01:13 Gallaplygy-da eder ýaly bolmady / satiriki hekaýa | |
GALLAPLYGY-DA EDER ÝALY BOLMADY
Satiriki hekaýalar
Dünýä döräni bäri gelip-geçen gallaplaryň içinde ondan öňe geçjegi ýokdy. Bulam onuň öz öwünip aýdýan zady däldi. Ol adamy haýrana goýjak derejede açyk göwünli adamdy. Haçanam bolsa bir wagt özüni öwen ýerini gören-eşden ýokdy. Jypdyrmagy gowy görýänler edenu-etmedik işleriniň üstüne müň esse goşup gürrüň berýärler. Şeýle bir jypdyrýandyrlar welin, hemmesi ogurlykda, kezzaplykda, gallaplykda birinji belgili adam ýalydyr. Gürrüň bere-bere, belli bir wagtdan soň tosap tapýan ýalan-ýaşryk gürrüňlerine özlerem çyny bilen ynanmaga başlaýarlar. Gallaplaryň şasy bular ýaly aýyplylardan däldi. Ol ol göýä hakyky şa ýaly salyhatly hereket edýärdi, agras ýüzlüdi. Jypdyrmak beýlede dursun, adatdan daşary gallaplyklaryndanam kelam agyz gürlemeýärdi. Bulary özgeler gürrüň berýärdi, onuň ýeten derejeleri dillere dessan bolupdy. Her näme-de bolsa, köpi gören adamdy. Nijeme ýyllaryň gallabydy. Zol türmelere girip-çykyp ýörenlerdenem däldi, ýöne şonda-da at-owazasy türmeleriň ählisine dolupdy. Bular ýaly meşhurlygy-da eliniň açyklygyndandy. Onuň tussag edilendigi baradaky habar gazetlerde çykan badyna tussagdakylar begenip, şady-horram bolýardylar. Gallaplaryň şasynyň giren türmesiniň howasy üýtgeýärdi. Ol puluň çeşmesidi we bu bol pully çeşme hiç wagt guramaýardy. Onuň tussag edilendigi eşdilen badyna, türmede taýýarlyk işleri başlady. Baýlar we hasam köp boýunbaglylar galýandygy üçin “beýler gözenegi” diýilýän gözenegiň iň gowy çüňkünde we penjiräniň aşagynda iň gowy krowatynyň gyşyna aşakda, tomsuna ýokarda ýatylýan ýeri oňa bölünip goýlardy. Iň gowy krowatda kim ýatan bolsa, kim bolsa bolsun, tapawudy ýok, ýeri üýtgedilip, gallaplaryň şasyna boşadylyp goýlardy. Ol heniz türmä gelmänkä üç sany ýumuş oglany taýýar durardy, bularyň biri gallaplaryň şasynyň biş-düşüne seretse, biri çaý-kofesine serederdi, ýene biri-de kirini ýuwardy, yzyny syryp-süpürerdi. Gallaplaryñ şasy heniz türmä gelmänkä paty-putysy, egin-eşigi öňünden daşalardy. Ol türmä gelende hamala otele gelýän ýaly azyndan dört çemodan bilen gelerdi. Çemodanlaram çemodanmy diý. Doňzuň dersinden edilen bular ýaly çemodanlary başga birinde göräýmersiň. Beýleki tussaglar munça çemodan bilen türmä aýak basyp bilmeýärdi, ýöne bu mahrumçylyklar gallaplaryň şasyna degişli däl ýalydy. Jorabyndan köýnegine, pijamasyndan elýaglygyna, süpürgijinden galstugyna çenli hemme zady ýüpekdendi, özüm arassa ýüpekden. Ertirinde üç ýumuşoglany krowatynyň ýanynda oýkanyşyp, gallaplaryň şasynyň uka gitmegine garaşardylar. Gallaplaryň şasy gözüni açyp, süýji-süýji gerinmäge başlandan, ýumuşoglanlaryň biri ertirligini legene salyp, onuň ýanyna ylgardy, biri günde üç gazeti onuň ýatýan ýerinde goýsa, ýene biri elinde süpürgiç-sabynly, gallaplaryň şasynyň turup hajathana gitmegine garaşardy. Gallaplaryň şasy ertriligini edinip, üstüne birnäçe käse ýörite demlenen çaýyny içýärdi, äýnegini dakyp gazetleri okaýardy, soňra ýüpek pijamasynyň içinde süzülip-sallanyp, yzyna ýumuşoglanyny tirkäp, hajathana giderdi. Öýlänligini köplenç daşardan, meşhur garbanyşhanalaryň birinden getirderdi. Agşamara humar döwresi gurlardy. Gallaplaryň şasy humarda hemişe utulardy, pul seçerdi, şonça utulsa-da tüýi-de gymyldanokdy. Gygyranyny, gatyrgananyny, gaharynyň gelenini görenem ýokdy, eşidenem. Ol hamana dogabitdi we azyndan üç arka bäri dowam edip gelen şalygyň iň soňky patyşasy ýalydy. Ol içerik girse, tussagdaky hemmeleriň, ýüzünden gar ýagyp duran gözegçileriňem ýüzi gülerdi. Çünki gallaplaryň şasynyň arkasyndan türmede maddy ýagdaý düzelensoň, tebigy taýdan jemgyýetçilik ýagdaýy-da düzelişýärdi. Süpük neşekeşler hezil edip neşesini, tirýegini, geroinini çekerdi. Türmede goh-galmagal, dawa-jenjel, uruş-sögüş, şikes ýetirme we öldürme wakalary bolmazdy, hemmeleriň ýüzi gülerdi. Haçanda gallaplaryň şasy türmä girip-girmänkä haçan çykarka diýibem beýlekileri gaýgy-gussa gaplap alardy. Çünki gallaplaryň şasynyň türmä girişi bilen çykyşy des-deň bolardy. Ol türmede iň köp bolsa, birküç aý galýardy. Soňunda ýa aklanyp goýberilýärdi ýa-da birküç aýlyk türme tussaglygy bilen halas bolýardy. Ol gidensoň yzyndan eliniň açyklygy, adamkärçiligi, asylzadalygy, görüm-göreldesi gürrüň ediler ýörerdi. aýaly bilen gaýynenesiniň damagyny çalyp öldürendigi üçin on sekiz ýyl azatlykdan mahrum bolan türmäniň sertaraşy okap oturan gazetini begenç bilen zyňyp goýberdi-de, “Ur-ra!” diýip gygyrdy. Beýleki sertaraşlar näme bolandygyny soradylar. - Gallaplaryň şasy tutulypdyr. Gazet habar berýär. - Ertir geler onda bärik. Tutuş türmäni şatlyk gurşap aldy. Puluň atasy gelýärdi. Tussagdakylaryň çaklaýşy ýaly, gallaplaryň şasy Polisiýa bölüminde iki gün saklanyp ugradylan prokuraturasyndan tussag astyna almaga ygtyýar berýän sanksiýa bilen getirilen sudunda tussag edilipdi. “Gallaplaryň şasy ýene etmişiniň üstünde tutuldy” diýip gazetlere habar düşen gününiň ertesi türmäniň gapysyndan gadam basypdy. Emma bu geliş “şanyň” türmä öňki gelişlerine meňzemäýärdi. Öňler heniz gallaplaryň şasy gelmänkä, onuň doňuz derisinden tikilen äpet çemodanlary, krowaty, egin-eşigi, paty-putysy gelerdi. Bular getirilenden birküç sagat geçensoň gallaplaryň şasy birküç adamy bilen bile türmäniň gapysyndan girerdi. Emma bu gezek beýle bolmady. Şanyň öňünden çemodanlary-da gelmedi, özü-de adamlary bilen bile gelmedi. Ony getiren tussaghananyň awtoulagynda ildirgiji bolmansoň ýüp bilen daňylan, ýyrym-ýyrtyk kiçijik çemodandan başga zat ýokdy. Üst-başy-da eleşan ýagdaýdady. Apgyrdy giden köwşüni tozan basyp ýatyrdy. Hamana özüni tanatmajak bolup, tüýsüni üýtgedip halkyň arasyna aýlanmaga çykan gadymy döwürň patyşalary ýalydy. Ony bu ýagdaýda gören türme gözegçileriniň başlygy geň galdy. Gözegçiler we türmäniň dolandyryş işlerinde işleýän tussaglaram birhili boldular. Gazetde gallaplaryň şasynyň tutulandygyny okap begenjinden gygyran sertaraş hem haýykdy. Hernäme-de bolsa ony görenler “geçdigi bolsun” diýdiler, ýöne barybir bu gezek öňükler ýaly joşgunly garşylanmady. Hemişe bolşy ýaly ýene beýler gözeneginiň buljum ýerindäki iň gowy krowatyň oňa taýýarlanyp goýlandygyny, şeýle-de üç ýumuşoglanynyň ellerini gowşuryp hyzmata gaýym garaşyp duranlaryny görüp, gallaplaryň şasy beýler gözeneginiň ketdesine bularyň hökman däldigini, beýler gözeneginde däl-de, beýleki ýönekeý gözenekleriň birinde ýatmakçydygyny aýtdy. Gözenek ketdesi: - O näme diýdigiň... Estagfyrylla... O nähili söz bolýa! – diýip, ör-gökden gelenem bolsa, gallaplaryň şasynyň beýle elpe-şelpelikleriň göwnüne ýaramaýandygyny ýüz-gözüni çytyp belli etdi. Gözenek ketdesi şanyň islegini türmäniň başlygyna ýetirdi. Başlygam: - Dur entek... Munda bir syr-a bar, ýöne näme? Tizara çybanyny ýarar, bizem bileris – diýdi. Gallaplaryň şasynyň gelen gününiň ertesi “Döwre guruldy, gel!” diýip, humar oýnamaga çagyrsalar-da, şa “Sag boluň, hiç oýnasym gelenok. Bu gün däl” diýip, oýundan ýüz öwürdi. Hany indi, birwagtkylary ýaly daşyndaky garbanyşhanalardan nahar getirdip iýmek, nirde indi kirlän egin-eşiklerini ýuwdurmaga, ýuwlan eşiklerini ütükletmäge daşaryk adam ugratmak... Ol günler geçip gitdi. Şa indi öz iýjek naharyny özi bişirýärdi, öz jorabyny özi ýuwýardy. Gelen gününiň ertesi baş gözegçä beýler gözeneginden başga gözenege geçirmeklerini haýyş etdi. Baş gözegçi birnäçe ýyllap ondan gymmatnahaly sowgatlary alyp ýören adam bolansoň, gallaplaryň şasyny pes derejeli tussaglaryň arasyna goýberip biljek däldi. Şa bu islegini türmäniň başlygyna-da ýetirdi. Başlyk tejribeli ýolbaşçydy, ol ýakynda pensiýa çykmaga taýýarlanyp ýördi. Ol gallaplaryň şasyny öňden bäri tanaýardy. Başlyk türmelerde ady dilden düşmeýän şeýle meşhur adamyň nädip bular ýaly pese düşendigini bilesi geldi. Ol bir gün agşam iş wagty gutaransoň gallaplaryň şasyny iş otagyna çagyrdy. Owallar, ýagny hakykatdanam Gallaplaryň şasy bolup döwran süren wagtynda, ol türmäniň başlygynyň otagyna güler ýüz bilen girerdi we gallaplaryň şasyna mynasyp terzde gürlärdi. Bu gezek bolsa başlygyň otagyna iki büklüm bolup girip: - Diňleýän, başlyk, meni çagyrypsyňyz... – diýip, sömsaýak durdy. Başlyk: - Geç, otur! – diýip, oňa ýer görkezdi. Şa minnetdarlyk bildirip, görkezilen ýere geçip oturdy. Başlyk çilim hödür etdi. Gözegçä çaý getirmegi buýrandan soň, göwnüne degmezlige, ynjytmazlyga çalşyp, gallaplaryň şasyndan nädip bu günlere düşüp ýörendigini sorady. Gallaplaryň şasy köpden bäri jyny jyňyşkyşýan birine içini dökmegi küýsäp ýörensoň, başyna gelenleri şeýle gürrüň berdi: - Müdir beý, gowam bolsa, erbedem bolsa, adam öz edýän işini söýüp etmelimikä diýýärin. Sizem bilýäňiz, jümle-jahanam bilýändir, men-ä bir gallap. Gallaplygyňam her dürlüsi bar. Meniň pişäm pul boýunça, galp pul ýasaýaryn. Dollar getir dollary, sterling getir – sterlingi, rubl getir –rubly ýasap bereýin. Bir adam meniň ýasanlarym bilen hakykysyny tapawutlandyyp bilmez. Kagyz puluňam, metal puluňam galpyny ýasaýaryn. Öwünen ýaly bolmaýyn welin, diňe şu ýurtda däl, dünýäde-de menden öňe geçjek gallap ýok bolsa gerek... Başga gallaplaryň edýän işlerini köp synlandyryn, olaryň birem golaýyma ýanaşyp bilmez. Aňsat däl müdir beý, meniň gallaplyga başlanyma öňümizdäki aprelde tegelek elli ýyl dolýar. Şundan başga işdenem başym çykýan däldir. Nämüçin bilýäňmi? Çünki başga işi göz öňüne-de getirip bilemok... Meniň işim arassa iş. Meň pikrimçe adam diýeniň edýän işini bilmeli, ýarym-ýarpy bilýän işlerine burnuny sokup, başly-barat iş etmeli däl. Näme diýjek bolýanymy bilýäňizmi? Biziň syýasatçylarymyz bar-a... Müdir beý, birden syýasat satýandyr öýdäýme. Syýasat diýilýän zady hiç halamok, düşünemogam... Düşünmeýänim üçinem baş goşamok. Eýsem bu syýasat ýurdy we we adamlary gowy dolandyrmak bolmaýarmy? Ýagny syýasatçylyk gallaplykdan aňsatdyr öýdýärsiňizmi? Işimiz gaýtdy, hemmämiziň işimiz gaýtdy müdir beý. Gallaplygy-da indi saňa ýetirmejek bolup durlar... Bir işiň düýbi galp bolsa, galpyňam galpy edilermi heý? Nämüçin gallaplygy-da eder ýaly bolmady? Çünki galplyk etjek zadyň düýbi galp bolupdyr. Galpyňam galpy bormy? Galpyň galpyny etjek bolsaň, ine, meniň günüme düşýäň: ýagny, batýaň... Görersiňiz, diňe men däl, bahym barymyz batarys. Nämçindir öýdýäň? Çünki gallaplyk ýurduň ýagdaýyny görkezýän iň gowy aýnadyr. Puluň hümmeti galpynyň çykarylýanlygy bilen ölçenýär. Puluň galpy-da çykarylmaýan bolsa... Puluň hümmetini goramak hakynda kanunyň bardygyny bilýändigim üçin dymsam gowy bor. Men kanunlara hormat goýup ýaşaýan adam - Ol sägindi, ýene bir çilim otlandy. – Bilemok, nädip şeýle ýagdaýa düşenimi dogry düşündirip bildimmi? – diýdi. Türmäniň başlygy birneme düşünjek ýalam etdi, emma gallaplaryň şasynyň nämüçin şeýle ýagdaýa düşenine onçakly düşünip bilmedi. - Aýdyber, aýdyber – diýdi. Gallap gürrüňini dowam etdirdi: - Meniň elimiň senedi dünýäniň islendik ýerinde ýörgünli. Hudaýa şükür, elimde altyn bilezik dur. Şonuň üçinem başga iş öwreneýin diýen pikir kelläme-de gelmedi. Mundan iki-üç ýyl öň baýlar-begler ýaly, baý-begler nämemiş, patyşalar ýaly ýaşaýardym. Maňa ýöne ýere Gallaplaryň şasy diýmediler. Sizem bilýänsiňiz öňki günlerimi... Kärimiň patyşasydym, şeýle dälmi? Indem kärimizi elimizden aldylar duruberdiler. Üstesine negözel kär ulalyp oňalmadyk emelsiz ellere düşendigi üçin bar zady bulaşdyryp taşladylar. Biziň gallaplygymyz hususy iş. Her hususy işiň garşysynda bolşy ýaly, biziňem garşymyzda döwlet bar. Biz döwlet bilen bäsdeşlik ýagdaýynda. Ýagny, şeýle düşündireýin: döwletiň pul çykarýan zawody bar, döwlet pul çykarýar. Menem kiçijik ussahanamda pul çykarýaryn, pul gazanýaryn. Döwlet her bir edýn işinde bolşy ýaly, ullakan pul zawodynda zyýan çekýär. Men şol kiçijik ussahanamda girdeji gazanyp durkam, döwlet nädip zyýan çekýärkä? Çünki bir adamyň edip biljek işini birinji ýyl on adama, ertesi ýyl ýüz adama, ondan soňky ýyl müň adama etdirýär. Mundan başga-da bir günde diljek işi birinji ýyl on günde, ertesi ýyl on aýda, soňky ýyl on ýylda etdirmäge başlaýar. Şeýle-de, aýdaly, üç lira ediljek işi birinji ýyl üç ýüz lira, ertesi ýyl üç müň lira, ondan soňky ýyl üç ýüz müň lira etdirip, soňabaka üç million lira etdirmäge başlaýar. Mundan başga-da, aýdaly, dört metr kwadrat ýerde ediljek işi birinji ýyl dört gatly kyrk metr kwadrat ýerde, ýene ertesi ýyl kyrk sany kyrk gatly kyrk müň metr kwadrat ýerde etdirýär. Näme üçin şeýdýär? Sebäbi, býurokratiýa bar. Býurokratiýa diýmek, hökümet diýmek. Nirde hökümet bolsa, şol ýerde-de býurokratiýa bar. Hökümetiň bar ýerinde premýer-ministr bar, ministrler bar, bularyň partiýalary bar, her biriniň öz adamlary bar. Ine, bularam şol işiň ugrunda... Soň günlerde bir gün hökümet çalyşýar, al saňa gerek bolsa, täze premýer-ministriň, täze ministrleriň, partiýalaryň täze adamlary... Öňki işläp ýören adamlary-ha kowup bileňok, kada-kanun bar. täze adamlary-da işe alman bileňok, arkasynda hökümet bar. ine, şeýdip-şeýdibem döwletçilik dogýar. Beýle döwletçilik ahyrsoňunda döwletiň özünem batyrýar. Ýöne döwletler batýanam bolsa, döwletiň batan wagtyna hiç wagt gabat gelinen däldir. Çünki döwletara ýerine ýetiriji bankrot sudlary ýok. Şonuň üçinem şeýle bir döwletler bar welin, batýanyny özleri bilenok. Eýse munuň çäresi ýokmy? Bar... Hemme zadyň çäresi bar, esasy zat tapmagy başarmaly... Munuň çäresi itiň aňsady. Aýdaly, döwletiň pul zawodynda bäş müň liralyk kagyz pul çykarmaly. Her bäş müň liralyk pul döwlete näçä düşýändir öýdýärsiňiz? Aýdaly, ýüz lira... Döwlet her goýan ýüz lirasyny bäş müň lira edip alýar. Eýsem men hususy telekeçi hökmünde bäş müň liralyk kagyz puly näçä çykarýaryn? On lira... Önüm – şobir önüm. Özem bu on liranyň içinde meniň kömekçimiň, gözegçimiň paýy bar, düşewündi, para-peşgeşi, hemme zady bar. beýle bolýan bolsa näme etmeli? Döwletiň pul zawodlaryny hususy telekeçilere bermeli. Ýöne hususy telekeçilere berjek diýip, her öňýetene bermeli däldir-ä... Hususy telekeçi bolanda, ýörite hünärmenligini görkezip bilýän tejribeli telekeçilere bermeli. Türmäniň başlygy: - Mysal üçin seni pul zawodynyň başlygy... – diýip, özüni saklap bilmän güldi, soňam şeýle diýdi: - Seniň bu ýagdaýa düşmegiňe aýdýanlaryň näme dahyly bar? - Örän berk dahyly bar – diýdi gallaplaryň şasy. – Mysal getirip aýtsam has gowy bolar. Mundan üç ýyl öň, aýdaly, müň sany müň liralyk galp pul ýasajak bolýarmyşym. Jemi näçe bolýar? bir million lira. Bir milliona deň müň sany müň liralyk çykarmak üçin meniň çykdajym näçe bolmaly? Pul çykarmak üçin gowy kagyz, reňk, trafaret, enjam, içji güýji gerek... Men indi elli ýylyň gallaby, öňler her müň liralyk kagyz pulum maňa on lira düşerdi. Soňra bu çykdajy artyp başlady. Ýigrimi lira, ýüz lira, birdenem müň lira üçin iki ýüz lira harçladym. Hudaýa ýüz müň şükür, şonda-da dewünt az bolanokdy. Ine, şoň üçinem iş otagymda stolymyň yzynda diwara “Elkasibi-Habibullah” diýen ýazgyny asyp goýupdym. Ýöne şol ýyllarda çykdajylar şeýle bir artyp başlady welin, çydar ýaly bolmady. Kagyzyň, reňkiň, işçi güýjüniň bahalary gymmatlady. Şeýle bir wagt geldi welin, öň on lira çykaryp 990 lira gazanýan bolsak, soňabaka 990 lira çykaryp on lira gazanmaga başladyk. Ýagny, hemme zat tersine: 990 lira sowup, on lira gazanmaly boldy. Hernäme-de bolsa, gazanyp bilýärdik, damyp durýardy, şoňa-da şükür edýärdik... bäş müň lira çykaryp on lira gazanmaga-da kaýyl bolduk. Bizem näçeden geçýänem bolsa, pul gazansak bolýar diýip, günde ýüz sany müňlük çykarsak, soňabaka günde müň sany müňlük çykarmaga başladyk. Diňe biziň ýaly hususy telekeçiler däl, döwletiň banknot zawody-da biziň ýaly edip, gerek-ýarak zatlaryň bahasy gymmatladygyça beter köp pul çykarýardy... Ine, bazarda puluň köpelip, gara siňek ýaly asmanda pullaryň gaýmalaşyp ýörmegi şundan boldy. Birdenem bahalar keýgiň şahyna çykdy welin, müň lirany müň iki ýüz lira çykaryp başladyk. Her müň lirada iki ýüz lira zyýan... Muňa telekeçiler çydam bilmeýär, diňe döwlet çydaýar. Hudaý gorasyn, birden pälimiz azyp elli liralyk, ýüz liralyk pul çykarsak dagy, boýumyz bilen batardyk. Ahyrsoňunda döwletem çydap bilmän, pullaryny kiçeldip çykdajysyny azaltmaga başlady. Şikaýat blankasy ýaly uly bäş ýüz liralyk pul dagy kiçelip-kiçelip, sygryň diline döndi. Şonda-da ýene biz zyýan çekmeli bolduk. Şonuň üçin galp müňlük çykarmagy goýbolsun edip, galp bäş müňlük çykarmagy ýola goýduk. Galp bäş müň liralygy çykarmagyň howpy müň liralyga garanda has uly, ele düşme howpy-da uly. Emma başga alajymyz ýok. Ine, şeýdibem soňky dokuz aý bäri bäş müň liralyk pul çykarýardym. - Erbet däl eken-ä. Başga näme gerek saňa? Barybir peýda gazanýan ekeniň... - Wah, başlykjan, peýda gazanýan bolsam, bärde nä körüm bar? Men elli ýyl öň şu işe girişenimde galp on liralygy çykarardym. Soň, ýüz lira, müň lira geçdik. Çünki on lira, ýüz lira, bäş ýüz lira galp pul çykaranyň bilen bolaýanok. Meniň merhum halypamyň döwürnde lira beýlede dursun, elli köpüklik galp pul hem çykarylýan eken. Häzir on müň liralyk pul çykarybam zyýan çekýäris. Aýdaly, gerek-ýarak zatlara ýüz müň lira sowdum. Bir seretsem, ýüz müň liralyk gerek-ýarak zatlar bilen sekiz sany on müň liralyk çykaryp bilipdirin. Ýigrimi müň lira içinde. Soňky gezek segsen müň liralyk gerek-ýarak zatlary alýaryn, men galp on müň liralyklary çykaryp bolýançam üç günüň içinde bahalar gymmatlap ýüzde elli bolýar... segsen müň lira harçlap, dört müň sany on müň liralyk pul çykarýarsyň... deňe-deň düşse, men ýene razy, ýöne deňe-deň hem bolanok. Aýdýan-a, men işimi juda söýýärin, şoň üçinem el çekip bilemok... Elli ýyllap güzeranymy dolap gelen işden nädip el çekeýin? Dünýäde gallaplykdan başga iş bilmesem näme, muny taşlap näme iş edeýin? Ýeri gelende aýdaýyn, on sany on müň liralyk çykarsam, çykaran pulumy ýerläp gelýänçäm bahalar ýüzde kyrk, ýüzde elli gymmatlaýar, ýagny ýarpa ýarpy zyýan. Galp pul çykarmak diýilýän zat reňkli çelek däl, sokup çykarar ýaly. Kyn iş, iki-üç güne dagy çekýär şol iki-üç günde elimizdäki ýüz müň liralyk puluň hümmeti elli müň lira barabar bolup duruberýär. Ýagny, galp pul hakyky puluň yzyndan hiç ýetip bilenok. Biziň çykarýan galp pulumyz hakyky puldan has ygtybarly.. Ahyrsoňunda elimdäki pullaryň samandan tapawudy bolmady, baýlygymyzy towuga ýükläýmeli boldy... Iş – iş bolýar-da, etjek zadyň barmy? Herna, wagtynda mal-mülk edinip ýetişen ekenim. Zyýan girdejiniň ýarpysydyr diýip, satyp-sowmaga başladym. Birnäçe jaýymy, dükanymy, awtoulagymy satdym. Hemmesini gallaplyk işime sarp etdim. Iň soňunda elimde galp pul çykarýan enjamdan başga zat galmady. Döwlet bilen oýnuň deň gelýärmi näme... Wah, wagtynda güm bolup başga ýurda – ABŞ-na, Angliýa, Germaniýa, Fransiýa gidibermeli ekenim. Indi ýaşym altmyş ýedä ser urdy. Bu ýaşdan soň nirä gidip, täzeden gallaplyga başlaýyn? Ýer bilýänmi, ýurt bilýänmi, il bilýanmi, dil bilýänmi... Başlykjan, bu ýurtda meň gadrym bilinmedi... hütdük ýaly jaýymdan başga elimde zadym galmady. Daşarda galsam, jaýymy satyp gallaplyga goýaýyn diýsem, olam howa uçup gitjek. Iň bolmanda şol kiçijik jaýyň kireýinden gelýän pul bilen şu ýerde günümi geçirerin diýip, özümi bolgusyzja bir etmiş bilen tussag etdirdim-de, türmä geldim. Ine, başlykjan, bir ýurtda gallaplykdanam zyýan çekilýän bolsa, gallaplygy-da eder ýaly bolmasa, şol ýurtda hiç zat edip bolmaýanlygyny aňladýar. Ýok, ýok, eder ýaly bir iş-ä bar welin, olam bu ýaşdan soň maňa gelişmeýär. Wakif-Çatalja, 26.07.1984 ý. Eziz NESIN. Terjime eden Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |