MÄHREM ENÄNIŇ ÝAZGYLARY.
(ýa-da onuň göze görünen gyzyna iň soňky sargytlary)
TERJIMEÇIDEN:
Gadyrly okyjy! Sen bu «Ýazgylary...» okap başlamankaň, onuň baplaryna göz gezdirip çyk: «Ata-enäni, maşgalany, dogan-garyndaşlary, patyşany, Watany söýmek we olara minnetdarlyk hakynda», «Akyl-paýhas gözellikleri hakynda», «Beden gözelligini kalbyň gözelligi bilen utgaşdyrmagyň zerurlygy hakynda», «Zenan maşgala üçin zerur sahawatlar hakynda», «Hojalyk aladalary we zenan maşgalanyň etmeli işleri hakynda», «Ene mähri hakynda» we ýene-ýeneler. Bu zatlaryň köpüsine «Ýazgylarsyz...» hem beletsiň. Ýöne il aýtmyşlaýyn, «bir kelle gowy, iki kelle has-da gowy». Onsoňam biziň köp asyrlaryň dowamynda ençeme ahwalatlary başdan geçiren dana halkymyzyň pähim-paýhasa ýugrulan parasatly sözlere, jaýdar aýdylan pendi-nesihatlara, öwüt- ündewlere gyzylyň gyryndysy ýaly garamak edähedi bar. Belki, ol muny pygamberimiz Muhammet aleýhyssalamyň «Haýsy gapydan tapsaň-da ylym al» diýen gymmatly sargydyna eýerip edýändir. Bilmedim. Ýöne peýdaly zatlary köp bildigiçe, adamyň durmuş ýolunyň aýdyň, çarkandaksyz bo- lýanlygyna welin belet! Eger şeýle bolýan bolsa, sen hem şu jöwher akyla gulluk et. Oka, diňle, köp bil. «Mährem enäniň ýazgylaryýa-da onuň göze görnen gyzyna iň soňky sargytlary» atly bu eser uzak- daky rus topragynda dörän kitapça. 150 ýyl mundan ozal ýazylan hem bolsa, onuň ýazary bize belli däl. Ýöne eseriň gymmaty, biziň çuňňur aňlaýşymyza görä, onuň akylly-başly gürrüň gozgaýşynda, onuň bir adama däl, ýüz adama däl, millionlarça adama gönükdirip, olara durmuşda aýdyň ýol saýlamaga, säwliklerden, bigäne işlerden gaça durmaga, il-ulsy, Watany söýmäge we beýleki asylly maksatlara ýetmäge kömek edýändigindedir. Şu mynasybetli men saňa ýene bir zady ýatlap geçeýin. «Ýazgylaryň...» terjimesini ýazga geçirip beren Nabat atly bir işgär olary tamamlap getirende: «Daňatar aga, bu kitaby öňräk terjime edeniňizde biz ýaşlykda köp säwliklerden gaça durup biljek ekenik. Aýby ýok, indikilerimize berk bolarys. Entek-entekler bilmeli zatlarymyz köp» diýip dillendi. Bu bir tarapdan, «Ýazgylaryň...» ýazarynyň hatyrasyna aýdylan uly minnetdarlyk bolup ýaňlansa, beýleki tarapdan, meniňem zähmetimiň azda-kände ýerine düşenliginden habar berdi. Şeýlelikde, gadyrly okyjy, bu «Ýazgylary...» okap, uly lezzet almagyňy, özüň üçin köp-köp peýdaly zatlary öwrenmegiňi tüýs ýürekden arzuw edýärin.
DAŇATAR BERDIÝEW.
Birinji bölüm
I bap
Liza ýüzlenme
Gyzym, sen şu setirleri okap başlanyňda meniň ruhum eýýäm has ajap durmuşlar ýurdunda bolar! Bular eňek atyp ugran enäniň bellikleri, maslahat-lary, öwüt-ündewleri we haýyşlarydyr. Olaryň saňa peýdaly boljakdygyna men birjik-de şübhelenemok. Sen meni örän gowy görýärdiň, şonuň üçinem sen bu zatlara hiç haçan göwünli-göwünsiz bakyp bilmersiň, gaýtam, sen olarda beýan edilen arzuw-islegleri berjaý etmek bilen bolarsyň.
Liza! Sen meniň azaplarymy ýagşylyk bilen ýerine salmalysyň, sebäbi bu jahan bilen hoşlaşmazymdan öň çekýän jebri-jepamy men, ilkinji nobatda, sen zerarly çekýändirin. Ejem jan, adamym, öýdäkiler we dostlarym men ölenimden soň kem-kemden köşeşerler, sebäbi olar mensiz oňmagyň bir alajyny tapar-lar... Meniň aýatda diri bolmagym diňe seniň üçin gerek, şonuň üçin menem seň hatyraňa entejik ýaşamalydym. Ýöne täleý ters geldi-dä! Basym bu eller sowap, olar gaýdyp seni bagryma basmazlar, basym seni we ýakyn hossarlaryňy jan-dil bilen söýen bu ýüregiň özi hem urmasyny goýar, onsoň senem, gyzym, ejeň mazarynyň üstüne iň soňky bir gysym topragyňy atarsyň. Ýokardakyň gahar-gazabyna öz-özüm sezewar boldum, ýöne şonda-da meniň bir umydym Ýokardakydadyr. Taňrym meniň günälerimi öter. Wah, men seni ýetim goýup gitmeýän bolsadym, seniň öňüňdäki ýazygym, wyždanyň çekdirýän hupbatlary özüm bilen göre girip gitmeýän bolsady, onda ölüp-ýitip gitmeklik maňa iki esse ýeňil düşerdi.
Seniň mähremligiň, mylaýym häsiýetiň, has hem beteri kalbyňa ornaşdyrjak bolup jan eden zadym — Hudaýa ýürekden ynanjyň seniň bu gowy sypatlaryň bilen kakaň göwnüni göterjekdigiňe, gabrymda arkaýyn ýatarym ýaly ruhuma teselli berjekdigine kepillik bolup hyzmat edýär: bu ýerde şübhelenere jinnek ýaly hem zat ýok. Eger şeýle bolmasa, elhenç hasrat meniň galanja günlerime awy gatardy.
Hudaý jan saňa ýagşylyga ýugrulan ajap kalp, duýgurdan näzik ýürek, durudan kesgir paýhas, mähirli ata eçilipdir. Gyzyldan gymmatly bu peşgeşlere sen hormat goýgun, ýagşylyk ýoluny tutgun, şonda sen bagtyňa aňsatlyk bilen ýetip bilersiň. Bu ýoly azda-köpde ýeňilleşdirmek üçin men, onçakly ukybym bolmasa-da, saňa birnäçe ýazgy we maslahat goýup gitmäni ýüregime düwdüm. Men köp enä garanyňda şumbagt doglupdyryn, şol zerarly hem saňa ýol arçap bermek üçin öňüňe düşüp biljek däl; ýöne men saňa hakykat ýodasyny görkezip biljek, munuň üçinem sen Hudaýa şükür etmelisiň.
Eger keseki durmuşyndan mysal gözlemän, saňa görelde almak üçin öz ömrümi salgy berip bilen bolsadym, men, gör, nähili bagtly bolardym; ýöne men bu babatda hiç hili ýazygym ýogam bolsa, men bu eşretden öz-özümi mahrum etdim. Öz çekýän jebri-jepalaryma görä, men ol ýa bu etmişi bolaýan adamlaryň ömürleriniň ahyrynda nähili ezýet çekmelidigini göz öňüne-de getirip bilemok. Wah, köşegim! Men seniň diňe bir günä etmezligiňi däl, eýsem azaşmalardan seresap bolmagyňy hem dileýärin, şeýtseň, sen hiç haçan meni gysyp-gowrup barýan dert-azaplara sataşmarsyň. Käbir adamlara ujypsyzja bolup görünýän günäm, gör, maňa näçe betbagtlyklar getirdi! Munuň üçin men bu gün öz-özümi gör, näçeler horlaýan! Ýöne meniň göreldämiň seni azaşmadan we esli wagtlap gowudyr hasap eden çendenaşa duýguçyllygymdan saklap bilse, men o barada onçakly gynanybam durmazdym. Ol meni seniň ýaly mährem gyz bolmak bagtyndan mahrum etdi, umyt edişime görä, sen hemişe şonlugyňa galarsyň; çendenaşa duýguçyllyk zerarly her bir jebri-jepany diňe bir gözýaşym bilen däl, eýsem ganym bilen ýuwmaga-da kaýyl bolan adamymyň ýüregi gaýgy-hasratdan doldy; ahyrsoňunda men şol zerarly ýagty jahan bilen hoşlaşmaly bolýaryn. Mundan beýläk saňa edep-ekramy kim bererkä? Wah, şeýle ynjyk bolmakdan seresap bolawergin, Lizam! Ol seniň kalbyňa aňsatlyk bilen aralaşyp biler, çünki daşyndan göräýmäge, ol ýagşylyga beslenen ýaly görünýär. Ýaşlar özüniň bigünä sadalygy sebäpli ýakyn hossarlaryň dertlerine gynanmak, olar barada aladalanmak duýgusynyň çendenaşa çişirilen halatynda olaryň zyýanly bolýandyklaryna düşünip durmaýarlar. Ýagşylygyň ýamanlyga öwrülýän halatlarynyň seýrek bolmaýandygy, juda gynandyrsa-da, hakykatdyr; muňa meniň özümem janly şaýatdyryn.
Dünýä täzeden gelmeli bolsa, özüm-ä gaýdyp azaşaryn öýdemok; men öz duýgymyň gylawyny pähim-paýhas bilen ýatyrardym we: adamzat gynanç döredýän sebäplerden gaça durmalydyr, ol bu dünýäde ýaşan günlerini mümkin boldugyça belent ynançlyk borjy bilen sazlaşýan süýjülikde geçirmäge ymtylmalydyr diýen hakykata göz ýetirerdim. Muny men akylym ýetensoň aýdýaryn: goý, şunça gymmat düşen durmuş ýolum saňa peýda getirsin. Seniň ondan alan peýdaň meniňem peýdam bolar, çünki her bir ene öz perzendiniň mysalynda dünýä täzeden inmeýärmi näme? Eýsem perzendiniň ömri onuň ömri dälmi näme, perzendiniň bagty onuň bagty dälmi näme? Liza, muny hiç haçan ýatdan çykarmagyn! Eger ýagşylyk ýolunda ysgynyňy alýan howply ýaltalyk basmarlaberse, eger bir bela üstüňe abanyp, haýsydyr bir borç juda agyr bolup görüniberse, sen herhal ejeňi ýada salgyn we onuň seniň etmişleriňi görüp ýatandygyny, olar hakda gam çekmäge ýa şatlanmaga taýýardygy barada böwrüňe diň salgyn, şonda sen hiç haçan dogry ýoldan azaşmarsyň.
Terjime eden: Daňatar BERDIÝEW
"Dünýä edebiýaty" žurnaly 1/2011
Edebi makalalar