07:01 Mährem enäniň ýazgylary -4/dowamy | |
IV bap
Edebi makalalar
Daş keşp hakynda Gyzym, sen meniň kalbyň gözelligine garanyňda daş keşbi ileri tutup, beden owadanlygy barada alada edýän adamlardan däldigimi gaty gowy bilýänsiň. Adamlara daş keşplerine görä baha berýänleri hem unap duramok, sebäp diýseň, daş sypat köp halatlarda aldawçy bolýar. Liza, sen olar bilen deň boljak bolmagyn; daşky gözellige kowalaşmagyn, daşky bedroýlygy göreniňde aňryň bärik gelip durmasyn; adamlaryň kalbynyň nähilidigini bilmeýän halyňa olara at dakmagyn. Köplenç görksüz-görmeksiz adamlar tebigatyň adalatsyzlygynyň öwezini doljak bolup, wagtyňam, derdeseriňem kär edip bilmeýän bezegine ýykgyn edýärler; olar akyl-huşlaryny bilim, ýüreklerini sahawatlyk bilen bezeýärler. Görmegeý adamlar bolsa köplenç öz-özlerini söýgüç bolýarlar, olaryň pikiriçe, özlerine şondan başga zat derkar dälmiş, onsoňam öz görklerine ähli kişi aňk bolar ýaly, bir ýerde göründikleri besmiş. Aslynda bolsa görer göze owadanlyk köplenç kelläň boşlugyny, kalbyň biderekligini gizläp saklaýar, bigörk keşp, bedroý ýüz bolsa hut akylly-başly, zehinli adamlarda bolguç bolýar. Gadymyýetiň iň dana adamy Sokratyň hem daş keşbi bedroý bolupdyr. Dogry, Sokratyň özi-hä owadan, mährem keşbiň gadyryny bilipdir we: «ajap hem sagdyn göwredäki ajap ruh tebigatyň eçilen iň gowy peşgeşidir» diýipdir. Bu pikire özümem goşulýan we her bir adamyň öz daş keşbi barada yhlasly alada etmegini maslahat berýärin. Aýdylyşy ýaly, bu biziň hödürnamamyzdyr, biz baran ýerimizde ilki onuň bilen ýüz tapýandyrys. Bu yşarat biziň jynsymyz üçin zerurdyr, çünki ýakymly täsir galdyrmak biziň maňlaýymyza ýazylan närsedir. Bigörk keşp bilen bedroý göwre erkek kişilerde duş gelse, olardan aýyp hem görülmeýär, ýöne gözellik bilen näziklik zenanlaryň ähli baýlyklary we ýaraglarydyr. Öz görküni özi döredýän ýokdur, şonuň üçinem daş keşbi zerarly oda-köze düşüp, ony ullakan betbagtçylyk hasap edýän adamlara nebsiň agyrýar. Megerem, şeýle adamlar ýakymlylygyň her bir adam üçin elýeterlikdiginden bihabardyrlar, olar adamkärçilikdir, akyl-paýhasdyr we gowy bilimdir. Olar her kime ýetdirýändir, şol zatlar bolan kişiler bolsa bihepbe, alasamsyk gözele garanyňda uly iliň hormat-sylagyna has tiz eýe bolýandyr. Ýüregi gowy adam, ýüz-keşbi owadan bolmasa-da, ýakymly bolup bilýändir, gyzykly gürrüň özüne çekip, gepläp duran adamyň juda bedroý keşbini hem ýatdan çykardýar. Onsoň, meniň göwnüme bolmasa, edep-terbiýäniň bezäp bilmejek bedroýlygy ýokdur. Görklümi-bigörk her bir zenan şu ýagdaýy göz öňünde tutmalydyr; olaryň bisyraty syratly bolup, owadany hem tebigatyň eçilen peşgeşini iki esse artdyryp biler. Liza, Alla janyň keremi bilen, onçakly owadan bolmasaň-da, seniň göze dürtülip duran kemiň ýokdur, saňa ýekeje adam dagam bigörk diýip bilmez. Seniň mylaýym keşbiň bardyr... ýöne bu babatda enäniň çişirmegi hem mümkindir. Adatça, çagalykdan başlap hülli-hülli edilýän, garrylyga salgymly ýatlamalardan başga zat galdyrmaýan owadanlygyň sende ýokdugyna men oturyp-oturyp şükür edýärin. Gaty bir buýsanar ýaly bolmasa-da, utanar ýaly keşbiň ýokdugyna ýüzde-müň şükür etgin. Ony asylly işler bilen bezejek bolgun. Liza, ynanaýgyn, daş sypatyň owadanlygy täsin galdyrýandyr, badabat göze ilýändir; ýöne mähirdir sypaýylyk, kaddy-kamatlylyk ýüreklere tiz ýol açgyç bolýandyr. Maňa bir kybapdaş iki sany zenana sataşmak miýesser etdi, olaryň biri-hä aýdyp-diýerden owadan, beýlekisem hiç neneň däl diýdirýän zenandy. Birbada göräýmäge, owadan zenan rüstem çykaýjak ýalydy, emma elhalja zenan üstün çykdy oturyberdi. Şeýlelikde, uly ile gowy görneýin diýseň, sen her bir adamyň dilini tapjak bolgun, sypaýyçylygyň çäginden çykmazlyk üçin, her bir etmişiň, her bir hereketiň asylly görnüp, edep-ekramly gyzdygyň körehasa bolarýaly, hemişe seresap bolgun. Sen näme edýän bolsaň-da, biweçlikden daşda durgun, çünki biweçlik diýilýän zat tagaşyksyzlyk, ýeňleslik ýaly zatlara meňzeş bolup, zenan maşgalada juda göze ilginç bolýandyr. Özüňi hemişe arkaýyn alyp bargyn, oturyp-turşuň tebigy bolsun; tagzymyň sypaýy hem owadan çyksyn; ýöne gözilginç bolmasyn; köplenç ýaş maşgalanyň akyl-paýhasyna onuň myhman jaýa girip, tagzym edişine görä baha berilýändir. Köp ýa-da az märekeli ýerlerde bolanyňda, mydam bir bolşuňy saklagyn; az märekeli ýerde hem, edil ägirt köp adamly ýerde bolşuň ýaly, pespäl hem sypaýy bolgun, uly märekeli ýerde bolsa, edil öýüňde ýa ýakyn tanyşlaryňkyda bolşuň ýaly, sada, şadyýan we imi-sala bolgun. Edep-ekrama çapraz geläýjek her bir sözden, hereketden, etmişden birsyhly gaça durgun, hemme kişi seni «diýseň ýakymly maşgala eken!» diýip taryplar ýaly, aýallara, erkeklere, garrylara we ýaşlara-hemmelere gowy görünjek bolgun. Uly iliň dilinden düşmeýän şeýle tarypnama, owadanlygyň şanyna aýdylýan boş sözlere garanyňda, saňa has köp adamy maýyl eder. Gyzym, ýüz-keşbiň mydam ýakymly bolmagyny hem gazanjak bolgun; bu seniň eliňdäki zatdyr: ýüregiň mydam parahat hem arkaýyn bolsa, ýüzüňde hiç haçan gahar-gazapdyr göriplik alamaty bolmaz, onsoň ýüz-gözüň gülüp durmagy seni birsyhly bezär. Her kim alçak, edep-ekramly zenany keýp edip synlaýar; her kimiň onuň bilen söhbetdeş bolasy gelýär. Ýöne edepli-ekramly, sypaýy görünmek üçin bu barada birsyhly içiňi gepledip ýörmek ýeterlik däldir. Munuň üçin akylly-başly, terbiýeli adamlar bilen gatnaşyp durmak gerekdir, şeýle gatnaşyklardan çalt peýda görse bolýandyr. Liza jan, sen betgylykly adamlardan gaça durgun, iň beteri hem hyzmatkär aýaldan daş bolgun. Elbetde, biz adamlar bilen iş salşanymyzda mylaýym, geçirimli bolmalydyrys, ýöne yzgytsyzlykdyr ulumsylykdan gaça durşuň ýaly, kelç-külçden hem häzirjek bolgun. Nadan adamlar bilen iş salyşmagyň kalbyňdyr akylyň üçin iňňän köp nogsanlygyň üstünden eltjekdigini hasaba almanyňda-da, munuň özi gyz maşgalanyň özüni alyp barşyna juda köp zyýan ýetirýär. Ýaş maşgalanyň gep urşundan we hereketlerinden onuň hyzmatkär aýallaryň arasynda köp bolýandygyny aňsatlyk bilen aňsa bolýar, ana şondan soň ol aňsat-aňsatlar özüne «gowy maşgala!» diýdirip bilmez. Liza, sesiňe, sözleýşiňe köpräk üns berjek bolgun. Ene-atalar, terbiýeçiler bu ýagdaýa onçakly baş galdyranoklar welin, özüm-ä muny juda möhüm hasap edýärin. Gep-söz arkaly adamyň kalby açylýar; olar onuň alan terbiýesine şaýatlyk edýär. Men ýakymsyz şaňňy ses eşidenimde, üstesine bakyşy hem bihaýa bolsa, beýle gürleýän zenan barada gowy pikirde bolup bilemok. Muňa derek dury hem ýakymly sesi eşitmek, aýratyn hem sypaýy gürrüňi diňlemek, gör, nähili lezzetli! Owadan zenana haýran-serasyma bolsa bolar, ýöne ol agzyny açyp-açmanka samsyk bir zat aýdyp goýberse, onuň gözelligi bilen galdyran ýakymly täsiri şol demde zym-zyýat bolýar. Käte şeýle-de bolýar: märekede onçakly görmekli bolmadyk ýaş zenana duş gelýärsiň we birbada oňa baş hem galdyraňok; ýöne ol ýakymly sesi bilen akylly-başly, gyzykly gürrüň berip ugraýar welin, sen onuň gözellikden mahrumdygyny hem ýatdan çykarýarsyň, ony sulhuň alyp başlaýar. Biziň alymlarymyzyň biri, kakamyň gowy tanşy maňa şeýle bir wakany gürrüň berdi. Ol ýigrimi ýaşlarynda bir üýşmeleňde uçursyz owadan gyza duşupdyr. Ol ony gören dessine şeýle aşyk bolupdyr welin, muny söz bilen beýan etmek mümkin bolmandyr. Şol agşam gyz bilen gürleşmek mümkinçiligi bolmansoň, alym diňe daşdan gözüni aýyrman seretmek bilen oňupdyr. Ertesi gün ol iki tarapy-da gowy tanaýan adamy tapypdyr-da, onuň bilen gözel gyzyň atasy öýüne gidipdir. Ýöne gözel gyz gyryk, ýogyn sesi bilen gürläp başlanynda, geplediksaýy nadanlygy görnüp ugranynda, ýaş ýigit sowaşypdyr-da, agyr derdinden büs-bütin saplanypdyr. Ýigit sylagly-serpaýly baý adam bolupdyr, atly maşgaladan ekeni we gözel gyza öýlenäýmek meýli bar ekeni, ýöne gyzyň sesi, sowatsyzlygy onuň lapyny keç edipdir. Liza, özüňe esewan bolaweri! Onçakly gaty gürlemekden gaça durgun, beýle häsiýet biziň jynsymyza zerur bolan näziklik, mylaýymlyk bilen bir ýere sygyşýan däldir. Köpler üçin ýoň bolan zada — gürrüňçilikde iki dili garyşdyrmak endigine eýermegin; şeýtmek bilen, sen iki dilde-de öz pikiriňi aňsatlyk hem erkin beýan etmek bähbidine eýe bolarsyň. Ýene bir zat. Sen bütin daş keşbiň asyllylyga ýugrulan bolmagynyň ugruna çykgyn, ýasama hem leji çykan zatlardan gaça durgun. Hakyky gözellik diňe hiç bir kelç-külçüň ýok ýerinde akyllary haýran edýändir. Terjime eden: Daňatar BERDIÝEW "Dünýä edebiýaty" žurnaly 1/2011 | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||