MAÑKALY AŞYK
Ýigit çaglarymda, aşyk boldum men
Kontorda işleýän gözel bir gyza.
Şahyrlarça aýtsam, hakyt joşup men
Gyş wagtynda gülläp aýlandym ýaza.
Ah, şum bagtym! Gyşyñ güni bir gezek
Mañka düşdi birden meniñ burnuma.
Mañkama garaman, gitdim ilgezik
Gyz bilen belleşen mahsus ornuma.
Oturdyk ikimiz. Men öz ýaglygymy
Galdyrypdyrn, gidip bilmen yzyndan.
Burnum düýpsüz guýy, ýaman saglygym,
Sagat saýyn damýar litr azyndan.
Men nädeýin? Galdym indi bi alaç,
Hatda söz aýtmaga dilim baranok.
"Janym!" diýip, "Aý hiç" diýýärin nalaç,
Burnum "Söýýän" diýmäge berenok.
Olam ýagşy. Belki kem-käs ardynyp
Oturaryn diýýän gysar-da ernim,
Aşyklarça salyhatly derdinip,
Emma gijäp mydar berenkk burnum.
Bela eken dostlar, yşyk joşanda
Mañka birden gelip burnuña dolsa!
Gülkünç çykyp aýtjak sözleriñ şonda:
"Men... hä, püşä, seni... püşşä!.." bor eýse.
Kän oturdym, ahyrynda çydaman
Tutdym gyzy, gobsundym-da ornumdan.
Gyzykly söz aýtjak boldum... Aý aman,
Asgyramda sümük çykdy burnumdan!
Sümük baryp gondy gyzyñ burnuna,
Gyz aljyrap tutdy ýüzün el bilen,
Ýara laýyk sypaýylyk ornuna
Men masgara boldum şeýle hal bilen.
Gyz turdy-da çiñerildi tötänden,
Emma aglamady, gülmedi özi:
"Söýýän" diýp gyza habar gatandan,
Süpür burnuñ!" diýp öwürdi ýüzi.
Gyz gidensoñ, bolup namys eýesi
Durmaga ýüregim takat bermedi.
Nähili şowsuz iş, söz ýok diýesi,
Apteka gitmesem, burnum durmady.
Assa-assa bardym. Aýtsam men size,
Baranyma çekmedim men hiç arman.
Aptekden men alyp gaýtdym öýmüze
Mañkaly burn üçin iñ güýçli derman.
Şondan soñra söýgülimi görmedim,
Mañka bireýýäm ýok, yşk unudyldy.
Derman güýçli boldy, entäp ýörmedim:
Iki nähoşlugym birden gutuldy.
Ýaşlyk ötdi, geldi indi garrylyk,
Durmuşyñ garaşy maña gyşyk-da.
Islesem-de, meni sypdyrmaz horluk,
Menden uzak mañkaly bir yşyk-da.
mart, 1943.
Tatar dilinden terjime eden: B.Kerbabaýew.
Goşgular