagyşbendi 1389-njy ýylda 73 ýaşynda aradan çykýar. Köp şahyrlar beýik weliniň ölümine bagyşlap, şygyrlar ýazypdyrlar. Olaryň iň meşhurlaryndan bir bent şygryň mazmuny şudur: «Dünýä we diniň hojasy Şa Nagyşbendi wepat etdi, ol dini döwletiň şasydy. Onuň menzil-mesgeni Kasry Aryfandyr, şu sebäpli wepatynyň taryhy «Kasry irfandan» çykýar». «Kasry irfan» ebjet hasaby bilen 791 bolýar. Bu bolsa Nagyşbendiniň aradan çykan hijri hasabyndaky ýyly (milady hasabynda 1389-njy ýyl) aňladýar. Bahaweddin Nagyşbendi göbek ganynyň daman obasynda depn edilýär. Geçmişde şalar, emirler, hanlar tagta oturmazdan öň, sapara çykanda ýa sapardan gelende, Nagyşbendiniň mazaryna zyýarat edipdirler. 1544-nji ýylda keramatly piriň mazarynyň üstüne Şeýbanylar nesilşalygynyň hany Abdyleziz han aramgäh gurdurýar. Dürli döwürlerde Buharada hökümdarlyk eden emirler Nagyşbendiniň mazaryny abatlamagy özlerine borç edinipdirler. Keramatly piriň gabry irki döwürlerden häzirki günlere çenli mukaddes zyýaratgäh hasaplanýar. • Nagyşbendiniň tälim alan ussatlary Bahaweddin Nagyşbendiniň sopuçylykdaky halypa-şägirtlik zynjyry (silsilesi) Hoja Ýusup Hemedana we Hoja Abdylhalyk Gijdiwana baglanýar. Bahaweddin Nagyşbendiniň mürşidi (mugallymy, halypasy) Seýit Mir Külal (1288-1371), onuň mürşidi Hoja Muhammet Baba Semasy (1259-1340), onuň mürşidi Hoja Remitany (wepaty 1321) onuň mürşidi Hoja Aryf Rewgary (wepaty 1235), onuň mürşidi Abdylhalyk Gijdiwany (1103-1179), onuň mürşidi Ýusup Hemedanydyr (1048-1141). Bahaweddin Nagyşbendiniň ruhy halypasy Hoja Abdylhalyk Gijdiwanydyr. Çeşmelerde ýazylmagyna görä, Bahaweddin düýşünde Abdylhalyk Gijdiwanyny görýär we ondan nesihatlar alýar. Weliler welisi Bahaweddine nesihat edip, pygamber alaýhyssalamyň sünnetlerine we hadyslaryna amal etmegi, aslynda dinde bolmadyk, soň girizilen zatlardan daş durmagy (bidat) we Seýit Mir Külalyň hyzmatyna barmagy tabşyrýar. Haka ýetmegiň ýollarynda ýaşyryn zikr dessurynyň, ylmy-gaýybyň syrlaryny öwredýär. Şundan soň, Nagyşbendi bütün durky bilen Abdylhalyk Gijdiwanynyň ruhlaryna baglanyp, onuň taglymaty bilen terbiýelenipdir, ýazyp galdyran kitaplaryny ürç edip okapdyr. Şuňa görä, Nagyşbendi Uwaýsy hasaplanýar. Haýsydyr bir mürit ötenleriň ruhundan sapak alsa, oňa «Uwaýsy» ady berilýär (bu sözüň asly Muhammet pygamberi görmezden, oňa ruhy şägirt bolan, türkmenleriň arasynda düýäniň piri hasaplanýan «Weýsil Karan» ady bilen meşhur ýemenli dindar we düýe çopan Uwaýs Karanynyň (wepaty 657) adyndan gaýdýar we ol soňlugy bilen sopuçylyk ylmynda giňden ulanylýar). Nagyşbendi özüni Abdylhalyk Gijdiwanynyň we onuň halypasy Hoja Ýusup Hemedanynyň esaslandyran Hojagan tarykatynyň dowamçysy hasaplap, şu tarykatyň ýörelgelerini rowaçlandyrmagy öz öňünde wezipe edip goýupdyr. Abdylhalyk Gijdiwany sopuçylykda sesli zikre (Allany ýat etmek), sema (saz, hereket-tans bilen ýerine ýetirilýän dini-ylahy aýdymlar) we hylwata (köpçülikden çete çekilip, ýalňyzlykda tagat etmek) giň orun bermän, täzeçe usul ulanypdyr. Pygamber sünnetine ähmiýet berip, dine soň goşulan zatlardan daşlaşmaga çalşypdyr. Öz şägirtlerine «Fykh we hadys ylmyny öwren, jahyl sopulardan yrak bol, baýlygyň kitaplar bolsun, seni magtasalar begenme, melamat etseler, gaharlanma, adamlardan hiç zat tama etme, juwanmert (mert, jomart) ählinden bol, Haktagala saňa näme berse, halka yhsan kyl!» diýip, hemişe öwüt beripdir we olary şeýle ajaýyp häsiýet-ýörelgelere çagyrypdyr. Bu ýol soňlugy bilen Hojagan tarykatynyň baş aýratynlygy hökmünde dowam edipdir we takmynan, iki asyr töweregi wagtdan soň, Nagyşbendi tarykatyna miras bolup geçipdir. Geljekki uly akyldar deslapky ilkinji ylym-bilimi şol döwrüň uly piri-mürşidi, özüniň ruhy atasy Baba Semasydan öwrenýär. Onuň maslahaty bilen Samarkantda iki ýyllap, Hamydylla damylladan ders alýar. Baba Semasy Muhammediň alan bilimlerini barlap, synagdan geçirip, ony öz şägirdi Mir Külalyň ýanyna iberýär. Buharanyň golaýyndaky «Suhar» diýen obada külal Emir Hemzäniň maşgalasynda doglan, soňra bütin musulman älemine «Hezreti Seýit Mir Külal» ady bilen meşhur bolan uly alymyň huzuryna gelen wagty Muhammediň on bir ýaşy dolupdy. Ol ýaşlygyna garamazdan, Ahmet Ýasawynyň (1105-1166) hikmetlerini, Aly Remitanynyň (wepaty 1321) rysalalaryny okap öwrenipdi. Mir Külal özüniň ýaşajyk şägirdine tarykat edebiniň, zikr täliminiň başlangyç düşünjelerini öwredensoň, ony birinji müridi Aryf Deggarana tabşyrýar. Muhammet bu ýerde iki ýyl tälim alýar. Nagyşbendi ussatlarynyň beren ylym-bilimlerini we görkezen ýollaryny yhlas bilen kabul edýär. Onuň Baba Semasydan, Mir Külaldan, Aryf Deggaranydan alan bilimleri ruhy-ylahy gymmatlyklara çuňňur düşünmäge ýol açýar. Bu ylym-bilimler soňra Bahaweddin Nagyşbendä beýik älemleriň syrlar işigini açmakda açarlyk hyzmatyny bitirýär. On iki-on üç ýaşly oglanyň eýe bolan şeýle ylym-magrypatyny beýleki adamlar kämillik ýaşynda hem alyp bilmeýärdi. Şuňa görä, ussady Mir Külal ýaş oglanyň akylyna, aňyna agyr düşmeginden ähtiýaç edip, oňa biraz wagt fiziki zähmet bilen meşgullanmagy maslahat berýär, wagty gelende özüniň ýene çagyrjakdygyny aýdýar. Şundan soň, Muhammet dogduk mekanyna gaýdyp, kakasynyň ýanynda matalara nagyş salmak hünärini ele almak üçin zähmet çekýär. Ol zähmet çekse-de, kitapdan arany üzmeýär. Gazanan puluna bazardan dürli mazmunly kitaplary satyn alýar, okamagyny yzygider dowam etdirýär. Üç-dört ýyl içinde nagyşbentlik hünärini öwrenip, atasyndan pata alansoň, ylmyny dowam etmek üçin ýene-de ussady Mir Külalyň huzuryna gaýdýar. Ussat ol wagtlar Nahşab şäherine (häzirki Garşy şäheri) göçüp, öz hanakasynda müritlere ylym-bilim bermek bilen meşguldy. Muhammet ýene-de Mir Külaldan we Aryf Deggaranydan iki ýyl bilim alýar. On ýedi ýaşyna gadam basan Muhammet entek alan bilimleriniň kemterlik edýändigini, ýene-de başga-da ussatlardan tälim alyp, ençeme kitaplar okap, ylmyň täze basgançaklaryna çykmagyň gerekligini duýýar. Bu barada ussady Mir Külala aýdanda, ol öz müridiniň pikirini makullaýar we oňa iki ýyl rugsat berip, soň ýene-de öz ýanyna gelmegini tabşyrýar. Şeýlelikde, Muhammet ata ýurduna gaýdyp gelýär. Buharanyň iň seýrek we gymmat kitaplaryny saklaýan kitap dükanlaryna, kitaphanalaryna gatnap, ylym-bilimini ösdürýär. Ol Hoja Ahmet Ýasawynyň tarykatyndan bolan meşhur pir Kusam şyhdan iki-üç aý tälim alýar. Bu gysga döwür içinde köp ylym-bilimlere eýe bolan Muhammet öz pirine has ýakyndan ysnyşýar. Onuň bu pire yhlasy, hormaty has güýçli bolupdyr. Kusam şyh hem ony ogly ýaly görüpdir we: «Meniň dokuz oglum bar, sen bolsa onunjy oglumsyň. Emma hemme perzentlerimden hem sen ýokarysyň». Kusam şyh müridine çäksiz hormaty üçin soňra ömrüniň ahyryna çenli Buharada ýaşap, şol ýerde wepat edýär. Muhammet Ahmet Ýasawynyň tarykatyndan bolan meşhur pirleriň ýene biri Halyl atadan hem tälim alypdyr. Halyl ata «Halyl Soltan», «Gazan Soltan», «Gazan han», «Halylulla» atlary bilen belli bolup, Türküstanda (Ýedisuw sebitlerinde) 1335-1347-nji ýyllarda hökmürowanlyk eden han we derwüşdir. Nagyşbendiniň bu pire mürit durşy hakynda çeşmelerde şeýle maglumat bar: Nagyşbendi bir gün düýşünde Hoja Ahmet Ýasawynyň şägirdi Hekim atany (Süleýman Bakyrgany) görýär. Hekim ata oňa: «Mundan bu ýana terbiýe we bilim üçin derwüş Halylyň ýanyna sapar et, onuň ýolundan ýöre» diýýär we ýanyna Halyl atany çagyryp, oňa Nagyşbendini tanadýar. Derwüş oňa mähribanlyk görkezýär. Ýaş Muhammet düýşüni enesine aýdýanda, ol: «Oglum, saňa ezizlik we öwülýälik Türküstan şyhlaryndan geler» diýýär we oňa ykbalynda bir türki şyhyň medetkär boljakdygyny aýdýar. Nagyşbendi düýşünde gören şol derwüşine duşmagy arzuw edip gezýär. Bir gün bazara aýlanyp ýören wagtynda, şol düýşünde gören adamy görýär. Onuň adyny sorasa, «Halyl» diýip aýdýar. Olar pir-mürit, ýakyn dost bolup galýarlar. Ençe wagtdan soň, Şyh Halyl soltan bolýar. Nagyşbendi Samarkantda Halyl atanyň dergähinde ol tagta çykmazdan öňki derwüşlik döwründe we tagta çykandan soňky derwüşlik-soltanlyk döwründe birnäçe ýyl hyzmat edip, onuň ýakyn hemsöhbeti bolýar. Soltan köşgünde bolan ýyllarynda Bahaweddine bilimde, magrypetde giň ýol açylýar. Ol köşk kitaphanasyndaky juda köp seýrek kitaplar, golýazmalar bilen tanyşýar. Türki, pars, arap dillerindäki şol kitaplarda ajam we arap pelsepesine, sopuçylyk tarykatlaryna, şonuň ýaly-da taryha we tebigata degişli ylym-bilimler jemlenendi. Dünýä medeniýetiniň merkezlerinden alnyp gelnen kitaplaryň arasynda ýunan we latyn dillerinden terjime edilen kitaplar hem köpdi. Bahaweddin dini-pelsepewi eserlere köpräk üns berip, Mansur Hallajyň, Abu Hamyt Gazalynyň, Ahmet Ýasawynyň, Jelaleddin Rumynyň, Ibn Arabynyň we beýleki akyldarlaryň kitaplaryny uly gyzyklanma bilen okaýar. Wagty-pursaty bilen Bahaweddiniň derwüşlikden çykan Şyh Halyl soltanyň patyşalyk şan-şöhratyndan, zer-zynatlardan köňli sowaýar. Ussadynyň dünýewi rahat-sapalarynyň we güýç-gudratlarynyň wagtlaýyn ekenligine pähim edýär. Ahyry piriniň täji-tagt aladasyna berlip, dünýewi ýola geçenini görüp, ondan arasyny üzýär we Buhara dolanyp gelýär. Muhammet ýene-de Nahşab şäherine, ussady Mir Külalyň huzuryna rowana bolýar. Ussat şägirdiniň iki ýyl rugsat bilen gidip, birnäçe ýyl egleneni üçin ondan göwni galýar. Müridiniň yhlaslylygyny synamak üçin ony birbada kabul etmeýär. Ahyry Mir Külal onuň günäsini geçip, ýene-de ony müritlige kabul edýär. Şol wagtlar Muhammet ýigrimi dört, Mir Külal bolsa, elli dört ýaşlaryndady. Nagyşbendi Mir Külaldan we Aryf Deggaranydan arakesmeler bilen ýedi ýyl tälim alýar. Mir Külal ussady Baba Semasynyň ýaş Muhammediň terbiýesi bilen meşgullanmak, ony özüne şägirt edip almak we Hojagan tarykaty jemagatyna goşup, olaryň sopuçylyk ýoluny öwretmek baradaky özüne eden wesýetini doly berjaý edýär. Nagyşbendi otuz bäş ýaşynda ussady Mir Külaldan ylym-bilimde beýik derejelere ýetenliginiň alamaty bolan hyrka geýýär we pirinden ak pata alýar. Şeýlelikde, uly pirlerden ylym-tälim öwrenip, kämillige ýeten Bahaweddin Nagyşbendi Buhara dolanyp gelýär we ynsanlara dogry ýol görkezip, mürşitlere ylym-bilim öwretmek wezipesine amal edip başlaýar. • Beýik piriň saparlary we ylym menzilleri Birnäçe ýyl jemagaty Hakyň ýoluna, halallyga, zähmet çekmäge, edebe çagyryp, uly ruhy kuwwat tapan Hoja Bahaweddiniň köňlünde Käbä, pygamberiň mazaryna zyýarat etmek, mukaddes ýerlere baryp görmek islegi döreýär. Şuňa görä, beýik pir öz ömründe iki gezek haja gidipdir. Ol bu saparlarynyň dowamynda ýol ugrunda ýerleşen ulamalaryň, meşhur pirleriň mazarlaryna zyýarat etmegi, zamanasynyň görnükli alymlary bilen duşuşmagy, olar bilen ylmy söhbetler gurmagy, Gündogaryň meşhur şäherlerinde, ylmy merkezlerinde bolup, ol ýerleriň kitaphanalaryndaky kitaplar bilen tanyşmagy maksat edinipdir. Şonuň üçin onuň birinji gezekki sapary üç ýyla, ikinjisi on ýyla çekipdir. Nagyşbendiniň bu saparlarynda oňa şägirtleri Alueddin Attar bilen Muhammet Parsa hemra bolupdyrlar. Buharadan ugran beýik piriň mübärek gadamlary ilki bilen türkmen topragyna düşýär. Buhara golaý bolan Amyderýanyň sag kenaryndaky gadymy türkmen şäheri Farabyň golaýyndaky geçelgeden derýadan geçen Nagyşbendi Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen türkmen şäherleri Amulyň, Merwiň, Saragtyň we Abywerdiň üsti bilen Balha, Hyrada, Nyşapura barýar. Soň Bagdada, Dymşyga, ondan soň Mekgä we Medinä zyýarat edýär. Nagyşbendi Merwde birnäçe wagt saklanýar. Beýik piriň bu gadymy türkmen şäherine hormat-sarpasy juda uly bolupdyr. Çünki onuň esaslandyran sopuçylygyň Nagyşbendiçilik tarykatynyň binýady şu toprakdan tutulypdy. Özüniň ruhy halypalary Ýasawa we Gijdiwana tälim beren beýik pir Hoja Ýusup Hemedany Merwde ýaşapdy, şu ýerde müritlerine sapak beripdi we şu ýerde hem baky aram tapypdy. Nagyşbendi soňra bu beýik pirleriň tarykatlaryny ösdürip, birleşdirip öz tarykatyny döredipdi. Ol Merwde özüniň ruhy halypasy, sopularyň ezizlän piri Hoja Ýusup Hemedanynyň mazaryna yhlas bilen zyýarat edýär. Ol bir hepdäniň dowamynda ussat şyhyň mazarynyň ýanyndan gitmän, tagat-ybadat bilen meşgul bolýar. Şägirtleriniň aýtmaklaryna görä, şol günler onuň pynhany zikrine gaýypdan Hezreti Ýusup Hemedany ymamlyk edipdir. Şundan soň, Bahaweddin Merwde ýene birnäçe gün galmaly bolýar. Çünki bu gadymy we uly şäherde Nagyşbendiniň ylahy ýoluna eýerýänler juda köp bolup, olar beýik weliniň mübärek didaryny görmek we dogaýy sözlerini eşitmek üçin onuň düşlän ýerine, namaz okamaga baran metjitlerine topar-topar bolup gelipdirler. Bahaweddin metjidiň ýanyndaky hüjrelerde, kerwensaraýlarda, hanakalarda oturyp, adamlary haýyra, ýagşylyga, halallyga, päklige ündäpdir, günälerine toba edip gelenler üçin Alladan mürewwet diläp, doga edipdir. Merwiň şäher häkimi we beýleki emeldarlar hem Nagyşbendi pire tagzym edip, onuň haýyr-dogasyny almaga gelipdirler. Hoja Nagyşbendiniň şägirdi Muhammet Parsa şeýle ýazypdyr: «Hezreti Hoja nirä barsa, ol hemme ýerde ýokary adamkärçilik sypatlary we häsiýetleri bilen çäksiz hormat gazanyp, ruhy durmuşda ýene belent derejelere göterilerdi, adamlar bilen söhbetlerde hemmeler piriň sözlerini dykgat bilen kabul edip, onuň kämil ynsanlyk derejesine baş egerdiler. Hezretimiň ýagşy gylyk-häsiýetleriniň owazasy alys ýerlere ýetipdi, dürli derejedäki adamlar onuň söhbetlerine gatnaşmagy, oňa mürit bolmagy arzuw ederdiler». Nagyşbendi Abywerdiň çäklerinde ýerleşýän Küffen galasyndaky kerwensaraýda hem düşläpdir (Küffen ‒ häzirki Kaka etrabynyň Artyk demir ýol menziliniň 25 km demirgazygynda ýerleşen, käbir çeşmelerde «Miri Seýit», «Çugundur baba» atlary bilen duş gelýän orta asyrlarda gülläp ösen şäher-gala). Bu ýerde hem oňa, edil Merwdäki ýaly, uly hormat-sarpa goýlupdyr we ýokary derejede kabul edilipdir. Onuň bu sebitdäki uly pir Mäne babanyň – Abusagyt Abylhaýyryň mazaryna hem zyýarat edendigi bellidir. Çünki ussatlara çuňňur sarpa goýýan Nagyşbendiniň sopuçylyk ylmynda uly yz goýan bu beýik piriň baky aram tapan ýerinden sowlup geçmejekdigi düşnüklidir. Akyldaryň türkmen topragyna mübärek gadamynyň düşen ýerleriniň ýene biri häzirki Serdar (öňki Gyzylarbat) şäheriniň töwerekleridir. Ylmy çeşmeler Nagyşbendiniň bu şäheriň eteklerinde ýaşaýan, öň öz elinde okan müridi Möwlana Kazy Soltanyň öýünde düşläp geçendigi barada habar berýärler. Nagyşbendi zamanasynyň uly pirleri bilen görüşmäge hem uly ähmiýet beripdir. Ol bu babatda hemişe piri Mir Külalyň: «Alymlara ýakynlaşyň, çünki olar ymmata ýol görkeziji çyraglardyr» diýen wesýetine eýeripdir. Muňa güwälik berýän bir wakany Alyşir Nowaýy özüniň «Nesaýimul muhabbet» («Muhabbet şemallary») eserinde hekaýat edipdir. Oňa görä, Hoja Bahaweddin ikinji gezek Mekgä barýarka, Merwden çykan kerwen ikä bölünýär we biri Maşada, ikinjisi Hyrada tarap ugur alýar. Pir Maşada barýan kerwendäki şägirdi Muhammet Parsa bilen Nyşapurda duşuşmagy wada edişýär. Hyrat ýoluna düşen Nagyşbendiniň maksady bolsa, ol ýerdäki meşhur şyh Möwlana Zeýneddin Abubekr Taýabadynyň ylmy söhbetine ýetmekdi. Uly şyh Nagyşbendi bilen bolan duşuşykdan juda bagtyýar bolýar, ony birnäçe gün öýünde myhman alýar, soňra Nyşapura çenli ugradyp, kerwene goşýar. Nagyşbendi Bagdada baran wagtynda sopuçylyk ýolunyň uly alymy, Bagdat pelsepewi mekdebiniň esasyny goýan Abu Abdylla Muhasibiýniň (781-857), şonuň ýaly-da dünýä sopularynyň ussady Jüneýit Bagdadynyň (wepaty 910) hatyralaryny tutup, olaryň mazarlaryna zyýarat edipdir. Bagdat şäherinde şol wagt ýigrimiden gowrak kitaphana bolup, Bahaweddin olarda saklanýan kitaplary ürç edip öwrenipdir. Ol bu ýerde şöhraty yslam älemine belli bolan sopy Mansur Hallajyň (858-922) ömri we durmuşy bilen hem gyzyklanypdyr, onuň eserlerini tapyp okapdyr. Hoja Bahaweddiniň şägirtleri bilen Iskenderiýa şäherine barandygy we ol ýerdäki kitaphanalary görendigi barada hem maglumatlar bar. Bütin ömründe öwrenip we öwredip geçen Nagyşbendi adamzadyň durmuşyny parlak röwşenlik bolup ýagtyldýan ylma juda ýokary hormat goýupdyr. Onuň uzak ýurtlarda saparlarda bolanda, ýokarda beýan edişimiz ýaly, esasy idegi ylym bolupdyr. Muhammet pygamberiň: «Ylym öwreniň, ol Çynda bolsa-da gidip öwreniň», «Nirede bolsaňyzam, ylym talabyndan uzaklaşmaň, eger suw içre gark bolsaňyzam, guwwas bolup ýüzüp çykyň we ylym öwreniň» diýen wesýetlerine eýeren akyldar dünýä meşhur şäherleriň ylym merkezlerinde, kitaphanalarynda bolup, gije-gündiz okamak bilen meşgullanypdyr. Ol şägirtlerine, müritlerine: «Ylym ýolunda meni basyp geçmek zerur bolan halatynda hem, bu işi etmeseňiz sizden razy bolmaryn» diýer eken. Akyldaryň ikinji gezek haj saparyndan gelýärkä, Merwde saklanyp, belli bir wagt şu ýerde galmagy hem onuň ylma teşneliginden, söýgüsinden bolsa gerek. Çünki köp sanly ajaýyp kitaphanalary bilen ençeme alymlary haýran galdyran Merw şäheri ylmyň we medeniýetiň merkezidi. Nagyşbendi birnäçe ýyl Merwde ýaşandan soň, Buhara dolanyp barýar we ömrüniň ahyryna çenli şol ýerde bolýar. • Nagyşbendiniň tarykaty we onuň kanun-ýörelgeleri Bahaweddin Nagyşbendi özüniň ruhy halypalary Gijdiwanynyň we Ýasawynyň sopuçylyga degişli eserlerini çuňňur öwrenen we olaryň tarykatlaryna eýerýän pirlerden (Baba Semasy, Mir Külal, Kusam şyh, Halyl ata) tälim-terbiýe alan akyldardyr. Gijdiwanynyň we Ýasawynyň Hoja Ýusup Hemedanydan hyrka geýen dört müridiniň ikisi bolandygyny ýatlasak, onda Nagyşbendiniň döreden taglymatynyň gözbaşy bu iki piriň üsti bilen Ýusup Hemedana, onuň düýbüni tutan Hojagan tarykatyna baglanýar. Bahaweddin Nagyşbendi bu uly pirden tälim alan Gijdiwanynyň we Ýasawynyň esaslandyran Hojagan hem Ýasawyçylyk sopuçylyk tarykatlarynyň düzgünlerini birleşdirip, öz tarykatyny döredýär. Şeýlelikde, esasan, Hojagan tarykatynyň düzgünleriniň işlenip, kämilleşdirilmeginden emele gelen bu tarykat ilkibaşda «Hojagan tarykaty», «Hojagan-Nagyşbendi tarykaty», soňlugy bilen «Nagyşbendi tarykaty» diýlip atlandyrylýar. Nagyşbendi öz ussat halypalarynyň sopuçylykda yz goýan ýörelgelerini, nazary garaýyşlaryny baýlaşdyrdy, has-da rowaçlandyrdy we durmuşa ýakynlaşdyrdy. Nagyşbendi tarykatynda sopynyň berjaý etmeli «damja» («raşaha») diýlip atlandyrylýan 11 sany kanun-ýörelgesi bolup, olaryň 4-si Hemedana, 4-si Gijdiwana, 3-si bolsa, Nagyşbendä degişlidir. Olarda ynsanyň içki ruhy dünýäsini arassalaýan, ony hakykata, Haka ýakynlaşdyrýan pikir-garaýyşlar beýan edilýär. Olaryň mazmuny şulardan ybaratdyr: 1. Her bir nepes, pursat dykgatly, ähtiýaçly bolmaly. Alnan her bir dem ägälikde, habardarlykda, oýalykda bolmaly, gaflata hiç hili orun bolmaly däl. Adam demini goýberip, ikinjisini alýança, aralykda bir pursat döreýär. Şol pursatda gaty ägä bolmaly, dem almagyň aladasyny edip, Allany unudaýmaly däl. Her bir demde Allany zikir etmek gerek. 2. Her bir ädimi oýlanyşyp, pikir edip basmaly, ägä bolup gezmeli. Basylan gadamdan betbagtlyk gelmeli däl. Nazar erbet ýerlere düşmeli däl. Şonuň üçin gözüň aýakda bolmagy gerek. 3. Içki dünýäňe, köňlüňe, içki watana sapar edip, ýaman adatlardan, häsiýetlerden ýagşy häsiýetlere, ylahy sypatlara ugrukmaly. Bu maksada ýetmek üçin mynasyp piri-mürşit tapmaly. 4. Jemgyýetde, adamlar arasynda bolmaly, emma özüňi ýalňyzlykda ýaly duýmaly. Dünýewi iş bilen meşgul bolunsa-da, Allany unutmaly däl, ýagny zahyry (daşky) tarapdan halk bilen, batyny (içki) tarapdan Alla bilen bolmaly. 5. Dil we kalp bilen Allany ýat etmeli, dynman Allanyň adyny zikr etmeli. 6. Zikrden soň, «Allahym, meniň maksadym Sensiň, talabym, islegim Seniň razylygyňdyr» diýmeli. 7. Her hili pikirlerden halas bolup, daşky älemden aýrylyp, öz içki dünýäň bilen galmaly. Zikr edilýän wagt onuň manysy hakynda oýlanyp, başga zatlary hyýalyňa getirmeli däl, ünsüňi diňe zikre jemlemeli. 8. Hemişe Alla hakda oýlanyp, Ony hiç wagt ýatdan çykarmaly däl. Allanyň yşkyna düşüp, heserlenmede Oňa bolan söýgi köňli bütinleý gaplap almaly. 9. Hemişe öz ahwalyňdan habardar bolmaly. Ömrüň her bir pursatyny hasap edip ýaşamaly. Eger sogap işler edilen bolsa şükür, günä edilen bolsa toba etmeli. 10. Piriň beren zikr wezipesiniň hasabyny amal etmeli. Zahyrda hem özüňi bellenen hasaba we wagta nazar aýlap, olara gözegçilik etmeli. 11. Kalbyň her pursatda Allatagaladan habarly bolmagy gerek, ýagny ynsan köňli Alladan başga zady oýlamaly däl. Kalpda, köňülde diňe Allanyň ady ýazylan bolmaly. Nagyşbendi tarykatynyň kanun-ýörelgeleri dini, pelsepewi we ahlaky nukdaýnazarlardan uly ähmiýete eýedir. Ol köp jähetden umumynsan durmuşynyň mazmuny we gymmaty bilen baglanyşyklydyr. Şoňa görä, bu tarykat soňky asyrlarda hem dünýäniň köp ýurtlarynyň halklarynyň nazarynda mukaddes taglymat bolup galdy. • Beýik piriň dünýewi durmuşy we sopuçylyk tarykaty Bahaweddin Nagyşbendi ýakynda-yrakda ady dillere sena bolan keramatly, weli ynsan, köpden-köp päkize häsiýetli adamlary terbiýelän uly mürşit, ýüzläp kitaplar okan we ençeme eserler döreden akyldar, pelsepeçi alym, ylahy zehiniň eýesi, ussat şahyr, sopuçylykda tarykat döreden meşhur pir bolsa-da, sada durmuşda ýaşapdyr. Özüne degişli ýerde daýhançylyk edipdir, ata kesbi bolan kimha (zerden ýa-da zer ýüplük goşulyp dokalan, gymmat nepis mata) nagyş salyp, halal lukma gazanyp, rozygär geçiripdir. «Şa Nagyşbendiniň makamaty» kitabynda ýazylyşyna görä, hezreti pir: «Birje sygrymyz bardy, özüm bakardym we özüm sagardym» diýip ýatlar eken. Nagyşbendi öýünde hiç hili mal-dünýä, baýlyk saklamandyr. Özüniň gol güýji bilen güzeran geçiripdir, tapan-tupanlaryny ýetim-ýesirlere, naçar-biçärelere engam edipdir, hökümdarlardan özüni yrak tutupdyr, olardan hiç hili tamakinçilik bilen ýaşamandyr. Bu barada Alauddin Attar aýdypdyr: «Hezreti Hojamyzyň öýlerinde hiç zat ýokdy, garypdy, gyşda samanyň, ýazda köne boýranyň (gamyşdan dokalan düşek) üstünde ýatyp-turardy. Döwük küýzesi bardy, hyzmatkäri ýokdy. Bu ýagdaý barada soranlarynda: «Bendelik bilen hojaýynlyk, baýlyk bir-birine dogry gelmez» diýip, şu beýdi aýdardy: «Hiç närsämiz ýok weli, hiç närseden kem emes, // Hiç närsäniň bolmazlygy biz üçin gam emes». Bahaweddin Nagyşbendiniň sopuçylyk tarykaty hem onuň dünýewi durmuşy, sada durmuş terzi bilen baglanyşyklydyr. Ol sopuçylykda öňden gelýän kyn ýörelgeleri belli bir derejede ýeňilleşdiripdir, çylşyrymly talaplary ýönekeýleşdiripdir, gündelik durmuşa laýyklaşdyrypdyr. Nagyşbendiniň öňki we beýleki käbir sopulardan tapawudy şundan ybaratdy, ol ruhuny, köňlüni kämilleşdirmek bilen birlikde, halal zähmet bilen ýaşamagy zerur hasaplapdyr. Beýleki käbir şyhlaryň, sopularyň we olaryň şägirtleriniň, derwüş-galandarlaryň esasy işi bolsa, sapar, syýahat bolup, haýsy-da bolsa bir işiň, zähmetiň başyna barmazdylar. Olar, köplenç, maşgala gurman, nesil öndermän, dilegçilik, pahyrlyk bilen gün geçirmegi, özlerini bu dünýäniň baýlyklaryndan, sapa-nygmatlaryndan mahrum edip, nebslerini jylawlap, hiç kime we hiç zada bagly bolman, gedaýlykda ýaşamagy dogry hasaplapdylar. Derwüş-galandarlaryň käbirleri öý-öwzarsyz, köp ýerlere sapar edip gezseler, başgalary uly pirleriň ýanynda bilim-terbiýe alyp, hanakalarda (derwüşleriň köpçülik bolup ýaşaýan jaýy), wakflardan, haýyr-sadakalardan düşüp duran nygmatlar bilen ýaşapdyrlar. Olar özleriniň daşky görnüşleri bilen hem köpçülikden tapawutlanypdyrlar. Eginlerine july çykan we her hili mata parçalaryndan tikilen geýimleri – hyrkalary we jindeleri, başlaryna diwana topby, ujy çüri kulah geýipdirler. Gollaryna hümmet hasa alyp, billerine kemer baglap, ýanlaryndan kädi asyp gezipdirler. Sopuçylyk-derwüşlik durmuşyndaky şeýle ýagdaýlar Nagyşbendiçilik tarykatynda belli bir derejede üýtgeýär. Onuň möhüm esaslaryndan biri sopynyň öz ruhy halyny ýaşyryp, şöhratdan we özüňi iliň gözüne aşa dindar, takwa edip görkezmäge çalyşmakdan (ryýa) gaçmak bolupdyr. Şu maksat bilen olar halk arasynda pir we sopy sypatynda bolup görnüp ýörenden, il hatary adaty bir ynsan bolup ýörmegi ýagşy görüpdirler. Olar şöhratdan saklanmak üçin keramatlaryny syr edip saklapdyrlar. Belent owaz hem-de saz, hereket bilen zikr etmekden, tarykata mahsus geýim geýmekden, hatda hanaka gurmakdan hem saklanypdyrlar. Nagyşbendi we oňa eýerijiler halk arasynda tarykat alamatyny bildirýän aýratyn geýim geýmezligi özlerine adat edinipdirler. XIV asyryň ortalarynda Muhammet Asad Buhary tarapyndan ýazylan «Maslak ul-aryfan» («Aryflaryň ýoly») eserinde beýan edilişine görä, Nagyşbendi öz ruhy ahwalyny gizlemek üçin hyrka geýmegiň ýerine adaty ulamalar geýimini geýipdir. Bu tarykatda beýleki tarykatlardaky ýaly aýratyn bir lybas bolmandyr. Olarda her kim öz ylmy derejesine görä geýnilipdir, adaty selle oranylypdyr. Nagyşbendiniň tarykatynyň şyhlary: «Bize görä hyrka däl, hirfa (meslek, kesp-hünär) möhümdir» diýipdirler. Öň sopuçylyk ýörelgelerinde zikr etmegiň iki usuly amal edilýärdi. Biri – sesli, owazly zikr (zikri lisanyý ýa-da zikri jahryýa), ikinjisi – sessiz, owazsyz zikr (zikri hufiýa). Nagyşbendi tarykatynda sessiz, ýürekden edilýän zikr amal edilip, munda zikr edýän sopy sözleri dil bilen aýtman, owaz çykarman, sözler diňe «ýürek bilen aýdylypdyr». Şonuň ýaly-da, ruhy hallaryny ýüze çykarmakdan saklanan Nagyşbendiçiler zikri saz we hereket (tans) bilen amal etmekden (raksu sema) saklanypdyrlar. Pir hezretleri: «Semany inkär hem etmeýäris, ýöne syr tutan hallarymyzyň äşgär bolmagyndan gorkup, oňa gatnaşmaýarys hem» diýipdir. Onuň özi sema etmändir we müritlerini sema mejlisinde oturmakdan saklapdyr. Olar sessiz, kalp bilen, ýürekden edilýän zikre «lutf we nygmat zikri», owaz bilen edilýän zikre «adaty we şekil zikiri» diýipdirler we kalp zikriniň artykmaçlygyny beýan edipdirler. Zikr edilende müritleriň bir ýere toplanmaklary şert bolmandyr. Her kim öz öýünde, köplenç, gijeler asuda, hereket-şowhunsyz, Allanyň atlaryny we mukaddes sözlerini kalbynda ýat edip, gündizleri öz işleri bilen meşgul boluberipdirler. Bahaweddin Nagyşbendiniň Abdylhalyk Gijdiwanydan özleşdiren kalp zikrini soňra Abdyrahman Jamy, Alyşir Nowaýy, Magtymguly Pyragy ýaly beýik akyldarlar hem amal edipdirler. Nagyşbendi we onuň sopulary adamlardan çete çekilip, ýalňyz halda tagat etmäge, ýagny hylwata köp ähmiýet bermändirler. «Halk arasynda Hak bilen bolmak» diýen ýörelgäni kabul edipdirler. Bu babatda Gijdiwany: «Hylwat işigini ýap, söhbet işigini aç, şyhlyk işigini ýap, Ýarlyk, dostluk işigini aç» diýen bolsa, Nagyşbendi: «Biziň ýolumyz söhbetdir. Hylwatda şöhrat, şöhratda apat bardyr. Haýyr jemagat bilendir» diýipdir. Nagyşbendi we onuň tarykatynyň welileri keramaty äşgär etmäge ýol goýmandyrlar, ony syr hökmünde saklamaga uly ähmiýet beripdirler. Nagyşbendi bu ýagdaý barada şeýle diýipdir: «Batynda (içde) Haka aşna bol, zahyrda (daşda) bigäne dek görün». Welilik, keramatlylyk güýç-kuwwaty ylym-magrypaty rowaçlandyrmaga, şonuň ýaly-da, halkyň ruhy jähetden päklenişini amala aşyrmaga, her hili zuluma we dine soň goşulan zatlara (bidat) garşy göreşmäge sarp edilipdir. Nagyşbendiçilik ýörelgesinde halka hyzmat etmäge we ynsana kömek bermäge uly ähmiýet berlipdir. Olar özlerine hyzmat etmän, ýagny öz bähbitlerinden geçip, hemişe halk hyzmatyna ýaramaga çalşypdyrlar, ejize-biçärä ýardam bermäge howlugypdyrlar. Bahaweddin Nagyşbendi piri Mir Külala arkasynda odun daşap hyzmat edipdir. Ol öýüne syýahatçy ýa-da myhman gelse, yzzat-ykram görkezipdir. Bir gezek Nagyşbendi bitap halynda wagty Buharadan müritleri gelipdir. Bimarlygyna garaman, myhmanlary güler ýüz bilen garşylapdyr, hatda bazardan goýun alyp, ony arkasynda göterip gelipdir, myhmanlaryny hezzetläpdir. Nagyşbendi tarykaty gowga-jenjelden daşda, teşwüşsiz, parahat we çyn manydaky magrypaty tarykatdyr. Bu tarykata ynsanyň pikirlenişiniň, akyl-paýhasynyň miwelerinden lezzet almak, çeper döredijilige giň ýol açmak mahsusdyr. Şonuň ýaly-da, bu tarykatda ynsan mertebesi has belent derejelerde goýulýar. Bütin ýaradylanlaryň arasynda iň beýigi bolmak ynsana nesip edipdir. Şonuň üçin ynsan öz durmuşyny bagt-sagadat eýesi bolmak üçin gurmalydyr. Berlen gysga mütdetli ömrüň sagadatly, beýik ykbally bolmagy gerek. Bu bagty ynsana söýgi duýgusy bagyş edýär. Adamlar arasyndaky birek-birege söýgi, hormat duýgulary, birek-biregi ezizlemek, çyn ynsany söýgi iň gözel zynatdyr. Bu söýgi şeýle uly hem täsirli güýje eýe bolup, ol öz kuwwatlylygy bilen ylahy yşk derejesine göterilýär. Şeýle yşk-söýgä eýe bolan ynsan kämillik derejesine ýetýär. Alymlaryň ýazmagyna görä, şunuň ýaly mazmuny, pelsepesi, maksady bolan Nagyşbendi tarykaty zulmatda galanlara nurdur, ýoluny ýitirenlere kyblanamadyr, azaşanlara ugur görkeziji ýyldyzdyr, adamy Ýer ýüzündäki apatlardan aman saklaýan, ynsan perzentlerini duçar bolaýjak dertlerden goraýan, iki dünýä sagadatyna ýetirýän tarykatdyr. Şonuň üçin hem dürli döwürdäki ylym-bilimiň, edebiýatyň görnükli wekilleri bolan Hoja Ahrar Weli, Abdyrahman Jamy, Hüseýin Baýgara, Alyşir Nowaýy, Hüseýin Waiz Käşifi, Babarahym Meşrep, Zahyreddin Muhammet Babyr, Patyşa Hoja, Hasan Nisary, Döwletmämmet Azady, Nurmuhammet Andalyp, Magtymguly Pyragy, Gaýyby, Şeýdaýy ýaly ýüzläp röwşen pikirli akyldarlar Nagybendiçilik ýoluny saýlapdyrlar we ynsany has belent mertebelere göterip, umumadamzat gymmatlygyna eýe bolan ajaýyp eserleri döredipdirler. Sopuçylygyň taryhynda Nagyşbendi tarykatyndan soň, başga bir tarykat döremändir. Käbir tarykatlar şekillenenem bolsa, olar özbaşdak tarykat bolman, öňki uly tarykatlaryň şahalarydyr. Olar sopuçylyk üçin täze nazary we amaly ýörelgeleri bermändiler. Nury SEÝIDOW, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri. (Dowamy bar).. | |
|