18:42 Men bu dünýä aglamaga gelemok... | |
MEN BU DÜNÝÄ AGLAMAGA GELEMOK...
Goşgular
Men bu dünýä aglamaga gelemok, Bu dünýä ýürekden gülmäne geldim. Men bu dünýä aldamaga gelemok, Ýagşyny, ýamany bilmäne geldim, Iki ýüzliň perdesini sypyryp, Kezzabyň törpüsin almaga geldim, Töhmetçiň ýüzini pers-ala edip, Duzly dilim bilen dilmäge, geldim, Ulumsynyň ýüzin ýere garadyp, Daş ýüregi mesge ýaly eredip, Ynsanlaryň ýüreginde ýer edip, Müdümilik ýatda galmaga geldim, Watanymyň tikenini, gülüni, Çar bagyny, çaňap ýatan çölüni, Akar suwun, aňzak epgek ýelini, Bagra basyp ýüze, sylmaga geldim, Ýamany ýigrenip, ýagşyny söýüp, Bu gysga ömrümde ynsaba uýup, we Ene toprakda öz yzym goýup, Özümçe ýol ýoda salmaga geldim, Hergiz gezmerin men iki bükülip, Pökgi ýaly togalanman, depilip, Watanyma, halkyma etsem ikilik, Şol pursat, şo pursat, ölmäge geldim Jora MÄMETGURBANOW. | |
|
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Aşgabat / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Pelek / Goşgular - 12.11.2024 |
√ Kimsi dosta barar... / Goşgular - 28.11.2024 |
√ Eý, ady gözel Ýusup, üçekde ýöräp gidýän... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Zenan imany / Goşgular - 08.07.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 18.06.2024 |
√ «Ýene seni ýada salyp erikler...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Ýigrimi ýyldan soñ / Goşgular - 12.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |