14:34 Kürsüsinde arkaýyn oturyp bilmeýän adama ýüzlenme / satiriki hekaýa | |
KÜRSÜSINDE ARKAÝYN OTURYP BILMEÝÄN ADAMA ÝÜZLENME
Satiriki hekaýalar
Hormatly jenap! Rahat, giñ, ykjam, gymmatbahaly, örän owadan kürsiñiz bar eken. Ýöne nämüçindir siz kürsiñizde arkaýyn oturyp bileñzok? Gaýtam, bi ýumşajyk, goýny giñ kürsiñiziñ öñündäki haýbatly stola tirsegiñizi daýanyñyzdan soñ, has arkaýyn otursañyz bolmyýamy. Siz bolsa kürsidekäñiz lapyñyz keç görünýär. Bü ne lapykeçlik? Hamana, garagol okuwçylar kürsiňiziň otyrýerine çüý goýup, olam oturanyňyzda hywaňyza batýan ýaly... Ýok, ýok, olar ýalam däl, şol giň, şol rahat görnüşli, şol owadan kürsüden ýykyljak-ýykyljagyň üstünde aslyşyp ýatyrsyňyz. Elindäki syrygyň bir ujuna suwly gowa, beýleki ujuna daşly sebet asylgy darbaza çenli howada gerilen ýüpüň üstünde siziň kürsüde oturşyňyzdan has arkaýyn durýar. Şol darbazyň ýüpüň üstünde ýöräp barşam siziň kürsüde oturşyňyzdan ykjam bolsa gerek. Hamala astyňyzdaky kürsä jan girip sarç gatyra öwrülipdir-de, sizem ömründe birinji gezek ýykylmajak bolýan adam kimin syh ýaly dyrnaklaryňyzy kürsiniň ýumşak ýerlerinden ötürip, göýä gatyryň ýelesinden ýapyşan deý mäkäm ýapyşypsyňyz. Sizi ol kürsüden häli ýykyljak, şindi ýykyljak ýagdaýda gördügimizsaýy, biziň ýüregimiz agzymyzda, günümiz gorkuda geçýär. Şular ýaly tisginjiremelerden halas bolmak üçin siziň şol ynjalyksyz ýagdaýyňyza, howply görnüşiňize ýeňsämizi öwrüp seretmezlikden gowsy ýok. Ýöne bu zatlar biziň elimizde däl-ä! Heýem bir adam diýeniň, oturan ýerine tiken ýa iňňe batan ýaly kürsüsinde urnup, häli ýykylaryn şindi ýykylaryn diýen gorkusyndan ýaňa burçak-burçak der akdyryp ýayrka kim oňa ýeňsesini öwrüp biler? Astyñyzdaky kürsi giñ. Öñüñizdäki stol uly. Ullakan iş otagyñyzam ýyljak. Ýeri, size mundan başga näme gerekdi, näme dert-aladañyz bar? Nämä sussuñyz basyk görünýär? Bardy-geldi kürsiden ýykylaýanyñyzda-da ýumşajyk haly düşelen ýere düşjekdiñiz üçin hiç ýeriñiz agyrybam-ynjamaz. Näme bolýar size beýle? Hamana düýpsüz gorpa togarlanyp, her tikäň gulak ýaly bolup barýana meňzäp, siziň hanasyndan peträp çykaýjak bolýan käse ýaly sandyrap duran gorkuly gözleriňizi görenimizde, hakykatdanam üstüňize uly howp abanandyr öýdüp, nebsimiz agyrýar. Beýtmeseñizläñ, janyñyza döneýin... Bir eýläk-bir beýläk, bir saga-bir çepe yranyp durmañ-a... Oturyñ şu kürsä! Ornaşyklyja oturyñ! Oturan kürsiňizde özüňizi rahat duýmagyňyz üçin näme etsek gowy bolar, bilemok-da... Sizi kürsiňizde häli ýykylaryn şindi ýykylaryn alada-gaýgysy içre görenimdän bäri aklymda-oýumda kürside oturan adam nädip togarlanyp bilýär diýen pikir bar. Hä-ä, seretseňizläň, oýlanyp-oýlanyp, birdenkä öň gözüm bilen gören bir wakamy ýatladym. Belkäm, siziň kürsiden ýykylmazlygyňyza peýdasy deger umydy bilen ony gürrüň bereýin. Kän ýyl geçdi. Tomus günleriniň biri agşamara kazino gidipdim. Repertuary diýseň giň kazinonyň märekesi şol agşam hasam kändi. Bir ýanda orkestr, bir ýanda aýdym aýdylyp dur, bir ýanda artsirler dürli çykyşlary edip dur. Bir salymdan kazinonyň howlusynyň ortasyndaky meýdançada akrobat iki sany oturgyjyň üstüne çykdy-da, darbazlygyň kyn oýunlaryny edip başlady. Şol wagtam tomaşaçylaryň arasyndan lül-gammar bolan bir müşderi gepläp goýar ýerde goýmady. Ol gelişse-gelişmese darbaza söz gatyp, ýanyndakylaryň keýpini gaçyrýardy. Başga dilde gepleýän ýaly, gep-sözünden-ä serhoşyň näme diýýändigine düşünip bilemzokdyk, ýöne onuň özüni alyp barşyndan orta çykyp, darbazlyk etjek bolýandygy görnüp durdy. Ol söz gatybam durar ýerde durmady, göni hüjüme geçdi. Darbazyň oýunlaryny halaman, özüniň ondan has gowy oýunlary edip bilýändigini görkezjek boldy. Serhoş müşderiniň badyhowalygy sebäpli kazinoda sowuk howa öwsüpdi. Kazino bäşýyldyzly kazinolaryň biri bolansoň, oňa gelýän müşderilerem saýlantgy adamlardy. Ine, şoň üçinem ofisiantlar badyhowa serhoşyň golundan tutup daşaryk zyňyp bilenokdylar. Bir ýerden kazinonyň başlygy peýda boldy-da, degişme gatyşykly gürläp, tomaşaçylardan keseki serhoşy köşeşdirmek üçin islänini etmäge rugsat bermeklerini haýyş etdi. Şondan soň zordan aýak üstünde duran ýaňky serhoş stol-stullaryň arssyndan yraň-daraň edip geldi-de, meýdança çykdy. Erni çilimli halda ortadaky stoluň üstüne çykjak boldy. Ýöne ol stoluň üstüne çykyp bilmedi. Serhoşyň hyklap-çoklap durşy tomaşaçylaryň keýpini göterýärdi. Gülmäge bahana tapan müşderiler çapak çalmaga başlady. Muňa kellesi göçen serhoş dört sany oturgyç alyp stoluň üstüne goýdy. Ol hakyky serhoşlugyny etdi-de, ilki stolyň, soň oturgyçlaryň üstüne çykdy, oturdy, çilim çekdi. Serhoşyň garaşylmadyk üstünligini tomaşaçylar hasam el çarpyp gutladylar. Hernä oňaraýdy, indi bir ýüregi sowap, ýerine geçäýsedi-dä... Heý serhoşam bir ýerine geçermi! Aşak düşdi. Goluna üç oturgyjy ildirdi. Ol indi üç oturgyç bilen stoluň üstündäki dört oturgyjyň üstüne çykmaga synanyşdy. Şeýle bir gorkuly sahna welin, söz bilen beýan eder ýaly däl... Ýokary çykdy. Özem zol büdräp durdy. Häli düşer, şindi düşer... Kazinodaky gelin-gyzlar gorkudan ýaňa gygyryşýardylar. Serhoş birküç gezek dagy tasdan dik başaşaklygyna ýere gaýdypdy. Ind-ä ýere surat boldy diýlende, oturgyçlardan biriniň aýagyna, arkasyna, ýa başga ýerine ilişip, agramyny saklaýardy we ýykylmakdan goranýardy. Aý, garaz... Ind-ä gorkuly oýunlaryny edip dyndy diýip hemmämiz çapak çaldyk. Ol: - Siz çapak çaldyňyzmy? – diýdi-de, her eline bir oturgyjy alyp, ýanymyza geldi. Ýene ernine çilim gysdyryp, her elinde bir oturgyç ýokaryk dyrmaşmaga başlady. Ilki stola, soň stoluň üstündäki dört oturgyjyň üstüne, soňam onuň üstünde duran üç oturgyjyň üstüne elindäwki iki oturgyjy ýerleşdirip, çür depesine çykdy. Oturdy. Ýöne bütin bu zatlaryň barsy gürrüň berşim ýaly çalt bolup geçendokdy. Serhoş ýedi-sekiz metr belentlikdedi. Her seňselände gelin-gyzlar uly goh edip gygyryşýardylar. Serhoş oturgyja geçip oturdy. Tüsseläp süzgüjinden başga ýeri galmadyk çiliminiň galyndysyny ýere zyňdy. Jübüsinden çilim gutusyny çykardy. Täzeden otlan çilimini ernine gysdyrdy. Ol çilimini çakmagy bilen otlady. Şeýdende birnäçe gezek ýykylma howpuny geçirip, hemmämiziň ýüregini agzyna getirdi. Ol çiliminden birküç gezek sordy-da, aşak düşmäge başlady. Düşmesi kyn, çykmasy ondanam kyn... şu gezeg-ä ýykylan bolsa gerek diýlende ýere düşdi. “Sag-aman dyndyg-ow!” diýmäge goýmady, ol eline bir oturgyjy ildirdi-de, ýene ýokaryk dyrmaşmaga hyýallandy. Bu gezek ony saklajak bolup gygyryşanlaram boldy. Ýöne serhoş hiç kimi diňlänokdy. Ol eli oturgyçly maýmyn çalasynlygyny edip, çür depä çykdy. Elindäki oturgyjy aşagyndakylaryň üstüne goýubam, üstüne oturdy, çilim otlandy. Soň ör turdy. Bir aýagyny galdyryp, bir aýagynyň üstünde durdy. Onuň yraň-daraň atyp durşuny görüp, ýykylşyny görmezlik üçin elini ýüzüne tutup duran tomaşaçylar hem bardy. Ine, şol wagtam... Hiç boljak zat däl. Serhoş iki elini arkanlygyna gerip, iki aýagyny-da asmana galdyrdy. Oturgyjyň arkasyndan saklap duran iki eliniň üstünde başaşak durdy. Şol ýagdaýda-da gaý-tupanda galgaýan şaha ýaly ikiýana yranýardy, ýöne ýykylaýanokdy. Üstesine, çilimi-de agzyndady. Diňe şonda biz ýönekeý bir serhoş müşderä däl-de, ussat darbaza tomaşa edip oturandygymyzy bilip galdyk. Hormatly jenap! Siziň uly we giň zalda öňüňizdäki stola tirsegiňizi diräp oturan şol rahat görnüşli, ýumşajyk, giň kürsiňizdäki ynjalyksyzlygyňyzy, arkaýyn oturyp bilmän gorsanyp durşuňyzy, hamana düýpsüz guýa düşjek ýaly gorkuşyňyzy görenimde, birnäçe ýyl mundan öň kazinoda özüni serhoş müşderi sypatyna salyp, görkezen oýnuna tomaşa etdiren ussat darbazy ýada saldym. Şol darbaz stolda bir-biriniň üstünde duran dört gat oturgyjyň üstüne dyrmaşyp, iň ýokardaky oturgyjyň arkasyndan tutup, başaşak durýardy. Ol şonda-da ýykylanokdy. A siz nämüçin şeýle giň, ykjam kürsiňizde hiç arkaýyn oturyp bileňzok? “Ol darbaz eken, şondandyr...” diýmegiňiz mümkin. Menem “siziň nämäňiz şol darbazdan kemmiş?” diýip durjak däl. Hawa, ol darbaz bolandygy üçin alty-ýedi metr belentlikdäki oturgyjyň üstünde başaşak durup bilýärdi. Size kürsiňiziň üstünde başaşak duruň diýýän ýok, kürsiňizde gaty arkaýyn oturyň, “hywaňyza tiken batan ýaly gorsanyp durma” diýýäris, başga zat diýemzok. Darbaz şolar ýaly beýiklikde başaşak durup ýykylanok-da, siz nämüçin giň kürside oturanyňyzda ýykylma gorkusyny başdan geçriýärsiňiz? Muňa göz ýetirmek üçin darbazyň nämüçin ýykylmaýandygyny biljek bolmaly. Ol darbaz hijem ýykylmaýar, gadyrdanym. Çünki onuňn üstünde başaşak duran ähli oturgyçlarynyň deňagramlylygy sazlanan ýagdaýda. Darbaz bilen aşagyndaky oturgyçlaryň agyrlygy, oturgyçlaryň hem sag, hem çep aýaklaryna deňeçer paýlanan. Siziň bolsa, hem özüňiziň, hem oturan kürsiňiziň deňagramlylygy ýitipdir. Haýyş edýärin, azajyk öňe eglip, üstünde oturan kürsiňiziň aýaklaryna seretseňizläň! Görýäňizmi, stoluň bir tarapyndaky aýagy bar, beýleki tarapyndaky aýagy ýok. Nädip? Ýykylarsyňyz, gadyrdanym, ýykylarsyňyz, hökman ýykylarsyňyz. Siziň ol giň kürsä ýerleşdiren kersen ýaly syrtyňyz nähili uly hem bolsa, tebigatyň kanunlaryna, jemgyýetiň kanunlaryna garşy gidip biljek güýçde däldir. Ýykylarsyňyz, hormatly jenap! Hem-de nähili ýykylarsyňyz! Iň bolmanda, nämüçin ýykyljagyňyza, ýykylansoňam nämüçin ýykylandygyňyza düşünsediňiz... Sizden öňkülerem patda-patda ýykyldylar, ýöne, gynansak-da, nämüçin ýykylandyklaryna teý düşünip bilmediler. Sizem şolar ýaly ýykylyp gidersiňiz, togarlanyp ýykylarsyňyz! Eziz NESIN. Terjime eden Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |