19:00 Köňüllere nagyş bentlän / makalanyň dowamy | |
KÖŇÜLLERE NAGYŞ BENTLAN / makalanyň dowamy
Edebi makalalar
• «Ýüregiň Ýar bilen, eliň kär bilen» Nagyşbendiniň tarykatynyň öňki tarykatlardan esasy tapawudy sopularyň halal zähmet bilen ýaşamagyny öňe sürmegidir. Onuň taglymatynda gije-gündiz tagat-ybadat bilen meşgullanyp, maşgala, jemgyýet işlerini terk etmän, öý-hojalygy üpjün, döwleti abat etmek ýolunda zähmet çekmek talap edilýär. Muhammet pygamberiň hadyslarynda öňe sürlen pikirlere laýyk gelýän bu talap «Ýüregiň Ýar bilen, eliň kär bilen» («Dil ba Ýar-u, dast ba kar») diýen gysga, anyk hem ykjam şahyrana şygar bilen berkidilipdir. Ol «Ruhanylaryň, sopularyň, derwüşleriň, umuman, her bir kişiniň hemişe ýüreginde, oý-hyýalynda Allatagala, golunda bolsa, zähmet, kär bolmagy gerek» diýen mana eýedir. Oňa görä, ýüregiň Alla bilen baglanan halda kesbi-hünäri we gol zähmetini asla terk etmezlik gerek. Ýaşaýşyňy, ömrüňi özgeleriň zähmetiniň ýa-da haýyr-yhsan hasabyna däl, öz zähmetiň, alyn deriň hasabyna geçirmek gerek. Nayşbendiniň talabyna görä, musulmançylykda imandan soň, halal zähmet birinji orunda durupdyr. Ol zähmet çekmegi ybadatyň bir görnüşi hasaplapdyr. Beýik pir: «Ybadat on bölekdir, dokuzy halallykdyr, halallyk bolsa zähmet bilen hasyl bolýar» diýer eken. «Bir möminiň zähmet çekmezligi onuň dilegçilige ymtylmagy diýmekdir» diýen Nagyşbendi we oňa eýerijiler hemişe gara zähmet çekip, halal gazanç edip ýaşapdyrlar. Bu tarykatyň pir-mürşitleri kesp-hünäri bolmadyk adamlary müritlige kabul etmändirler. Olaryň özleri hem haýsydyr bir hünäriň eýesi bolup, zähmet çekipdirler. Hoja Aly Ramitany – bagban, dokmaçy, Muhammet Baba Semasy – daýhan, bagban, Seýit Mir Külal – külal, onuň ogly Mir Hamza – awçy, Hoja Ubaýdylla Ahrar – maldar we söwdagär bolupdyr. Hezreti Nagyşbendiniň özi bolsa, nakgaşlyk, dokmaçylyk, daýhançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanypdyr. Nagyşbendi derwüşleri, sopulary özleriniň arkaýyn, durmuş harajatlary bilen üpjün ýaşamaklary, özgeleriň gollaryna garap galmazlyklary üçin halal zähmet bilen, dürli hünärler bilen meşgullanmaga çagyrýar. Ol şu jähetden, aryflaryň soltany Ahmet Ýasawynyň ýoluny ýöredip, onuň nebsi we tamakinçiligi garalaýşyna amaly jogap hökmünde birinji bolup, sopularyň hem zähmet, kesp bilen meşgullanyp, ylym-magrypat almagyny ýola goýýar. Hezreti pir başga ýol bilen gazanylan önümleri haram hasaplapdyr. Bir gün saparlaryň birinde Hyrat hökümdary Mälik Hüseýin Hoja Bahaweddin Nagyşbendini myhmançylyga çagyrypdyr. Saçaga ýüz hili nazy-nygmatlar çekilipdir. Hoja öý eýesi bilen ýagşy söhbetler edip oturypdyr. Emma orta goýlan tagamlardan dadyp hem görmändir. Mälik myhmanyna nazy-nygmatlardan iýmäge näçe mürähet etse-de, pir olara zynhar el degirmändir. Munuň sebäbi soralanda, ol şeýle jogap beripdir: «Gadyrly mälik hezretleri! Şu tagamlar özgeleriň zähmeti bilen alnan hasyllardan taýýarlanan. Muňa siziň gol güýjüňiz degmändir, alyn deriňiz siňmändir. Şonuň üçin bu tagamlar meniň üçin halal däldir». Piriň müritleriniň ýatlamalarynda onuň iýýän tagamlarynyň özüniň daýhançylygyndan bolandygy, ömürboýy daýhançylyk bilen gün geçirendigi, öz obasyndaky uly bolmadyk ýerinde bugdaý, jöwen, mäş ýaly ekinleri ekendigi, sygyr saklandygy aýdylýar. Pir nedir-nyýaz kabul etmändir, gaýtam öz alan hasylyndan we beýleki zatlardan mätäç kişilere paýlapdyr. Nagyşbendiçiler diňe sopulary däl, bütin halky daýhançylyk, maldarçylyk, hünärmentçilik, söwda-satyk, çeper edebiýat, ylym-magrypat, hatdatlyk, nakgaşlyk, binagärlik ýaly peýdaly we haýyrly işler bilen meşgullanmaga çagyrypdyrlar. Bahaweddin