00:47 Kowusnama: Şerap içmek kadalary we onuň şertleri hakynda | |
On birinji fasyl
Pedagogika we edep-terbiýe
ŞERAP IÇMEK KADALARY WE ONUŇ ŞERTLERI HAKYNDA Oglum, men saňa şerap iç ýa içme diýip biljek däl, çünki biriniň nesihaty bilen ýigitleriň ýigitlikden el çekmejekdiklerini men gowy bilýärin. Maňa-da köp gezek aýdypdylar, emma menem gulak asmandym. Diňe elli ýaşa ýetenimde, Allanyň rehmi inip, toba kyldym we şeraby terk etdim. Ýöne welin, içmeseň, o dünýe-bu dünýe peýdaň bolar hem Hudaý senden razy bolar, hem iliň gybatyndan dynarsyň. Biakyl adamlaryň edim-gylymlaryndan, ýaramaz işlerden daşlaşarsyň, tarhandökerlikden gutularsyň, güzeranyň has oňatlaşar. Şu diýenlerime gulak gabardyp, şerap içmekden ýüz dönderseň, meni diýseň begendirdigiň bolar. Ýöne men seniň ýaşdygyňa, ýoldaşlaryň seni içirmän goýmajakdyklaryna gowy düşünýän. Şonuň üçimem: “Ýaman ýoldaşdan ýekelik gowudyr” diýip, ýöne ýere aýdylmandyr. Eger içäýeniňde-de, seniň ýüregiň toba kylyp, eden işine puşman etjekdigiňi bilýärin. Her halda, şerap içmeli bolaýaňda-da, ony näçe içmelidigini bilmelisiň, eger bilmeseň, ol zähere öwrüler, bilseň bolsa zäheriň dermanydyr. Hakykatdan-da, her bir iýgi-içginiň, çaky hem wagty bilinmän, iýlip-içilse peýdasy ýokdur. Öňkuler aýdypdyrlar: Asal zähre döner köp iýseň eger, Çörek çakdan aşsa, bil, zyýan berer. Nahar iýen badyňa şerap içmek bolmaz, üç sagat tagapyl edip üç gezek suwsamalysyň we üç gezek suw içmelisiň. Suwsamaýaňda-da üç sagat töwerekleri sabyr etgin. Sebäbi aşgazan güýçli hem sagdyn bolsa, sen agdyk iýäýeniňde-de, ol ýedi sagatdan iýeniňi siňdirer: üç sagatda siňdirip, üç sagatda-da şol iýen iýmitiň şiresini alyp, ony adamyň içki synalarynyň hemmesine paýlap çykar ýaly bagra elter. Ýene bir sagatdan ol galan gaçanlary içegelere ugradar. Sekiz sagada çenli aşgazan boşamalydyr, boşamasa, ol aşgazan däl-de, çüýrän sanaçdyr. Şonun üçinem, aşgazandaky iýmit siňer ýaly we seniň dört tebigatyň iýmitden öz peýdalaryny alar ýaly, nahardan üç sagat geçeninden soň şerap içgin. Hut şondan soň içgin, şeýtseň, hem şerapdan lezzet alarsyň, hem nahardan. Ýöne welin şerap içmäge ikindi namazyndan soň başlagyn, çünki sen mes bolýançaň garaňky düşer we halaýyk seniň mesligiňi aňmaz. Meslikde bir jaýdan başga bir jaýa barmagyn, çünki beýle ýagdaýda ondan oňa barmak gelşikli däldir. Şerap içmek üçin çöle we baga çykmagyn, çykaýsaňam serhoş bolýançaň içmegin, serhoşlugy öýüňe geleňsoň, şol ýerde etgin, öýde edip bolýan işleri meýdanda edip bolýan däldir, çünki jaýyň saýasy daragtlaryň saýasyndan has gowudyr. Her kim öz öýünde öz ülkesinde bolan patyşa ýalydyr, çölde bolsa ýat ülkede galan mysapyr kimindir. Garyp her näçe atly-abraýly bolsa-da, onuň eliniň nirä ýetjekdigi, ýetmejekdigi görnüp duran zatdyr. Şerap içeniňde, hemişe ätiýaçly bolgun, ýene iki-üç bada ýer goýgun, artyk iýip, artyk içmekden saklangyn, serhoşlyk we dokluk iýgi-içginiň barjasynda däldir, doklugyň tagamyň iň soňky lukmasynda bolşy ýaly, serhoşlyk hem şerabyň iň soňky badasynda bolýandyr. Diýmek, hemişe bir lukma az iýip, bir bada az içjek bolgun, şeýtseň olaryň ikisem saňa artyk degmez. Içginiň ýesiri bolmajak bolgun, çünki beýle ýesirligiň netijesi iki zat bolýandyr: olaryň biri hassalykdyr, beýlekisi hem däli-mejnunlykdyr, netijesi şeýle bolan işe gümra bolmak nämä derkar? Bu sözler üçin seniň içgiden el çekmejekdigiňi we hiç kimiň gepine gulak asmajakdygyňy bilýärin, ýöne sen hiç bolmanynda ir bilen aç garnyňa şerap içmäni özüňe adat edinmegin, dagy-duwara içmeli bolaýanyňda-da, setanda-seýranda içgin, çünki akylly-paýhasly adamlar ir bilen içmäni oňlamaýandyrlar. Säher bilen içmäniň ilkinji zyýany: seniň irki namazyň bozular, ikinji zyýany: agşamky içeniň dumany kelläňden gitmänkä, säher sermestligi hem onuň üstüne urna bolar, munuň netijesi lellimlikden başga zat bolmaz, çünki iki belanyň zyýany bir belanyňkydan zyýat bolar. Munuň üstesine-de il ýatanynda, seniň gözüňe uky gelmez, iller oýananda bolsa sen ýatmaga mejbur bolarsyň. Uzynly gün ýatsaňam, bütin gije gözüňe çiş kakylan ýaly bolup çykarsyň, onsoň, ertesi çakyrdyr ukusyzlygyň derdinden göwräň soka salnan ýaly bolar. Köp halatlarda irki içgiden soň dawa-jenjel turup, onuň, netijesi hem ýa puşman bolar, ýa ýersiz ýere pul harçlamak. Eger saý-sebäp bilen ertirine içmeli bolsaň, munuň, düýpli sebäbi bolsun, ýöne şonda-da, iň gowusy, saklanmakdyr, sebäbi bu erbet endikdir. Eger sen içmän oňup bilmeýän bolsaň, onda juma agşamy içmegi adat edinmegin, umuman, juma we şenbe agşamlary şerap içilýän däldir, ýöne juma agşamy içmegin diýmegimiň sebäbi: juma güni sen märekäniň öňüne çykmalysyň we juma namazyny okamalysyň. Üstesine juma agşamy şerap içmeseň, sen bir hepdeläp halaýygyň göwnüni awlap bilersiň hem-de iliň teýeneli gürrüňinden halas bolarsyň, onsoň, çykdajyň-da azalar, çünki bir ýylda elli juma bardyr, diýmek, elli günlük harjyň jübiňde galar, bedeniň, kalbyň, akyl-paýhasyň, ruhuň dem-dynjyny alar, çünki bir hepdälep beýnä we damarlara dolýan içgi humary bir gijäniň dowamynda ýaýrap, ýom-ýok bolar, bir gijeki dynç bedeniňe saglyk, arkaýynlyk, jübüdir emlägiňe bolsa peýda getirer. Şonuň üçinem, bäş bähbit eçilýän adata eýermegiň göräkdir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |