11:05 Mekge menzili | |
MEKGE MENZILI
Poemalar
(Pyragynyñ ömründen bir pursat) 1. TARAWA Rebbinälem, ne umman! - Gülleýir menek-menek, Bu ak-gara sansyz san Kömelekmi, kebelek?! Jyglym tutup ýyglypdyr, Bir galyp, bir eglipdir, Hasa içre boglupdyr Gabak, kirpik, bäbenek! Ala don, gara mesi, Ak sakal aglabasy, Egin dar, syrty ýasy, Garynlary togalak. Baga gonan zagmydy, Daga inen garmydy, Öñi-ardy barmydy, Her bogy bir tegelek! Selle sansañ, sany ýok, Kelle sansañ, jany ýok, Bende sansañ, ýany ýok, Ikiýana aganak... Peşisi peşmek eýse, Dert dañyp açmak eýse, Dilinde "Uçmah!" eýse, Hüýr-melege emenek! Göz içre göz gülmüşdir, Bet işleri kylmyşdyr, Munda toba gelmişdir, Atar bolup sapalak. Hydyry bar, Hyrsy bar, Jem bolupdyr - hersi bar, Gurduñ goýun dersi bar, Urup ýatyr hasanak. Şahymerdan, ýa pirim, Men-de sugnup ýatyryn. Keramatyñ, hatyryñ Damagymda epenek! Bir egnimde şeýtanym, Bir egnimdw Rahmanym, Eñegim iki ýanym Gezdi misli hozanak. Ijaza kyl, galkar men, Magryp, Maşryk ýeljer men, Ýaksañ, gökde Ülker men, Söndürseñ - gar, jöwenek. Gyzyl tende gylça jan, Guşlar bilen hemzyban, Ygtyýar kyl, eý umman, Men bir çete özenek! Dünýe doly selle-heý, Her ýeten bir molla-heý, Gözi şerde - alda-heý, Altyn-zere kösenek. ..."Ot - bela, ýel, suw - bela Sowul haýalelpel-a!"... Çar tarapym mübtela, Çar tarapym gözenek! 2. HASRAT Gökden inen gara daş Ýylmandy lebiñ bile. Adam ogly, bagry baş Gelip sen kemiñ bile... Üsti düz, asty tereñ, Salgym ki, atar yrañ, Käbe jaýy dörtgyrañ, Bes eýlär tamyn bile. Muhammetniñ öwzary, Özi ýaşyl, ýer sary... Hüşür-zekat mukdary Egsilmez humuñ bile. Arap, türki, parsy sen, Ýagty jahan ýarsy sen, Bersem diýip parzy sen, Ýyglypsyñ ümüñ bilen. Ýetmiş ýurt, ýedi ülke, Ýetişer üşbu mülke, Ýokarda altyn halka Ümzükdir jemiñ bile. Çillesi ýok, ýazy ýok, Kerwen ýazar, yzy ýok, Bagşy geler, sazy ýok, Garyşar gamyñ bile. Özüñ bilmes öz kemiñ, Giñ ýerde ýetmez demiñ, Kim tebip tapdy emiñ Säheriñ, şamyñ bile?! Ýerde hurma şänigi - Iki gulak gämigi. Her kesiñ öz şalygy Ýurt, mekan, kowmuñ bile. Ilimiñ toýy-ýasy, Sen-sen ýürek telwasy, Köñül guşum ölmäsi Hyýalyñ-hamyñ bile. Bahry-Hazar arasy, - Gara gözmüñ garasy, Ten hem jiger ýarasy Özüñde emiñ bile. Gözüm açyp görgenim, Hem düşek, hem ýorganym, Käbäm ~ Etrek-Gürgenim! - Dartar sen demiñ bile. Erenleñ ören çagy, Demligme saldyñ bagy, Söwdügim Soñudagy, Donumda gumuñ bile. Iki dünýä hemdemiñ, Aýnalbakyñ, Zemzemiñ Şildir suwun Damdamyñ Noş kyl tiz... jamyñ bile! 3. ÝOLDA - OT BAŞYNDA Galandar sen, dakylyp bu kerwene, Gorkyny, terkini çatyp durup sen, Höwür istäp misli ýiten arwana, Meñ oduma çöpüñ atyp durup sen. Göter mutyg başyñ, söýle derdiñi, Syl ýüzüñden bu pelekniñ gerdini, Bilen ýok dünýäniñ öñi-ardyny, Dogan gözi näge ýutup durup sen? Omzuñy çapypdyr Dymşyk demiri, Gözüñni oýupdyr Buhar emiri, Her çozanda niçeme gül ömüri Tä goldan galynçañ kertip durup sen. Bir barmak ýok gyssañ gylyç-mäşäni, Sag ýeñiñ tirsekden, soluñ boşany, Sakgalyñ goýberip, orap peşäni, Bu gün indi Mekkä ýetip durup sen. Diýerler ki, döken hapasyn suwap, Käbä baran hajy kylarmyş togap, Çyn Mekke - Wyždandyr. Aña ber jogap! - Näge daşa dönüp gatyýp durup sen? Adam ogly eger dünýä gelmese, Gelenden soñ aglamasa, gülmese... Neýlejek sen munuñ hiç bolmasa? Pikir ummanyna batyp durup sen. Beýewan içinde niçe ot ýanyr, Ynsan ot başynda bir-birin tanyr, Aýp emes golsuza ýugursam hamyr, Läkin, meniñ nanym itip durup sen. Şahyr, Käbe. Ýene hem ol alaman Bu üçiniñ baryşganyñ dilemen, Galandar, başyñy gowga sala men, Arman, ýüzüñ duwlap, ýitip durup sen!.. 4. EREK DAGYNYÑ BAŞYNDA Şükür, erek maýadan Erek daga mündügim, Suwsuz beýewan söküp, Gulzumlardan gandygym, Gara daşy ýalaýyp, "Resul!" diýip sundugym, Arapda, Şamda ýitip, öz ilimde öndügim, Meger, indi bolup men belahymdan dyndygym. ...Haý-haý, zaññar, Erekniñ daşyn tanyýp ätläwer, Ýalñyz çykdyñ kemerne, hudaýlygyñ ýatlawer, Kemelmedi günähiñ, artdy, eýse artlawer, Zyýaratyñ puç oldy, jigeriñi otlawer, Tersa paýhas-oýumyñ körüginde ýandygym. Eýse alys-ýakyn hem Käbä diýip barypdyr, Bir tarawa düzülip, bir pire ten beripdir, Zyýarat tamam olup, ýene jeñe ýörüpdir, Öz ymmatyn parçalap, golyn baglyýp sürüpdir, Alty aýlyk argyşy alty pula sandygym! Bagdat, Basra ilinde, Arabystan çölünde, Sahawatyn görmedim beg-töräniñ golunda, Kim biler ki näme bar mollasynyñ pälinde, Aýryt-aýryt ýoda kän bir Hudanyñ ýolunda, Bäş wagt doga okap, altysyndan dändigim... Budur oýny pelekniñ, sözle, eýse neýlär sen? Alyp dowat-galamny, bildigiñi söýlär sen, Erekden aşak bakyp, düze nazar aýlar sen, Düzüñ-gyryñ ýüzünden daýhan oglun saýlar sen, Suw akytsam goluña ýeñil bilip kündügim. Aşyk, alym, derwüş hem tapmaý tagat-hoşuny, Köñülde sap-sap düzdi adalatly goşuny... Kiçik dagda tutup men belent taglym başyny! Magtymguly, istemen özge iliñ guşuny, Öz başyma täk özüm torguş bolup gondugym! sentýabr, 1983 Annaberdi AGABAÝEW, Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy. | |
|
√ Sygan bagşy /poema - 14.09.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessanyň dowamy - 03.03.2024 |
√ Rowiýa / liriki poema - 14.09.2024 |
√ Daýanç nokady / publisistik poema - 14.09.2024 |
√ Esger guýusy / poema - 19.08.2024 |
√ Kyssa / poema - 12.06.2024 |
√ Jeñnama / poema - 03.08.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessan - 03.03.2024 |
√ Kyssa -3: poemanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ На Хиву! / поэма - 28.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |