17:41 Menejer we programmaçy | |
MENEJER WE PROGRAMMAÇY
Degişmeler
Howa şarynda uçup barýan adam özüniň azaşandygyny bilipdir. Ol biraz aşak düşüp, töweregine garanjaklanda, ýerde bir zenanyň gidip barýandygyny saýgarypdyr. Ol ýene-de az-kem aşak düşüp, ol zenana ýüzlenipdir: -Bagyşlaň, siz maňa kömek edip bilmersiňizmi? Men şunuň ýaly howa şarynda uçýan dostum bilen bir sagat mundan ozal duşuşmagy wadalaşypdyk, emma häzirki wagtda men özümiň nirededigimi bilmeýärin. -Siz Zemin togalagynyň üstünden 30 metr belentlikde uçup barýan howa şarynda dursuňyz, howa şary bolsa demirgazyk giňliginiň 40-njy we 41-nji derejesiniň arasynda hem-de günbatar uzynlygynyň 59-njy we 60-njy derejesiniň arasyndan barýar-diýip zenan iňňän takyk jogap beripdir. -Siz, megerem programmaçy bolsaňyz gerek? -Hawa. Ýöne siz muny nädip bildiňiz? -Siz maňa gutarnykly dogry jogap berdiňiz, ýöne men bu maglumatdan nädip peýdalanmalydygyny düýbünden aňyma-da getirip bilmeýärin, özem men entegem azaşylgy ýagdaýda, özümiň nirededigimi bilmeýärin. Açyk aýtsam, siz maňa jinnek ýalam kömek etmediňiz. -A siz bolsa megerem menejersiňiz? -Hawa, ýöne siz muny nädip bildiňiz? -Siz nirede durandygyňyzy we nirä barýandygyňyzy bilmeýärsiňiz. Şol duran ýeriňize bolsa siz diňe boş howanyň kömegi bilen galdyňyz. Siz birine wada beripsiňiz, ýöne öz wadaňyzy nädip berjaý etjekdigiňizi düýbünden bilmeýärsiňiz. Üstesine-de siz özüňizden aşakda duran adamlar siziň başyňyza düşen müşgilligi aradan aýrarlar diýip garaşýarsyňyz. Iň ahyrynda-da siz maňa duşmazyňyzdan öňki şol bir ýagdaýyňyzda durandygyňyza garamazdan öz düşen günüňize meni günäkärleýärsiňiz. Şonuň üçinem siz hakyky menejer... Çeşmesi: http://www.orator.ru/pritcha_manager_i_programmist.html. 25.08.2020ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |