23:20 Kowusnama: Yşkbazlyk we onuň kadalary hakynda | |
Ön dördünji fasyl
YŞKBAZLYK WE ONUŇ KADALARY HAKYNDA Oglum, bilip goýgun, aşyk bolmak üçin poladyň ýumşak bolmalydyr. Çünki yşk heseri tebigatyň gözelliginden döreýändir, gözellikden döreýän zatlar bolsa hemişe gözel bolýandyr. Öňküler diýmişleýin. Tebigat näzik boldugyça, kalbyň gözel tebigata gowuşmaga meýl edýändigi mälim zatdyr. Beýt Aşyklyk nepislik, näziklik küýsär. Her ýerde özi dek uzuklyk küýsär. Gojalara garanyňda ýigitleriň has tiz aşyk bolýandyklaryny sen görmeýärmiň näme? Çünki ýigitleriň tebigaty gojalaryňka garanyňda has nepisdir. Onsoňam, gödeksi, betniýet adamlar aşyk bolup bilýän däldirler. Aşyklyk bir derdi-bela bolup, oňa diňe kalby näzik adamlar ýolugýandyrlar. Gödek tebigatly bolsaňam, näzik tebigatly bolsaňam, aşyk bolmajak bolgun. Aşyklyk köp-köp külpetli işdir, aýratynam garyp bolsaň agyrdyr. Haýsy ýoksul aşyk bolsa, onuň öz janyna kast etdigidir. Bilip goýgun, aşyklyk bilen ýoksullyk durmuşdan bizar bolmak ýaly bir zatdyr, ol aýratyn-da gojalyk çagy şeýledir, çünki goja pul harçlamasa, maksadyna ýetip bilmez. Meniň diýşim ýaly: Men pulsuz men, dynma ýokdur azardan, Mätäçlikden jyda düşdüm o ýardan. Bu halymdan söhbet açýar bir tymsal, “Pulsuz giden boş gaýdarmyş bazardan”. Adamçylykdyr, wagty gelip, biri göwnüňden turaýanynda hem, oňa köňül berip, huşuňy aldyrmagyn, yşk heserine ýolugyp, gam laýyna batyp ýörmegin. Munuň özi akylly adamlaryň işi däldir, çünki yşk ýoluna düşen adam mydam ýa wysalda bolýandyr, ýa-da hijranda. Bilip goýgun, bir sagatlyk wysal bir ýyllyk hijran azabyna degýän däldir. Aşyklyk her näçe ýakymly bolsa-da, başdan-aýak jebirdir, ýürek yzasy, howsaladyr. Aýralykda bolsaň, çekdigiň azap bolar. Magşugyň ýanyňda bolup, häsiýeti hem keçjal çyksa, onun näz-kereşmesiniň, keçjallygynyň derdinden wysalyň lezzetini-de bilip bilmersiň. Onuň hötjetligi, soňra bolsa aýralyk gaýgysy wysaldan agyr düşýändir, çünki hijranlykdan soň gowşulan wysal aýralykdan has agyrdyr. Söýgüliň perişde kimin bolsa-da, hiç wagt iliň gürrüňinden gutulyp bilmersiň. Adamlar hemişe seniň gybatyňy eder, söýgüliňi püçege çykarar, çünki olaryň adaty şeýledir. Şonuň üçin, özüňi saklagyn, yşk heserinden gaça durgun. Akylly adamlar özlerini aşyklykdan goraýandyrlar, çünki bir bakyşda biriniň başga birine aşyk bolmagy mümkin däldir. Ilki göz görer, köňül galkynar, köňül galkyndygy, ýüregiň maýyl bolar, köňül ikinji sapar görsem diýer, eger şonda sen bar heseriňi ýüregiňe tabyn etseň, magşugyňy ýene bir gezek görjek bolup, oda-köze düşersiň. Magşugyňy ikinji gezek görseň, ony has beter telwas edip başlarsyň, ýüregiň haly perişan bolup, üçünji gezek gördügiň, hal-ahwal soraşyp, bir süýji söz eşitdigiň bolsa, özüňi gazykdan boşan har hasap etgin... “eşegiňem gitdigidir, ýüpüňem”. Şondan soň özüňe her näçe erk etjegem bolsaň başarmarsyň, çünki iş-işden geçip, wagt geçdikçe, yşgyň artar, kalbyň hökmüne tabyn bolmaga mejbur bolarsyň. Emma sen ony ilkinji gezek göreniňde özüňi saklap, göwün talwasyňy akylyň ygtyýaryna beren bolsaň, ýüregiňde adyny bir gezegem gaýtalaman, başga zatlar bilen meşgullanan bolsaň, yşk heserini özge zatlar bilen söndürip, soňky duşuşyklardan el üzen bolsaň, sen bir hepdeden artyk jebir çekmezdiň, hatda ol seniň ýadyňa-da düşmezdi, şeýdibem, sen başyňy müň derdi-beladan gutaran adam bolardyň. Emma beýtmek her kişiniň işi däldir, bu dertden başyňy gutarmak üçin juda paýhasly bolmagyň gerekdir. Muhammet Zakariýýa özüniň “Dertleriň häsiýetnamasy” diýen kitabynda yşk derdi we onuň dermany hakynda söhbet açyp, ony yrman oraza tutmak, agyr ýük daşamak, uzak ýola gitmek, birsyhly işlemek, zenan maşgaladan köp zat hantama bolmakwe beýleki şuňa meňzeş dertler ýaly bir dert hasaplaýar. Emma her göreňde, saňa zowky-sapa eçilýän adamy söýüp bilseň, men muny rowa bilerdim, çünki Abu-Seýit bul-Heýrin şyhyň aýdyşy ýaly, ynsana dört zat parzdyr: olaryň birinjisi çörek, ikinjisi geýim, üçünjisi öý, dördünjisi hem söwer ýardyr. Her kişiniň özüne görä, halal-haram arzuwy bardyr. Ýöne dostluk bir başgadyr, aşyklyk bir başga. Şol aşyk ýigidiň: Hijran odun ýakyp-ýandyrarly, ýar, Ýöne ýakýan zatda ýakym bolmaýar – diýşi ýaly, yşgyň derdine ýolugan adamyň bagtyýar pursaty az-az bolýar. Bilip goýgun, adamlar dostlukdan lezzet alsalar, aşyklykdan ezýet çekýändirler. Eger ýigitlikde aşyk bolsaň, ýene ýagşy, seniň ahwalyňa düşünip, delile getirerler, ýigitdir diýerler. Ýöne goja wagtyň aşyk bolmajak bolgun. Gojaň etmişini unamazlar. Eger sen garamaýak bolsaň, ýene aňsatdyr. Ýöne şa bolsaň, bagyşla, beýle işlere baş goşmagyn, hiç kese aç-açan köňül bermegin, çünki gojalyk aşyklygy şalara juda gymmat düşer. Hekaýat. Babam Şemsulmealynyň döwründe Buharada bir täjiriň iki müň dinarlyk guly barmyş diýip habar getiripdirler. Bu ahwalaty Ahmedi Sagdi emiriň ýanynda gürrüň beripdir we oňa: “Ol guly satyn alyp geler ýaly adam iberseňiz” diýipdir. Emir: “Sen gitmeli” diýip, Sagdi Nakkasy Buhara ýollapdyr. Olam şol guly iki müň iki ýüz dinara alyp, Gürgene getiripdir. Emir guly halap,ony özüne desmalçy edinipdir. Emir elini ýuwanda gul oňa desmal äberýän ekeni. Esli wagt geçipdir. Günlerde bir gün emir elini ýuwupdyr, gulamam desmaly alyp beripdir. Emir desmala elini süpürip durşuna gulamy synlapdyr, eli guranyndan soň hem ol onuň ýüzüne seretmegini dowam etdiripdir. Görnüşi ýaly, onuň gulamy sulhy alan bolara çemeli. Ol desmaly gulama beripdir-de, ara biraz wagt düşeninden soň, Abul Abbas Ganymy çagyryp: “Men bu gulamy azat edip, pylan obany oňa bagş edýärin. Perman ýaz, şol obaly bir gyza öýersinler. Goý, ol sakgal-murt basýança hiç ýaňa çykman, öýde otursyn, sakgal-murt basanynda hem meniň ýanyma gelsin” diýipdir. Abul Abbas Ganym wezir ekeni. Ol: “Agaýynyň aýdyşy ýalam bolar, ýöne mümkin bolsa, agaýymyz hyzmatkärine bu sözleriň manysyny düşündirsin-dä” diýipdir. Emir: “Bu gün bir hadysa duş geldim we juda hapa boldum, ýetmiş ýaş küje, şa halyňa aşyk bolmak küje! Men ýetmiş ýaşdan soň Kadyr Hudanyň bendeleriniň jan saglygyny goramaly, goşunyň, raýatlaryň we ýurduň işlerini alyp barmaly ahyryn. Eger men ýetmiş ýaşdan soň yşkbazlyga ýüzursam, ne Allanyň ýanynda ýüzli bolaryn, ne bendesiniň” diýipdir. Hawa, ýigit näme etse-de, geçilýändir. Ýöne adam her näçe ýaş bolsa-da, yşgyň dälijesi bolmaly däldir. Senem döwlete zyýan gelmez ýaly, paýhasly, mertebeli, syýasatçy bolgun. Hekaýat. Gaznada Masud soltanyň on sany guly bolup, onusynyň hem onuň geýim saklaýjysy bolup hyzmat edýändigini eşitdim. Şol gulamlaryň birine Nuştegin diýýän ekenler. Masud soltan ony örän gowy görýän ekeni. Ençeme ýyl geçipdir welin, şol on gulamyň haýsysynyň soltanyň gowy görýän guludygyny hiç kim bilmändir, çünki soltan Nuştegine näme sowgat berýän bolsa, beýlekilere-de şony beripdir, her kimiň öz ýanyndan özüni soltanyň gowy görýän guly hasap etmegini isläpdir. Soltanyň bu sowgatlary bermekden yzarlaýan maksady Nuştegin ekeni. Ýene bäş ýyl geçipdir. Bir gün soltan serhoş wagty: “Meniň atamyň Aýaza bagyşlan zatlarynyň barynyň puly, haty, igtalary bilen birlikde Nuştegine berilýändigi hakynda perman ýazyň” diýipdir. Diňe şundan soň onuň gowy görýän gulunyň Nuştegindigini bilip galyldyrlar. Bu ahwalatlary gürrüň berýänem bolsam, birine göwün bereniňde, meniň diýenlerime gulak asmajakdygyňy bilýärin. Şonuň, üçinem, men yşk hakynda gojalarça bir rubaýy aýtmak isleýärin: Rubaýy Kim heserli bolsa hem dana bolsa, Ol ýa Wamyk bolsun, ýa Üzre bolsun. Ikiýüzli diýrler etmeseň muny, Ýa jandan söýülsin, ýa aşyk bolsun. Men şeý diýsemem, sen meniň rubaýyma gulak gabartmaly dälsiň we oňa uýup, aşygam bolmaly dälsiň, aşyk bolmaly bolaýsaňam, söýeniňe degýän näzenine aşyk bolmalysyň. Elbetde, men magşuk Ptolomeý ýa Eflatun bolsun diýemok, ýöne onuň azda-kände akyly ýerinde bolmalydyr. Onuň Ýakup oglyÝusubam bolmajakdygyny bilýärin, ýöne onuň azda-köpde görk-görmegi, syraty bolmalydyr, ol şeýdip, il agzyny bogup, halaýyk öňünde hatyraly bolup biler. Sebäbi adamlar hiç haçan bir-birleriniň aýyplaryny gözlemekden, bir-birleriniň gybatlaryny etmekden gaýdýan däldirler. Birinden: “Aýybyň barmy?” diýip sorapdyrlar. Olam: “Ýok” diýipdir.“Onsoň, senden aýyp tapýanlar barmy?” diýipdirler.Olam: “Näçe diýseň bar” diýipdir. “Onda sen dünýäde iň aýyply adam bolýaň-da” diýipdirler. Myhmançylyga gitseň, söýýäniňi ýanyň bilen alyp gitmegin, alyp gidäýseňem, iliň öňünde onuň bilen kelç-külç etmegin, halys ýüregiňi berip, bendisine hem öwrülmegin. Sebäbi ony hiç kim iýmez, onsoňam, hemme kişi ony özüň ýaly görýändir öýtmegin. Şahyryň aýdyşy ýaly: Beýt Men pakyryň başyna dady-waý bolsun şu gün, Maňa eý görnüşiň dek, ile mährem görünseň. Ol seniň gözüňe hemmelerden sahypjemal görünýän bolsa-da, iliň gözüne hemmelerden betnam görnüp biler. Onsoňam, oňa birsyhly miwe, nogul äberip oturmagyn, zol-zol ýanyňa çagyryp, hal-ahwalyny soraşmagyn, peýdaly ýa peýdasyz zady gürrüň berýän kişi bolup, gulagyna çawuş çakmagyn, seniň näme diýýäňini barybir adamlar bilerler. _____________________________ Abu Seýit bul-Heýr Meýhany – Horasandaky meşhur mistik. Şemsulmealy – “Kowusnamanyň” awtorynyň babasy. Abul-Abbas Ganymy – Şemsulmealynyň weziri. Igta – bölek. Ptolemeý – gadymy grek filosofy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |