11:05 "Kireýne jaý gözlenýär..." / satiriki hekaýa | |
"KIREÝNE JAÝ GÖZLENÝÄR..."
Satiriki hekaýalar
Gyş gelip, aňzak sowuk hökmürowanlyk edip başlansoň kireýne jaý gözleýänleriň sany öňküsinden hem köpeldi. Köçelerde biri-birine sataşan adamlar hal-ýagdaý soramaga derek, şeýle diýýärdiler: "Kireýne jaý tapylmazmyka?", "Kireýne jaý gerek, bir otagly bolsa hem bolýar". Kireýne iň bärkisi ýekeje otag hem tapyp bolanokdy , üstesine gyşyň uzyn gijeleri bitmez-tükenmezdi. Gündelik gazediň soňky sahypasynyň burçunda kreýine jaý gözleýänleriň bildirişi çap edilýärdi, soňky wagtlarda çykýan her neşire kireýne jaý gözleýänleriň gysgaça ahy-nalasy çap edilýärdi. "Haýyş, bize kireýne jaý tapyp beriň, bahasy siz näçe diýseňiz..." "Kireýne jaý alýas, gymmat bahadan..." Bildirişleriň ählisi özüne çekiji ýazylýardy, olara tankyda, çekeleşige baý makalalar hem deňleşip bilenokdy. Ähtimal soňky ýyllarda kreýine jaý gözleýänleriň sanynyň artany, jaý tapmak üçin döwrebap ýollardan peýdalanýandyklary üçindir. Meselem ynha muňa serediň: "Nireden bolsa hem, kireýne bir otagly jaý tapyp beren adama üç müň rubl berýäris..." "Kireýne jaý gerek! Jaýda ýyladyş ulgamy ýok bolsa hem bolýar, üfläp gyzdyrmagada razy...", "Bir otagly jaýyny kireýne beren öý eýelerine süýjilik bişirmegi öwrederin, isleseler sazçylykdan sapak bererin" Bulara hiç. Arasynda şeýle bildirişlerem bardy welin... "Kireýne jaý gözleýärin! Eger gapylary meň göwnümdäki ýaly bolsa öý eýesiniň aýalyna tap-täzeje italýan ädigi bilen ýapon paltosyny sowgat ederin. Gapylary meň göwnümdäki ýaly bolmagy bilen bile öý şäheriň merkezinde ýerleşýän bolsa, amerikadan ýörite getirilen durbin we fotoapparat goşup bererin...". Jaý gözleýänleriň arasynda hepdäki daşary ýurtly myhmanlar hem bardy: "Bir otagly jaý tapyp beren adama müň rubly frank edip tölärin." Adam näderejede adamkärçilikden çykmadyk bolsa hem daşary ýurt walýutasy bary bir başgaça bolýar. Ine, ine bu bildirişde duýguçyllyk we özboluşly aňlatma bar: "Ýeke aýal üçin jaý gözleýärin. Teklip:? (Islendik zat)". Toba, hiçem tüweleýde siňegiň wyzzyldaýany eşidilermi?! Adamlara hem geň galaýmaly, bu bildirişler edil Londondaky meşhur teatriň bildirişini Sähraýy Kebirdäki bir hurma agajyna asmak bilen deň. Okan adam içinden "biçäre ýalňyz aýal" diýer, ýöne kömek edip bilmez, sebäbi döwür agyr. Özdiýenli, sözünden dänmeýän bir adamyň tutuş bir hepdeläp kireýne jaý gözläp barmadyk ýeri galmady. Näçe hereket etse hem jaý tapyp bilmedi. Kireýne jaý gözleýänleriň bildirişlerini okap-okap tejribesini artdyryp gazetleriň birine şeýle bildiriş berdi: "Kireýne jaý beren adamyň hormaty üçin onuň gyzyna öýlenerin. Gyzyň ýaşy, jaýyň bahasy umuman ähmiýetsiz. Kireýne jaý bermegi we gyzyny durmuşa çykarmagy isleýänler aşakdaky salga habar ugratsyn:.." Şol günüň özünde garry bir jenap onuň ýanyna geldi. Jenap özüne ýaraşyp duran ap-ak saç sakalyny sypalap: — Men siziň ýanyňyza gyzym hakynda gürleşmäge geldim— diýdi. Ýigit: — Elbetde jaý hakynda hem— diýip goşmaça etdi. — Şübhesiz ol öz-özünden bolar. Ýakynda biriniň başyna ýetdi... — Örän gowy, ajaýyp. Nähili gowumy? — Näme diýsemkam, gaty erbedem däl, oňuşsa bolýar. Boýy kelte, saçlary uzyn, dişleri... — Wah, dişlerini goýsana, jaý hakynda gürleşeli, jaý hakynda... Mümkinçilikleri gowudyr-a?. — Erbet däl elbet-de, ýöne gyzym o diýen... Ýakynda 4-nji kursy gutardy. — Hawa, nähili reňki açykmy? — Näme diýsemkam, garamtyl diýsem hem bolýar. — Diwarkagyzy garamtylmy? — Ýok. Biçäre gyzymyň saçlaryny aýdýan. — Jenap, bu boluşyň bolanok, men sizden çynlakaý soraýan, siz bolsaňyz nirdäki ýok saç barada aýdýaňyz. —Ä-hä, jaý barada soraýaňyzmy. Jaý ýaman däl elbet-de. Hemme mümkinçilikleri bar, ýaşasa bolýar. Gyzym durmuşa çykmak üçin okuwy hem taşlady, näsini aýdýaňyz ýaşy ötüşip barýar, gyzjagazymyň. Kysmatynyň garaňky bolmagyny islemedi, ähtimal... — Nähili garaňkylyk, näme garaňkyda galdy, siz jaýda hemme mümkinçilikler bar diýdiňiz ahyryn? — Men gyzymy durmuşa çykarmakçylygym barada aýdýan. Atasy öýünde uzak otursa gowy däl ahyryn. — O nähili uzak galýar, elektr gelse çyralary ýanar-a? — Ýigit, elektriň näme dahylly ýeri bar? — Birden öýe myhman gelse... — Gyzym işeňňir elbetde. Ýigit biraz oýa çümdi, soňra dodaklaryny dişläp: — Täzemi?– diýip sorady. — Dagy näme, otuz alty ýaşan hem bolsa entek gyz. — Wah, jenap gyzyň nähili, näçe ýaşda bolsa hem öýlenjek. Siz maňa gowusy jaý hakynda maglumat berseňiz gowy bolardy. — Bagyşlaň, men muny mal-mülke däl-de yşka gurulan maşgala bolmagyny isleýän. Men hem ata ahyryn... — A men kireýne ýaşaýan. Siziň pikiriňizçe haýsy kynyrak? Aýtsaňyzlaň, maňa galyňam berýäňizmi? — Elbetde. Size mal-mülkimiň ýarsyna golaýyny bererin. Meselem, alty sany gymmat baha palto, iň hili ýokary köýnek, balaklardan... — Size indi gaýynata diýsem hem bolýar. Gaýynatajan geliň gowusy baryp göreli, soňra bir netijä geleris. — Ýöne ol siz bilen entek görüşmäge taýýar däl. — Jaýy, gaýynatajan jaýy, baryp göreli haýyş. Ýigit jaýa şeýlebir gyzyklanýardy welin gyz hyýalyna hem gelmeýärdi... Ol jaý tapany üçin begenip ýedi gat asmanda uçup şeýle pikir ýöredýärdi: " Aňsatmy ahyryn, üç aý iki hepde köçede, kä gün metro duralgasynda, käte dükanlaryň öňündäki oturgyçlarda ukladym". Iki ýaş nikadan geçdi, toý saçagyna oturansoňlar kalby joş urup duran gelin ýigidiň boýnundan ogşap ýuwaşjadan gulagyna pyşyrdady: — Grişinka, toýumyz geçensoň bu jaý bir hepde biziň ygtyýarymyzda bolar, soňra ikimiz bileje kreýine jaý gözläris. Men ärimiň öýünde ýaşamagy isleýän. — Näme, nämeler diýýäň? — Nämä geň galýaň, näme üçin gygyrýaň, bu jaý kakamyň hyzmatkäriniňki, hyzmatkäriň öýünde hiç haçan ýaşamaryn. Ýigit bu gepden soňra gygyrdy, aglady... Şol günden bäş ýyl geçensoň jenaýatçyň işine ikinji gezek seredildi. Kazy: — Jenaýatkär akylly we edepli, hiç kime zyýan ýetirmän gowy tussag bolandygy üçin aklansyn— diýip höküm etdi. — Hawa? Tussaghanadan çykýanmy? — Elbetde, siz indi azat! Bu ýere indi dolanmarsyňyz, adam öldürmersiňiz diýip umyt edýäris. — Waý-dat, nähili betbagtlyk. Belki meni dälihana ugradarsyňyz. — Ýok. Siziň aklyňyz çaşmadyk ahyryn. — Belki, syýasy tussaglar saklanýan býuro ugradarsyňyz? — Siz bütinleý azat-erkin. — Wah, bu nähili aýylgançlyk, bu nähili betbagtlyk. Ýene-de köçelerde ykmanda it-pişikler bilen ýatmaly boldum. Wah Russiýamyň ajaýyp türmeleri. Arkadiý AWERÇENKO. Terjime eden: Saparmyrat GÜRGENÇLI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |