12:06 Madaw degişmeleri | |
MADAW DEGIŞMELERI
Degişmeler
- Awçy awuny garawullanda, näme üçin bir gözüni ýumýar? Madawly oña düşündirýär: - Päh-eý, şonam bileñokmy? Iki gözüni ýumsa, hiç zat görmez ahyry! * * * Madawly ýitig düýelerini gözlemäge gitjek bolup durka, beýlekisi gelýär: - Menem ýoldaş edip äkitsene! - Yh-ym, düýe nogtalap bilýäñmi? - Ýok. - A duşaklap? - Juk. - Gaçanda motosiklli kowup, gaýtaryp bilersiñmi? - Muny-da başarmaryn. - Eh, dost jan, näjüre-aýt sen? Ondan-a keýwanymy äkidenimde bolmaýarmy? * * * - Men-ä işde gowy dynç alýan - diýip, madawly gürrüñdeşine gussalyrak ýüzlenýär. - A öýde näme? - Neme-dä... Aýalymyñ ýumuşlaryna ýetişip bilmän lütüm çykýar-da. * * * Iki dogan kolhozyñ bir süri garaköli goýnuny bakýarmyşlar. Bu janawerlerem näme, bir damjany iki bölen ýaly meñzeşje. Ulusy irden sürini örä äkidýär. Görse, golaýjakda 40 garaköli dur. Ol hasyr-husur özüniñką urdurýar. Günortan goşa gelende inisine aýdýar: - Bally, kyrk sany ýitig garaköli tapyp, sürimize goşdum. Men oba gidip, şäherde satmak üçin, kireýine maşyn getireýin. Olary satyp, maña ýeñil maşyn alaly. Indiki saparam şeýle bolanda saña. Goý, ýitirmesinler. Ol basym motosiklini otlap, oba gidýär. Inisi sürini sanaýar weli, laýyk öz goýunlarynyñ sany bolýar duruberýär. Kyrky kemende şonça dowar ýetenok. Inisi agasynyñ öz sürüsinden ogurlap, ot-elek bolup ýörşüne diñe ýylgyraýýar. * * * Çölde gawun saklap ýören madawly 3-4 gün öýüne gidip gelmek üçin oba adam ýollap işşekçer ogluny getirýär-de: - Ine, aşagyña keçe ýazyp, hezil et-de, ýat! - diýýär. Heniz düzde ýeke ýatyp görmedik oglany gorky basyp hopugýar. Dädesiniñ ýüzüne-de gelip bilenok. Dädesi ikinji gezek: - Kynçylyk ýok. Ýañky aýdyşym ýaly, keçe ýazyp, hezil et-de, ýat - diýip, ugraberjek bolanda, gyssanan ogly aşak bakyp, näderini bilmän, seslenýär: - Be-e, dädem-aýt! Keçäñ üstünde gürleşere-de biri gerek ahyryn! Toplan: Annatagan NURGELDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |