22:57 Maşady-Misserianyñ gujagyndaky goşa tar | |
MAŞADY-MISSERIANYŇ GUJAGYNDAKY GOŞA TAR
Publisistika
"Iňlär siňeksiz“ diýilýän düňle sähranyň içi bilen gübürdäp otly gelýärdi. Polat ýoluň goşa tary alysdan çala sudur bolup görünýärdi. Ýöne golaýladygyňça, bu ymgyr sähranyň zynç ýaly gaty, adyrsow, hakyt „ýumurtga togalabermeli“ diýilýän düzlügini parran bölüp barýan polat ýoluň belent galdyrylyp, berk berçikdirilip, iki ýangyrasyna çagyl düşelip gurlan göni tary göwnüňe bolmasa, Maşady-Misserianyň gujagyna getirilýän gan damaryna meňzeýärdi. Dagy nä! Demir ýol hakykatdanam ýurduň gan damary hasaplanmaýarmy eýsem! Ol ähli döwürlerde, ähli ýurtlarda şol bir üýtgewsüzligine galýan hakykatdyr. Okalan zat ýada düşýär. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ilkinji Prezidenti Jorj Waşington (1732-1799) baryp-ha şol döwürlerde „Demip ýol gurmak ýurdy gurmagyň ilkinji şertidir. Sebäbi ähli ykdysady ösüş ilkinji nobatda demir ýola baglydyr“ diýip, kesgitli ýazyp gidipdir. Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary Ministrliginiň hünärmenleriniň gürrüň bermeklerine görä, soňky 20 ýylyň içinde ýurdumyzda polat ýollar 1340 kilometr köpelip, umumy uzynlygy 3550 kilometre ýetipdir. Şolaryň ilkinjisi bolsa, Garaşsyzlygymyzyň yzýany gurlan, 132 kilometr uzynlykdaky Tejen-Sarahs-Maşat halkara demir ýoly bolupdy. 1999-njy ýylda bolsa Türkmenabat-Atamyrat aralygynda gurlan polat ýoluň dabaraly açylyşy bolupdy. Onuň uzynlygy 215 kilometrdi. Şeýlelikde Amyderýanyň çep kenarynda ýaýlyp gidýän ymgyr giňişlik demir ýol arkaly diňe bir welaýat merkezi bilen baglanyşman, eýsem ol ýol ýurduň paýtagty Aşgabat bilenem, iň gysga hem möhüm ugry üpjün edipdi. Şol döwürler bir köne aşna-tanşymyň aýdany henizem ýadymda: -Bilseňiz, ysgasaň topragyň, Günün, suwuň ysy gelip duran gom-gökje hyýarlar hemem agzyňda eräp barýan sary erikler ilki Atamyrat taraplarda ýetişýändir. Daýhan adamyňam bir edähedi bar, ilki şäher adamlaryna dadyrjakdyr-täze bir nakylam döredendirler-ä, eşiden bolsaňyz, „gawunyň gowusyn şäher iýer“ diýip. Getirip satsaň, azabyňdan önen peýda hojalygyňy dikgirdediberýär. Iýeniň alkyşam üstesine. Ýöne şu demir ýol gurulmanka, gok-sokdür miwämizi Aşgabada aşyrmag-a beýlede dursun, Türkmenabada eltmegem gara görgüdi. Maşynda loňk-loňk edip barýançaň terliginden derek galmazdy. Indi eltseň ynha, ýaňy üzülen ýaly. Men bu gürrüňi Mşady-Messiriýanyň aňyrsy salgyma sapyp gidýän düzlüginde durkam näme üçin ýatladym!? Gaty ýakyn wagtlarda şeýle bagtyň, eşretiň bu jelegaýlarda ýaşaýanlara hem nesip etjegi üçin hadyda depderimi dördüm. 2000-2006-njy ýyllarda gurlan Aşgabat-Garagum-Daşoguz demir ýolunyň tutuş ugryny gözüm bilen görenim süýji ýatlama bolup galdy. Şonuň netijesinde „Garaşsyzlygyň Garagum gudraty“ atly kitabam döräpdi. Gudrat kemi barmy näme? Dünýäniň iň uly çölleriniň birini günortadan demirgazyga parran kesip, uzynlygy 540 kilometrlik polat ýol geçipdi. Özem şony tomsuň çägä ýumurtga gömseň bişipýän jöwzasynda, gyşyň gulagyňy kesip gelýän aýazynda, güýz ahyrynyň çapgyn şemalynda döş gerip, bilek çermäp, hut türkmen ýigitleri gurupdy. Şeýdibem ir ertir Şabat ýakasynda atarylan palawy Aşgabatdan ugrasaň, gijagşam baryp iýmek nesibesi döräpdi. 2009-njy ýylda Atamyrat-Kerkiçi demir ýol köprüsiniň açylyşy hiç wagt ýadymyzdan çykmaz. Towlanyp akýan joşly Amyderýanyň üstünden gurlan bir ýarym kilometre golaý uzynlykdaky şol köprüden häzir gübürdäp onlarça otlular ötýär. Ol diňe bir ýurduň demir ýol ulgamyny bir bütewilige birikdirmek bilenem çäklenmän, ýük hem ýolagçy otlularynyň Türkmenistanyň çäginde tranzit-üstaşyr ugruny hem döredipdi. Bu ýoluň, bu köprüniň gujagy genji-hazynaly Köýtendagy, Amyderýanyň sag kenaryndaky mineral baýlykly senagat mekanlaryny, on müňlerçe gektar boz meýdanlary özleşdirmekdäki ähmiýetini aýtsana! Indem şeýle bagt Maşady-Misserian düzlüginiň gujagyna geldi. ▶ "ÝOL "BEREKETDEN" BAŞLANÝAR" Bu jümläni saryýagyzdan çepiksije gyz aýtdy. Ol Bereket stansiýasynyň nobatçysynyň ýanyndaky operator Gülsoltan Gökjäewa eken. Asly demirýolçylar maşgalasyndan bolansoň gursagy hyjuwly gyz bu ugurdan ýörüte orta okuw jaýyny-Türkmenbaşy şäherindäki 1-nji hünärment mekdebini tamamlap, maşgalanyň bereketdir abraý tapan kärini dowam etdirip ugrapdyr. Hakykatdanam Gazagystan-Türkmenistan-Eýran halkara polat ýolunyň ikinji tapgyry-Bereket-Etrek aralygy şeýle ýaş demirýolçularyň işläp oturan stansiýsynadan başlanýar. Ýadyňyza düşýän bolsa, şu ýylyň 21-nji awgustynda hormatly Prezidentimiz Berekede gelip, demirýolçular bilen duşuşypdy. Şonda milli Liderimiz Däneata, Döwletýar, Bugdaýly, Balguýy, Madaw, Akjadepe stansiýalarynda guruljak binalaryň taslamalary bilen tanşypdy. Şeýle-de Etrekde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň birnäçesiniň taslamalary gözden geçirilipdi. Tebigatyň bu täsin, ýöne häzirlikçe çola görünýän künjeginde diňe bir demirýolçular üçin gulluk jaýlaryndan başga-da, ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň 20-ä golaýy, demir ýol stansiýasynyň kaşaň binasy, beýleki desgalaryň birnäçesi gurlar. -Şol taslamalaryň iş ýüzünde eýýäm nähili berjaý edilenini gözüň bilen görmeli. Ýöne Bereketden ugramankak ýene bir zady aýdaýyn. Şu görüp duran demir ýol stansiýaňyz Orta Aziýada iň owadan stansiýa. Bereketli ýaş çatynjalaryň toý güni şu ýere gelip, dabaranyň bir bölegini dowam etdirip gitmegi eýýäm däbe öwrenem şondan. Indem ýola düşeliň! Türkmenistanyň Demip ýol ulaglary Ministrliginiň köprüler boýunça müdirliginiň başlygy Ýagşymyrat Aşyrowyň bu sözünden soň bärräk-dik gabadyna gelibräk Bereket stansiýasyny gaýtadan synlanyňy duýman galýaň. Dogrudanam, şäheriň çetine bezm berip oturan kaşaň desga Gündogaryň hemem Ýewropanyň binagärlik utgaşygyny şeýle bir ajaýyplyk bilen özüne siňdiripdir weli, „aperin!“ diýenii duýman galýaň. Ine, Garaşsyzlygyň gadyry! Ine, Berkarar döwletiň Bagtyýarlyk döwrüniň gudraty! Öň boş ýatan, özem çet künjekde tutuş Aziýa boýunça iň göze gelüwli stansiýany gurmagyň güýji şol ýokarky iki mukaddeslik bilen bagly ahbetin. Ýüwrükden rahat „JIP‘ maşynynyň içinde „ýol kesildi“.Gör-ä muny! Gurulýan şu ýoluň diňe Bereket etrabynyň çäginde 110 sany emeli suw geçirijilerdir suw ötükleri, uly-kiçi köprüler gurulmaly eken. Demip ýoluň 10-njy kilometrine ýetmänkäk eýýäm 5 köprüni sanadyk. Ýol bolsa Maşady-Messiriana tarap uzap barýar. Gözüňe söweýin, aňyrsy Hazar eňňitligine sapyp gidýän giden düzlük. Yn-jyns ýok. Diňe käte „biziň menzillere nädip düşdüňiz, how!“ diýýän ýaly uzyn boýnuny äwmän bärik öwrüp, geňirgenip bakýan düýeler hemem depede perwaz urýan mollatorgaýlar bar, bolany! Tekiz düzlük ýalam weli, ynha, öňüňden akyp ýatan urpak depe çykýar. Täp-täzeje, özem nijeme at güýçli maşyn „adam biline geliberer“ diýdirýän topurdan hyňlap zordan çykýar. Yzdan gelýän ulag ak kirşeniň tozanyny sowulýança esli durmaly, ýogsam ýol görnenok. Birdenem baharyň bol ýagşynda sil bolup gelen akymyň ýasan hanasy ýoluňy kesýär. Özem baý-buw, kiçiräk derýa akyp geçen ýaly. Tomsam geler weli, bu sähranyň gujagy 45-50 derejeden aşak düşmeýän jöwzadan ýaňa endiräp duran salgym gözýetimine sepleşer. Birdenem deňiz tarapdan öwsem şemal tüweleý turzar. Gyşam bu ýerde aýdyşlaryna görä çapgyn ýelli, aýazly bolýar. Ine, tebigatyň şeýle täsin „oýunlarynyň“ utgaşýan düzlüginden demir ýoluň 325 kilometri geçmeli. Aňyrsy Ystýurt gyrlaryndan gaýdyp, soňra Garagumyň aňňat-aňňat sary gäge-alaňlaryndan aşyp, bärde Maşady-Misserian düzlügine sapýan demir ýol soňra Eýranyň demirgazygyndaky daglyk Gülüstan welaýatyna barar. Şonda onuň umumy uzynlygy 900 kilometre ýetip, şonuň 700 kilometri Türkmenistanyň çäginden geçer. ▶ "JAÝ TOÝUNA GELIŇ!" -Ýol, onda-da demir ýol gurlanda ýeriň relefine, topragyň dykyzlygyna, daglyk, düzlük, çägelik ýerlerden geçirmegiň, sil suwlaryndan goramagyň aýratynlyklaryna ilkinji nobatda üns berilmeli-diýip, Ýagşymyrat gidip barşymyza düşündirip ugraýar- „Ýer ala, ýurt ala“ diýip gidipdir ata- babalarymyzam. Diýjek bolýanym, şu halkara ýoluň türkmen-gazak bölegini guranymyzda, esasan Garagumyň çägelerini aralap geçmeli boldy. Şol bir wagtda Gyzylgaýanyň daglaryny bowsüp ötmeli ýerlerimizem boldy. Bärde-türkmen-eýran böleginde bolsa köprülriň gurulmaly ýerleri kän- uzynakdan bugdaýreňk adam elindäki kagyza çala ser salýar-Jemi 115 köpri gurulmaly. Şolaryňam 17-si has uly köprülerdir... Oňa deňiç ulagymyz Bereketden 36 kilometrlikdäki Däneatada saklandy. Myny gör-le! Ymgyr düzlügiň gujagynda gurulýan ymaratlardan nazaryňy aýrar ýaly däl. Wokzal eýýäm bitere geliberipdir. Ýük terminalynyň binasynyň boýy ýetipdir. Pah, ilerde uzatsaň eliň ýetäýjek ýaly bolup görünýän kiçi Balkan dagyna eňňit atan Günüň şuglasyna ýalpyldap gözüň ýagyny iýip gelýän seteran, eýýäm içine giribermeli kaşaň, giň howluly jaýlary aýtsana! -Enşalla, Garaşsyzlyk baýramymyzda goşa toý tutarys bu täze jaýlaryň içinde-diýip, salamlaşyp durkak uzynakdan garaýagyz ýigit buşluk habaryny aýdýar. Tanşyp otursak ol Däneata stansiýasynyň başlygy Döwlet Goňurjaýew bolup çykdy. Asly gum içindäki Uzynsuw obasyndan bolan Döwlet çarwa çagalaryndan gudratly döwrüň indai demirýolçy neslini ýetişdirýändigini öz mysalynda agzap, öň Serhetýaka stansiýasynda işländigini, demir ýol ugrunda 2008-nji ýyldan bäri zähmet çekip gelýändigini, ynha, indem öň adam aýagy düşmedik diýilýän şu sährada demirýolçular üçin gurlan 8 sany iň aňrybaş amatlykly, hersi bir maşgala niýetlenen, 5-6 otagly gupba ýaly jaýa şu-gün-erte göçüp barjakdyklaryny aýdyp, sözüniň soňunda: -Dört çagamyz bar maşgalada, olaram ulalsa hökman demirýolçy bolar-diýdi. Bu sözüň howaýy däldigi, aýdylyşy ýaly „almanyň öz agajyndan daşa güşmejekdigi“ bes-bellidi. Sebäbi düýnki gün gum içinde özüp-ulalan oglanlardan hakyt atyň dişi ýaly demirýolçy gykýany çyn ahbetin. -Özüm Tüwer gyrlarynyň gapdalyndaky Ärsarybabada doguldym. Bilýänsiňiz-le, hä, siz barybam görensiňiz-le, ak gumlaryň arasynda ýalpyldap oturan Ärsarybaba stansiýasyny. Üç ýyl bäri demirýola ykbaly bagladym. Häzirem şu Däneata stansiýasynda nobatçy bolup işläp ýörün. Täze jaýdan biziň maşgalamyza-da berilýär. Hökman jaý toýuna geliň! Eli goşa nahally ýigitde nazarym eglendi. Ol bag ekmäge meýillenýärdi. Öňler diňe düýeleriň sonary hasaplanýan, tüweleýleriň hökmürowanlyk gurýan, ynsan aýagy düşmedik ýerinde bu gün stansiýalar peýda bolýar, hemişelik ýaşamak üçin köşgi-eýwan jaýlar gurulýar, Zemine bezeg, Ynsana ýadygärlik boljak bag-agaç ekilýär. Hakyda öň okalan, eşidilen zatlar gonup geçýär. Maşady-Misserian düzlügi, Etrek ýakalary birwagtlar „ok ursaň geçmez“ diýilýän bagy-bossanlyk bolan. Hatda bu ýerlerde ýetişen, hersi barmak ýaly, Gün nurundan mähri ýetik ganansoň şekere gaýra dur diýdirýän tagamly üzüm düýpleriniň hersinden 2-3 put hasyl ýygnalandygyny gözi bilen göten jahankeşdeler aýdyp gidipdirler. Etrek derýasynyň kenarlaryna jähek çeken her dürli agaçlaryň, tebigy bitýän ýüzlerçe ösümlikleriň hut Ýewropa landştafyny ýatlandygyny iňlis, fransuz dyýatçylary agyz suwardyp ýazypdyrlar. Ine, Türkmen gudraty, Berkarar döwletiň ykdysady kuwwady bilen bina bolýan demir ýol bu gadymy mekana şol öňki şöhratyny ýene gaýtaryp berer. Sebäbi demir ýol baran ýere durmuş barýar, ýaşaýyş barýar. Demir ýol baran ýerine hökman elektrik, gaz, suw, aragatnaşyk ýaly adama gerek zerurlyklary eltýär. Demir ýol baran ýerinde täze obalar-kentler, şäherler, beýleki senagat ulgamlary döreýär. Dünýäde „urbanizasiýa“ diýlen bir ýörgünli düşünje bar. Ykdysady hem medeni durmuşyň gerekli ýerine gönükdirilmegi, adamlaryň has ösen infrastrukturaly ýaşaýşa uýgunlaşmagy bilen bagly bu adalga häzir Türkmenistanyň ösüşiniň esasy aýratynlyklaryny birine öwrülýär diýilse has dogry bolar. Nirede ýurduň gan damary hasaplanýan polat ýol has köp gurulýan bolsa şeýle täzeleniş şol ýere mahsusdyr. Türkmenistan bolsa diňe bir ýurduň içine däl, eýsem yklymlara barýan, halklary ysnyşdyrýan, döwletleri ýakynlaşdyrýan demir ýollary gurýar! ▶ ÝOL "BUGDAÝLA" BARDY Oboý obasyndan Bugdaýla çenli ýol sähranyň içinden gönüleseňem az-küş däl, däl-45 kilometr. „Ýüwrük maşynyň ýanynda o ýol witjik dälmi?“ diýilmegem ahmal. Ýöne şonça aralygy ädimme-ädim geçmek, onda-da ähli tehniki görkezijilere doly gabat gelýän derejede rejeläp, polat rels düşäp geçmek ýeňil-ýelpaý däl. Ýüzüni kybla-günbatara tutan ýyndam ulag aňyrsy salgyma sapýan tekizligiň içi bilen myçyp otyr. Hol gapdalda demir ýoluň geçýän ygry göze birenaýy bolup görünýär. Birdenem gapdalymyzy beýik galdyrylan gaçy gabsady. Onuň uzynlygy hele-müçe däldi. Onlarça ekskowatorlardyr toprak süýşürijiler, toprak berçikdirijiler, onlarça agyr ýyk çekýän awtomaşynlar... aldygyna işleşip ýördi. -Bu töwereklere „Tersakan“ ady ýönelige dakylmandyr. Bahar aýlarynda sil bolmaýan wagty ýok. „Tersakan“ diýilmegem, ilerki daglardan gaýdan sil bu giden düzlükde islän ýerinden ýol salyp, yzyny oýmur-oýmur edip gelşine, kiçi Balkan belentligine baryp uransoň, aňry ötübilmän, ýene ters yzyna düňderilip gaýdýar. Ine, demir ýoluň Tersakandan geçjek ugruna onsoň tutuş damba çekip, gaçy galdyrýas. Özem sil suwy tälkewsiz geçip gider ýaly her kilometrde diýen ýaly ulyly-kiçili ötükler, has zerur ýerlerinde köprüleri girýas... Bu gürrüňi bize köpri gurujy ussa Döwran Weliýew aýdyp berdi. Onuň gürrüňini Çary Orazlyýew, Sünnet Bozow, Geldimyrat Sähetmyradow ýaly ussalardyr buldozerçiler, köprä armatur dokaýjylar „armadan“ soňky söhbetde dowam etdiler. ... Ine-de „JIP“ wazlap depä çykdy. Hol alysda Gumdag-Esenguly awtomobil ýoly çala görünýärdi. -Siz hakyky baýramçylygyň üstüne geldiňiz. Ynha, „Bugdaýly“ obasy şu. Hol görünýänem gurulýan stansiýanyň binasy. Demir ýoluň Bereket-Etrek ugrunyň 100-nji kilometrine rels goýarys häzir. By buşlyk habary gulakda hemişelik galdy. Haşlap gelen işçi otlusynyň üsti polat şpallardan mas ýüklengidi. Ine-de, „100-nji kilometr“ diýlen ýazgynyň gabadyna polat rels myh deýin kakyldy. Şol pursat Gazagystan-Türkmenistan-Eýran halkara demir ýolunyň Bereket-Etrek böleginiň täze keşbi hyýalda janlandy. Ýok, onuň ep-esli bölegi guruldy ahyry! Onuň Gürgen daglaryna ýetjek wagtam indi uzakda däl. Şonga nesip bolsa, bu halkara polat ýolunyň dabaraly açylyşyna şeýleräk ugur bilen gideris: Däneata stansiýasy, Döwletýar stansiýasy, Bugdaýly stansiýasy, Balguýy stansiýasy, Madaw stansiýasy, Akjadepe stansiýasy, Etrek stansiýasy, Akýaýla stansiýasy. Ine, şu ýoly ýaşyl wagonlaryň aýnasyndan synlap barýarkaňyz, Maşady-Misserýanyň goýnundan çekilen goşa polat tar size bu mekana täze durmuşyň gelendigi hakdaky heňi çalyp berer. Ol heň-owaz şeýle mizemez hem dostana ýollary gurýan Türkmenistanyň Älem içindäki abraý-derejesiniň mukamy bolup diňe gulaklara däl, kalplar siňer. Gurbannazar ORAZGULYÝEW, ýazyjy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |