21:45 Dostuma | |
DOSTUMA
Goşgular
(Moabit türmesinde ýazylan goşgulardan) Gynanma dost, ýaş çagymyz ölers diýp, Ömüri biz satyn alan däldiris. Biz õ islegmizçe ýaşap bilers diýp, Ömür müddetini çäklän däldiris. Ömrüñ uzyn-gysgalygny ýyl ölçäp, Diri galsañ garrylyga ýetirer. Merdan ölüm birden ursa-da pylçap - Ömürlik ölmejek durmuş getirer. Kasam etdim halkyñ ýaşyn, garrysyn Goramaga asla janym aýaman. Ýüzläp ömrüm bolsa, şonuñ hemmesin Mukaddes iş üçin biýrdim gaýgyrman. Şatlandyrar biçak, göwündeş iliñ Taryplaýan täze alkyşyn alsañ, Niçik güýje miner berkişen biliñ Halkyñ meýli bilen duýgudaş bolsañ. El galdyrsam diri galaýyn diýip, Ölüm hem ündemän ýüzüñ öwürse, Durmuşmy şol, ilim: "Sen haýyn!" diýip Çiñerilip meñ ýüzüme tüýkürse?! Ýok, islemen asla şeýle "saglygy", Päk ýüregim pis niýete çydamaz. Adammy men başa örtsem ýaglygy?! Şeýle namart içen suwun ödemez! Ýok, gynanma dostum, biziñ ömrümiz Il ömrüniñ diñe gyrak-bujagy. Biz süýnüp galsak-da, biziñ ärligmiz Halka şöhle salýan yşkyñ ojagy. Bildireli halka wepalylygmyz, Ölüm dogry gelse şondan gaýytman! Şeýle duýgy bilen duýgur ýaşlygmyz Bezäli biz, emma dilde aýytman! Çäklenip galsa-da biziñ ömrümiz, Ýaşlyk yzsyz söner diýip oýlama! Soñky ýaşlar: "Şeýle ýaşap barymyz, Şeýle ölsek!" diýmez diýp oýlama! Oktýabr, 1943 Musa JELIL. Terjime eden: Berdi KERBABAÝEW. | |
|
√ Ýene göz öýünde mä’wa kylyp sen... / Goşgular - 12.12.2024 |
√ Öwütlerim / Goşgular - 10.06.2024 |
√ "Gowy men" diýer / Goşgular - 28.11.2024 |
√ Mollanepes / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
√ Liwanda şu pursat kyýamat gopýar / Goşgular - 11.10.2024 |
√ Gaplañ ölümi / Goşgular - 22.08.2024 |
√ Dostluk / Goşgular - 26.05.2024 |
√ Däliden dogry habar / Goşgular - 14.09.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 15.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |