12:32 Leniniñ syýasaty | |
LENINIÑ SYÝASATY
Goşgular
Asuda oturan iliñ Üstüne duşman öwürse top nilin, Depelese bossanyny, Hem otlasa dessanyny, Sepelese ol harteçjal Diñe ajal, diñe ajal Şonda "Eliñi çek" diýip bilýän Bir ýurt bar. Bar onuñ bir syýasaty. Ýyl gurak gelip birden, Hasyl önmese ýerden, Şonda desserhanyndan Gyýylman hem gynanman Bölüşip bilýän Bir ýurt bar. Bar onuñ bir syýasaty. Ilat bary öý-öwzarsyz galanda, Ene nalaç elin serip nalanda, Ýürekleriñ awusyny azaldyp, Alys ýoldan gollaryny uzadyp, Ýüreklere mydam şatlyk paýlaýan Bir ýurt bar. Bar onuñ bir syýasaty. Hasratyña hasrat goşmaly dälkä, Dogan Aý bimahal ýaşmaly dälkä, Asuda şemala bugdaý ygşyldap, Berýozañ aýdymy ýañlanmalyka, Deñiz tolkunlary ursa pagşyldap, Ähli oñat zatlar oñlanmalyka, Bu giñ jahanda Bilýän, gaýtalanar ähli dahanda Ol ýurduñ ady Hem oñ adalatly bir syýasaty! Allaýar ÇÜRIÝEW. | |
|
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |