01:45

Wah, biz eşekler... / satiriki hekaýa

Satiriki hekaýalar
Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 216 | Добавил: Moderator | Теги: Eziz Nesin | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Satiriki hekaýalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 5
0
1 Garadag  
128
Eziz Nesini Has Türkmene terjime etdiräýseň. Ikewiniň atlaram sazlaşykly eşidilýär.

0
2 Ependi  
284
Atam pahyryň, "wah, siz eşekler..." diýişine bardy bul-a :) Kiçiräkdim, bolsam 10-11 ýaşly oglanjyk wagtlarym. Atamyň maçy (urkaçy) eşegi bardy. Ana şol her ýaz aýlary dem-e gelerdi, erkek eşegi islärdi. Şol, ýaz günleriň birinde eşegimiz ýene deme geldi. Bilýänsiňizle, sygyr buka gelende mo-lap goýmaýyşy ýaly, bulam aňňyryp goýmady. Atam, "ertir irden Şähetli kakaň erkek eşegine äkideris oglum, bu gün indi giç" diýipdi. Eşek görgüli bolsa agşam sagat 12-ä çenli aňňyrdy durdy. Soňam ýadandyrda, "ýatdy öýdýän" diýdik, daňdana çenli ses çykmady. Ir bilen atamyň hüňürdisi bar, oýanyp daş çyksam öz eşegimiziň ýanynda ýene bir erkek eşek ýatyr. Özlerem boşapdyrda, uzakly gije dişleşip-dalaşyp, mellekdäki ýaňybir ýetişen ýorunjany torç edäýen bolsalar nätjek. Hezil edip agaýana "söýüşipdirler..." :) Ikisem dyz epişip, gäwüş gaýtaryşyp otyrlar. Sakgyç çeýneýän ýaly. Ýüzüňede it ýylgyryşyny edip, "biz-ä şeýdäý-ýäs" diýýän ýaly. Olar nädip aňňyryşyp habarlaşdylar, nädip düşünişdiler bir-birine, ony bilemok. Öz parollary bardyrda. Obaň çetinden şol erkek eşek boşap gelipdir. Gelibem, biziňkinem boşadypdyr. Şeýdibem, uzak gije hezillik bolupdyr. Atam ol eşegi tanady, "pylan-yň eşegi bolmaly" diýdi-de, arabaň yzyna daňdy. Öz eşegimiz bolsa arabaň öňünde. Menem atamyň ýanyna mündüm. Gitdik eýesine gowşurmaga, yzky eşegi. Öý eýesi öýde eken. Şonda aýtdy ol, "agşam gaty gorsandy, goýmansoň, zynjyrlap daňdym. Munuň bir hyýala münennem aňdym. Şonda-da üzüp gidipdir, seret pylany kaka?" - diýip, atama gazykdaky üzülen zynjyry görkezýär. Atamyň gynanan zady, mellekde nebir ýetişip gelýän ýorunjany ýatyryp, stadionda futbol oýnabermeli çaýyr ýaly edişlerine jany ýanypdy. Ýorunjany iýmeselerde, hezil edip togalanypdyrlar, dişleşipdirler. (muny, ýokarda hem belläpdim) "Aý, hawada, bu tebigatyň kanuny. Haýwanu-ynsan bu eşretden arasyny üzüp bilmez, esasanam, şu eşeklere gezek gelende..." diýip, myssa ýylgyranny bilýän. Garaz, şonda atamyň "wah, siz eşekler, wah, siz eşekler" diýen käýinji gowy gulagymda galypdyr :)

0
3 Ependi  
284
Ara wara mara
Ara mara wara
Wara ara mara
Wara mara ara
Mara wara ara
Mara ara wara
Ara mara warrrraaaaa-aaaa...

Eşek wara ara, wara eşek ara, ara mara eşek, warrraaaa-aaa eşşşeeek arrraa, bara, ara mara eşek, barrr-rraaaa arrraaaa-aaaa...

Oglanlykda, şular ýaly ýaňyltmaç-my, dil çintgeme-mi, dil öwredişmi, bilemok. Ýöne, şuny bize uly ýaşly oglanlarlar öwrederdiler. Doly teksti ýadymda däl, dilimiziň açylmagy üçin gowy kömek bolupdy.

0
4 Garadag  
128
Ýaňlytmajyň-a, ýalňytjak wara, Ependi gardaş!l)

0
5 Ependi  
284
@Garadag, ýene bir ýadyma düşýän zatlaň birem, oglankak meýdanda sygyr bakardyk. Şonda, şu eşegimizem ýanymyzdadyr mydama. Sesi-üýni ýok görgüliň, üstüne münseň "nirä äkitmeli" diýen manyda, buýrugyňa garaşyp durandyr. Şol wagtlar çişirilýän sakgyç çeýnärdik. Çeýnäp-çeýnäp, soňam agzyňda tokgalap çalaja üflärsiň welin, şar ýaly çişer gider. Herkimiň ýadynda-dyr bi. Bir gezegem şo sakgyjy çişirip-ýaryp otyrkam eşegim ýüzüme geňlän ýaly seredip dur. "Maňada ber" diýän ýaly. Oglanlar bolup ähli çeýneýän sakgyçlamyzy agzymyzdan aýyrdykda, hemmesini tokgalap eşegimiziň agzyna dykdyk. Janawer çeýnäp başlady welin, görseň tomaşa görkezdi. Ony çeýnäp pytradyp bilse ýuwutjak welin, sakgyç pytrarmy diýsene. Herhili boldy, agzyny hatap ýaly açyp, ýokary galdyryp çeýnäp gördi, ýüzüni sallap çeýnäp gördi, bolýan däldirda. O barmanada, oglanlaň birem gözüne gara oçkisini geýdirdi. Tüýs gelişigine geldi. "Bu entek çişirmäni bilenok öýdýän" diýip, has kiçiräkleň biri çyny bilen sorag berýär :)

Ýene bir anyk ýadymda galany, atam şol eşegi kürrelikden saýlanan badyna bir obadaşymyzdan alypdy. Janawer, ömrüni otluk meýdanda geçirensoň, yzyna araba dakdygyň meýdana eňer giderdi. Haçanda, arabany otdan dolduryp yzymyza gaýtdygymyz ana şonda iş baryny görkezerdi. Gaýdyşyn garnyny gowy gözänsoň, öz dogduk mekanna tarap rowanadyr. Haçanda, öňki eýesiniň çatrygyna ýetdigimiz şoňa sowlup barýandyr. Haý-küş edip biriň düşüp zordan öňüni gabalarsyň, ol şonda-da piňine däldir. Dogduk öýüne tarapdyr ümüdigi. Görgüli näbilsin indi eýesiniň, hojalygynyň başgadygyny. Öýde boşan wagtlaram şeýledi, mellekde ýokmy, diýmek öňki eýesiniň ýanyna eňendir. Şolardan gözläp tapaýmaly, başga hiç ýere gitmez. Men bu zatlary ýatlamagymyň sebäbi nämede, düşündireýin. Olar haýwanam bolsa çagalygymyzyň döwründe deň ýatlama bolup geçip giden janawerler. Eýesine wepa beren jandarlar. Dogry, "eşek semrese eýesini deper" diýen gepem bardyr welin, edil beýle ýagdaýy bizä görmedik. Aý, hawada, olaňam häsiýeti dürli-dürli. Biri ýuwaş, biri gaharjaň, ýene birem diňe eýesinden başgasyny tanamaz. Garaz şeýleräk olaňam ýagdaýy. Beýle diýsem, eşekler hakynda dissertasiýa gorajak bolamok-da, ýokarda belleýşim ýaly, bularam ýaşlygymyzyň bir taryhy :)

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]