02:24 Masgarabaz / ýumoreska | |
MASGARABAZ
Satiriki hekaýalar
Saglygyna seretdirmäge gelen bir adam lukmana arzyny aýdypdyr, ýaramaýanlygyndan zeýrenipdir: - Durmuşdan keýp alyp bilemok. Gynanybam bilemok, şatlanybam. Iýip-içibem bilemok, hiç işdäm ýok. Aç, ýarym-ýalañaç adamlar göz öñüme gelýär, olar bilen bile üşeýärin. Her bolýan jenaýat üçin özümi günäkär saýýan. Göýä her ganhor pyçagynyñ sapyny özüm tutýan ýaly duýýan. Her atylan gülle meñ gursagma sümülýär. Bu jemgyýetiñ bar günäsi meniñ gerdenime ýüklenen ýaly. Gülmegi, ýylgyrmagy dagy bireýýäm ýatdan çykardym. Lukman näsagyñ egninden tutup, ony penjiräniñ öñüne getirýär, tutyny syrýar, barmagyny uzadyp diwarda asylgy afişany görkezýär. Afişada sirk masgarabazynyñ çykyşy ýazylgy eken. Ol: - Gadyrdanym! - diýýär. - Şu masgarabazy görýäñmi? Men saña her gün agşam şu masgarabazyñ çykyşlaryna tomaşa etmäge gitmegi maslahat berýärin. Ähli dert-azaryñy, elem-gaýgyñy undarsyñ. Gülmegi, şatlanmagy öwrenersiñ. Durmuşdan ýañadan keýp almaga başlarsyñ. - Näsag ylalaşýan äheñde başyny egýär. Lukman: - Ynha, şol masgarabaz meñ özüm-dä! Eziz NESIN. Terjime eden: Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |