20:56 "Maýakowskiniñ kommunist bolmagynyñ gerek bolşy ýaly, geljegiñ adamydy" | |
"MAÝAKOWSKINIÑ KOMMUNIST BOLMAGYNYÑ GEREK BOLŞY ÝALY, GELJEGIÑ ADAMYDY"
Edebi makalalar
Wiktor Şklowskiý Oña XX asyr rus edebiýatynyñ iñ görnükli şahsyýeti diýip bilerin. 1984-nji ýylda 91 ýaşynyñ dolan gününde sowet telewideniýesiniñ "Время" gepleşigine beren interwýusynda "Men indi ýaşarýaryn, çünki bir ýanym bilen geljege bagly" diýipdi. Wiktor Şklowskiý... Heniz ýaş ýigitkä özüni 1905-nji ýylyñ rus rewolýusiýasynyñ içinden tapan bu ötgür galamyñ eýesi segsen ýyllap bir bolşuny saklady. 1917-nji ýylyñ Oktýabr rewolýusiýasyndan soñ Roman Ýakobson ýaly ýakyn dostlary ýurtdan çykyp, Günbatardaky täze pikir we düşünje akymlarynyñ ösmegine saldamly goşant goşanam bolsa, Russiýada galmagy makul bilen Wiktor Şklowskiý elmydama olaryñ zaryny çekipdi. Beýik Watançylyk uruşynda ogluny ýitirmeginden soñ başdan geçiren agy-hasratlaryny azajygam bolsa ýeñledip bilen ýeke-täk adamy ýanýoldaşy Sonýa bolupdy. 1982-nji ýylda Moskwada çap bolan iki tomluk kitabynyñ birinji sahypasyna "Sonýa Şklowskaýa... Gün hemişe gysga bolýar. Biz öñe barýarys" diýip ýazmagynyñ sebäbi-de şudy. Bal ýaly ýazuw stilinden hiç hili üýtgemese-de, onuñ stili iñ harsal döredijilik adamlaryñam kemçiligini düzetmäge ýeterlik bolýardy. "Don Kihot" çeper filminiñ gürji režissýoryna "Hammama gidip, ýasama hondanbärsiremäñi üstüñizden ýuwup aýyrmagy maslahat berýärin" diýip igenmegi-de munuñ iñ bärkije mysallarynyñ biridir. 1966-njy ýylda Moskwada çap edilen "Bir bar eken, bir ýok eken" kitabyndan, aýratynam rus rewolýusiýasynyñ beýik şahyry Wladimir Maýakowskiniñ ýaşlyk ýyllary hakdaky käbir bölekleri okyjylaryñ dykgatyna ýetirmek bilen, her bir jemgyýet üçin ýazyjy-şahyryñ we ötgür galamyñ nähili möhümdigini ýene bir gezek görülmegini isledik. Jemgyýetleriñ öñe gitmegi üçin geljegi öñünden görüp we ýazyp bilýän ýazyjy-şahyrlar ýaly gymmatly hiç bir zat şindize çenli bolmaýşy ýaly, mundan soñam bolmaz. Ine, şonuñ üçinem sosialistik rewolýusiýany amala aşyran Wladimir Iliç Lenini aradan çykmagynyñ ýüzünji ýylynda (25.01.2024 ý.) näçe kişiniñ ýatlandygy belli bolmasa-da, şahyr Wladimir Maýakowskiniñ nesiller çalyşdygysaýy dünýä derejesinde muşdagynyñ esseme-esse artýandygyny hemmeler görýär. Edil iñ ýakyn dosty Nazym Hikmet ýaly-da... Wiktor Şklowskiniñ "Bir bar eken, bir ýok eken" kitabyndan: "Sungat dünýäsinin sergi kysymlarynda jemgyýetçilikde "Wagşy otaglar" ady berilen zallar ýüze çykypdy. Bu ýerde M.Larionowyñ, N.Gonçarowyñ eserleri görkezilýär. Usulsyz suratlar tomaşaçylary bimaza edýärdi. Larionowyñ suratlaryndan (1913) biriniñ ady "Dellekhanady". Sertaraş elinde agzy açyk gaýçy, gulagyny oña öwren müşderä gagarly we özünden geçen halda seredýärdi. Belki-de, Maýakowskiý şu manzarany suratlandyrypdy: "Dellekhana girip, gyryljak ses bilen "Merhemetiñize sygynýaryn, gulaklarymy syryñ" diýdim. Mylakatly sertaraş şobada tiken deý boldy. Sypaty armyt deý öñe uzady". Wagşy-sa gygyrýarlardy. Soñabaka "wagşylar" sungat dünýäsinden gitdi. "Nyşan" atly serginiñ kataologyna ýazan girişinde Mihail Larionow şeýle ýazypdy: "Biz Gündogara ymtylýarys we ünsi milli sungata çekýäris... Biz jemgyýetiñ gyzyklanmagyny islemeýäris we bizdenem gyzyklanmagymyzy islemezligi haýyş edýäris... Hemme zatdan öñ işi bilmek gerek". Wladimir Maýakowskiý ökde suratkeşdi. Şekillendiriş sungaty akymy, senetkär garaýşy onuñ şahyrana ussatlygynyñ esasy sütünleriniñ biri bolupdy. Suratkeş hökmünde Maýakowskiý Serowa hormat goýýardy we gowy görýärdi. Impressionistleri, şol bir wagtyñ özünde Larionowy-da gowy görýärdi. Ýöne iñ esasysy-da ol özüne çenli döredilen eserlerden dürli görnüşlerde peýdalanardy. Alym bolmasa-da onuñ aýdan ähli sözleri oblast ýa-da professional sözlüklere giripdi. Emma durmuş we senetkär şahyrana gurluşlary täzeden şekillendirýär we wagtyñ söz talaplarynyñ emrine berup, sözleriñ manysyny üýtgedýär. Suratkeşiñ başga suratkeş bilen gatnaşygyny şekil diýilýän zadtñ gaýtalanmagynyñ üstünden gurmagy örän añsat, ýöne munuñ peýdasy az bolýar. Çünki şekil täze many gazanýar we şeýle bolsa indi şol köne şekil bolmaýar, täze bolýar. Parodiýada bu açyk-aýdyñ bildirýär. "Don Kihot" uruşjañlygyñ däl-de, uruşjañlyga garşy ýazylan romandyr we şol bir wagtyñ özünde we iñ esasysy-da şudur - bu, täze jemgyýetçilik gurluşynyñ romanydyr, ynsanperwer şahsyýetiñ romany. Täze ýarag bilen ýaraglanandygy sebäpli Maýakowskini Don Kihot hasaplap bolmaz. Aýratynam irki ýazan şygyrlarynda Maýakowskiý sözleri kapyýalar bilen parçalaýardy: ol muny grafiki parçalamalar bilen edýärdi. Muny simwolistlerem edýärdi, emma olar beýle maksat bilen edenokdy we manysy-da beýle däldi. Tradision mirasa eýe çykylmagy sözlere täze many berme meselesidir. Maýakowskä ýakyn bolmagy bilen bir hatarda Hlebnikow ondan kän uzakdadyr. Şol döwrüñ ýaş senetkärleriniñ arasynda Maýakowskiý aýratyn adamdy, çünki ol göreşýän, ömri bir bitewi göreşi bilen eriş-argaç bolan adamdy. Häzir ýadyma 1961-nji ýyldaky Moskwa kinofestiwalynyñ kinofilmi düşdi. Şwedleriñ çykaran çeper filminiñ ady "Sudýa", režissýory Alf Schöberg, senariniñ awtorlary Wilgelm Moberg, Alf Schöberg. Zehinli kinomatografiýaçylaryñ surata düşüren bu kinofilmi buržuaz jemgyýetde adalatly suduñ ýokdugyny görkezýär. Ýaş şahyry ilkibaşda mirasdan mahrum eden onuñ işini alyp barýan sudýa yzyndan dälihana salýar. Hernä filmiñ şertli kyssasy gowy tamamlanýar. Saz mugallymy garry aýalyñ kömegi bilen özüni ele saldyran sesini ýazýar. Netijede öz gelnini we mirasyny gaýdyp alýar. Şular ýaly şertli we parodiýa görnüşinde edilipdir. Çeper filmiñ iñ gyzykly ýeri dälihananyñ suratlandyrylyşydyr. Ýeñiljek dumanyñ içinde şahalary kesilen gyş agaçlary dur. Duman, gar, sessizlik. Dälihana kökerilip goýlan şahyr oturyp şygyr ýazýar. Ol ýerde dälihananyñ gapysyndan ybarat "durmuş tejribesini" we durmuşdan goranmagy gazanypdy. Türmede oturyp gelen lukman degnasyna degilen adamy gowy görýär, onuñ ýazýan şygyrlary göwnüni hoş edýär. Ýaş ýigit ak potologa çekilen garlawaç hakda gysgajyk sözler ýazýar. Ine, kinofilmiñ hamyrmaýasy şunda. Bu ýerse ironiýa däl-de, ylham bar. Biziñ geçmişdäki çepçi sungatymyz we Günbataryñ çepçi sungaty hassahanada görnetin azatlyk alyp, "sudýalardan" şeýdip halas bolupdyr. Emma hassahanadan gitmelidi, gitmek bolsa diñe uruşa gitmek arkaly mümkin bolýardy. Oktýabr rewolýusiýasyndan soñ Hlebnikow "Kongresiñ öñünde gije" diýen ýaly şygyrlary ýazýardy. Maýakowskiý hiç mahalam söweş meýdanyndan çykanokdy. Hlebnikowyñ eserlerini onuñ özi aradan çykandan soñ çap etdiler. Şahyryñ egindeşleri burlýuklar ony sensassion ýagdaýda çap etdiler. Şygyr hökmünde, şahyr hökmünde ony rewolýusiýa ykrar etdi. Hlebnikow adamlaryñ ýanyna, rewolýusiýanyñ arasyna goşuldy. Şindi özümem Wolodýa diýmän, Wladimir Wladimirowiç diýýän Maýakowskim bilen Peterburgyñ daş düşelen köçelerinde, Tomusky bagyñ içinde gün şöhlesiniñ ala-mula düşýän ýodasynda, Newanyñ boýunda, onuñ aşyk bolan zenanynyñ ýaşan Žukowskiý köçesinde nähili ýörändigimizi ýatlaýaryn. Peýzaž parçalary ýanyp, Maýakowskiniñ şygyrlarynda ereýärdi. Şahyr sessiz, gamly, ironiýa söýüji, sowukganlydy. Onuñ özüne ynamy bardy, rewolýusiýanyñ çalt amala aşjagyny bilýärdi. Ol töweregindäkilere ýitip gidenlere golaýlaşýan ýaly golaýlaşýardy. Rewolýusiýa boýunça pikir alyşmalarda Çernyşewskiý adamlara şeýdip çemeleşýärdi. Ol taryhy nukdaýnazardan rewolýusiýa eglişik etmejekdiklerini we öljekdiklerini bilýärdi. Olar diñe gorkunç bolman, şol bir wagtyñ özünde biçärelerdi. Maýakowskiý 1905-nji ýylyñ rewolýusiyasynyñ ýetişdiren ýigididi, şol döwrüñ edebiýaty bolan Lenini, Marksy, Babeli gowy bilýärdi. Çernyşewskini-de bilýärdi we oña hormat goýýardy. Klassyky rus edebiýatyny garaşmadyk minudyñyzda ýatlap bilýärdi. Hemmelerden öñ Blogy we Puşkini gowy görýärdi. Emma ol hemme zatdan öñ "ertir" üçin "şu güni" söýýärdi. Beýik özbek şahyry Alyşir Nowaýy şägirtlerine gymmatbahaly daşlar hakda ýazmazlygy ündäpdir. Ol "Gyzyl gül döredesiñiz gelse, onda toprak boluñ" diýip ýazypdyr. Gogolyñ eserleri toprak bolandygy sebäpli şolar ýaly gymmatlydyr. Maýakowskiý toprakdyr, köçedir, daşdyr. Men onuñ bilen tirkeşip ýöränimde, daşlaryñ nähili gymmatly bolýandygyny bilemokdym. Onuñ söýgüsi täze adamyñ söýgüsidi. Ol söýgi çörek deýin durmuşydy, şu güne degişlidi we täzedi. Ol söýgi onlarça ýyl geçenden soñam bagtly tamamlanyp bilýärdi. Bular ýaly söýgi üçin beýlekiler bilen birlikde Maýakowsjiniñ kommunizmi gurmagy gerekdi. Bu söýgä barýan ýol ýyldyzlaryñ üstünden geçýärdi. Maýakowskiniñ şygyrlaryndan kosmosa uçýan uçarlar bar. Gam-gussany dep etmek üçin "Uly aýy" ýyldyzlar toplumyna ýetmek we adam kalbyndan aýynyñ gyş ukusynyñ kowulmagy gerek. Men sözüñ iñ ýokary manysynda henek ýazjak bolamok. Belki-de, ol henekler indi birinji bolmadyk, durugşan hronikalarda täze adamyñ nähili görünişiniñ ýada salynmagy üçin gereklidir. Adamlar planetadan hereket ediji maşyndan peýdalanmak arkaly kosmosa uçýar. Öz astronomik ýagdaýlaryna düşünýänler ýönekeý adamyñ oda fantaziýasynda näzik görünýärdi. Maýakowskiniñ kommunist bolmagynyñ gerek bolşy ýaly, geljegiñ adamydy. Balmont batly we owadan sesi bilen şeýle diýdi: - Bärde maña "ata" diýýärler, emma men haýyrly ata däl we sizi oruntutarlarym hökmünde göremok. Siz şygyry geçmişden, terjimelerden gözleýärsiñiz. Şygyry şygyrdan gözläñ, ol şol ýerdededir, köçede, ine şo taýda. Şahyr elini uzadyp, akademiýanyñ aýnasyny görkezdi. Şygyr aýnanyñ añyrsydy, emma ol köçede däl. Uniwersitetiñ ýüzi boş eýwana tarap bakýardy we ýüzüni Newa derýasyna, Blogyñ we Maýakowskiniñ rewolýusiýasyna öwrüp bilenokdy". Maýis ALIZADE. Anna, 12.04.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |