14:57 Kowusnama: Myhman çagyrmak, myhmançylyga gitmek we olaryň şertleri hakynda | |
On ikinji fasyl
Pedagogika we edep-terbiýe
MYHMAN ÇAGYRMAK, MYHMANÇYLYGA GITMEK WE OLARYŇ ŞERTLERI HAKYNDA Ýat adamlary her gün myhmançylyga çagyrjak bolup azara galmagyn, çünki her gün myhmany göwün diýen kabul edip bilmersiň. Şonuň üçin, aýda näçe gezek myhman çagyryp biljekdigiňi öňünden oýlangyn, eger üç gezek çagyryp biljek bolsaň, bir gezek çagyrgyn, myhmana üç gezekde etjek harjyňy bir gezekde etgin. Hödür-keremiňden aýyp tapmasynlar, aýyp gözläp gelen adamlaryň hem saçagyň bereketi barada dilleri lal bolsunlar. Öýüňe myhman geleninde, sen ähli maşgalaň bilen olaryň öňünden çykgyn, olary güler ýüz bilen garşy alyp, hersiniň hormatyna mynasyp hyzmat etgin. Bu Şüküriň aýdyşy ýaly: Myhman ha dost bolsun, ha-da keseki. Oňa bir mynasyp hormat gerekdir. Miwe bar bolsa, nahardan öň miwe äbergin, iýsinler, soňam ara az wagt salyp, saçaga nahar çekdirgin, ýöne myhmanlar saňa bir sapar, iki sapar “otur” diýýänçäler, naharyň başyna geçmegin, eger myhman onçakly uly adam bolmasa, seniň geçip oturmagyň hem ýerlikli bolsa, diňe şondan soň olaryň teklibini kabul edip, naharyň başyna geçgin, ýöne hemmelerden pesde oturgyn, myhmandan ötünç soramagyn, çünki myhmandan ötünç soramak garamaýak halkyň we bazar ähliniň häsiýetidir, onsoňam, aýyn bolmasa: “Pylany, näme iýeňok-la, utanma-da iýiber, bagyşlarsyň-da, seniň üçin üýtgeşik bir hezzetem edip bilmedim. Enşalla, indiki gezek munuň aşagyndan çykaryn” diýip hetjikläp oturmagyn. Bu sözler atly-abraýly adamlaryň diýjek zady däldir, bu ýylda bir gezek myhmançylyga çagyrýan adamyň, ýagny bazar adamlary ýaly adamlaryň aýdaýjak sözleridir. Adamlar bu sözlerden utanyp, nahar iýip bilmezler we seniň saçagyň başyndan bir garny aç, bir garny dok halda turarlar. Biziň Kilanymyzda gowy bir edähet bar: gelen myhmany öýe eltýärler, öňünde saçak ýazyp, içi suwly küýze getirip goýýarlar, öý eýesi bilen onuň hyzmatkärleri öýden çykyp gidýärler, diňe bir adam myhmana ony-muny äbermek üçin öýde galýar we beýleräkde garaşyp durýar. Myhman arkaýyn naharyny edinip bolanyndan soň, öý eýesi öýe girýär. Arazlaryň hem adaty şeýledir. Myhmanlar iýip-içip bolanlaryndan we ellerini ýuwanlaryndan soň, gül suwy bilen atyr getirtgin, myhmanyň ýoldaşlaryna, hyzmatkärlerine hem gowy hyzmat etgin, çünki adamy ýerden alyp, ýere salýan şolardyr. Söhbet wagty myhmanlaryň öňünde şirin şerbetleri, hoşboý ysly otlary köpräk çekdirip, men diýen sazandalary çagyrtgyn. Gowy şerabyň bolmasa, myhman çagyrmagyn, çünki nahary adamlar günde-de iýýändirler. Çakyryň bilen naharyň gowy bolsun, şonda hezzetiňde az-kem ýetmezçilik bolaýanda-da aňsat bildirmez. Içmek günä bolansoň, köp myhman çagyryjy bolmagyn, özüňem keýp çekmek bilen gümra bolmagyn. Eger sen bu diýenlerimi sapak edinseň, myhmanlaryň öňündäki borjuňy berjaý etdigiň bolar. Myhmanlaryň haklaryny berjaý etmegi bolsa mydama özüň üçin wajyp hasaplagyn. Hekaýat. Eşidişime görä, ibn Mugla Basranyň diwan işlerini Nasyr ibn Mansur Temimä tabşyrypmyş. Bir ýyl geçenden soňam ony çagyryp, hasabat soranmyş. Nasyr ibn Mansur Temimi baý adam bolansoň, halyf onuň döwletine göz gyzdyrýan ekeni, hasap edip görüpmişler welin, ondan ep-esli ýetmezçilik çykypmyş. Muglanyň ogly: “Ýa kem gelýän pullary goý, ýa-da zyndana ugra” diýipmiş. Nasyr bolsa: “Ýa möwlam, meniň pulum bar, ýöne bu ýerde, ýanymda ýok. Maňa bir aý garaş. Bujagaz pul zerarly zyndana girmek maňa gelişmez” diýipmiş. Muglanyň ogly bu kişiniň onça puly bermäge güýjüniň çatjakdygyny, onuň diýýän zatlarynyň dogrudygyny bilýär ekeni, şonuň üçin: “O pullary töleýänçäň, bu ýerden gitmäge saňa emiralmöminden ygtyýar ýok, şoňa görä-de, sen häzirlikçe meniň köşgümdäki hüjreleriň birinde bir aýlap myhmançylykda bolarsyň” diýipmiş. Nasyr: “Buýrugyňa kaýyl men” diýip jogap beripmiş we ibn Muglanyň köşgünde bendi bolup galyberipmiş. Şol aýam tötänden remezan aýy bolup çykypmyş. Bir gün agşamaralar ibn Mugla: “Pylankesi alyp geliň, goý, ol biziň bilen agzyny açsyn” diýipmiş. Gepiň gerdişine görä aýtsaň, Nasyr bütin remezan aýyny onuň bilen bile agyz açyp geçiripmiş. Oraza baýramy ahyr bolup, birnäçe gün geçenmiş. Muglanyň ogly: “Puluň gelmegi ýaman uzaga çekdirildi-le, muňa nä alaç etmeli?” diýip habar iberipdir. Nasyr: “Men gyzyllary berdim ahyryn” diýipmiş. Muglanyň ogly: “Kime berenmişiň?” diýip sorapdyr. Nasyr: “Saňa berdim” diýipdir. Muglanyň ogly haýran-serasyma bolup, Nasyry çagyrdypmyş we oňa: “Kişi, sen ol puly kime beripdiň?” diýipmiş. Nasyr: “Men gyzyl beremok, ýöne bir aýlap çöregiňi mugt iýdim, seniň çöregiň bilenem tamam bir aýlap agyz açdym, myhmanyň boldum, indi baýram sowulansoňam, zähmet hakym şu bolup, menden pul talap edýäňmi?” diýip sorapdyr. Muglanyň ogly gülüp: “Dilhatymy al-da, aman-sag gaýt, men ol pullary saňa myhmanym hökmünde peşgeş berýärin, seniň, ýeriňe o gyzyly özüm tölärin” diýipmiş. Şeýdip, Nasyr malynyň talaňa düşmeginden halas bolupmyş. Şonuň üçin, edilen ýagşylygyň gadyryny bilgin, hoşamaý bolgun. Ýöne ýersiz ýere gülmegin, şeraby az içgin, myhmanlaryňdan öň mes bolmagyn. Myhmanlaryň mes bolup başlandyklaryny gördügiň ugurtapyjylygyňy edip, olaryň saglygyna badalar götergin, olar bilen, mümkin boldugyça, mylakatly bolgun, degşip-gülüşgin, ýöne ýersiz ýere gülmegin, ýersiz ýere gülmeklik däli-telbelige meňzeş bir zatdyr. Myhman serhoş bolup, gaýtmakçy bolsa, bir-iki sapar oturmagyny haýyş etgin, töwella edip goýbermegin, üçünji sapar rugsat bergin, gitsin. Eger gulamlaryňdan biri bir hata iş etse, onuň günäsini ötgün, myhmanlaryň ýanynda ýüzüni dalamagyn, gözüňi-gaşyňy bürüşdirip: “Eýden bolsaň, gowy bolardy, beýden bolsaň, pismidan bolardy” diýip iňirdemegin. Eger bir zat göwnüňden turmasa, “beýtmeli däl ekeni” diýip, başga bir wagt aýtgyn, ýöne bu gezek welin, giňgöwünlilik edip, käýinmekden saklangyn. Myhmanyň müň kerem akmaklyk edip, diýmesiz sözler diýäýeninde hem, olaryň hemmesini bagyşlagyn we olaryň hersine laýyk hyzmat etgin. Hekaýat. Eşidişime görä, bir gezek halyf Mutasim öz gözüniň alnynda jenaýatkäriň kellesiniň alynmagyny buýruk edipdir. Ol kişi: “Ýa emiralmöminim, Kadyr Allanyň hatyrasyna maňa bir içim suw berip, myhman al, suwsap ölüp barýan, soňra nätseňiz, şeýdiň” diýipdir. Mutasim nalyşa dözmän, suw bermeklerini buýrupdyr. Ol kişi suw içeninden soň, araplaryň adatyna görä: “Ýa emiralmöminim, Alla seniň ömrüňi uzak etsin, men bir içim suw bilen seniň myhmanyň boldum, indi bolsa ynsanperwerlik hatyrasyna myhmany öldürmek bolmaýar, şonuň üçin, sen meni öldürmek barada emr etme, öňüňde toba gelerim ýaly, menin günämi öt” diýipdir. Mutasim: “Dogry aýdýaň, myhman ataňdan uly diýipdirler, men seniň günäňi ötdüm, gaýdyp hata etme, çünki senem myhmanlyk borjuňy berjaý etmelisiň” diýipdir. Myhmanym diýip, her çem geleni, her bir üflisi öýüňe çagyryp, iýdirip-içirmek, gadyrlap, ýola salmak gerek däldir, diňe gepe düşünýän adam myhman geleninde, onuň hukugyny goranyňa degýändir. Kime hoşamaýlyk edip, kime ýüregiňi bermelidigini bilmek gerekdir. Sargyt. Sen her kişä myhman bolujy bolmagyn, bu adyňa-abraýyna ysnat getirer. Myhmançylyga barsaň, aç barmagyn, dokam gitmegin, çünki sen oduk-buduk iýmelisiň we saçak eýesiniň göwnüne degmeli dälsiň. Şerap içseň içgin welin, serhoş bolmagyn, aýyp bolar. Dostuň öýi bolsa-da, myhmançylyga baran ýeriňde özüňe mynasyp ýerde oturgyn, kelçiklik etmegin, saçak başynda we meý içilip otyrka hanlyk satmagyn ýa öý eýesiniň hyzmatkärlerine: “Eý, pylany, pylan tabagy, pylan käsäni pylan ýerde goý” diýmegin, özüňi şol öýüň adamy ýaly edip görkezjek bolmagyn. Myhmançylykda özüňi bihaýa alyp barmagyn, iliň tabagyna, käsesine göz dikmegin. Öz adamlaryňa saçakdan nan uzadyp oturmagyn, “myhman ýeriňden bir zat ýonjak bolmaklyk utançdyr” diýipdirler. Şerap ýesiri bolmagyn, myhmançylykdan gaýdyp gelýärkäň, serhoşlygyňy bilmesinler, öňüňden çykandan ýüzüňi sowar ýaly derejede serhoş bolmagyn. Juda mes bolaýyn diýseň, öz öýüňde mes bolgun. Mysal üçin, sen bir gadak meý içeniňde ýanyňdaky adamlar ýüz hata goýberselerem, sen olara temmi bermegin, çünki oňa hiç kim terbiýe manysynda düşünmez, gaýtam hemmeler: ol muny keýpli bolany üçin etdi diýerler. Näme etjek bolsaň, meý içmänkäň etgin, onda seniň muny içip däl-de, başga maksadyň bolup edýändigiňe düşünerler. Sermest näme etse, serhoşlukdan görerler, “däliligine tutdy-ow” diýerler. “Elçunun-fanun”, ýagny däli-mejnunlyk hil-hil bolýar – diýipdirler. Sermestlik dürli-dürli bolýar: köpler ellerini çarpyp, aýaklaryny tapyrdadýarlar, gülýärler, aglaýarlar, aýdym aýdýarlar, süýji zatlary iýýärler we juda köp ýaňraýarlar, köpler dymýarlar, däli-porhan bolýarlar, ýakymlysyraýarlar – bularyň bary sermestlikden ýa akylsyzlykdandyr. Bu diýenlerimiň, baryndan özüňi goragyn, öýdäkilerden we hyzmatkärleriňden özge hiç kesiň ýanynda serhoşlyk etmegin. Ýaşlar ýeňil sazlary gowy görüp, ýeňil sazlary çalsalar-da ýa çaldyrsalar-da, sen sazandalara saz buýranyňda diňe ýeňil heňleri buýurmagyn, çünki şeýtseň, saňa ýa badyhowa, ýa-da meýe aňyny aldyran diýerler. __________________________ Kilan – Eýrandaky welaýat ady Ibn Mugla – Abu Aly Muhammet ibn Aly ibn Hüseýn ibn Mugla. Meşhur hatdat, edebiýatçy we döwlet hadymy bolan. Mansur Temimi – Nasyr ibn Mansur Temimi – Abulesen Mansury ogly – 929-936-njy ýyllar arasynda Müsüre sürgün edilen. Mutasim – Abbasylaryň sekizinji halyfy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |