11:38 Mejbury meýletinlik | |
MEJBURY MEÝLETINLIK
Maliýe we ykdysadyýet
XII asyrda ospa... XIII asyrda lepra, XIV asyrda çuma... XV asyrda siflis... XVI asyrda dizanteriýa... XVII asyrda tuborklýoz (inçekesel)... XVIII asyrda tif... XIX asyrda holera... XX asyrda HIV/AIDS… Muña ebola wirusyny, guş dümewini, Krym-Kongo ganamaly gyzzyrmasyny, sygyr däliremesi keselini (Губчатая энцефалопатия крупного рогатого скота), doñuz dümewini, Günbatar Nil (West Nile) wirusyny we başgalary goşup bolar… XXI asyryñ "parlak ýyldyzyna" häzirlikçe "Kowid-19" diýilýär! (Üns beriñ: "Häzirlikçe" diýýärin, sebäbi ýene nijeme ýokanç keselleriñ ýaýramagyna garaşylýar. Muña... Käbirleriniñ pikirine görä, tebigatyñ bilkastlaýyn zaýalanmagy wiruslaryñ-bakteriýalaryñ çalt ýaýramagyna, käbirleriniñ pikiriçe bolsa adam eli bulen biologik uruş serişdeleriniñ artmagyna şert döreder… Parniklerde, teplisalarda (ýyladyşhanalarda) ýetişdirilýän gök önümler, nämedigi belli däl däri-dermanlar, ýaramsyz tebigy şertler we başga sebäpler immunitet goragyny derbi-dagyn edip taşlaýandygy üçin, edil hroniki näsaglarda bolşy ýaly, adamlar epidemologik keselleri ýeñmekde mundan beýläk dürli kynçylyklary çekip başlar). Ýöne... Meseläniñ ideogik tarapynyñ üstünde durup geçmek isleýärin: Asyra sarsgyna salan epidemiýalar dünýäde nähili ykdysady-adminstratiw üýtgeşmelere getirdi? Renessansyñ döreýşinde epidemiýanyñ täsiri boldumyka? Ýeri… Dünýäniñ “elini-aýagyny baglan” kowid-19 nähili ideologik üýtgeşmelere sebäp bolarka? Käbirleriniñ pikirine görä koronawirus epidemiýasynyñ şular ýaly çişirilmeginiñ añyrsynda adamlaryñ añyny ýowuz sistematiki üýtgeşmä taýýarlaýyş işleri bar! Aýtmaklaryna görä: “ - Kowid-19 zerarly dünýä boýunça 200 müñden gowrak adam aradan çykdy. Dünýäniñ soñky bäş ýylyna ser salanymyzda, her ýyl ortaça 50 million adam aradan çykýar. Şonuñ 1-1,5 milliony infeksion-dümew keselindenen! Ýagny, ýönekeý dümewiñ pidasy kowid-19 epidemiýasynyñ pidalaryndan on esse köp…” Kowid-19 meselesi gereginden artyk çişirilýärmi ýa çişirilenokmy?.. Ol eýýäm aýry mesele... Biziñ üstünde durup geçmek isleýän mowzugymyz gelejekde bize nämeleriñ garaşýandygy… Mysal üçin... 2008-nji ýylda maliýe krizisi bilen çöküşe geçen neoliberalizm-kapitalizm bu gezek nähili tüýse “bürenerkä", "öwrülerkä?” ■ NEMES YKDYSATÇY Distopiýa… Utopiýantñ antitezisi… Totalitar-diýdimzor döwlet modelini sypatlandyrmak üçin ulanylan adalga. Jorj Oruelliñ "1984" romanynda suratlandyrylanlar muña iñ gowy mysal bolsa gerek. Norbert Gering. Germaniýanyñ tanymal ykdysadyýeti öwreniji alymy. Ol Dýusseldorf şäherinde çap edilýän "Handelsblatt" gündelik ykdysady gazetinde çykyş edýär. Şol sanda ol Bütindünýä ykdysady seksiýasynyñ (WEA) düýbüni tutujy we "World Economic Review" žurnalynyñ baş redaktorydyr… Iñlis, hytaý, koreý, italýan, ýapon dillerine terjime edilen “Ökonomie 2.0” kitaby käbir gatlaklar tarapyndan gyzgyn garşylandy we baýraklara mynasyp boldy, käbir gatlaklar bolsa ony tankyt topuna tutdular. Kitap Germaniýanyñ kitap satuwynda iñ köp satyn alynan kitaba öwrüldi.. Gering sferalaýyn walýuta syýasatyny ýiti tanjyt eden ykdysatçy. Hatda ol banklardan, ylmy akademiýalardan we başga guramalardan gelen on bäş sany ykdysatçy hünärmen bilen bilelikde Ýewropanyñ Merkezi bankyna basdaş "kölege sowet" döretdi. Gepi uzaldyp oturjak däl… Onuñ şu aýyñ 11-nji aprelinde ýazan makalasynyñ sözbaşysy şudy: “Bütindünýä ykdysady forumynyñ totalitar distopiýasy durmuşa geçirilýär” Makala... onuñ özüniñem gatnaşan "Dawos-2018" Bütindünýą ykdysady forumynda ylalaşyga gelunen maksatnama bilen baglanyşyklydy. Düşündirmäge synanşaýyn... ■ BÜTINDÜNÝÄ “GESTAPO” GURAMASY Dawosdaky maksatnamanyñ mowzugy “kimlik” (şahsyýet) boldy. Şeýle diýildi: kimlik düşünjesi (şahsyýet meselesi) - doglanyñda berilýän şahadatnamadan (metrika) ýa-da pasport maglumatlaryndan has başgaça formalara geçmeli… Has ygtybarly maglumatlaryñ jemlenen “elektron bazasyny” döretmeli… Ýagny, Adamlar mundan beýläk ýaşaýan ýurtlarynyñ däl-de, sferalaýyn dünýäniñ raýaty bolmaly... Mysal üçin... daşary ýurtlara gideniñizde, diñe howpsuzlygyñy däl, geçmişde äden her bir ädimiñizi, edil syýasy pozisiýañyzda bolşy ýaly, elýeterli edilen şahsy maglumatlaryñyzyñ başgalaryñ elinde bardygyny ýatdan çykarmaly däl... Şoña laýyklykda... Biziñ ähli şahsy maglumatlarymyz "Microsoft", "Apple", "Google" ýaly halkara şereketleriñ birikýän "World Wide Web" (W3C) konsorsiumynda jemlenmeli! Meselem... statistiki taýdan bökdençlik döreden ýagdaýyñyzda, özlerine boýun sunmaýan işçi güýjüni ýok edişleri ýaly, bu ulgam sizi duran ýeriñizde hereketsizlendirmeli! Mundan beýläk waksina meselesini ara alyp maslahatlaşmagyñ hiç bir hususdan manysy ýok; çünki siz ABŞ-nyñ hödürlän waksinalaryny ulanyşa girizmedik ýagdaýyñyzda, aýdaly, banklarda siziñ ýoluñyz ýapyk… Aslynda olaryñ adamy emeli añly robota öwürmek maksady bar! Bütindünýä ykdysady guramasynyñ 2018-nji ýyldaky konferensiýasynyñ üstünden üç geçensoñ ýigrimi bir ýurt “Ýewropanyñ Blockchain ýaranlygyny” gurdy. Emma işler garaşylşy ýaly ugruna gitmedi. Norbert Gering “elektron şahsyýetnama” maksatnamasyny hemmelere gözegçilik etmäge hyýallanýan totalitar distopiýa mysal görkezip şeýle diýdi: “Kowid 19 bu işleri hasam çaltlandyrar!” Kowid 19 - ajaly gözümiziñ öñüne serip, bizi ysytma razy etme maksatnamasymyka? Diñe “elektron şahsyýetnama” däl; bizi entek meýletin şertlerde nämeleri kabul etmäge mejbur ederler... Görersiñiz, ynha... Soner ÝALÇYN. 29.04.2020 ý, "SÖZCÜ" gazeti. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||