MEN SAŇA KÄN ZADY ÖWREDIP BILMEN
Men saňa kän zady öwredip bilmen,
Ýörejek ýoluňa bolsam-da çelgi.
Küşdüň tagtasy deý tekiz däl ahyr,
Bu uzak ýollaryň syrly göçümi.
Ynha birden synçy nazarlam,
Bir nokada dikip galaýsam gussa,
Käte soraglarňy jogaplap bilmän,
Barja zady bilip duran ejeňi,
Geňleme dymsa.
Boýuňa dönenim,
Sen diýýäň ýene.
"Eje, saçlarymy örüp bersene!.."
Meleje gulpakly, gül ysly gyzym,
Biz munda ýaşaýan, gülýän bolsagam,
Bu barlyk,
Bu durmuş,
Ählije zatlar.
Saçlaň örümi deý aňsatjak däl-ä...
* * * *
▪︎ÝALŇYŞLYK
Ümsümlik...
Başlanýar dumuş.
Daşyndan sertseň kiçijek sahna.
Şeýle bir talapkär synçy nazarlaň,
Öňünde durun.
Ýene-de birnäçe sorag-jogaplar,
Kakuw, perde, sazlaşykly ritm,
Duýman galýan sazly dünýä siňýänim.
Diýýänsiň içiňden "Bu şeýle täsin"
Kakuwlar bildirmez perdäň ýalňyşyn,
(Göräýmäne aňsat ýaly ähli zat)
Ýöne sägineniň duýman galarsyň,
Ýekeje heňe,
Owaza garylan mähriban söze,
Birden bar sazlaşyk dymýan ekeni.
Bozulýar ritm saklanýar perde,
Tolgunmak. Ýalňyşlyk.
"Mugallym" deregine
"Eje. Wiý..."
Bilbil KAKABAÝEWA
Goşgular