16:36 Gorkma / satiriki hekaýa | |
GORKMA
Satiriki hekaýalar
Gowuşgynsyzdan inçemik, bugdaýreňk, äýnekli, burny ýüzünden ullakan, kyrk ýaşlaryndaky adam çekine-çekine, iki açylýan demir gapa dykylyp diýen ýaly ýakynlaşdy. Belent gapynyň arasynda işikde duran işgär ony görmeýän ýaly, hatda ol ýerde hiç hili yns-jyns ýok ýaly ýokaryk seredip, alyslary synlaýardy. Ol assa-ýuwaş ädimläp işgäriň ýanyna ýakynlaşdy. Penjeginiň içki jübüsinden gapjygyny, gapjygyndanam dört eplenen kagyz çykardy. Kagyzy emaý bilen açdy. Ýelmenen suratly, aşagyna tegelek möhür urlan kagyzy gapynyň agzynda duran kellesini göge tutup duran ygtyýarla uzatdy. işgär şindizem alyslary synlap durdy. Äýnekli adam elindäki kagyzy bilen kellesini galdyryp ygtyýarla seretdi. Bardygyny bildirmek üçin agzyny açmazdan üsgürdi. Işgär ýene seretmedi. Gapy şolar ýaly belent, dökme demirleri şeýle bir agyrdy we işikde duran işgärem özüni şeýle bir doňup galypdy welin, hamana depesinden silindr basyp duran ýaly äýnekli keltelip ýere bakan süýnüp barýandygyny duýdy, ýene az salym şeýdip dursa-ha ýere ýapyşyp galaýmalydy. Elindäki ýazgyly kagyzy ýene biraz uzadyp: - Bu çakylygy alypdym-da... – diýdi. – Şu gün meni çagyrypdyrlar-da... Gözüni uzaklara dikip oturan işgärde ses-seda ýokdy, ol asmanda uçup barýan uçary ýa-da burnunyň ujundan geçip barýan siňegi synlaýan ýaly nazaryny boşlukda gezdirdi, soňra ýene gözlerini uzak boşluga dikdi. Äýnekli çekinjeňliginden ýuwaş aýdyp, ygtyýarly onuň sesini eşitmän bolmalydy. Ol gaýtalady. - Şu gün meni bärik çagyrypdyrlar... Ine, bulam çakylyk haty... Işgärden ýene jogap çykmady. Iki minut dagy geçenden soň gözüni seredip duran uzak boşlugyndan aýran işgär seslendi: - Bir gyra çekil-de, garaş! - Bolýa. Şol ikiarada işgär birküç gezek içerik girip-çykdy, her gezek gapynyň agzyna gelende öňki bolşuny gaýtalady. Ýarym sagatdanam köp garaşan äýnekli ýene synanyşyp gördi: - Meni şu sagada çagyrypdylar... Ýene birküç minutdan soň işgär ýognas, hondansy sesi bilen oňa azgyryldy: - Bir gyra çekil-de, garaş!.. - Bolýa. Bular ýaly belent gapyly, dökme demirden agyr ganatlary bolan, işikde duran işgäriniňem adamyň ýüzüne seretmeýän ýerlerine ömründe bir gezegem aýak sekip görmedik äýnekli bular ýaly ýagdaýy birinji gezek başdan geçirmegiň gorkusy bilen sandyraklaýardy. Onuň uzynda aýal-ebtat, erkek – birgiden adam nobata durdy. Ahyrsoňy: - Gir! -diýip gygyrýan ses eşidildi. Işgär gözüni seredýän ugrundan aýyrman buýrupdy. Äýnekli girjek bolup öňe okdurylanam bolsa, iki tarapyna açylýan gapynyň ortarasynda duran işgär daýaw göwresi bilen keserip duransoň, nireden, nädip girjegini bilmedi. Işgäriň açyk duran satanynyň arasyndan geçip bilmejekdigi üçin, gapynyň bir tarapyny açyp girmäge synanyşandanam, onuň näme etjek bolýandygyny gözüni aýlamazdan gören işgär: - O taýdan däl! – diýip gygyrdy. Äýnekli sermendi, emma girmäge ýer tapmansoň, işgärden: - Beýleki tarapyny aç! – buýrugyny aldy. Demir gapy şeýle bir belent, şeýle bir agyrdy welin, äýnekli tutuş göwrtesi bilen abanyp, zordan açan iki garyşlyk aralykdan syrylyp geçibildi. Başga bir işgär äýneklini mata tutuly kabina saldy, üst-başyny barlady. Äýnekli üsti barlanyp durka gyjygy tutup güljek boldy, ýöne dişini gysyp zordan saklandy. Kabinadan çykdy. Ol elindäki kagyzy berk gysymlap durdy. Işgärden näme etmelidigini, haýsy ugra ýöremelidigini sorady. Işgär ýüzüni galdyryp, äňi bilen äýneklä ýöremeli ugry ümledi. Ol işgäriň äňi bilen ümlän ugrundaky stoluň başyna geldi. Stoldaky işgär hiç hili geplemän, üm bilen beýleki şahsyýetnamalary görkezip, äýnekliniň şahsyýetnamasyny sorady. Işgär depdere bellän şahsyýetnamasyny alyp, onuň ýerine äýneklä tarketka berdi. Yzyndanam tarketkany ýakasyna dakmagy üm bilen görkezdi. Äýnekli ondan näme etmelidigini sorady. Işgär tumşugyny öňe uzadyp, barmaly ugry görkezdi. Äýnekli bu ýerdäki adamlaryň geplemegi halamaýandygyny ýa-da geplemäge üýşenýändiklerini pikir etdi. Haýsy sebäp bilenem bolanda, geplemän, eňek bilen bilen, burun bilen, göz bilen edilen ümlerden çen tutup äýnekli äsgerilmeýändigini duýdy. Şeýle äsgermezlik, gürlemäge-de mynasyp görülmezligi, adam hasaplanmazlygy onda gorky döretdi. Şular ýaly oý-pikirer bilen işgäriň burny bilen ümlän ugruna ýöredi. Ol ýerde başga bir demir gözenekli gapynyň öňündäki başga bir işgär äýnekliniň goluna bek ýapyşdy. Olar bile ýöräp barýardy, ýöne işgär hamana ol gaçaýjak ýaly, hamana elinden uçup gidäýjek ýaly äýnekliniň elini goýberenokdy. Daşky gapa gadam basandan bäri we barha galňaýan gorkusyndan ýaňa sandyrap duran äýnekliniň buşugasy geldi. Nähili çaprazlyk! Giň koridorda mermer plitalaryň üstünde ýöräp barýardylar. Utan-uatan golundan mäkäm tutup barýan işgärden: - Bagyşlaň, aýakýoluna gidip bilerinmikäm? – diýdi. Bu işgärem özünden öňküler ýaly sesini çykarmady. Äýnekli gabyz bolupdy. Özüni çagyran alyjenabyň ýanyna şeýle ýagdaýda gitse, geplemesi, soraglara jogap bermesi kyn boljakdy. - Hajathana nirede? – diýip, ol ýene bir gezek sorady. Işgär: - Aýakdaş ýöre! – diýip, buýruk berdi. Äýnekli çalt-çalt ýöräp, ädimini üýtgedip, işgäriň yzyna eýerdi. Indi olar ikisi-de aýakdaş ýöräp barýardylar. Deň gadam basyp barýan iki adamyň ädimi mermer plitanyň üstündäki çykarýan heňdeş tark-tarklary zalda ýaňlanýardy. Äýnekli şeýle bir gabyz bolupdy welin, işgär ýaly ädim ädip bilmeýändigi üçin iki gezekden bir ädimini çalşyryp, işgäriň yzyna eýerjek bolýardy. Işgär arasynda: - Deň ýöre diýdim! – diýip azmly gygyrýardy. Bu adatdan daşary owadan ýörişiň görnüşini bozmajak bolup, äýnekli sesini ýuwaşadyp: - Hajathana... Hajathana... Hajat... – diýip, birnäçe gezek mydyrdady. Ol hajathana diýip gaýtaladygyça, işgär ädimini has berk ädip, äýnekliniň sesini basýardy. Uzyn zalyň aňry başyna baransoň, işgär sägindi. Işgär säginen badyna golundan tutulyp durlan äýnekli-de säginmeli boldy. Işgär gözi, eňegi, burny bilen äýneklä gitmeli ugruny görkezenden soň goluny goýberdi, yzyna gaýtdy. Ýeke galan äýnekli az salym säginen ýerinde durdy, tark-tarklar gitdigiçe seýrelip kesilýänçä işgäriň aýak sesine gulak saldy. Işgäriň eňegi, gözi, burny bilen görkezen ýerinde hajathana bardyr öýden äýnekli çaltlyk bilen şol ýana öwrülenem bolsa, zalyň iki tarapyndaky diwarlarynda gapy görmedi. Zalyň potologynda her bäş-alty metrden bir çyra bardy. Çyralar hem-ä öçügsi ýanýardy, hemem her iki-üç çyradan biri ýananokdy. Şonuň üçin zalyň ugry o diýen ýagty däldi. Ol her çyranyň aşagynda ýokarky potolokdan zynjyr bilen asylyp goýlan legeniň ululygynda ramkalanan yazgynyň bardygyna gözi düşdi. Ramkadaky ýazgyny okady: “Gorkma!” Soňky çyranyň aşagyndaky ramkada hem şeýle ýazgy bardy: “Birden gorkaýma!” Ol ramkalardaky ýazgylary okap öňe ýöredi: “Ildeş, bärde gorag astyndasyň!”, “Gorkma!”, “Birden gorkaýma!” “Nämüçin gorkmalymyşym... Gorkar ýaly näme bar..” diýip, pikir etdi. Ramkalary okandan soň azajyk rahatlandy. Dek ýaňam buşugasy gelip, balagyna siýjek derejede gyssanyp duran bolsa-da, buşukjak bolup durmady. Bu ýerde özüni görjek adam bolmansoň, keýpihon ýagdaýda aýdyma hiňlenip, barmaklaryny-da şarkyldadyp ýöräsi geldi. Birdenem ol zalyň diwarlaryndaky ýazgylary-da gördi: “Gorkma!”, “Gorkusyz ýaşaýyş her bir adamyň hakydyr!”, “Gorkyny ýüreginden aýyr!”, “Gorkma!” Sesi hernäçe zoňtar bolsa-da, öz-özünden aýdym toslap “Gorkma, gorkma, gorkma...” diýip, aýdymamy, gimnemi, sanawajamy meňzeş nämedir bir zatlara hiňlenmäge, soňam ýüreklenip gygyrmaga başlady. Edil ýöne gije ýarymdan soň gonamçylygyň deňesinden geçmeli bolan adamyň gorkudan ýaňa aýdyma gygyrjak bolşy ýaly olam sözlerini gsygaldyp: “Gorkma... Dat gorkma... Dat-bidat gorkma!” diýip, özüçe aýdyma gygyrýardy. Zal saga öwrüldi. Az salym ýöränden soň, çepe öwrüldi. Geň galaýmaly, kän wagt ýörän zalynda ýeke gapy-da ýokdy. Ýene näçe wagt şeýdip ýöremeli borka we munuň soňy nirä baryp dirärkä? Ol suratyň aşagyna möhür basylan kagyzy öçügsi ýagtynyň aşagynda hamana bir derde ýarajak ýaluy nireden çagyrylandygyny ýene bir gezek okady. Okap bolandan soň çakylygy ýene jübüsin saldy. Onuň duran zaly ýeriň aşagynda ýalydy. Golundan mäkäm tutan işgär bilen girelgede ýeriň gatyndan birnäçe basgançak aşak düşen ýalydy, ýöne onçakly ýeriň düýbüne gidilmändi. Göýä ullakan desganyň ýer astyndaky esasy howalandyryjy turbalarynyň geçýän uly kanalyna düşen ýalydy. Şol wagtam zalyň polunyň tekiz däl-de, egrewlidigini, ýagny ýöredigisaýy aşaklygyna, hasam ýeriň düýbüne inýändigini duýdy. Şobada diwarlardan asylan ýazgylary, potolokdan sallanyp duran ramkalary okamaga başlady: “Gorkma!”, “Içiňdäki gorkyny aýyr!”, “Şir ýürekli Ýaşar gorkman ýaşar!”, “Gorkma!”. Täzeden rahatlanansoň aýakýola gidesi gelmesi doly aýryldy. Şular ýaly soňy görünmeýän zalda ýeriň düýbüne bakan gidenden, yzyňa öwrülip ýaňky işgärui ýa-da başga birini tapyp, suratly çakylygy görkezeniň gowy bolaýjak ýalydy. Yzyna öwrüldi. Giren gapysyna çalt ýetmek üçin ädimlerini gataltdy. “Gorkma!” ýazgyly afişalaryň arasyndan we ramkalaryň aşagyndan geçýärdi. Birden öňünden zalyň ikä bölünýän ýeri gabat geldi. Sagamy ýa çepe gitmeli? Içinden gelen ses saga gitmegi maslahat berdi. Gitdi, gitdi, gitdi... Sagadyna-da seretmändi, ýöne gelen ýoly bilen kän ýörändigi üçin ýene ýalňyş zala girendigi aňdy. Yzyna öwrüldi... Wagtal-wagtal özüni duzaga düşürilen ýaly duýdy. Iň geň galan zady-da, birnäçe sagatlap bu zallaryň ugrunda ygyp syňsyraklap ýörendigine garamazdan ýeke adama sataşmanlygydy. Hiç hili gapy, penjire, deşik ýokdy. Yzyna gaýdyp gelende hasam geň galmaly ýagdaý başyna indi. Gelen zaly az mahal öň gelen zaly däldi. Sebäbi tep-tekiz zaldan gelýärkä, yzyna öwrülende şol bir zal kyrk-elli ädimde bir saga, bir çepe öwrülýärdi. Arkasyndan burçak-burçak der akdy. Depe saçy düýrükdi. Hernä diwarlaryň ýüzünde ýazgylar goýlup, potolokdan ramkalar asylypdy. Bu ýazgylar bolmasa, gorkudan ýüregi ýarylyp öläýmelidi. Ynjalmak üçin derrew ýazgylary okamaga başlady: “Gorkma!”, “Birden gorkaýma!” “Günäsiz adam gorkmaýar!” Gerşiňi basyp gelýän dymyşlygy duw-dagyn edip taşlaýjak ýaly, birdenem aýal sesi zaly ýaňlandyrdy. Nämedir bir zada jany ýanyp durandygy duýulýan aýal dady-perýat edip gygyrýardy, aglaýardy, ýalbarýardy. Onuň endamyna et we gyzgyn demir ýapyşdyrylýan ýaly, etinden et goparylýan ýaly, göwsüne çiş sokulýan ýaly gygyrýardy. Gulagyňy kamata getirýän sesi barha batlanýardy. Äýnekliniň dyzy gowşady. Diwara söýenmedik bolsa, ýykylaýmalydy. Sesi eşitmejek bolup elleri bilen gulagyny ýapanynyň peýdasy bolmady... barha batlanýan ses zalda ýaňlanyp, hasam batlanýardy. Äýnekliniň ýene buşugasy geldi, ind-ä onuň saklanmaga rowgaty galmady, şonda-da balagyna goýbermän zordan saklandy. Dişini gysdy, urunmaga başlady. Duran ýerinde hajathana, hatda gapy hem bolmansoň, zalyň ugruna buşugyp goýbermegi pikir etdi, ýöne ol ýerde hiç kim bolmasa-da, buşugyp durka biri geläýmesin, göräýmesin diýip, pikirinden el çekdi. Aýalyň sesi birden başlaýşy ýaly birdenem tapba kesildi. Zal ýene iki ýola bölündi. Ýene saga gidenini gowy gördi. Kän ýöremeden ýaňa ýadap, garader boldy. Ýeriň aşagynda çykalgasyz diwarlaryň arasyna baglanyp goýulmagyň umytsyzlygy gaplap aldy. Bu gezek bir adamyň däl-de, birnäçe adamyň zaryn sesleri, aglamalary, ýalbarmalary, bagyrmalary eşidildi. Arasynda gamçynyň ýa-da gönüň ýalaňaç göwrä degende ses edişi ýaly şarpyldyly sesler hem eşidilýärdi. Äýnekli saňňyl-saňňyl edip aşak çökdi. Balagyna goýberjek bolup çygyndy durdy. Näçe wagt bäri beýle ýagdaýa düşeni ýadyna düşmedi. Ýerinden turdy. Agyr-agyr ýöredi. Diwardaky ýazgylary, potolokdan asylan ramkalary okap güýý-kuwwat edinmäge dyrjaşdy: “Medeniýetli adam gorkmaýar!”, “Diňe dönükler gorkýar!”, “Gorkma!” Bu ýazgylar bolmasa dagy, äýnekli ýüregi ýarylyp öläýmelidi. Zalyň diwaryndan suw syzyp, potolokdanam suw damyp başlady. Ýerde-de kölçeler emele gelipdi. Yzyna öwrülmegi pikir etdi, ýöne ýene zal ikä bölünäýmesin diýip, yzyna gaýtmaga-da gorkýardy. Emma kölçelerem barha ulalýandygy üçin yzyňa gaýtmakdan başga alajyň ýokdy. Ýaňy yzyna gaýdaýyn diýip durka-da, tok öçüp tüm garaňkyda galdy. Gözedürtme garaňkydan gorkusyna biygtyýar gygyryp goýberenini duýman galdy. Gygyrsa-da gygyrdy welin, mylaýymja, hoşamaý ses eşidildi: - Gorkma! Gorkar ýaly zat ýog-a... Adam sesini eşiderin öýtmänsoň, bu sesi eşiden badyna ýene bir gezek gygyrdy. Ýaňky ses düýpsüz gurruk guýynyň düýbünden gelýän ýaly ýaňlana-ýaňlana ýene eşidildi: - Gorkma, gorkma! Bärde gorag astyndasyň. Äýnekli minnetdarlyk bildirjek boldy, emma sesi çykmady, zordan dodagy müňküldedi. Az salymlap sesiň täzeden gaýtalanmagyna garaşdy. Ses eşidilmänsoňam garaňkylykda eli bilen sermenekläp ýöredi. Ýere üýşen suwlar barha galňaýardy, köwüşiniň içi suwdan doldy. Haýsy ýana ýörese-de suwdan gaçyp gutulyp bilenokdy. Ugruny tapjak bolup diwara söýenjek boldy. Gorkunçdygyny. Indi ol diwarlary-da tapanokdy. Diwarsyz, söýegsiz, tüm-garaňky ýerde galyberdi. Dyzyny ýere goýberdi, suwuň içine çöküp oturdy. Ýanynda özüni öldürip biljek hiç zat göterip gaýtmandygyna gynandy. Hernä otluçöp ýakmak kellesine geldi. Otluçöpüň ýagtylygynda diwary tapsa, niräk ýöremelidigini bilse boljakdy. Otlüçöp gabyny çykardy. Otluçöp däneleriniň köpüsi öl bolupdy. Şonda-da synanyşdy. otluçöpleri ýakmaga başlady, ahyrsoňy biri ýandy. Ýanan otluçöpi öňe tarap uzadanda, dik garşysynda öz elinden iki esse ululykda ullakan iki sany eli görüp, biygtyýar gygyrjak boldy, ýöne onuň agzyndan ses däl-de, haplap dem çykdy, dili tutuldy. Gaçmaga peýlendi, ýöne aýaklary-da ysmady. Otluçöpüň oduny ýokaryk galdyranda dik depesinde daýaw adama gözi düşdi. Daýaw adam gülümsireýärdi. Elindäki otluçöp söndi. Ýene bir otluçöp ýakmaga ýürek etmedi. Zalyň ugrunda birnäçe sagatlap entäp adam gözläbem, indi öňünde duran adama gözi düşende ondan gorkmagyň samsyklykdygyny pikir etdi. Belkäm, hakyky adam däl-de, gözüne görnendir. Gözüne görnenem bolsa, biderek ýere gorkup, azajyk balagyna goýberipdi. Ýok, gözüne-hä görnen däldir, ol hakyky adam bolmaly. Sebäbi ol mahmal ýaly ýumşak ses bilen gürledi: - Gorkma, gorkma! - Garaňky bolansoň biraz... – diýdi äýnekli. - Nämüçin çyrany ýakaňok? Elektrik düwmesine bassana... - Diwary tapmasam näme... - Yzyňda dur. Äýnekli elini yzyna aýlandan eli diwara galtaşdy. Elini sermenekledip tapan elektrik düwmesine basdy. Çyralar ýandy. Zalyň diwarlary ýene ýerbe-ýer boldy. Ýagtylykda ýaňky adamy gördi. Onuň gülümsiräp duranlygyndan ýüreklenip, kimdigini sorady. Ol özüniň şu ýerdäki işgärleriň biridigini, wezipe borjunyň şu ýere işi düşüp gelýänleriň gorkazmlygyny üpjün etmekdigini aýtdy. Soňra diwardaky ýazgylaryň birini görkezip: - Oka, şuny! – diýdi. Äýnekli okady: - “Gorkma!” Ramkany görkezdi: - Şunam oka! - “Gorkma!” - Onda nämä gorkýarsyň? - Gorkamog-a... - Gorkýarsyň, gorkýarsyň... Gorkma indi! Äýnekli ýene: - Gorkamok – diýenden, işgär: - Gorkýarsyň diýdim! – diýip, oňa azgyryldy. Işgäriň oýun ýadyna düşenokdy. Äýnekli: - Olar ýalam köp gorkamok... – diýip mydyrdady. Emma soňky sözi entek agzyndan çykmanka, ýüzüne bir şarpyk degdi welin, kellesi diwara hütläp degen äýnekliniň ýene buşugasy geldi. - Mundan beter nähili gorkjak, eşşegataly! Gorkup dursuň-a. Äýnekli gorkusyndan ýaňa balagyna buşukdy. Aýagyny gyzgyn peşew bilen ölläp bolandan soňra: - Indi gorkmasam gerek, sizi görenden soň-a ynjaldymam – diýdi. Ýene bir şarpyk beýleki ýaňagyna degensoň, äýnekli uly täretini-de balagyna goýberdi. Işgär: - Bokuňa bulaşyp gidipsiň, şonda-da gorkamok diýýäňmi?.. – diýdi. Äýnekli näme diýjegini bilmän: - Dogry aýdýarsyňyz, hernäme-de bolsa bular ýaly ýere birinji gezek gelendigimdenmi, nämemi, öwrenişip bilmän, biygtyýar az-owlak gorkmanam duramok – diýdi. Işgäriň sesi ýene hoşamaýlaşdy: - Hiç gorkma. Seret, çar ýanyňa “gorkma” ýazgylaryny asyp goýduk, ramkalar asdyk, ildeşlerimiziň bulary okap gorky-ürki ýatlaryna düşmesin diýip. Gorkma! - Bolýa, gorkmaryn... Aýdyşyňyz ýaly, gorkara zat ýog-a, näme üçin gorkaýyn... diýip äýnekli ýalym-ýulym etdi. Işgär birdenkä: - Ýöne şonda-da gorkarsyň, haýwan diýsäni! – diýip gygyrdy. Äýkeli gorkudan ýaňa: - Gorkamok – diýip pyşyrdady. Äýkeli sandyrap aglamaga başlady. - Gorkmaýan bolsaň näme üçin aglaýaň, pekge?.. - Aý, biraz... az-kem gorkýan diýseňem bolar. Taýly şapbatlary iýenden soň äýnekli aýagynyň üstüne pyrlanyp, ýere, suwuň içine ýykyldy. Işgär onuň başynda: - Gorkaýma birden, hiç gorkaýma... Gorkar ýaly zat ýok bärde, gorkar ýaly. Äýnekliniň iň soňky ýadyna salyp bilen sady şu sözleri we depesinden inen ýumrugyň yzasy boldy. Şondan soň hiç zat ýadyna düşmedi. (........) Ruhy keseller hassahanasy Hassanyň saglyk ýagdaýyna gözegçilik wedomosty. Ady: M.J. Doglan ýyly: 1923 ý. Gelen wagty: 30.10.1981 ý. Diagnozy: Psihasteniýa Pulsy: Gan basyşy: Iş tertibi: Bejergisi: Günde üç damja galoperidol, draže anafranil. Baýramogly, 25.06.1984 ý. Eziz NESIN, türk ýazyjysy. Terjime eden: Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||