10:23 Lidersiz jihаt | |
LIDERSIZ JIНАТ
Publisistika
Soñky günlerde ýygy-ýygydan "indi näme bolarka?" soragyna köp duş gelýärin... "- Ysraýyl Gazada näme ederkä, çykarmy ýa galarmy? - Urşuñ tarapy "Hamas" bolmakdan çykdymy, agressiw hereketler dünýäniñ çar künjüne syçrarmy?" Şuña meñzeş soraglaryñ jogaby üçin size bir hünärmeni tanadaýyn: Doktor Mark Sageman, Garward unisersitetuniñ uçurymy, psihiatrist... Şol bir wagtyñ özünde MRU-nyñ (CIA) köne işgäri. Hünärmenlik ugry-da syýasy agressiýa-terrorizm... Meselem, 1987-1989-njy ýyllarda Owganystanda boldy, mojahetler bilen ýakyn gatnaşykda boldy... Meselem, 2005-nji ýyldaky London bombalamalaryny öwrendi... Meselem, çeçen separatistleriniñ 2004-nji ýylda Russiýanyñ Beslan şäherinde 186-sy çaga 334 adamy öldüren ganly wakasy boýunça açylan derñew işine gatnaşdy... Häzirem ABŞ-nyñ Daşary syýasaty öwreniş institutynyñ Terrorizmi öwreniş merkezinde (Foreign Policy Research Institute's Center) işleýär. Dört kitap ýazdy: "Terror torlaryna düşünmek" (2004), "Lidersiz jihat. XXI asyrda terror torlary" (2008), "Terrorizmiñ ýalñyş düşünilmegi" (2016), "London bombalamalary" (2019). Şu maglumatlardan soñ sözi barlaglaryny 500-den gowrak radikal jihatçynyñ terjimehalyna esaslandyrýan Mark Sagemana bereýin… * * * Şu kesgitlemeleri möhüm: - Radikallaşmagyñ sebäplerine wakalaryñ yzygiderliligindäki ýönekeýje liniýalaýyn proses hökmünde seretmek ýalñyş bolar… - Radikallaşma şahsy däl-de, garyndaşlyk we dostluk baglanyşygynyñ möhüm faktorlar bolan kollektiwleýin prosesdir. Ýagny ol şeýle diýmek isleýär: "Siz isledigiñizçe daşary syýasatdan, geosyýasy faktorlardan we gaýrylardan söz açyberiñ, radikallaşmagyñ psihologiki taraplaryny gözden salmañ!" A ideologiýa? "- Yslamyñ adyndan terrorçylar bilen geçiren gepleşiklerim maña olaryñ ideolog däldigini we aslynda ideologiýa onçakly düşünmeýändikleruni görkezdi. Olaryñ mantygy beter düşnükli: Günbatarlylar musulmanlara hüjüm edýär, bizem musulmanlary goraýarys. Ideologiýa ýeke sözde özüñi yslamyñ esgerlerinden düzülen topar hökmünde tanatmagyñ ýoly... Toparyñ agzasy bolmak ideologiýanyñ öñüne geçýär. Örän az sanly terrorçy intellektualdyr... - Adamlar aslynda baş goşan dawasyndan has beter ýoldaşlary üçin söweşýär. Idelogiýa üns berýän giñ barlaglar bölümi kemçiliklidir we terrorçylaryñ ideologiýa diýlende nämä düşünýändiklerine seretmejek derejede ýalta adamlar (alymlar, žurnalistler we gaýrylar) tarapyndan dolandyrylýar..." Ideologiýa ýok bolsa, jihаdа goşulma prosesi nädip bolýar? Sagemanyñ pikiriçe agressiýa ýüz urmak üçin terrorçy topara agza bolmak hökman däl. "- Adam ilki sosial kimligi bilen şikaýatlary gidermek üçin agressiýany öz içine almaýan kanuny protest formalarynu ulanýar. Emma wagtyñ geçmegi bilen üýtgeşmäniñ bolup geçmegi täsirliligi boýunça lapykeçlige uçransoñ, hüjüm edijilik hereketi bolup geçýär. Bu syýasy agressiýa barýan iñ ýörgünli ýoldur. Başgaça aýdanda, radikallykda ideoligiýa däl-de kimlik öñde durýar..." Ysraýyl hüjüminiñ dünýäde nämä sebäp boljakdygy şu kesgitlemelerden belli dälmi? Düşündireýin: * * * Ysraýyl hüjüminiñ dünýäde nämä sebäp boljakdygy şu kesgitlemelerden belli: Günbatar tarapyndan hüjüme uçrandygyny gören käbir musulmanlaryñ ahlak taýdan gahar-gazaba atlanyp şol hüjümiñ gurbanlarynyñ hataryna goşulmaga göwünjeñ boljagyny bilmek üçin palçy bolmagyñ geregi ýok. Sageman aýlanyp-dolanyp şol bir zadyñ aşagyny çyzýar: "- Radikallaşma esasynyñ özeninde howp astyndaky syýasy köpçülik bilen bileleşip bu köpçüligi goramak üçin meýletin esger bolup, özüñi pida etmäge taýýar ýagdaýa gelmek..." Özüñiz görýänsiñiz: Ysraýylyñ Gaza okkupasiýasy dünýäde parahatçylykly raýat protestleriniñ bolmagyna getirdi. Eýsem mundan soñ nämeler bolar? Ýene dünýäniñ çar künjündäki radikal "ýeke möjekleriñ" (lidersiz jihat) agressiýasyna şaýatlyk ederismi? Meselem, diñe Gaza sektory bilen çäklenip galaýmaz, dünýä ýanarmy? Parh edýärsiñizmi, howp beter uly. Şonuñ üçin Gazada wagt ýitirmezden agressiýanyñ togtamagy, Ysraýylyñ okkupirlän ýerlerinden çykmagy, parahatçylygyñ üpjün edilmegi hökmany şert... Urşuñ gowusy, parahatçylygyñ erbedi bolmaz. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 16.11.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |