13:52 Biletleri ýatdan çykaraýma, heleýjigim! / satiriki hekaýa | |
BILETLERI ÝATDAN ÇYKARAÝMA, HELEÝJIGIM!
Satiriki hekaýalar
Är-aýal günorta - Ortaýer deňziniň mawy atlazyň ýüzüne owadan nagyş deýin dokalan ajaýyp plýažlarynyň birine gitjekdiler. Aýalam, äri-de aýry-aýry işde işleýändikleri üçin ýylyň ähli ýadawlygyny, dert-aladasyny, kynçylygyny, kelleagyrysyny we ruhy argynlygyny on bäş günlük dynç alyş rugsadyna deňize döküp, şäherdäki öýlerine we iş ýerlerine bigam halda gaýdyp geljekdiler. Ýol azaby bolmasyn diýip, gara ýoldan däl-de, uçar bilen gidenlerini gowy gördüler. Aýal üç gün gün bäri ýol taýýarlygyny görýärdi. On bäş gün az-uçuk wagt däl. On bäş gün üçin egin-eşik, jorap, türsük-maýka, tomusky eşikler, deňiz gärdegi, saç guradýan enjam, bir-iki sany kitap, oturgyç, şorti, odur-budur, aý garaz nämeler... Iki uly çemodana, iki sany-da el sumkasyna zordan sygýardy. Boljak motellerine* jaň edip, ýerlerini hem aýyrdyp goýupdylar. Erkek iki adamlyk uçar biletini alyp gelip aýalyna berenden soň ýola düşmäge doly taýýar boldular. Äri aşa ätiýaçly adamdy. Aýaly-da ençeme ýyl bäri äriniň bu aşa ätiýaçlylygyndan iripdi. Ätiýaçly är uçar biletlerini berende aýalyna duýdurdy: - Seret, heleýjigim, biletleri saňa berendirin. Birden ýadyňdan çykaryp, öýde galdyraýma! Aýalynyň gahary geldi: - Ine, sen mydam şeýle-dä... Nämüçin ýatdan çykarmalymyşym?.. - Ýöne ýatlatmak üçin aýdýan-la, ezizim... - Haçan, nämäni, nirde ýatdan çykardym-da, garşa “ýatdan çykaraýma” diýip gaýtalap dursuň?.. Erkek aýalynyň nirelerde, haçan, nämeleri ýatdan çykaranyny sanasa, dawa turmagy mümkindi. Dury kelle we süňňiýeňillik bilen dynç almaga gidilmegini isleýän äri sypaýylyçylyk edenini kem görmedi: - Heleýjigim, dogry, ýatdan çykaraňogam welin, bilip bolmaz, adamçylyk-da bi... Bir seredersiň welin, ýatdan çykaranyňy duýman galarsyň. Şonuň üçin biletleri gaýrat et-de, ilkiagşamdan sumkaňa salyp goýsaň gowy bolar. Aýaly hem gaharly, hem ýaňsyly: - Heh, hamana sen aýtmasaň men salmaryn-ow şony – diýdi. - Salarsyň-la, salarsyň bolmanam... Her näme-de bolsa, men bir aýdyp galaýyn. Soňra bir zat ýadyna düşdi-de, sözüniň üstüni ýetirdi: - Hä-ä, birden öýüň açaryny almagy ýatdan çykaraýma. Gaýdyp gelende gapyda galaýmaly. Awusyny pürkmejek bolup, aýal zordan saklandy, başyny ýaýkamak bilen çäklendi. Agşamlyk naharyny iýenden soň erkek aýalyny gaharlandyrmajak bolup, ýuwaşlyk bilen: - Mähribanym, uçar biletlerini sumkaňa salmagy ýatdan çykaraňok dälmi?.. – diýdi. Aýal dişlerini gyjyrdadyp: - Ýatdan çykaramok! – diýdi. - Nämä gaharlanýaň, janym, ýöne ýatladaýdym-da... Şol gije uçar biletini ýatdan çykarmazlyk meselesi telim gezk gaýtalandy. Ertirligini edinip durkalaram, erkek çekine-çekine: - Biletleri aldyň dälmi, heleýjigim? – diýip sorady. Aýal: - Boldy, bes et! – diýip gygyrdy. - Daşky gapyň açaryny almagy-da ýatdan çykaraýma... Olar öz awtoulaglaryna çemodanlaryny, sumkalaryny ýerleşdirdiler. Äri rula geçip, maşynyň öňki aýnalaryny esgi bilen süpürişdirdi-de: - Ezizim, birden gaharyň gelmesin ýöne... Uçar biletlerini aldyňmy diýip sorajakdym... – diýdi. - Boldy etsene indi. Näçe gezek aýtdym, sumkamyň ikinji gözüne saldym. Öýüň daşky gapysynyň açary-da gapjygymda. Gapjygymy-da sumkama saldym. Ynjaldyňmy indi? Awtoulag ýöredi. Entek bir kilometr hem ýöremänkä äri: - Heleýjigim, sumkaňa ýene bir gezek seredäý-dä, bolýamy? – diýdi. - Nämüçin? - Hiç-le... Neme... Biletler sumkadamy diýip... - Sen adamy däliredip dynarsyň. Entek meniň aklym ýerimde. Ýaňy aýtmadymmy sumkama saldym diýip. Biraz salym gidenlerinden soň ýene: - Zyýany ýok, gülüm – diýdi. - Sumkaňa goýanyňy bilýän bolsaň, sumkaňdadyram welin, şonda-da ýene bir gezek seredäýsene... Aýal jukguldandan soň: - Seniň aklyň bilet bilen gitjek öýdýän. Men samsyk däl. - Bäh, ýatdan çykaramok diýýäň-dä? Aýal dymdy. Erkek: - Birden howa menziline gidenden soň, biletleri öýde ýatdan çykaranymyzy biläýsek... – diýdi. - Biletleriň sumkdan uçup gitjek ýeri ýok. - Söýgülijigim, mähribanym, sen dogry aýdýaň... Dogry aýdaňam welin, şonda-da sumkaňa seredip goýber, haýyş edýärin. - Sen şujagaz dynç alyşlygy-da burnumdan getirjek öýdýän? - Eýjejigim, ýeke-tägim, näme bar şu taýda gaharlanar ýaly... Sumkaňa bir seredip goýber, bolany bor-da. - Şunça ýyl saňa nädip çydap gelenime haýran galýaryn. - Mähribanym, biderek aýdan sözümi kesä çekýäň-dä. Seredeňde kyýamat gopýamy... Birden howa menzilinde biletleri ýatdan çykaryp gaýdandygymyzy bilsek, şunça ýoly söküp, ýene yzymyza gelmeli... Üstesine uçardanam gijä galarys. Indiki reýs üç günden soň. Aýal dymdy. Erkegem bir salym dymdy, ýöne kän durup bilmedi, bu gezek aýalyna ýalbarmaga başlady: - Mähribanym, balym, haýyş edýärin saňa, gaharyň gelmäýsin-dä, sumkaňa seredip goýberäý-dä, biletler barmyka? - Aý, häzir men özümden gidýärin. Howa menziline golaýlaşyp gelýärkäler, erkek ýene bir gezek synanyşdy: - Biletleri öýde ýatdan çykaran bolsak, yzymyza gaýdyp alyp gelmek üçin wagtymyz bar heniz. Biletleri derrewjik gidip alaly, uçara ýetişeli. Howa menziline girenden soň wagtymyz bolmaz. Hany, meniň owadanja heleýjigim, saňa döneýin, birje gezek seredip goýber sumkaňa... - “Dat, ýetişiň, ýangyn!” diýip, sesimiň ýetdiginden gygyraryn häzir. - Ýeri, ýeri... Gaharlanmasana! Seni gaharlandyrasym gelenog-a meň. Ýöne sen seredeňdä näme bolýarmyş... Terminala geldiler. Awtoulagdan düşdiler. Erkek ulagyny awtoduralga äkidip goýmakçydy. Ýükçi awtoulagdan çemodanlary, sumkalary düşürip durka, aýal birden gygyrmaga durdy: - Sumkam? Sumkam nirede? Aý-waýeý, edenim bar bol-a, sumkam ýok... Wah-wah, biletlerem içindedi. Birdenem sesiniň heňini üýtgedip, ärine tarap öwrüldi: - Adamda akyl-huş goýaňog-a sen... Bilet-bilet diýip dursaň, bolaýjagyň şu. Äri parahat ses bilen: - O nädip beýle bolýar? – diýdi. - Sumkamy öýde galdyrypdyryn. Biletlerem, açaram sumkamdady. Äri ýene parahat ses bilen: - Gynanmasana, gülüm – diýip –aýalyny köşeşdirmäge synanyşdy. Äriniň arkaýynlygy aýalynyň jynyny atlandyrdy. - Gynanman bolýamy? Gynanma diýenem bolýar-a!.. Hemişe sen sebäpli bolýar şu zatlar... Biletleri ýatdan çykarma, ýatdan çykarma diýip, kellämiň etini iýdiň. Ana, ahyrynda sumkamam ýatdan çykardym. - Zyýany ýok, ezizim. Biderek özüňi gynamasana... Boljak iş boldy. - Wä-ä, munuň diýýän zadyna sered-ä!.. Şunça iňirdemedik bolsaň, ýatdan çykarmazdym. Erkek ýene parahat ses bilen: - Ehh, ýeri bolýa, yzymyza dolanaly onda... – diýip ýerine geçdi. Ýükçi täzeden çemodanlary, sumkalary ýerleşdirdi. Aýalam zeýrene-zeýrene äriniň ýanyna oturdy. Birdenem gygyrdy: - A-a-a! Sumkam bärde eken-ä!... Haý, allajanlarym, nädip görmändirin. Paketleriň aňyrsyna süýşüpdir. Janym, men nä akmakmy, heý ýatdan çykararynmy sumkamy... iňir-iňir edip adamda akyl goýaňog-a sen... Biletlerem, açarlaram... Ol sakyrdap durşuna sumkasyny dörmäge durdy. Dördügi saýy howsala düşdi. Erkek öňki rahatlygy bilen: - Gyssanma, ezizim – diýdi. – Hiç gaýgy etme, ýuwaş-ýuwaşdan gözle... Aýal towuk dörjeleýän ýaly sumkasyny dördi, dördi, dördi, şeýle bir dördi welin, özüne ýylgyrjaklap seredýän ärine: - Seretme maňa şeýdip! – diýip gygyrdy. Sumkany taşlady. Ýadawlykdan ýaňa iki goly süllerip galdy. - Ýok... Ne biletler bar, ne açar. Erkek aýalynyň gaharyny geirmejek bolup näme diýjegini bilmedi, ýöne şonda-da özüni bir zatlary aýtmaga borçly saýansoň, pyşyrdap diýen ýaly: - Zyýany ýok... – diýdi. Maşynyň açaryny towlady, gaza basdy, awtoulag ýöredi. Ýolda erkek dymyp gitdi, aýaly durman gepledi: - Bilede seret, bilede seret... Agzyňa jaň kakylan ýaly boldy. Diliňi dişiň aňyrsynda biraz saklan bolsaň näme bolardy... Akmak däl-ä men, bolmanam bileti ýanyma alardym. Birden ýatdan çykaraýma.. Sen ýatdan çykaraýma diýip käkeledigiňçe, ine, şeýle boldy. Erkek ýuwdunýardy, ýöne hiç zat diýenokdy. Aýal: - Diliňi ýuwtduňmy, aýd-a senem bir zat! – diýip, ärine gygyrdy. Erkek: - Hiç zyýany ýok, heleýjigim, özüňi gynama... diýdem welin, aýal bomba bolup ýaryldy: - Häzirem özüňi gynama diýýärä bü, walla, häzir özümden gidýärin. Näçe günläp taýýarlyk gördüm, çemodanlary, sumkalary taýýarladym. Nädip gynanmaýyn... Olar öýlerine geldi. Erkek awtoulagdan düşüp, mylaýym ses bilen aýalyna: - Ezizim, eger sen isleseň, biraz goňşularda otur – diýdi. – Men gidip, gapyny açmak üçin açar ussasyny getireýin... Wakif-Çatalja, 24.07.1984 ý. Eziz NESIN, türk ýazyjysy. ___________________ *Motel – Köplenç gara ýollaryň ugrunda ýerleşen, motosiklli ýa-da awtoulagly barýan ýolagçylaryň ulaglaryny howpsuz ýerde goýmaga mümkinçilik berýän düşleme, iýip-içme we beýleki zerurlyklary üpjün edýän kiçijik otel. Terjime eden: Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |