12:30 Boragan | |
BORAGAN
Goşgular
Göz açar ýaly däl, gopdy boragan, Ýol-ýodany añman atlar urundy. Gör perdesi deşik, ýyrtyk bir ýorgan, Ýakynda bir obañ yşgy göründi. El-aýagmyz doñup galdy sowukdan, Süñkde ýilik kepän ýaly duýuldy. Köp ýöredik, geçemizde gowakdan Bir öýüñ gapysy gözlere ildi. Kemsiz doñdurypdy aýaz bor düzde, Ten ýylap bilere meñzeş däldi hiç. Mylakatly öýe biz giremizde, Garşylady çyra bilen ýyly peç. Aýak çekmän birje sagatdan bärde, Stansiýa baryp ýetmek gerekdi. Çapgyn ýoly kesdi, galdyk şu ýerde, Eýsem bize indi nätmek gerekdi. Çapgyn ýyljak öýe südürläp dykdy, Gara gargynjyrap ötdük biz töre. Bulutdan çykan Aý dek buldurap çykdy, Gözüm düşdi birdenkä-de bir perä. Doñup galdym näm bolanyn saýgarman, Gözlerimi gözlerinden aýyrma. Leýlisimi şol gyz ýa-ha Mejnunyñ Zöhresimi şol gyz ýa-da Tahyryñ? Çekip bilmen onuñ ziba suratyn, Aýdyp bilmen nepisligin bi:liniñ. Kirpikleri bulut onuñ ýa tütün, Ýuka dodaklary gunçasy güliñ. Gülen çagy ýañagynda çukanak, Oraýany öwüsýän deý gül ýüzi. Sözlän wagty göreç aşak bakanok, Mylakatly gülümseýär oñ gözi. Ýok beýle däl, onuñ bilen görşemde, Ol hyrydar dikarynlap garady: Göreji ot bolup ýandy gerşimde, Ýüregime gyzgyn ýalyn ýöredi. Nähak ýere gargapdyrys biz gara, Perse boldy diýip Aýyñ nuruna. Boraganyñ özi gowşurdy ýara, Gönükdirip bizi obañ ugruna. Garşymyzda gyzyñ özi oturyp, Bal bilen süýt gatyp gök çaý içerdi. Gitjek ýolumyzy ýatdan çykardyp, Ýaşlygyñ ýazyny ýada düşürdi. Boragan düşende, gökde aýazdy. Uzak çekmän balkyllady, Aý çykdy. Meñ ýoldaşym göýä akly ýazan deý, Donuny geýdi-de ýola howlukdy. Biz gozgaldyk, asman çüýşäniñ taýy, Ýagty salýar Aý gijeki tokaýa; Ah... göresim gelmeýär-le boş Aýy, Göwün ýykgyn edýär çapgynly gaýy. Ýürek öz göwresin undan ýalak-da, Göz öñüni syrly hyýal büredi. Ýel ýatdy daşarda, emma ýürekde Otly-ýelli bir boragan döredi. Eý boragan, aýt se meni näm üçin Azaşdyryp ýat çöllere kowladyñ? Men bilmeýän, niçik boldy, näm üçin Syrly kirpik otlaryna çowladyñ? Uzak ýerde galdy şol syrly Aýym, Bulutlarda bukdy göwün hoşlugym, Ýok-la indi öñki datly hyýalym, Boragandan baş çykarýan ýaşlygym! Teni doñdursa-da ýa-da gyzdyrsa, Azaşdyryp çölde ýa-da köçede - Boş durmuşdan ýagşy dostlar, müñ esse Ýöriş etmek boraganly gijede! 2 noýabr, 1943 Musa JELIL. Terjime eden: Berdi KERBABAÝEW. | |
|
√ Eý janlary süýjeden, huşly gider huşundan... / Goşgular - 26.09.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ene gudraty / Goşgular - 01.07.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Pilmahmydyň ölümi / Goşgular - 30.05.2024 |
√ Obama geliñ / Goşgular - 18.08.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 26.05.2024 |
√ Ýadyňdamy, ajalyň?! / Goşgular - 19.07.2024 |
√ Gam goşulan goşgy / Goşgular - 01.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |