11:29 Mahabatlara tomaşa etdiñiz | |
MAHABATLARA TOMAŞA ETDIÑIZ
Publisistika
1991-nji ýyl. Türkiýede saýlawlar bolup geçýär. Ankarada oturan ýerimden saýlawlary synlap otyryn. Häzir size bu saýlawyñ onçakly bilinmeýän düýbünden başga hili ýaryşy hakda aýdyp bereýin. Soñunda gürrüñi RHP-dir Kylyçdarogluna baglajak bolýaryn... 1991-nji ýylda Türkiýede syýasy kommunikasiýa ulgamy üçin täzelikleriñ bolup geçen saýlawy boldy. Partiýalaryñ ählisi diýen ýaly mahabat agentlikleri bilen ylalaşyk baglaşdylar. Hawa, döwür daşary ýurtly "syýasy kommunikasiýaçy" geñeşçilere ummasyz pul töläp saýlaw strategiýasyny ýöretmegiñ döwrüdi. ANAP-yñ başlygy Mesut Ýylmazyñ geñeşçisi fransiýaly Žak Segelady. Saýlaw döwrüniñ strategiýasy we saýlaw kampaniýasyny ýöretmek işleri oña ynanyldy. Segela Türkiýede giñden tanalýardy, onuñ özünden öñ "Ejeme mahabatçydygymy aýtmañ, ol meni jelephananyñ pianinoçysydyr öýdýär" atly kitaby gelipdi... DÝP-nyñ başlygy Süleýman Demireliñ geñeşçisi bolsa ABŞ-ly Klifford A.Botwaýdy. Aýdylyşyna görä ol saýlawlarda Demokratik partiýadan Jimmi Karter bilen Respublikan partiýadan Ronald Reýgana geñeşdarlyk edipdir! Botwaý düşünşerlik derejede türkçe bilmesi-de täsin. Saýlawlarda ýeñiş gazandyrandygyna garamazdan bu gojany soñ hiç görmedik. (1995-nji ýylyñ saýlawlarynda Tansu Çilleriñ syýasy geñeşçisi Jaý Kriegel has tanalýan biridi). Ýeri bolýar, häzir biziñ gürrüñimiz bu geñeşçi hakda däl... Şol döwür Botwaý özüniñ Segela bilen deñeşdirilmegine şeýle jogap berdi: - Jenap Segela marka-haryt mahabatçysydyr, syýasy kampaniýalaryñ strategisti däl. * * * On gün öñ... Teleýaýlymlaryñ birinde Akan Abdulany gördüm. Ol kysymlaşmagy, kysym döretme strategiýasy hakda gür berýärdi. Mahabatçy biriniñ "güýçli kysym (marka) nähili bolmalydygynyñ" gürrüñini etmeginde geñ galar ýaly zat ýokdy. Geñ galmaly zat: mahabatçy biriniñ, satyjynyñ RHP-Kylyçdaroglynyñ 14-nji maýdaky saýlaw kampaniýasynyñ strategiýasyny ýöretmegidi! Bu kampaniýalaryñ nähili şowsuz bolandygyny (we hatda ikinji tapgyrda hiç zat etmändiklerini) gördük, başymyzdan geçirdik. Özüne "men mahabatçy däl, strateg hünärmen" diýen bolýar! Nämäniñ strateg hünärmenimiş - kysymlaryñ! Bü täze nesilleriñ pikiriçe ha syýasat-ideologiýa bolsun, ha kysym (marka) - hemmesi bir zat! RHP-Kylyçdaroglynyñ saýlaw kampaniýasyny ýöretmek ynanylmazdan iki ýyl öñ onuñ "Öñünden görüp bolmaýanlar" kitabyny okadym. Tankyt edeniñe-de degmeýän bu kitaby okap bolanymdan soñ içimden "global mahabat-satygçy şereketleriñ ýetişdiren "erni suwlylary" özlerini kimdir öýdýär" diýdim. Gyzyklanýanlar okasa gowy bor, bu kitaby ýazan mahabatça geçen 14-nji maýyñ aýgytlaýjy-ykbal kesgitleýji saýlawlaryny ýöretmek işi nädip ynanyldy? "Üýtgeşik akylly adam" ýaly edip bulary kimler RHP-dir Kylyçdarogla çatyp berdi? * * * Nämemiş, biri mahabatçymyş... Nämemiş, beýlekisi strateg hünärmenmiş... Eýsem: Fransiýaly Segela näme etdi: Mesut Ýylmazyñ endigan daralan saçlary, äýnekleri, çalaja ýylgyrýan ýüz keşbi, elini çekgesine goýup dik garşysyndan alan fotosuraty bilen ynam bildirilýän, özüne göwni ýetýän syýasatçy obrazyny döretdi! (Mitingden öñ konsert berme pikiri ilki şoña degişlidi). ABŞ-ly Botwaý näme goşant goşdy: Demireliñ gardirobyny üýtgetdi, troýkaly penjek-jalbarlary, goşa ilikli penjekleri geýdirdi ("Žurnalistler bilen aýak üstünde gürleşiñ, oturanyñyzda garnyñyz görünýär!" diýen ýaly maslahatlary beripdi). 14-nji maý döwründe Kylyçdaroglyna nämeleri etdirendiklerini gördük. Goşar gysma, ýürek yşaratlaryny we başgalary ýazmagyñ hajaty barmy? Eýsem partiýalar 1991-nji ýyldan soñ mahabatçylar-satygçylardan nämüçin dalda gözläp duran boldy? Çünki partiýalar biri-birine meñzeş bolansoñ, diñe mahabat bilen tapawutlanmak zerurlygy duýuldy! "Kim näme berse, bäş lira has köp berjekdirin" wadasy ýaly... - Ideologiýanyñ, programmanyñ hiç bir ähmiýeti ýokdy... - Saýlaw syýasy däl, psihologik çäredi... - Saýlawlarda diñe soñ döredilen lider obrazy üstün çykyp biljekdi... we ş.m. Türkiýede syýasy propoganda garaýşy diñe şuda dar ketege gabalyp goýuldy. Seretseñizläñ: RHP-niñ ýaşlar boýunça bölüminiñ başlygy, beýleki bölüm başlyklary köplenç penjek-jalbarly gezýär. Hemmeler "resmi işgäre" öwrüldi! Obraza girmäge, daşky görnüşe üns berýän bu oglanlar ýaşyna görä geýnenoklar, "Kemal dädelerine" öýkünýär... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 06.10.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |