17:02 Hezreti Mahawyň kyssasy / satiriki hekaýa | |
HEZRETI MAHAWYŇ KYSSASY
Satiriki hekaýalar
Rawyýany ahbar we nakylany asar, andag rowaýat kylarlar ki, owal zamandamy ýa häzirki zamandamy ýa-da soltan palamudyňmy* ýa bilmedim welin, näçenji mahmudyň döwründemi, ýurduň birindemi ýa bolmasa dünýäniň haýsydyr bir ýerindemi, her haçan we her nirde bolsa-da, bolşundan bäşbeter utanç-haýasyz, tebigaty görlüp-eşdilmedik derejede hilegär, akylsyz we kelesaň biri-de bolsa, mekir we gepi-sözi tüýdük, özi hoňk biri bardy. Günäsi, ýazygy bilýänleriň we aýdýanlaryň boýnuna bolsun welin, onuň ýaly haýwany eneler häzire çenli ýalňyşybam doguran däldir diýýärler. Ýokary bilim alandygyna güwä geçýän diplomy bar bolsa-da, diplomynyň nämedigini bilenok. Okap-ýazyp bilýänem bolsa, eline ýeke kitap alyp görenok. Goluny çekmekden başga ýazgy ýazyp bilýän adam däl. Musulmansyrap gürleýänem bolsa, maňlaýyny sejdä degirip görmedik binamaz. At üçin alynan birgiden derejeleriň, orden-medallaryň, nyşanlaryň eýesi. Aň taýdan perişan, sammyk-summyk gürleýän, akym diýmeli bolanda okum diýýän, (sözüm mejlisden daşgaryn), şeýle bir mahaw, kelesaň, özünden göwnühoş, kemter biridi welin, tarypyny söz bilen beýan etmek mümkin däl. Elmydama tizgahar, alňasak, geleňsiz, iniharam bolup, hemişe eden işini şart-şurt we howul-hara ederdi. Edenine däl diýip bolmaz, Hudaý elmydama bular ýalylara “sür, döwrany” diýenliginden, muňa-da “sür-r-r” diýipdir. Şondan bärem hormatly Mahaw şeýle bir sürüpdir, şeýle bir sürüpdir welin, yzyna eýgerip bileniň janyna berekella! Şeýdibem ol iliň öňüne we iň esasy ýere geçipdir. Şol ýurduň halky-da ony başlaryna täç edipdir we mynasyp ýerlerine dykaç edipdir. Egri oturyp, dogry gürleşeliň. Egrä egri, dogra dogry diýeliň. Bu hormatly Mahawyň inkär edip bolmajak bir artykmaçlygy bar, hakykatyň hatyrasyna ony boýun almak gerek. Ol işleýän, okaýan, öwrenýän, bilýän adamyň gadryny bilerdi we şeýle adamlardan peýdalanmagy başarardy. Talyp döwründe ähli ekzamenlerde hemişe işleýän, okaýan, öwrenýän, bilýän kursdaşynyň ýanynda oturyp, ondan sözme-söz göçürmek arkaly hiç zat etmezden, okamazdan, öwrenmezden, bilmezden kurslaryny suw ýaly geçipdi, okuwyny gutarypdy, diplomyny alypdy. Indem ömürboýy işbu tilsimini ulanyp, üstünlikden üstünlige ylgapdyr we häzirki eýeleýän belent ornuna gelip, hormatly Mahaw bolupdy. Häzirem ýene şol tilsimini ulanýardy. Edil kinoaktýorlaryň dublýorlarynyň bolşy ýaly, kino surata düşürilende howply epizodlarda hakyky aktýoryň ýerine şu dublýorlaryň geçişi ýaly-da. Hormatly Mahaw hezretleriniňem özbaşyna dublýory bardy we bu dublýor işleýän, okaýan, öwrenýän, bilýän adamdy. Emma özi üçin däl-de, hormatly Mahaw hezretleri üçin işleýärdi, şonuň üçin okaýardy, öwrenýärdi we bilýärdi. Hormatly Mahaw hezretleri okamasa-da, işlemese-de, ýatan çöpüň başyny galdyrmasa-da, dublýory onuň doly tersine işleýärdem, okaýardam, öwrenýärdem, bilýärdem. Dublýoryň wezipesi doly aktýorlaryň wezipesi ýaly-da däldi. Pereňli ýazyjy Edmon Rostanyň “Sirano de Beržerak” atly spektaklynda bolşy ýaly dublýoryň wezipesi hormatly Mahaw hezretlerine öňünden ýazylyp goýlan teksti bermelidi. Ol şu maksat bilen onuň nutuklaryny taýýarlaýardy. Hormatly Mahaw hezretleri nirä gitse-de dublýoryny ýanyna alyp giderdi we nirde çykyş etse-de dublýory ýazyp, oňa bererdi. Nämüçindir hormatly Mahaw hezretleri dünýä-de görlüp-eşdilmedik ýaňra bolanlygyndan dygysyz gürlärdi. Gürlände-de bokuny böregine garardy. Nirde märeke görse, saklanyp bilmän, gürlemäge başlardy. Şeýle çykyşlarynyň birinde dublýory hemişe yzdan çep tarapda durardy we gulagyna nämeleri aýtmalydygyny, soraglara näme jogap bermelidigini pyşyrdardy. Hormatly Mahaw hezretleri-de gulagyna çawuş çalynan zatlary köpçülige aýdardy. Diňleýjiler hormatly mahaw hezretleriniň hemme zat barada hemme zady bilşine haýran galýardylar. Diňleýjiler bokurdaklaryny ýyrtara getirip “Uzak ýaşa!” diýip gygyrardylar, elleri gabarçak atýança çapak çalardylar. Olar şol güne çenli ençeme bilimli adam görenem bolsalar, hormatly Mahaw hezretleri ýaly hemme zat barada hemme zady bilýän we hemme ugurda gürläp bilýän başga birini görmändiler. Ol baran ýeriniň halkyna şol ýeriň taryhyny, geografiýasyny, hemme zadyny gürrüň bererdi, öwrederdi. Din, ybadat, arheologiýa, turizm, aýal-erkek deňligi, ekerançylyk, nähili nahar iýmeli, köçe-ýol hereketi, dünýewilik, başga-da birgiden zatlar... Gürrüň bermeýän, öwretmeýän zady ýokdy. Görseňizläň, adam ogly çig süýt emen-dä. Dublýory belli bir wagt geçenden soň hormatly Mahawyň etegine bukulyp gezesi gelmedi. Dublýor şeýle pikir edýärdi: Hemme zady özi bilýärdi. Eger özi okamasa, ýazyp bermese, işlemese, bilen zatlaryny ýanynda durup gulagyna pyşyrdamasa, hormatly Mahaw hezretleri sammyk-summyk edip dilini çeýnäp durubermelidi. Şeýtse-de, halk onuň şobada gykuwlap, sykylyklap, belki-de kowalap masgarasyny çykaraýmalydy. Ýeri, näme üçin, ol onsoň hormatly Mahaw hezretleriniň etegine bukulyp gezmeli? Dublýor şeýle bir oýun oýnamagy netine düwdi welin, eger bu amala aşaýsa, hormatly Mahaw hezretleriniň derege ýaramaýan sansyz adamdygy äşgär bolmalydy. Günlerde bir gün Mahaw hezretleri dublýoryny ýanyna çagyryp, ýurduň iň uly şäherinde we halkyň öňünde möhüm ähmiýetli çykyş etjekdigini, şonuň üçinem şähere we şäheriň halkyna ýüzlenip nutuk taýynlamagy tabşyrdy. Dublýoryň gözläp ýören pursaty gelip ýetipdi. Bolar-bolgusyz, yzy öňüne-öňi yzyna sepleşmeýän, bir sözi beýlekisine gabat gelmeýän, aklyndan azaşanyň samramasyndan has beter samraýan, ýalan-ýaşrykdan doly şeýle bir nutuk ýazdy welin, märeke Mahaw hezretleriniň üstünden hezil edip gülmelidi, masgaralamalydy, sykylyk atmalydy. Ol Mahaw hezretleri gürlände yzynda durup, başga-da bulaşyk tekstleri bermek arkaly bulam-bujar etmelidi. Şondan soň Mahaw hezretleriniň “hormatlylygy-da”, “hezretligi-de” galmaly däldi. Ondan galsa diňe dogabitdi mahawlygy galmalydy. Garaşylan gün gelip ýetdi. Halk köpçüligi şol şäheriň iň uly meýdançasyna ýygnanypdy. Märekeden ýaňa aýak basara ýer ýokdy. Çak edilişinden gelen adamlar ýüz müňdenem geçipdi. Meýdançanyň çar künjüne ses gataldyjy kolonkalar goýlupdy. Hormatly Mahaw hezretleri bilen il-günüň başy diýilýän tanymal adamlar meýdançanyň iň uly münberinde seteran düzülip durdylar. Dublýor hemişesikisi ýaly hormatly Mahaw hezretleriniň çep tarapyndan yzda durupdy hormatly Mahaw hezretleri öňünde düzülip goýlan dokuz mikrofondan çar ýana ýaýraýan nutugyna başlapdy. Onuň aýdýan sözleri şeýle bir gülkünçdi welin, dublýor gülmejek bolup özüne zordan erk edýärdi. Münberde duranlardanam, märekedenem ses-üýn, gymyldy-hereket duýlanokdy. On müňlerçe adam bir göz-bir gulaga öwrülipdi we hormatly Mahaw hezretleriniň samramalaryny diňleýärdi. Dublýor köpçüligiň gykuwlamagyna, sykylyk atmagyna, gülmegine garaşyp duranam bolsa, nutugyň iň samsyklaç ýerinde märekeden şowhunly el çarpmalar ýokary göterildi welin, şol güne çenli bolan el çarpmalaryň barsy hiç zat bolup galdy. El çarpyşmalardan ýaňa asman ýere düňderiläýjek ýalydy. Şäheriň jaýlarynyň penjireleri şakyrdap gitdi, “Uzak ýaşa!” sesleri zemini sarsdyrýardy. El çarpmalardyr alkyşly seslerden ýaňa hormatly Mahaw hezretleriniň näme aýdýandygyny we kime ýüzlenýändigini biler ýaly däldi. Dünýä döräli bäri hiç bir adam jemgyýetinden beýle güwwüldi, beýle galmagal, beýle gykylyk eşdilmändi. Hormatly Mahaw hezretleriniň nutugy gutarandan we ol münberden çekilenden soňam ýarym sagatlap şowhuny ýatmadyk märekäniň joşgunly gykylygy we şowhunly el çarpmalary diňer ýaly däldi. Hormatly Mahaw hezretleri köpçüligiň bu oňyn goldawyna we alkyşly sözlerine şeýle bir buýsandy welin, bular ýaly nutugy taýýarlandygy üçin dublýoryna minnetdarlyk bildirdi. Il-günüň başy diýilýänlerem ýene bir kere beýle täsirli çykyşy taýýarlandygy üçin hormat bilen onuň elini gysdylar. Dublýor bolup-geçýän zatlara düşünip bilenokdy. Şonuň üçin ol muny ýene bir gezek synap gördi. Bu gezek başga bir çykyş üçin has samsyklaç nutuk ýazdy. Bu nutugyň ilkinji iki jümlesini köçe žurnalistiniň jynsy meýili oýandyrýan habaryndan aldy. Yzyna ýokary okuw jaýlarynda okadylýan hukuk gollanmasynyň çem gelen ýerinden bäş-on setir ýelmedi. Onuňam yzyna meşhur aktrisanyň žurnalda çykan söýgülisiniň erkek däldigini aýdýan sözlerini goýdy, nahar bişirilişini gürrüň berýän kitapdan dolamanyň nähili taýýarlanşyny we şular ýaly birgiden bolgusyzlyklary doldurdy. Netije hasam täsin boldy. Hormatly Mahaw hezretleri näçe samsyklaç gürledigi saýy, şonça köp el çarpylýardy. Dublýor köpçüligiň arasyna girip, olaryň Mahaw hezretleriniň edýän çykyşy üçin nämeleri aýdýandyklaryny bildi. Olar şeýle diýýärdiler: - Berekella, hemme zady bilýär! - Berekella, gaty kän zat bilýär! - Berekella, bilmeýän zady ýok! - Berekella, bize hemme zady öwredýän şu!.. Muny gören dublýor kän pikir edip gezdi. Ahyrynda şu netijä geldi: bu ýurtda hormatly Mahaw hezretleri mahawlykda ýeke däldi. Onuň ýaly nijeme mahaw bardy. Elbetde, şunça mahawyň başyna-da şular ýaly bir hormatly Mahaw hezretleri gerekdi. Hökman gerekdi. Dublýor ýene pikir etdi. Bu ýurtda hemmeler birden mahaw bolýan bolsa, bir özi mahaw dälmidi? Beýle bolmaga haky ýokdy. Şeýle bolsa, onda Mahaw hezretleriniň sözleriniň samsyklykdygyna düşünýän adamlar niredediler? Sorady-idedi, gözledi, tapdy. Olar hormatly Mahaw hezretleriniň mahawlyklaryny görmezlik, eşitmezlik üçin ýygnanşyklara gelmeýärdiler, öýlerinden çykman oturanlaryny gowy görýärdiler. Olar Mahaw hezretleriniň nämeleri samraýandygyny ondan-mundan eşdip gülüşýärdiler we pikir edýärdiler. Bütin bularyň barsy bir ýana, bu ertekiniň soňunda dublýora näme boldy, näme etdi? Hormatly Mahaw hezretlerini taşlap, başyny alyp gidipdirmi ýa-da wezipesini dowam etidiripdirmi? Bu boýunça dürli-dürli rowaýatlar bar. Käbirleri taýýarlaýan nutuklarynyň samsyklaçlygyny gitdigiçe artdyryp, hormatly Mahaw hezretlerine hasam köp alkyş okalmagyna, şeýdibem nutuk diňlemek üçin ýygnanyşyklara gatnaşmaýan adamlaryň hasam köp gülmegine we pikir etmegine sebäp bolandygyny aýdýar. Käbirleri bolsa işinden öz arzasyny ýazyp boşandan soň öýüne ýygnanyp, öz-özündenem utanýandygy üçin aýna-da seretmändigini aýdýar. Ýene birileri-de hormatly Mahaw hezretlerinden gorkusyna başyny alyp daş ýurtlaryň birine göçüp gidendigini, başga birileri-de gaharyndan ýaňa ýüregagyrysy tutup ölendigini rowaýat edýär. Hormatly Mahaw hezretleriniň bolşy ýaly dublýoryňam soňunyň näme bilen gutarandygyny anyk bilýän ýok. Wakif, 18.10.1984 ý. Eziz NESIN, türk ýazyjysy. ________________________ * Palamut - skumbriýa balygy. Terjime eden: Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |