02:22 Gaplañ ölümi | |
GAPLAŇ ÖLÜMI
Goşgular
![]() Uçgundan ot tutaşypdyr ýaz güni, Ot alypdyr beýik daglaň degresin. (Ýoluň düşüp berseň eger Hasara, Görmersiň kä ýerde ýaşyl begresin). Ýene, şonda ýuwdarhany bogmaga Galypdyr daň bilen iller aýaga. Bir günüň ýa üç günüňem işi däl, Alaw misli dönüp barýar keýige. Ýaşyl daglar garalypdyr kömürden Bu görnüşi gören gözler aglady. Ýöne weli bir ahwalat täsindi, Muny şonda janly-jandar aňlady. Agajyň astynda ýatyrdy gaplaň Çydam edip dowzah oduň howruna. Gapdalynda onuň goşa çagasy Ymranyp ýatyrlar ene höwrüne. Ene gaplaň halkasynda alawyň Balasyny kükregine geripdir. Çagalaryn halas edip ölümden Şum ajala öz janyny beripdir. Muny eşdip tapdy ýürek gozgalaň, Ýatyr indi tümmek – gaplaň mazary. Käte-käte aglaýarmyş diýýäler, Goşa gaplaň ýaňlandyryp Hasary. Bu wakany gören gözler gür berdi, Asyl-ha ol göz öňümden gidenok. Bu ne syr, ne gudrat – iň agyr günde Haýwanam balаsyn taşlap bilenok... 1994, mart. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |