10:50 Leýlisaç | |
LEÝLISAÇ
Goşgular
![]() Bu daragta owadanlygyň şeýle hem, gam-gussanyň nyşany hökmünde garalýar. Aşyrberdi Kürt, “Biler bolsaňyz”. Eşidipdim, seň leýlisaç, Şahalaň öň dim-dik eken. Saýaňda Mežnun ah urup, Leýliniň zaryn kän çeken. Dady-perýada çydaman, Şahalaň aşak sallanan. Şol sebäpli sen “mežnun tal” Hem “leýlisaç” atlar alan. Daragt barynyň serweri, Kalbyň çensiz ýuka borly! Bolmanda özgäň oduna, Öz ömrüň köýdürme bormy?! Şal geýinen Leýli gyz dek, Çöşlän saçlaryň hamala, Durky bilen ikiýana, Elenýär sähel şemala. Aşyk Mežnunyň syrdaşy, Eý, owadan, gamly agaç! Gel, birsalym iç döküşip, Paýlaşaly gam, leýlisaç! 2022 ý. | |
|
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||