Nagyşbendiniň jar eden sopuçylykda zähmet çekmek baradaky täze dessuryna amal edýänler gün-günden, ýyl-ýyldan köpelipdir. Derwüşleriň jemagatlary, müňläp galandarlar parahat, teşwüşsiz, hatyrjem durmuşa dolanypdyrlar. Olar Haktagala ýolunda magrypat hasyl etmek bilen birlikde, zähmet çekip, özlerini ekläp biljek derejä ýetipdirler. Şeýlelikde, Nagyşbendi özüniň göreldesi we pendi-nesihatlary bilen adamlary halal zähmet çekmäge, hünär hasabyna ýaşamaga çagyrmagy sopuçylygyň taryhyndaky uly hadysadyr. Zähmete, zähmetsöýerlige ündemek bolsa, päkize ahlagy wagyz etmekdir. • «Edep häsiýeti çyraýly etmekdir...» Nagyşbendi tarykaty edep-ahlak tarykatydyr, çünki bu tarykat her bir ynsanyň ruhy-ahlaky taýdan kämillige ýetmeginiň, her bir kişiniň edep talaplarynyň düýp mazmunyny aňlamagynyň, şol dessurlara amal etmeginiň zerurlygyny öňe sürüpdir. Muny Hezreti Nagyşbendiniň we oňa eýerenleriň ruhy-ahlaky hereketlerinden görmek bolýar. Bu barada «Makamaty Şa Nakşband» («Şa Nagyşbendiniň makamaty») eserinde şeýle diýilýär: «Olaryň ahlaklaryndan kiçijik bir bölegi şudy, eger olar bir dostunyň ýa-da derwüşiň öýüne barsalar, olaryň hemme perzentleriniň, ýakynlarynyň hem-de hyzmatkärleriniň hal-ýagdaýlaryny sorardylar, her biriniň köňlüni bir ýol bilen tapardylar. Goňşular we garyndaşlar olardan hemşe razy we hoş bolardylar. Olaryň bu merhemet-lutflary her bir kişä dogry ýol üçin delalat edýärdi». Nagyşbendi hezretleri mylaýym tebigatly, ýüregi rehimli adam bolupdyr we onuň özi şeýle adamlary ýagşy görüpdir. Ol: «Kişini ynjydýan adamdan Huda bizar, barça ynsanlara rehimli boluň, garynja-da azar bermäň» diýipdir. Pir we onuň şägirtleri: «Öz perzentleriňden, hyzmatkärlerden edepsizlik görülse hem, olara agyr söz diýmän, ýumşaklyk we süýji dil bilen nesihat etmeli, hatda ogrulara hem şeýle çemeleşmeli» diýen ýörelgä eýeripdirler. Ussat pir müritlerine tälim berende hem olara mylaýymlyk, mähribanlyk bilen çemeleşer eken. Ol: «Ussadyň öňünde tälim beriş wezipesi durýar. Munuň üçin onuň şägirtleriniň oý-teşwüşlerini, ýüreklerindäki niýet-maksatlaryny hasaba almagy gerek. Şoňa görä, ol buharalylar bilen sözleşende, Buhara dilini ulanmagy, Bagdatda bolsa, Bagdat dilinde sözlemegi gerek» diýipdir. Akyldaryň bu sözleri diňe bir müritlere tälim berişde däl, eýsem umumynsan gatnaşyklarynda möhüm bolan edep kadalaryndan bir ülüşdir. Ýumşaklyk, çydamlylyk, sabyr, kanagat, takat, kysmata kaýyllyk, başa näme gelse Alladan görüp, razy bolmak, her hili azap-muşakgatlary çekmäge häzirlik – bular Nagyşbendi tarykatynyň ahlak-edep ýörelgeleridir. Tarykatyň «Ýagşy-ýamana, uly-kiçä ýagşylyk etmeli. Bütin halaýygyň ýanynda özüňi kiçi we pespäl tutmaly» diýen ýörelgesini Nagyşbendi: «Şeme meňze, adamlara röwşenlik bagyşla, özüň bolsa, garaňkyda bol» diýen pähimi bilen berkidipdir. Beýik piriň tarykaty dilegçilik etmegi, birinden bir zat tama etmegi edepsizlik hasaplapdyr. Bu barada Nagyşbendi şeýle diýipdir: «Nebsleriňize töhmet ediň, ýagny dilegçilikden, tamakinçilikden geçip ýaşaň, işläň». Ol ynsan ruhundaky nebs belasyny ähli erbet häsiýetleri, edepsizlikleri dörediji hasaplapdyr we nebs barada ýene-de şeýle diýipdir: «Öz nebsleriňizi ýamanlap, ony kemsidip, aýak astyna alyp duruň, çünki kim Haktagalanyň enaýaty bilen öz nebsini ýaman diýip tutsa, bu amal onuň üçin asandyr». Nagyşbendiniň edep barada aýdan pähimleri ynsanyň gözel ahlagynyň bu görnüşiniň düýp mazmunyny we onuň adam üçin näderejede zerurlygyny açyp görkezýär: «Edep söýginiň miwesidir, ýene-de söýgi daragtydyr, ýene-de söýgi tohumydyr hem», «Edep häsiýeti çyraýly etmekdir, sözi we niýeti saz etmekdir», «Eger edepden azajyk nogsana ýol goýsaň, näme etseň-de, hemmesi biedeplik bolup görner». Nagyşbendi taglymaty durmuşda beýik ynsan gymmatlyklaryny – pespällik, kişilere gamhorluk, mähribanlyk, rehimdarlyk, jomartlyk, dogruçyllyk, ýagşy niýetler bilen ýaşamak, nebsiňi baglamak, ar almakdan, tama etmekden saklanmak ýaly häsiýet-sypatlary rowaçlandyrypdyr. Bu taglymaty döredijiler şu ajaýyp sypatlaryň eýesi hökmünde hemişe özüňi özgelere şahsy nusga hökmünde görkezipdirler. Sözde, söhbetlerde beýan eden gözel ahlak-edep kadalaryna ilkinji nobatda olaryň özleri amal edipdirler. Dünýewi durmuş bilen baglanyşykly bolan bu ýagdaý asyrlaryň dowamynda Nagyşbendi tarykatynyň rowaçlanmagyna, kalbyny iman magrypaty, bedeni zähmet rahaty bilen iýmitlendirmek islegi bilen ýaşaýan ynsanlaryň köpelmegine esas bolupdyr. • Beýik piriň kämillige ýeten şägirtleri we oňa eýerijiler Hezreti Nagyşbendiniň esasy dört sany kämil şägirdi bolupdyr. Bular Hoja Alaueddin Attar (wepaty 1400), Hoja Muhammet Parsa (1345-1419), Alaueddin Gijdiwany (XIV asyr) we Ýakup Çarhydyr (1363-1447). Käbir alymlar Bahaweddin Nagyşbendiniň ömri, mirasy hakynda ýazanlarynda diňe üç şägirdi hakynda ýatlap geçýärler, emma onuň ýene bir şägirdi Alaueddin Gijdiwany hakynda hiç zat diýmeýärler. Munuň sebäbi, Attaryň, Parsanyň we Çarhynyň alym hökmünde eser ýazandyklary üçin bolsa gerek. Gijdiwanydan bolsa, hiç hili eser galmandyr. Bahaweddin Nagyşbendiniň şu dört şägirdi Nagyşbendi tarykatynyň rowaçlanmagy üçin halk arasynda uly işler alyp barypdyrlar. Alaueddin Attar ata mirasyndan ýüz öwrüp, Buhara medreseleriniň birine gelýär. Köp wagt geçmänkä, ol Nagyşbendiniň nazaryna ilýär we bu beýik pirden ylym-bilim almak nesibesine eýe bolýar. Ol Buhara medreselerinde ders beripdir. Onuň dini we dünýewi ylymlara degişli elliden gowrak eser ýazanlygy barada maglumatlar bar. Attar öz ussady Nagyşbendiniň gyzyna öýlenipdir. Buharada öz howluly jaýynda ýaşap, birnäçe perzent ösdürip ýetişdiripdir. Alaueddin Attaryň köp sanly şägirtleri we müritleri bolupdyr. Olardan Möwlana Hysameddin Parsa Balha, Hoja Abdylla Amanyý Yspyhany, Şyh Omar Maturidiý, Möwlana Ahmet Miski we beýlekiler Attaryň iň görnükli okuwçylary hasaplanýar. Alaueddin Attar bilen bir hatarda, Nagyşbendi tarykatynyň rowaçlanmagyna öz täsirini goşan Bahaweddin Nagyşbendiniň ikinji şägirdi Alaueddin Gijdiwanydyr. Ol on alty ýaşynda Mir Külalyň miritleriniň biri bolan Emir Kelan Waşidan tälim alýar. Buhara medreseleriniň birinde okap ýörkä, Bahaweddin Nagyşbendä duşýar we onuň müridi bolýar. Gijdiwany tä Nagyşbendiniň wepatyna çenli onuň hyzmatynda bolýar. Çeşmelerde ýazylyşyna görä, Gijdiwany uzak ýaşapdyr. Ol togsan ýaşlarynda hem kaddy dik, hereketjeň, çalasyn, sagdyn adam bolupdyr. Bahaweddin Nagyşbendiniň üçünji şägirdi Muhammet Parsadyr. Hezreti Bahaweddin ölmezinden bir gün öň, müridleriniň hemmesini Muhammet Parsa tabşyrypdyr. Hezreti Hoja: «Ölenimden soň, kimiň meni görmek arzuwy bolsa, Hoja Muhammet Parsa nazar kylsyn» diýipdir. Parsa ussady wepat edensoň, onuň ornuna galyp, müritlere ylym-bilim bermäge girişýär. Ol birnäçe eserler ýazypdyr. Olarda Nagyşbendiniň ömri we ylmy garaýyşlary baradaky maglumatlar aýratyn orun eýeleýär. Parsa ikinji gezek haj saparynda wagty wepat bolýar we Mekgede depn edilýär. Nagyşbendiniň kämillige ýeten iki müridi ‒ Alaueddin Attar bilen Muhammet Parsa hemişe Hezreti Hojanyň ýanynda bolupdyrlar. Uzak saparlara, bile gidipdirler, Käbä bile zyýarat edipdirler. Nagyşbendiniň ömür ýoluny beýan edýän Muhammet Bakyryň «Makamaty şahy Nakşband» atly kitap hem Hoja Alaueddin Attar bilen Hoja Muhammet Parsanyň öz mürşitleri hakynda beren ygtybarly gürrüňleri esasynda ýazylypdyr. Muhammet Parsadan soň, Nagyşbendi tarykatyny rowaçlandyrmakda uly goşant goşan beýik piriň dördünji şägirdi Ýakup Çarhydyr. Ol Gazna şäheriniň golaýyndaky Çarh diýen obada doglupdyr. Ol ýaşlyk ýyllarynda birnäçe wagt Hyratda, Müsürde ylym-bilim alýar. 20-22 ýaşlarynda Buhara gelýär we Bahaweddin Nagyşbendä duşýar. Nagyşbendi ony müritlige kabul edýär, oňa tarykat ylmyny we zikr edebini öwredýär. Soňra Çarha ylym-bilim berip, kämillige ýetirmek wezipesini birinji şägirdi Alaueddine tabşyrýar. Çarhynyň öz ussatlary Nagyşbendä we Attara belent hormat goýanlygyny onuň ýazan eserlerinden görmek bolýar. Çarhynyň Mejdeddin Muhammet we Osman ibn Ýakup atly iki ogly bolupdyr. Alymdan birnäçe eserler miras galypdyr. Nagyşbendiniň ýokarda gürrüňi edilen dört şägirdinden soň, bu tarykaty soňky döwürlerde köp sanly şyhlar we sopular dowam etdirýärler. Muhammet Parsadan soň, onuň kämillige ýetişen perzendi Hoja Hafyzeddin Abu Nasr ibn Muhammet tarykata ýolbaşçylyk edipdir. Möwlana Saduddin Kaşgary (wepaty 1447), Hoja Ubeýdylla Ahrar (1404-1490), Mahtumy Agzam (1461-1542), Abdyrahman Jamy (1414-1492), Alyşir Nowaýy (1441-1501), Hoja Muhammet Yslam (1493-1563) we beýlekiler Nagyşbendi tarykatynyň rowaçlanmagy we ýaýramagy üçin uly tagalla edipdirler. Bulardan başga-da, dünýäniň köp ýerlerine ýaýran Nagyşbendi tarykatyna eýeriji köp sanly alymlar, akyldarlar, şahyrlar, sopular soňky asyrlara çenli bu tarykaty päkize saklap, onuň umumadamzat ähmiýete eýe bolan taglymatyny nesillere ruhy miras hökmünde ýetiripdirler. Nagyşbendiçilik taglymatynyň öňe sürýän pikir-garaýyşlary türkmen halkynyň milli aňyýetine laýyk ruhy gymmatlyklardyr. Umuman, bu tarykat türkmen ruhuna ýakyn ýol-ýörelgedir. Şoňa görä, ençeme türkmen akyldarlary Nagyşbendi tarykatyna eýeripdirler. Patyşa Hoja, Hasan Nisary, Azady, Andalyp, Gaýyby, Magtymguly, Şeýdaýy we beýleki akyldar şahyrlar öz döredijiliklerinde bu tarykatyň gymmatly garaýyşlaryndan ugur alypdyrlar. XVIII-XIX asyryň sepgidinde Lebapda Nyýazguly halypa ady bilen meşhur bolan Abusalyh Nyýazguly Halajy Nagyşbendiçilige eýeren meşhur şahsyýetleriň biridir. Türkmen şahyry Abdyrahman Zynhary, külli türkmeniň hormatyna eýe bolan «Ak işan» ady bilen belli bolan Akmämmet işan hem Nyýazguly halypanyň elinde okapdyrlar we Nagyşbendiniň taglymatyny öwrenipdirler. • Keramat eýesi ýa-da Nagyşbendiniň halatlary Uly ruhy güýje eýe bolan, sopuçylyk tarykatynyň ýokary basgançaklaryna çykan Bahaweddin Nagyşbendi adatdan daşary kermatlylyga we halatlylyga eýe bolupdyr. Bu barada köp sanly edebi-taryhy çeşmelerde, halk hakydasynda ençeme rowaýatlardyr hekaýatlar, maglumatlardyr gürrüňler saklanyp galypdyr we biziň günlerimize ýetip gelipdir. Geljekki uly weliniň halatlary heniz çaga wagtynda ýüze çykyp ugrapdyr. Bu barada onuň ejesi şeýle diýipdir: «Oglum dört ýaşynda wagty öýümizdäki sygry görkezip: «Bu sygyr maňlaýy sakar bir göle berer». Birnäçe aýdan ol sygyr onuň aýdyşy ýaly maňlaýy sakar göle dogdy». Hoja Bahaweddiniň görnükli şägirdi Alaueddin Attaryň ylymly müridi Salaheddin ibn Mübärek Buhary «Zadul-musafirin fi fazaili Hoja Bahaweddin» («Ötenleriň Hoja Bahaweddiniň artykmaçlyklary hakda aýdanlary») eserinde şeýle ýazypdyr: «Hoja Bahaweddin çagalygyndan töweregindäkileri öz gudrat-keramatlary bilen haýran galdyrypdyr. Ol ýöräp barýan adamy bir garaýyşda togtadyp goýar eken. Hatda bulutlaryň ugruny hem üýtgedip biler eken». Muhammet Bakyryň «Makamaty Şahy Nakşband» kitabynda beýan edilişine görä, bir daýhan gelip, Hezreti Bahaweddine Buharada suwsuzlykdan bakja ekinleriniň gurap barýandygyny habar beripdir. Hezreti Hoja bakjanyň başyna barypdyr we şeýle diýipdir: «Ekinlere suw bermek wagty gelipdir, suw ýollaryny düzediň». Hojanyň buýruşy ýaly suw ýollary bejerilipdir. Emma şol wagt derýada suw ýok bolup, uly aryklar hem gury halda eken. Hoja ýene-de şeýle diýipdir: «Hak Subhanahu Tagala suw bermäge kadyr» (ýagny Allatagala bu işi Özüniň gudrat-güýji bilen ýerine ýetirýär). Daň säher bilen baryp görseler, joýalar suwdan dolupdyr, gawun-garpyz, käşir, sogan ekilen ýerler hem suwdan ganypdyr. Seredip görseler, ne arykda, ne derýada bir damja-da suw ýok eken. «Rysalaýy Azyzanyň» ýazary Täjeddin Ýelçikulyň beýan etmegine görä, ilkibaşda Hoja Bahawediniň weli ekenligini Buharada hiç kim bilmeýär eken. Wagty gelip, onuň üç dürli kerematy äşgär bolýar. Keramatlarynyň birisi şudur, ýagny Samarkantdan üç kişi söwdagär bolup gelipdir. Olaryň biri nanbaýlyk (çörek satyjy), ýene biri bezzazlyk (mata satyjy) edipdir, biri bolsa, dükanda oturar eken. Bir gün Hoja hezretleri gaýyp älemine baranda, nanbaýa kaza (ajal) geljegini bilipdir. Baryp nanbaýa aýdýar: «Eý, nanbaý, Alla üçin bir nan ber». Nanbaý bermändir. Ýene diläpdir. Bermändir. Kaza ýakyn gelipdir. Üçünji mertebe ýene baryp sorapdyr. Nanbaý Hoja ýarty nan beripdir. Hoja nany alyp, howa ýüzüne, asmana zyňyp goýberipdir we: «Eý, nanbaý, bu nany dilemegim özüm üçin däldir, eýse, özüň üçindir. Howa ýüzüne gara» diýipdir. Nanbaý seretse, buluda meňzeş bir gara zat üstüne injek bolup dur, emma ýaňky ýarty nan ony düşürmän saklap dur. Hoja pygamber aleýhyssalamyň hadysyny aýdypdyr: «Sadaka belany gaýtarar». Nanbaý ýakasyny ýyrtyp aglapdyr we Hoja mürit bolupdyr. Ikinji keramaty şudur: bezzal üç doganyň kiçisi eken. Ol Hojanyň keramatyna güman edip, agalaryna şeýle diýipdir: «Men öli bolaýyn. Meni tabyda salyp, Hojanyň ýanyna jynaza okatmak üçin eltiň. Eger jynaza okasa, ýakasyndan ýapyşyň: «Diri adama näme üçin jynaza okadyň» diýip». Bular şeýle maslahat edip, bezzaly tabyda salyp, Hojanyň öýüne getiripdirler. Aýdypdyrlar: «Eý, Hoja, ölimize jynaza okap beriň». Hoja jynaza okap beripdir. Dükançy Hojanyň ýakasyna ýapyşypdyr. «Diri kişä näme üçin jynaza okaýarsyň, özüňi bolsa, weli hökmünde görkezýärsiň?» diýipdir. Hoja aýdypdyr: «Eý, gözümiň nury, oglum, tabyda serediň». Tabydy açyp görseler, bezzal ölüp, süňkleri gatap galypdyr. Doganlar özlerini Hojanyň aýaklarynyň astyna taşlap, ötünç diläpdirler. Hoja doga okapdyr. Öli direlipdir. Barça jemagat Hojanyň keramatyna şaýat bolupdyr. Bu rowaýatyň mazmuny XIX asyr nusgawy şahyrymyz Mollanepesiň döredijiliginde gabat gelýär. Şahyryň Garaoglan hana Alladan, pygamberlerden, weli-pirlerden medet diläp ýazan «Ýetişsin» şygrynda şeýle setirler bar: «Buhara şeripde är Bahaweddin, // Ölükni tirizgen janan ýetişsin». Bu şygyr setirlerinde ýokarky rowaýatyň mazmuny yşarat edilip, Bahaweddin Nagyşbendi uly keramat eýesi hökmünde görkezilýär. Hezreti Nagyşbendiniň ýene bir meşhur keramaty şudur, bir zamanda Amyderýanyň suwy peselipdir. Bugdaý ekilýän ýerler suwarylman galypdyr. Buharada ýedi ýyllap, açlyk-gahatçylyk bolupdyr. Hatda bir gysym bugdaýyň bahasy bir tylla çenli göterilipdir. Hezreti Hoja bugdaý dükançysynyň ýanyna barypdyr. «Eý, dükançy, maňa bir gysym bugdaý beriň, satyn alaýyn» diýipdir. Dükançy sorapdyr: «Akjaň barmy?». Hoja aýdypdyr: «Akjam ýokdur. Emma selläm bilen donumy bererin». Dükançy Hojanyň sellesini we donuny alyp, bir gysym bugdaý beripdir. Hoja bugdaýy alyp, bir şägirdi bilen ekin ekilýän giň meýdana barypdyr. Özüni öküz edip, şägirdine: «Meni gamçylap ur, bugdaý ekeli» diýipdir. Şägirdi Hojany gamçylap başlapdyr. Hoja Bahaweddin ekin meýdanda ylgap, agyr halda bir gysym bugdaýyny sepip başlapdyr. Yzyna seretseler, Hojanyň geçen ýerlerinde bugdaý önüp, orulyp, döwülip, harman dag ýaly bolupdyr. Hoja aýdypdyr: «Halky çagyr, bugdaýdan alsyn». Şägirdi halky çagyrypdyr. Ilat bugdaýdan alyp, açlykdan halas bolupdyr. Aýdyşlaryna görä, Hoja Bahaweddin şol gün gijesi älemden öten eken. Hoja Bahaweddin bir gün hylwatda pynhany zikr çagynda namazlygynyň üstüne Hoja Baba Semasynyň halypasy, uly pirleriň biri Hoja Aly Rematynyň kulahy (sopy-derwüşleriň geýýän başgeýimi) peýda bolýar. Hoja uly piriň bu kulahyny geýip, dogalar okanda hassalar her hili dertden şypa tapar ekenler. Aly Rematynydan müridi Baba Semasa, ondan hem özüne geçen teperrik kulah barada Bahaweddin: «Aly Rematany hezretlerinden gelip, amanat hökmünde saklanan täç (kulah) maňa berildi. Kalbym Allatagalanyň muhabbeti bilen dolup daşdy» diýipdir. Folklorçy Ümür Eseniň halk arasyndan toplan rowaýatlarynyň birinde Nagyşbendiniň keramaty beýan ediliýär. Rowaýata görä, Nagyşbendä çig kerpiçli küräni ertire çenli bişirip dynmagy tabşyranlar. Şonda iki aýagyny ataşhana sokup: «Allahy ekber! Alla huw! Allahy ekber! Alla huw!» diýip, sesini ýaňlandyryp ugran Bahaweddin sähel salymda küräni gyzyl ot edip taşlaýar. Nagyşbendi owazasyna nagra äheňini girizýär weli, ähli kerpiç lowurdyly wazzyldy bilen dumly-duşa atylyp gidipdir. Sowansoň seretseler, olaryň ýüzüne «Allahy ekber! Allahy huw!» ýazgysy nagyş bolan eken. Ýene-de hekaýat edipdirler, Hezreti Nagyşbendi Käbä zyýarata barypdyr. Şol gün hajylar gurbanlyk edýär ekenler. Hoja şeýle diýipdir: «Ýalňyz oglumyz bar, şol oglumyzy Allanyň ýolunda gurban etdik». Hezreti Hojanyň ýanynda hyzmatynda bolýanlar şol güni, şol wagt-pursaty ýatda saklapdyrlar. Buhara gelenlerinden soň, görseler, Hojanyň şol sözi aýdan wagty onuň ogly merhum bolan eken. Şyh Emir Hüseýin atly bir sopy wepat edenden soň, bir derwüş şyhy düýşünde görüp, ondan sorapdyr: «Eý, şyh Hüseýin, ezizleriň (ýagny Müňkir we Neňkir) soraglaryna nähili jogap berdiň?». Şyh şeýle diýipdir: «Ol ezizler sorag-jogaba geldi, emma Hezreti Bahaweddin peýda bolup, elimden tutdy we sowal-jogapdan öň meni özi bilen alyp gitdi». Beýik piriň daşky dünýä we töweregindäkilere täsir ediş gudraty ýagşylyga, haýyra, ynsanperwerlige belent ahlaga gönükdirilen bolup, jemgyýetde hakykatyň, ygtykat ynançlarynyň giňden ýaýylmagyna, ynsan gatnaşyklarynda kämil ahlagyň berkarar bolmagyna hyzmat edipdir. Ol özüniň gudrat-keramatlary bilen ejize, biçärä arka durupdyr, halka ýardam edipdir, ynsanlary ýagşylyk ýoluna, ruhy kämillige ündäpdir. • Akyldaryň miras goýan eserleri Nagyşbendi hezretleri, birinji nobatda, amaly işler bilen meşgullanan uly pir bolsa-da, ol sopuçylyk tarykatynyň ýörelgelerini nazary jähetden baýlaşdyran pikir-garaýyşlary hem köpdür. Onuň bu ugurda ondan gowrak kitap ýazandygy hakynda çeşmelerde habar berilýär. Ýöne olaryň köpüsi biziň günlerimize gelip ýetmedik ýa-da entek tapylmadyk eserler hasaplanýar. Alymlar akyldaryň «Selk el-Anwar» («Nurlaryň ýoly»), «Haýatname» («Durmuş kitaby»), «Hedýet al-salikin» («Salyklaryň sowgady»), «Adap al-salikin» («Salyklaryň edebi»), «Nasyhat al-salikin» («Salyklara nesihat»), «Tohfät-ul talebin» («Talyplara sowgat»), «Delili aşykan» («Aşyklaryň çelgisi») «Tanbeh al-gafilin» («Gaflatdakylaryň temmisi»), «Al-Awrad al-Nakşbandiýa» («Nagyşbendiniň ýazgylary») ýaly kitaplarynyň bolandygyny habar berýärler. Bu kitaplarda onuň dünýägaraýyşlary, nesihatdyr wagyzlary, sopuçylygyň möhüm meseleleri beýan edilipdir. Alymyň soňky ýyllarda tapylan «Al-Awrad al-Nakşbandiýa» eseri arap dilinde ýazylypdyr. Onda sopy-müritleriň yzygider ýerine ýetirmeli wezipeleri we Alla mynajat (ýalbaryş) beýan edilipdir. Nagyşbendiniň edebi-pelsepewi mirasy onuň öz eserlerinden başga-da döwürdeşleriniň, şägirtleriniň eserlerinde hem saklanyp galypdyr. Olara Hoja Muhammet Parsanyň, Ýakup Çarhynyň, Hoja Ubaýdylla Ahraryň, Abdyrahman Jamynyň, Alyşir Nowaýynyň, Waiz Käşifiniň, Aly Safynyň, Muhammet Bakyryň, Sopy Allaýaryň we beýlekileriň kitaplary degişlidir. Nagyşbendiniň paýhasly hikmetleri, rubagylary, kytgalary köp sanly golýazma kitaplarda orun alypdyr. Onuň hikmetlerinden käbir nusgalar: «Kalplaryň ululygy aslynda birdir, ýöne olardaky magrypatyň ululygy parhlydyr». «Aryfyň kalby kimin giň we uly bolan başga zat ýokdur. Ýer we Asmanlar Aryfyň kalbynda göýä nokat ýalydyr». «Iliň ýüküni ýeňilleşdiriň, ile ýük bolmaň!». «Iman – kalby Alladan başga özüne çekiji peýdaly we peýdasyz zatlardan üzüp, Haka baglamakdyr». Beýtlerinden nusgalar: Deňizden hemişe yzlamagyn dür, Adama bir hünär bes, haýrly turur. Uluglar gabryna muştak erur sen, Uluglar işlerin kyl – dag erur sen. Rubagylaryndan nusgalar: Ylym deňzine girme, kenardaky ynsan, Deňiz – parahat, kenar – bagtsyzlyk, ynan. Deňziň möwjüne muşdak bolup bakmagyn, Nepesden ägä bol, deňizden ybrat algyn. Hiç närsämiz ýok, hiç närseden kem emes, Hiç närsäniň ýoklugy bize gam emes. Janymyz arkada, ardymyzda görüstan, Eger ölsek nägehan bize matam emes. Eý, gülgün keşbiň Aýa zybalyk beren, Aýak yzyň gözlere röwşenlik beren, Hyzmatyňa janu-dil, gözleru-ten bagyş, Kabul eýle, köňlüme sapalyk beren. • Nagyşbendi hakynda ýazypdyrlar... Bahaweddin Nagyşbendi dünýeden ötensoň, onuň görnükli şägirtleri, Nagyşbendi tarykatyna eýerijiler tarapyndan birnäçe eserler ýazylypdyr. Ol eserler beýik piriň ömri-durmuşy, edebi-pelsepewi döredijiligi, dünýägaraýyşlary baradaky maglumatlaryň biziň günlerimize gelip ýetmeginde uly gymmata eýedir. Sopuçylyk taglymatyny öwreniji dünýä alymlary hem Nagyşbendi hakynda ençeme ylmy işler ýazypdyrlar. Hoja Muhammet Parsanyň ýazyp galdyran «Rysalaýy kudsiýa» («Mukaddes sözler rysalasy») eserinde ýazar öz ussadynyň mukaddes sözlerini giňeldip, düşündiriş beripdir. Onuň «Makamaty hezreti Bahaweddin Nakşband» («Hezreti Bahaweddin Nagyşbendiniň makamaty») we beýleki birnäçe eserlerinde hem Nagyşbendiniň nusgalyk häsiýetleri, onuň sopuçylyk tarykatda geçen ýoly, syrlary we keramatlary, söhbetleri we hikmetli sözleri barada hekaýat edilipdir. Hezreti Hojanyň ýene bir şägirdi Möwlana Ýakup Çarhynyň «Rysalaýy unsiýa» («Dostluk hakynda rysala») eseri onuň iki ussady Bahaweddin Nagyşbendä we Alaueddin Attara bagyşlanypdyr. Bu kitap «Rysala dar siýraty Mustafawiýa we tarikai mustakimiýa» («Mustapa mahsus häsiýetler we dogry ýol hakynda rysala»), «Silsilaýi Nakşbandiýa» («Nagyşbendi tarykatynyň zynjyry») diýlen atlar bilen hem duş gelýär. Ýakup Çarhynyň «Naý rysalasy» diýen eseri hem bolup, onda ýazar beýan eden hekaýatlarynyň mazmunyny Bahaweddin Nagyşbendiniň aýdan sözleri we başyndan geçiren halatlary bilen berkidipdir. Onuň «Rysalaýy muhtasar dar isbaty wujudy awliýo wa marakibi on» («Welileriň barlygynyň subuty we derejeleri hakynda gysga rysala») eserinde hem hem Nagyşbendi hakynda maglumatlar berlipdir. Muhammet Parsanyň we Ýakup Çarhynyň Nagyşbendi hakynda ýazan kitaplaryndaky maglumatlaryň köpüsi piriň hut öz agzyndan eşidilip ýazylypdyr. Şonuň üçinem olar uly ähmiýete eýedir. Salaheddin ibn Mübärek Buhary Nagyşbendi hakynda birnäçe eser ýazypdyr. «Zadul-musafirin fi fazaili Hoja Bahaweddin» («Ötenleriň Hoja Bahaweddiniň artykmaçlyklary hakda aýdanlary»), «Anisat-talybin wa uddatus-salikin («Talyplar aşnasy we salyklar ýolbaşçysy») eserlerinde hem Nagyşbendiniň ömür-durmuşyndan, häsiýet-hereketlerinden, keramatlaryndan, hikmetli sözlerinden nusgalar berlipdir. Soňky eser «Makamaty Hezreti Hojaýy Nakşband» («Hezreti Hoja Nagyşbendiniň makamaty») ady bilen hem bellidir. Nagyşbendiniň ömri-durmuşy we garaýyşlary hakyndaky ýörite eserleriň biri-de 1404-nji ýylda Abulhasan Muhammet Bakyr tarapyndan ýazylan «Makamaty şahy Nakşband» («Şa Nagyşbendiniň makamaty») atly kitapdyr. Bu kitap Hoja Alaueddin Attar bilen Hoja Muhammet Parsanyň öz mürşitleri hakynda beren ygtybarly gürrüňleri esasynda ýazylypdyr. Emir Hemzäniň «Makamaty Mir Külal» («Mir Külalyň makamaty»), Hüseýin Waiz Käşifiniň «Futuwwatnama» («Juwanmertlik hakda kitap»), Abdyrahman Jamynyň «Nafahatul üns min Hadarat al-kuds» («Keramatlylyk köşgünden öwüsýän dostlugyň şemaly»), Alyşir Nowaýynyň «Nesaýimul muhabat» («Muhabbet şemallary»), Seýfeddin Aly Safynyň «Raşahaty aýnal-haýat» («Durmuş deňzinden damjalar»), Nasanhoja Nisarynyň «Muzakkiri ahbab» («Dostlar ýatnamasy»), Sopy Allaýaryň «Sebatul ajyzyn» («Ejizleriň takaty»), Täjeddin Ýelçikulyň «Rysalaýy Azyzan» («Ezizleriň (keramatlylaryň, welileriň) rysalasy») we başga-da köp eserlerde Hoja Bahaweddiniň durmuşyna we onuň tarykatyna degişli ygtybarly maglumatlar berlipdir. • Bagtyýarlyk döwrümiz we Bahaweddin Nagyşbendi Nagyşbendiniň sarpasy türkmen halkynyň arasynda hem has belentde tutulýar. Bu beýik ynsan magrypat ýoly bilen adamlaryň kalbyna girmek arkaly olarda ajaýyp-gylyk häsiýetlere ymtyldyrmagyň, arzuw-umytlary döretmegiň mümkindigini aýan etdi. Bu uly şahsyň mysalynda ynsan ruhyýetiniň näderejede çuňlugyny, bu dünýäde özüňi terbiýeläp, kalbyňy päkläp, nebs belasyny ýeňip ýaşaýan adamyň nähili ruhy beýiklige göterilýändigine anyk göz ýetirmek bolýar. Hut şuňa görä-de, halkymyz Nagyşbendiniň mübärek adyna, ajaýyp häsiýetlerine, pähim-paýhaslaryna çuňňur gadyr goýýar. Nagyşbendi öz ömründe ynsan köňüllerine Allanyň adyny nagyş eden bolsa, Bagtyýarlyk zamanamyzda Gahryman Arkadagymyz beýik piriň taglymatyny täzeden galkyndyryp, onuň mübärek adyny döwrümize, haýyrly pendi-nesihatlaryny köňlümize nagyş etdi. Hormatly Prezidentimiziň ýörite Karary bilen 2011-nji ýylda Aşgabat şäherinde bu beýik akyldara bagyşlanyp, «Bahaweddin Nagyşbendi we sopuçylyk edebiýaty» atly halkara ylmy maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň alymlary bilen birlikde, dünýäniň birnäçe ýurdundan alymlar gatnaşdy. Ylmy maslahatda Bahaweddin Nagyşbendiniň ömür-durmuşyna, edebi-pelsepewi mirasyna bagyşlanan çykyşlaryň ençemesi diňlenildi we ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatda edilen çykyşlaryň gysgaça mazmunlary jemlenip, kitap edilip çykaryldy. Hormatly Prezidentimiz bu maslahata iberen gutlagynda «Nagyşbendiniň halallyga, ruhy gözellige, ahlak taýdan päklige çagyryş bolup ýaňlanan taglymaty Gündogar ylmynyň ösüş tapgyrynda uly orun alypdyr... Nagyşbendi öz tagymaty bilen ynsan durmuşyna, jemgyýetiň durmuş meselelerine hem-de adamyň ruhy dünýäsine ýakynlaşdy» diýmek bilen, akyldaryň miras goýan taglymatynyň gymmatyny äşgär edýär. Ýagşylyga ymtylýan ynsanlaryň köňüllerinde söýgini, halallygy, haýyry, hakykaty nagyş bentlän Nagyşbendiniň umumadamzat gymmatlygyna eýe bolan taglymaty Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhyýetini ýokarlandyrmaga hyzmat edýär. Onuň watansöýerlik, zähmetsöýerlik, päklik, dogrulyk, adalatlylyk, ynsaplylyk garaýyşlary bagtyýarlyk döwrümiz üçin hem ähmiýetli ruhy gymmatlykdyr. Nury SEÝIDOW, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |