14:29 Mälim dünýäniñ köp ýerini basyp alan aýal hökümdar: Mirina | |
MÄLIM DÜNÝÄNIÑ KÖP ÝERINI BASYP ALAN AÝAL HÖKÜMDAR: MIRINA
Taryhy makalalar
Liwiýada gurlup, şol wagt mälim dünýäniñ ýarsyny basyp alan liwiýaly amazonkalar hem diýseñ adatdan daşary medeniýetiñ eýeleridi. Liwiýa amazonkalary hakdaky maglumatlar hem köplenç legendalara esaslanýar. Meşhur amerikan ýazyjysy Donald Sobol olaryñ ýaşan taryhy döwrüni reallykdan daşlaşdyryp, şeýle beýan edýär: "Dünýäniñ ýaş, Zewsiñ hudaýlarynyñ patyşalyk we jennetiñ tagty üçin döwler (titanlar) bilen urşan wagtlarynda". ("Grek mifilogiýasynda amazonlar"). Emma döwrüñ hekaýatlary içgin öwrenilende, liwiýa amazonkalarynyñ Isa pygamberiñ (a.s) doglan wagtyndan elli ýyl öñ, ýagny, b.e.öñki I asyrda ýaşandyklary çak edilýär. Liwiýa amazonkalarynda öýde çagalara seretmek, nahar bişirmek ýaly gündelik işler doly erkegiñ boýnuna ýüklenipdir. Şeýle-de doly gul hasabyna görülen erkek hiç bir ýagdaýda döwlet wezipesinde işledilmändir we harby gulluga alynmandyr. Şeýle hem liwiýa amazonlary diñe özlerini goramak instinkti bilen hereket eden döwlet bolmandyr. Olar mongol talañçylaryndanam beter çozujylyk bilen goñşy şäherlere çozup, häzirki Liwiýadan Egeý deñziniñ kenarlaryna çenli aralygy basyp alypdyrlar. Zenan patyşa Mirinanyñ döwründe liwiýa amazonkalary Liwiýany, Arabystany, Siriýany, Egeý deñziniñ kenarlaryny ellerinde saklapdyr. Şeýle hem Müsür ýaly güýçli döwletler bilen ylalaşyklar baglaşyp, döwletini we güýjüni jümle-jahana ykrar etdiripdir. Zenan patyşa Mirinanyñ döwründe liwiýa amazonkalary Liwiýany, Arabystany, Siriýany, Egeý deñziniñ kenarlaryny ellerinde saklapdyr. Şeýle hem Müsür ýaly güýçli döwletler bilen ylalaşyklar baglaşyp, döwletini we güýjüni jümle-jahana ykrar etdiripdir. • Mirinanyñ ýörişi Aýtmaklaryna görä, gorgoslar ýitirim edilen Atlantik ýurdunyñ dowamy bolup, Atlantisden galan-gaçanlary liwiýaly aýallar ýok edipdi. Mirina aýratynam erkeklere wagşylyk bilen çemeleşipdir we taryhda eden gyrgynçylyklary bilen tapawutlanypdyr. Amazonka Mirina Mirinanyñ soñky nyşanasyna düwen ýeri Gadymy Müsür bolupdyr. Özlerini Hudaýyñ perzentleri hasaplaýan faraonlar bu garadangaýtmaz amazon zenanlaryna uly-uly paç-hyraçlary töläp sypanlaryny gowy görüpdir. Müsüriñ üsti bilen Palestina tarap süýşen Mirina bu ýerini-de ýumurtga togalabermeli edenden soñ Siriýany aşyp Anadola giripdir. Anadoly ne haçparazlar, ne mongollar döwründe bular ýaly wagşyýana we ýykgynçylykly goşun görmändi. Erkeklerden düzülen goşunlar liwiýaly zenanlaryñ garşysynda näderini bilenokdy we galalar ýekän-ýekän elden gidýärdi. Liwiýanyñ zenankary Egeýe baryp ýetenlerinde bolsa ahyrky ýolagçylyklaryna arakesme berip, bu ýeri özlerine ýurt etmegi makul bilipdirler. Käbir taryhçylar Sinopdaky amazon zenanlary bilen liwiýalylatyñ garyndaşdygyny aýtsalaram, liwiýaly zenanlaryñ ýurduñ içlerine tarap hereket edendigi baradaky maglumatlara gabat gelemzok. Egeýe ýerleşen liwiýaly zenanlar häzir Artemidanyñ ybadathanasy diýilýän birnäçe deñsiz-taýsyz binany Anadola gazandyrypdyr. Bu binany nazarda tutýan käbir taryhçylar urşujy aýallaryñ Anadoly Hett medeniýetiniñ täsirine girendigini we durnuklaşandygyny aýdýar. Liwiýaly zenanlaryñ Anadolynyñ basylyp alynmagy bilen sebitde "esasy" figuraly aýal hudaý heýkelleriniñ we ybadathanalarynyñ artmagy netijesinde kolonizasiýalaşdyrmagyñ tamamlandygyny öñe sürýärler. Mirinanyñ ölüminden soñ güýjüni kem-kemden ýitirmäge başlan liwiýaly aýallar duýdansyz gelen kararlary bilen ýurtlaryna dolanmagy makul bilipdir. Olaryñ yzynda Anadolyda birnäçe ybadathana galmak bilen birlikde, grek medeniýeti bu basybalyjylykdan soñ günbatar ýewropalylaryñ basybalyjylygyna açyk ýagdaýa gelipdir. • Sinoply we liwiýaly amazonkalar garyndaşmy? Taryhyñ we mifologiýanyñ arasyna gysylyp galan iñ jedelli meselelersen birem "amazon aýallary" legendasydyr. Olar hakdaky maglumatlarymyzyñ köpüsi gadymy grek akyldarlarynyñ gürrüñlerine esaslanýar. Bu ýagdaý faktlaryñ hakykylygyny şübhelendirýänem bolsa, amazon aýallarynyñ häzirki Garadeñiz kenarlarynda ýaşandygy we añyrlarynyñ skiflere birikýändigi kabul edilen fakt. Skifleriñem birnäçe taryhçy tarapyndan türki taýpadygy kabul edilendiginiñ pikiri edilende, amazpn aýallary diñe ýaşan ýurtlary boýunça goñşymyz däl, eýsem şol bir wagtyñ özünde etniki taýdanam garyndaş bolup çykaýmaklary mümkin. Amazon sözi bilinýän manysynda "göwüssiz", "emjeksiz" diýmekdir. Munuñ köki urşujy amazon aýallarynyñ has gowy ok atyp bilmek üçin emjekleriniñ birini kesýändiklerine esaslandyrylýar. Gomerde we Gerodotda giñişleýin durlup geçilýän garadeñizli amazonkalar boýunça häzir anyk taryhy faktlaryñ bolmazlyyy olar barada aýdylýan hemme zady gury çaklamadan ybarat edip goýýar. Muña garamazdan olaryñ Aleksandr Makedonskiý bilen gatnaşyk açandyklary we rimliler tarapyndan ýok edilendikleri kabul edilýär. Köplenç ýagdaýda liwiýaly amazonlar bilen bulaşdyrylýan garadeñiz amazonlary ýa-da başgaça aýdylanda anadoly amazonlary has kiçi geografiki giñişlikde höküm sürüpdir. Şeýle-de olar liwiýaly amazonlar ýaly hüjük edijilikli bolman, goranyş maksatly gurlan medeniýetdir. Genrih fon Kleýst şahyrana dil bilen olary şeýle suratlandyrýar: "Bir millet beýgelipdi. Hiç bir diýdimzorluga boýun egmeýän, hiç bir ulumsylyk we men-menlik satýan erkek sesiniñ eşdilmeýän aýal milleti, öz kanunlaryny ýöreden, öz diýenini ýöreden we duşmanlara garşy özüni gorap bilen jemgyýet". Sinop şäherini gurup, şol ýeri paýtagt edinen amazonlar Garadeñiziñ köp ýerini elinde saklapdyr. Olara degişli häzirki iñ köp gyzyklanylýan meseleleriñ başynda neberelerini nädip dowam etdirendikleri we erkegiñ jemgyýetdäki ýeri ýaly meseleler gelýär. Emma köpüsi rowaýatlara esaslanýan-da bolsa çeşmeler bize aýallaryñ guran Liwiýa we Sinop döwletleriniñ biri-birinden tapawutly iki aýry medeniýetdiklerini we aralarynda garyndaşlyk gatnaşygynyñ ýokdugyny görkezýär. Häzir liwiýaly amazonlardan galan zikge, surahy, ýarag ýaly birnäçe taryhy tapyndylaryñ ogurlanyp daşary ýurtlara äkidilendigi sebäpli ýurdumyzda gülläp ösen bu medeniýet hakyndaky köp ylmy barlagy diñe daşary ýurt çeşmelerinden öwrenmeli bolýar. Şa zenan Mirinanyñ ýolbaşçylygynda Müsürden Izmire gelen bu söweşjeñ aýallar birnäçe ýakyp-ýumrandan soñ Egeýi özlerine ýurt tutunypdyr, emma gelişleri ýalam duýdansyz karar bilen ýurtlaryna dolanypdyr. Mehmet MAZLUM ÇELIK. @MMazlumcel celikmehmedmazlum@gmail.com Çarşenbe, 31.07.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |