11:57 Küýseýän dagy | |
KÜÝSEÝÄN DAGY
Goşgular
![]() Görmedikler görsün Garrynohury, Çaýlary çeşmeli, çeşmesi dury. Täsinlikden doly soly hem sagy, Gardaşlar, şeýle bir küýseýän dagy! Dertlä derman dagyň tämiz howasy, Hut Nurynyň sazy - guşlaň owazy. Aýdymdaky ýaly, gary bar, gary, Gardaşlar, şeýle bir küýseýän dagy! Garamyk, böwürslen, hozy bar datly, Dowar bakýan çopan-çolgy gaýratly. Gaýaň ýarçygyndan çykar kerkawy, Gardaşlar, şeýle bir küýseýän dagy! Dözmerin awlara käkilik, keýgin, Görke salýar zawdyr, gaýalaň beýgin. Gözellikler gorun gorarym ýaly, Gardaşlar, şeýle bir küýseýän dagy! Oglanlygym daga-derä siňipdir, Meni indi çagyrýan dek bolup dur. Ýakyn geldik saýy gojalyk çagy, Gardaşlar, şeýle bir küýseýän dagy! 2019 ý. “Edebiýat we sungat” gazeti, 14.02.2020 ý. | |
|
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |