00:44 Eger / satiriki hekaýa | |
EGER
Satiriki hekaýalar
Gadyrly dostum Bähri! Meni ýatlap hat ýazyp hal-ahwalymy soranyň üçin men senden minnetdar! Şu saňa ýazyp otyran hatym hem eger poçtada ýitmese, senzuradan geçse, eger hat gatnadyjy adresiňi ýalňyşman tapsa, eger ýaşap ýören öýüň ýykylmasa, ýa-da öýüň hojaýyny seni kowmasa, elbetde bu hat saňa ýetip barar diýip umyt edýän. Hormatly dostum Bähri! Hatyňda meniň haçan öýlenjekdigimi sorapsyň. Eger, meniň gelinligim özüne mynasyp iş tapyp bilse, eger başlygy oňa suwjuk sözler aýdyp süýkenende, gelinligim oňa gaharly jabjynany üçin işinden boşadylmasa, eger aýlygmyza laýygrak kireýine jaý tapyp bilsek, eger durmuş üçin zerur mebelleri satyn alyp bilsek, eger premýer ministirimiziň men dogulanym bäri wada berip ýören ykdysady özgertmeleri amala aşsa, eger aýlygym bäş esse köpelse, eger on ýyldan bäri öýlenmegime garaşýan gelinligim menden ýüz öwürmese, onda men nesip bolsa ýakyn günlerde öýlenerin. Söýgüli dostum Bähri! Sen hatyňda daýzamyň ýagdaýlaryny sorapsyň. Eger daýzamyň ýedinji lukmanynyň maslahat beren dermanlaryny tapyp bilsek, eger keselhanada boş ýer tapyp ony ýerleşdirip bilsek, eger ony operatsiýa etseler, eger ol operatsaýadan diri çyksa, eger ol saglygyna ymykly seretdirmek üçin ýewropa ýurtlaryna gitmek üçin pul tapyp bilse we gitse, eger gümrükhanadan geçen wagty onuň saglyk ýagdaýy beter ýaramazlaşmasa, eger çemodanyndan ärine sowgat üçin alan galstugyny tapyp, ony kontrabanda bilen günäkärläp tussag etmesler, eger şu zatlara çydap diri galsa, onda elbetde daýzamyň ýagdaýlary hem gowy bolar. Gadyrdanym Bähri! Sen hatyňda biziň futbol toparymyzyň çempionatdaky ýagdaýy barada hem gyzyklanypsyň. Eger oýun dowam edip durka biziň derwezämiz öz-özünden kiçelse, eger oýunçylarymyzyň gözüne gün düşüp gamaşdyrmasa, eger garşydaşlarymyzyň derwezesine tarap güýçli ýel tursa, eger janköýerler gaty-gaty gygyryşyp garşydaş oýunçylaryň ýüregini ýarsa, eger janköýer agyr demirleri ýa-da çüýşeleri garşydaş oýunçylara tarap zyňyp olary seňseletseler, eger oýunçylarymyz her bir oýundan öňünçä güýçli öwlýälelere baryp zyýarat etseler, elbetde biziň toparymyz çempion bolar. Hatyňda öz hal ahwalymyz barada-da gyzyklanypsyň. Eger ýagyş-gardan soňra radio-telefonlarymyz bozulyp galmasa, gazymyz ýapylyp, togumyz öçüp galmasa, suw gelýän liniýalarymyz ýarylyp, awtobuslar gatnamasyny goýup, çörekleriň bahasy galyp gitmese, elbetde durmuşymyz has hem ýeňilleşer. Sen daýym barada hem sorapsyň. Eger daýym Ankara sag-aman ýetip barsa, tanyş-biliş, para we ş.m. bilen işlerini çözüp bilse. Eger mekdep ýoldaşy oňa gowy häsiýetnama berse, şol häsiýetnama bilen hem ol bankdan karz pul alsa, söwda dükanyn açsa, eger ol akylyndan azaşyp ruhy hassa bolmasa, elbetde oňam işleri gowy bolup gider. Gymmatly dostum Bähri! Sen meniň kiçijik ýegenim bilen hem gyzyklanypsyň. Eger olaryň synpynda, geçen ýylky ýaly togsan okuwçy okamasa, eger mugallym ýetmezçiligi sebäpli käbir sapaklar geçilmän galmasyny bes etse, eger synpdan synpa geçmek aňsatlaşdyrylsa, elbetde onuňam okuwlary gowylaşar. Dostum Bähri! Seniň hatyňda haýyş eden zadyň bilen gyzyklandym. Maňa aýdyşlaryna görä: Eger kelleriň kellesine saç çyksa, öküzler ekiz göle guzlasa, eger günüň ýüzüni palçyk bilen suwasalar, eger negrler ak tenlilere öwrülseler, eger asmana merdiwan bilen çyksalar, eşegiň guýrugy ýere ýetse seniň haýyşyňy bitirip bolar. Gadyrly Bähri! Jogabyňa garaşýandygymy ýadyňdan çykarma! Eziz NESIN, türk ýazyjysy. Terjime eden: Şirhan ALLABERDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |