MAÝABATAN
"Balyk awy-aw dälde a:wy" diýip giden ata-babalarymyz örän dogry aýdypdyrlar. Eger-de a:wy bolmadyk bolsa Baýram beýdip, ýüzüňi kesip barýan sowukda, obanyň golaýyndaky "Maýabatan" diýip atlandyrylýan kölüň buzyny döwüp, çeňňek gurup ýörmezdi. Agşamara çeňňek gurup gaýdanyňa bir, ertesi daň agarmanka ýene ony barlamagada gitmeli. Saglyk ýagdaýy sebäpli balyk etini iýmek bolmaýan Baýramyň beýdip dert azara galyp ýörmesi geňräk görünse-de, göwnibir ýaly gyş bolsun, ýaz bolsun parhy ýok, eli boşadygy çeňňeklerini alyp köle tarap barýandyr. Onuň özüni diňleseň-ä balyk tutmagyň aýratyn keýpi barmyşyn. Ýazda güne kakap, gyşda sowukda üşäp, çeňňek sallap otyrmagyň näme keýpi bolsun?! Muňa gelini Selbi hem düşünenok."Şunça azara galyp tutan balygyňy özüňemä iýeňok, bizem bez bolduk. Goýaý indi şu pişäňi" diýip näler aýtsa-da peýdasy bolmady.
Baýram ýene daň bilen agşamky gurup gaýdan çeňňegini barlamaga ugrady. Uly meýdany tutyp ýatan kölüň üsti durşyna buz bilen örtülendi. Beýle doňakçylyk her ýyl bolup duran zat däl. Kölüň islendik ýerine buzuň üsti bilen arkaýyn ýöräp barybermeli. Baýram çeňňegini guran ýerine ýakynlaşyp barýardy. Birdenem buzuň aşagy ýagtylan ýaly bolup, kölüň düýbünde bir gyzyň şekili görünip gitdi. Haýran galmakdan we näbelli gorkydan ýaňa Baýramyň aýaklarynyň ädilmesi hem galdy. Ol aşak oturyp, kölüň düýbüne gaýtadan ünsli seretdi. Hakykatdanam kölüň düýbinde,buz zerarly oňat görünmesede, gyzyl köýnekli gyzyň sudury anyk bildirip dur. Ýöne bu sowukda, daň bilen kölüň düýbinde gyz näme işlesin?! Baýramyň ýadyna kitaplardaky we kinofilmlerdäki suw periler düşdi.Ýöne näme üçindir bu gyz, kinofilmlerdäki suw periler ýaly näz-kereşme bilen aýdym aýdyp, azaşyp ýören adamy suwa gark etjegä meňzenok. Olam suwuň astyndan Baýramy synlaýan ýaly bolup otyr. Baýram näme üçin beýdýänini hem bilmän, çeňňek guran ýeriniň buzuny döwmek üçin alyp gaýdan paltasy bilen gyzyň görünüp duran ýeriniň buzuny döwmäge başlady. Paltany aýlap bir urany hem şoldy welin kölüň asty ýene tüm garaňkylyk bolup, gyzam birden gözden ýitdi.
"Gözüme görünäýdi" diýen pikir bilen Baýram ýerinden turup çeňňegine tarap ugrady. Galyň buzuň ýüzünde kiçiräjik edilip döwülen deşiginde çeňňek durdy. Deşikdäki suw doňanam bolsa beýleki ýerlerdäki ýaly galyň buz däldi. Baýram buzy döwüp çeňňegini suwdan çykardy. Çeňňek boş. Hiç zadam düşmändir. "Aý,nesibedirdä" diýip, çeňňegini, paltasyny ýygnap, yzyna öwrüleni hem şoldy welin olary ýene elinden gaçyrdy. Baýramyň öňünde gyzyl köýnekli, kellesi gupbaly, saçlary iki örülen gyz durdy. Aljyramakdan hemem gorkudan ýaňa Baýramyň dili tutuldy. Zordan,çalaja çykýan sandyrawuk sesi bilen:
- Sen kim? Suw... suw perisimiň ýa ? - diýdi.
Gyz biraz dymyp durdy-da:
- Men Maýa - diýdi.
- Kim Maýa? Bärde näme edip ýörsüň?. Gyz ýüzüni keseräk sowdy-da:
- "Maýabatana" gelip, Maýany göreniňe geň galýaňmy? - diýip, ýenede Baýrama seretdi. Jogap eşitmänsoň, öňe tarap ýöräp başlady. Gyz özüne tarap ýöräp başlansoň, Baýramam ýuwaşjadan yza süýşip ugrady. Şol gelşine gyz:
- Şu köle näme üçin siz "Maýabatan" diýýäňiz? Bu kölde diňe bir Maýa däl, ýüzlerçe Maýa, ýüzlerçe Sona, ýüzlerçe Gözel, şonçaragam çaga batdy-diýdi. Dogrusy Baýram şu wagta çenli kölüň ady hakynda çynlakaý pikirlenip görmändi. Adam gark bolandyr diýibä asla oýlanokdy. Il-günde näme kän, kölüň boýunda otlap gezýän iner kän, maýa kän. Batandyr-da şolaryň biri-ikisi...
Şol wagtam Baýram yzlygyna süýşüp gelşine, çeňňegiň çukuryna ýykyldy-da, suwa gaçdy. Suwdan çykdam welin gözüni öňündäki wakalar tasdanam onuň akylyny çaşyrypdy.
Wagt süýr günortan. Kölde buzam ýok. Oňa derek kölüň daş töwereginde, kölüň içinde-de aýal-gyzlar, çagalar, düýeler, goýun-geçiler... Yzanda-çuwanlyk. Köli iki bölüp geçýän insizje ýoluň üstünde bolsa gowy ýaraglanan atlylar gaçyp barýan adamlary,aýal-gyzlary tüpeňläp durdylar. Olaryň mergenlik bilen atýan oklary köplenç nyşana hem degýärdi. Kömek sorap, rehim edilmegini sorap gygyryşýan aýal-gyzlaryň sesleri, mallaryň aýylganç bögürmeleri, atylýan tüpeňleriň sesleri garyşyp, gulagyňy deşip gelýän "güwwüldä" öwrülipdi...
Baýram özüniň nire, nädip düşenine akyl ýetirip bilmän,gark bolmazlyk üçin hereket edip durşuna howsala bilen daş töweregine seredip durdy. Gözüňi aýlan tarapyň gyrgynçylyk... wagşylyk... Şol wagtam ýeri sarsdyryp top atylyp başlandy. Birdir-ikidir özüni kölüň içindäki gamyşlyga urup, gizlenenler hem aljyraňlyga düşüp gark bolmaga başladylar. Topuň atylýan tarapyna sereden Baýram, bir atlynyň tüpeňi bilen özüni nyşana alyp duranyny gördi. Okdan goranmaga çalyşmak üçin Baýram suwa çümmekçi boldy. Şol wagtam tüpeň atyldy...
- Baýram! Baýram turjak dälmi? Bar irräkden çeňňekleriňi barlap gel ahyryn. Ýogsam düýnki ýaly, işiňe gijä galarsyň.
Baýram gelini Selbiniň sesine gözlerini açdy...
Näme sebäp bolany belli däl.Şol günden bäri kölde Baýramyň balyk tutýany hiç kim görmedi.
© Şirhan ALLABERDIÝEW.
Mistika we fantastika