22:06 Ar alyş / satiriki hekaýa | |
AR ALYŞ
Satiriki hekaýalar
Başlyk garamagyndaky işgärleriň hemmesine gödek we berk daraýardy, aýratynam Haýdara gezek gelende hasam hyýrsyzlaşýardy. Onuň näme sebäpli Haýdara aşa ýowuz çemeleşýändigine hiç düşünip bilemokdym. Haýdaryň eli agyram bolsa, durman diýen ýaly işleýärdi, işgärleriň içinde şondan gallawy, şondan işeňňiri ýokdy. Üstesine ol aýlygy-da hemmelerden az alýardy. Şular ýaly işeňňir we dogruçyl ýigit başga nirde işlände-de, şu ýerdäkiden has köp pul gazanardy. Başlyk ýanynda öz ýanynda işleýän işgärlere-de gödek we berk daraýanam bolsa, başgalaryna gezek gelende beýle däldi. Onuň ýanyna gelýän bir myhmany bar, şol gelende dagy özüni adatdan daşary sypaýy we mylaýym alyp barardy. Onuň edarasynda kyrka golaý adam işleýärdi. Hemmesi-de öz ugry boýunça hünärmen saýylýan kelleli adamlardy. Ol ýerde başlygyň gözünde gadry bilinmeýän diňe Haýdardy. Ýogsam bolmasa, ol ýerde Haýdar görünmese edaranyň işi göni ýatýardy. Aýdaly, ýoňlap işe gelmedik güni, tutuş bir gün iş ýöremeýärdi. Hakykatda, Haýdaryň işi o diýen wajybam däldi, ol diňe tur-otur kersen-getir işlerine seredýärdi. Emma şeýle bir tur-otur işleri welin, şol işler edilmnese, beýleki ähli işleriň durjagy görnüp durdy. - Haýdar, çaý demle! Haýdar ojakda gaýnap duran semewardan şobada çaý demläp getirerdi. Ýöne başlyk oňa çaýy giç getirendigi üçin mydam käýýär ýörerdi - Haýdar, bar, taksi çagyr! Haýdar ylgap taksi çagyryp gelerdi. Ýöne taksini giç getirdiň diýip başlykdan ýene käýinç eşiderdi. - Haýdar, şu hatlary poçta oklap gel! - Haýdar, gazetleri getir çaltrak! - Haýdar, şu resepti al-da, bejit dermanhana ýüwür! - Haýdar, toguň tölegini töläp gel bahym! - Haýdar, aýnalary gowy ýuwmansyň, agşamky arakesmeden soň täzeden ýuw! - Gözüň körmi, atyrym gutarypdyr, nämüçin bir çüýşe atyr almadyň? - Paltomy sakla! - Nämä aňňalyp dursuň, poçta ýaşşiginde näme bar bolsa alyp gel! - Şu puly al-da, banka töleg edip gel! - Tabşyran güllerimi alyp gel!.. Haýdaryň işi hiç gutarmaýar. Çünki onuň işiniň nämedigi belli däl. Hemme iş onuň boýnuna ýüklenen: ýerleri syryp-süpürmek, stol-stullaryň üstüni arassalamak, şkafy boşatmak, gyzgyn howa üfleýjileriň işlemedik gününde gaz peçlerini ýakmak, başga edaralar bilen aragatnaşygy ýola goýmak, poçta we bank işleri we ş.m. nijeme-nije işler... Muňa garamazdan başlyk ony zol kemsider, üstüne gygyrar durardy. “Eşek diýsäni!”, “Haýwan!”, “It!” diýip gygyrýan wagtlaram bolýardy. Haýdaryň ýeke gezegem ýylgyran wagtyny gören adam ýokdy. Menem onuň ýeke gezek ýylgyran wagtyny görmedim. Eden işi hiç oňlanylmaýan, garşa gygyrylyp, kemsidilip durlan adam nädip ýylgyrsyn... Bir gün başlyk syrkawlady. Ýüregagyrysy tutup, hassahana ýerleşdi. Öldüm-öldüme geldi diýlende, bir aý ýatyp hassahanadan çykdy. Ol mazaly horlanypdy. Öňki eşikleri halparyp duransoň, täze eşik tikdirdi. Birküç aýdan soň insult boldy, ýene hassahana girdi. Ýene öldüm-öldümde ýene sagaldy, gowulaşyp hassahanadan çykandan soň işe gelmäge başlady. Onuň iş otagy edaranyň birinji gatyndady we ol ýere ýigrimi basgançakly seki bilen çykylýardy. Iki ňlüm howply keselden aman sypan başlyk juda igläpdi. Her basgançaga çykanda diwara söýenip, ep-esli säginip, dem alyp ýöreýärdi. Ine, näme bolanam bolsa, nähili bolanam bolsa, Haýdardaky geň galdyryjy üýtgeşme şonda bolup geçdi. Haýdar men-men diýen ussat darbazlaryňam aňsat-aňsat oňarmajak hereketlerini etmäge başlady. Ol başlygyň her basgançagynda ep-esli säginip, dem alyp çykçan sekisinden eli doly gap-çanakly argamak ýaly eýläk-beýläk münüp-düşýärdi. Ony görüp geň galmazlyk mümkin däldi. Onuň aýaklary basgançakda göze-de ilmeýärdi, diňe ökjesiniň ýere degýän ujundan “fyrrtt” diýen ses çykýardy. Käte bir eline legeniň içinde käseler we çäýnek, beýleki eline iş bukjalary, iki goltugyna-da başga zatlary dykyşdyryp hereketine başlardy. Emma ol adatdan daşary hokgasy görkezmek üçin başlygyň gelýän ýa gidýän wagtyna garaşardy. Haçanda başlyk sekiden düşmekçi ýa çykmakçy bolanda, Haýdaram şowagt oýnuna başlardy. Başlyk bir basgançakdan beýlei basgançaga ätleýänçä Haýdar eli-goly doly ýagdaýda azyndan iki-üç gezek sekiden münüp-düşerdi. Her münüp-düşen gezeginde-de bir bahanajyk tapýardy. Öoňa çenli ýeke gezek ýylgyrmadyk Haýdaryň indi ýüzi açylyp başlapdy. Sekiniň basgançaklarynda ökjesinden çykýan “fyrrtt” ses çykan badyna ýüzem gülerdi, dişlerem syrtarardy, elgaraz, monça bolardy. Başlygyň sekiden münüp-düşüşi gün geldikçe haýallasa, Haýdaryňky çakganlaşýardy. Ol haýsam bolsa bir sirkde o sekiden bu sekä böküp oýnasa, bu oýny bilen ussat hokgabazlardan has köp alkyş alardy. Çakganlaşa-çakganlaşa ýel ýaly ýüwrüp münüp-düşýärdi. Eli-goly doly ýükli halda ýanyndan ýelgamak ýaly geçende, başlyk säginen ýerinde ol özüne degäýmesin ýa zarbyna ýykaýmasyn diýip bir gyra çekilerdi, diwara ýapyşardy, geň galyjylyk bilen Haýdary synlardy. Haýdardaky bu täsin üýtgeşme meniň bilesigelijiligimi oýardy. Bir gün men ondan munuň sebäbini soradym. - Haýdar, saňa nä döw çaldy beýle? Haçan başlyk sekiden münüp-düşjek bolsa senem şowagt ýanyndan ýel ýaly şuwlap eýläk-beýläk geçýäň... Nämüçin beýdýäň? Ol myssa ýylgyrdy-da dişlerini görkezip: - Arymy alýaryn! – diýdi. Üýtgeşme diňe Haýdarda bolup geçenokdy. Başlygam üýtgäpdi. Ol sekide säginip-durup çykanda Haýdaryň badyna ýykylmazlyk üçin diwara ýapyşyp başlandan bäri Haýdary “Gurrumsak!” diýip çagyranok, “Eşek diýsäni!”, “Haýwan!” ýa-da “It!” diýip gygyranok, başgalaryň adyny tutanda bolşy ýaly mylaýym ses bilen “Oglum”, “Guzym”, “Balam”, “Haýdar, köşegim...” diýýärdi. Eziz NESIN. Terjime eden Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |