15:29 Meniñ demokratiýa ugrunda göreşişim / satiriki hekaýa | |
MENIŇ DEMOKRATIÝA UGRUNDA GÖREŞIŞIM
Satiriki hekaýalar
Gödek degişmemi ýa bolmasa bir biedepçilikmi, men-ä näme diýip atlandyrjagymy bilmeýärin, ýöne bir gezek şeýle bir waka-ha bolup geçdi. Öz düşünişime görä, bularyň ikisem bolman durmady. Bir sapar dostlarym meni taksä mündürdiler-de: - Oturylyşyga barýarys – diýdiler. Maşyn haýsydyr bir egrem-bugram çolaja köçäniň ugry bilen uzak wagtlap ýöredi. Ahyry bir wagt motorу döwüldi, biz hem onsoň nälaç batgalygyň içi bilen aýagymyzy süýräp ýöremeli bolduk. Guşaklygyňa çenli batga. Biz minut saýyn şäher munisipalitetine gargap, ölümiň öýünde haýsydyr bir tünejige baryp ýetdik. Merdiwan bilen ýerzemine düşdük. Biziň ýerzemin diýip girenimiz meýhana bolup çykdy. Dymyljyk howa bilen temmäki tüssesi bogazyňy gijedýärdi. Garson stoljygyň üstüne nahar çekdi. Biz oturdyk. - Bu nähili oturylyşyk boldugy? – diýip, men geňirgendim. Dostlarym: - Paý, senem gorkag-wo! Haýwandan enaýy ýeriň ýok. Ynha, al, mertlik üçin şujagaz konýajygy hany gulkuldadyp goýber bakaly – diýdiler. Men bulgury başyma çekdim. - Sen erkek kişimi beri? - Hawa, erkek. - Iç-dä onda. Men ýene içim. - Sen aýal bolaýma? - Ýok... ýo... k... - Onda göter-dä. - Bolmanda näme, göteterin-le... - Ýene birini goýber! - Siziň saglygyňyza... - Seniň saglygyňa! Ahyry meniň gözlerim ümezläp başl;ady. Içimden bolsa men: “Mert dur, Haýdar, gaýratly bol!” diýýärdim. Meniň göwnüme häzir özüm Ezraýylyň hut özüni hem edil tagta bitinden enaýy görmän, penjäm bilen mynjyradaýjak ýalydym. Nä wagt meýhanadan çykyp, nä mahal hem içi adamdan hyryn-dykyn doly äpet zala baranymyz meniň hakydamda ýok. Diňe özümiň poluň üstünde ýatanymy bilýärin, aýak üstüne galdyrmak üçin meniň egnimden tutup yralaýardylar. - Bar umydymyz sendedir! Kömek et! Gaýrat et! = diýip, meniň edil gulagymyň agzynda gygyrýardylar. - Bar, gidiň-ä!.. Menden nähili kömek isleýärsiňiz? Eýýäm kömek edildi... - Ýöne sen ýagşylyk etmegi gowy görýäň ahyry, şeýle dälmi? - Şeýle öz-ä. - Öz çagalaryň bagty üçin! - Ýeri, bolýar!.. Aýdyň, näme etmeli? - Çynyňmy! - Çynym!... Biz asyl demokratik partiýanyň raýon komitetiniň oturylyşygyna gelen oguşýak. Teatryň kollektiwi Şekspiriň haýsydyr bir pýesasyny taýýarlapdyr. Edil spektakl başlanjak bolup durka baş rolda oýnaýan aktýor näsaglapdyr. - Eşitdim-eşitmedim diýmäň, meniň tanyş dogtarym-a ýokdur – diýip, men aýdýaryn. - Aýdýanyň näme?! Bu wagt dogtoryň gerek ýeri ýok! Biz seniň näsagyň ýerine oýnamagyňy isleýäris, ülpet, düşsene! “Mert dur, Haýdar, gaýratly bol!” diýip, men öz ýanymdan pyşyrdaýaryn. - Eger sen oýnamasaň, bioz masgara bolýarys! Müňlerçe adamlar demokratik partiýanyň hataryndan çykýarlar. Demokratiýa ugrundaky göreşe seniň hem öz goşandyňy goşmagyňy haýyş edýäris! Meni süýrekläp sahna getirdiler. - wagt ýok, pikir berip diňle! Birinji görnüş köşkde geçýär. Köşk rysar de Gazgantran de Pýazo degişli. Sen grafinýa de Gazgantran de Pýazo bilen iş salyşýarsyň... “Mert dur, Haýdar, gaýratly bol!” - Grafinýa gijäniň içind saňa köşkde garaşýar. Panus üç ýola ýanyp-sönýär, sen diwara dyrmaşýarsyň we ynha şu köwegiň içine bökýärsiň... “Haýdar, pugta dur, ruhdan düşme!” - Grafinýa ikiňiz ikiçäk galýarsyňyz. Şo wagt rysar de Gazgantran de Pýazo ylgap gelýär we sizi günäňiziň üstünde görýär. Siziň araňyzda başa-baş söweş, duel başlanýar. “Alla saklawersin, Haýdar, berk dur!” Meni bir ýan çete süýräp äkitdiler. Sahnadan: - Eý, meniň söýgülim! Meniň syratly serwim! Ýanyma gel. Meni halas et. Bu elhenç rysaryň elinden boşat! – diýen aýal sesi eşidildi. Iki sany adam meniň elimden, aýagymdan tutup, haýsydyr bir deşigiň içine oklap goýberdiler. Bir semiz aýalyň özüme tarap elini uzadýanyny görýärin, ol: - Meniň ýanyma gel, meniň söýgülim, gel! Meniň ýüregim ýalňyz seniň üçin urýar, gel meniň ýanyma! – diýýär. Men zordan ýerimden galdym, ýykylmajak bolup dekorasiýa söýendim... Ýene gaýtdym. - Näme üçin sen öz söýgüli grafinýaňy gujaklamaýarsyň? Semiz aýal meniň aýagymyň üstünde durup bilmeýänimi görüp, meni öz gujagyna gysýar. - Hormatly grafinýa, sizi ilkinji gezek görenimden edil saýlaw bolmazyndan öňinçäsi gepleýän sözi diňläp oturan biçäre saýlawçy kimin, akylym çaşdy duryberdi. Şol günden bärem ylla diýersiň sokraşeniýa düşen biçäre çinownigiňki ýaly, meniň ýüregim para-para bolýar... – diýip, men gepläp başladym. Men henizlerem gepklejekdim welin, edil şol wagt sahna grafinýanyň äri böküp geldi. Ol: - Ah sen, watan dönügi! Ah sen, halk duşmany! Çykar gylyjyňy! – diýip gygyrdy. Rysar öz gylyjyny aldy-da, meniň üstüme topuldy. Meniň ýaraglarym bolsa başagaýlykda perdeden aňyrda galypdy. Meniň bagtyma, grafinýa aljyramady hem-de meniň elime bir taýak tutdurdy. Duel başlandy. Şark!.. Şark!.. Şark!.. “Mäkäm dur, Haýdar! Mert bol!” Şark!.. Şark!.. Grafinýa ýüregini paralap: - Ýarym! Ölýän! Ýetiş! – diýip gygyrýar. Tomaşaçylar goh turzup: - Ur ony!.. Ur!.. – diýip gygyryşýarlar. Režissýor suflýor budkasyndan: - Onuň gylyjyny döw! Gylyjyny döw! – diýip gygyrýar. Men bolsa, içiňi ýakaýyn diýen ýaly, adam öldürmäge öwrenişmändim. Rysar özüniň meniň elimden ölmäge miýesser bolmajagyny bilenden soň, ahyry öz gylyjyny garnyndan sançdy. - Dönük! – diýip, ol sahnada ýykylyp gygyrdy. – Men özümiň üç haçly ýörişiň şaýady bolan keramatly gylyjymy seniň hapa ganyňa degrip, zaýalasym gelenok! Namys bilen ölýärin! - Hernä Allatagala sizi ýalkawersin. Omyn! – diýdim. Perde düşýär. Zalda hiç bir akyla sygmajak gykylyk-galmagal, aýaklary bilen ýer depmek, sykylyk al-asmana göterildi... Tomaşaçylar birinji görnüşiň gaýtalanmagyny talap edýärdiler. Sahna režissýor çykdy. - Adamlar! – diýip, ol aýtdy. – Siz näme syýasy ýygnakda oturýandyrys öýdüp pikir edýärsiňizmi? Beýle däl. Ýalňyşýarsyňyz! Biz size üç görnüşli tragediýany görkezýärsi. Göýän welin, birnäçeleriňiz Şekspiriň bu meşhur pýesasyna düşünmeýärsiňiz öýüdýän. Olar gülýärler.... Meniň gynanjymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Režissýor meniň ýanyma geldi. - Ikinji görnüşi sypdyrýarys. Üçünji hakda keltejik aýdaýyn... Özüň bilýärsiň, ras biz Şekspiri oýnaýarysmy, onda hökman finalda hemmeler ölýärler. “Haýdar, zalywat, mäkäm bol!” Ynha, şeýlelik bilen üçünji görnüş türmäniň içinde bolup geçýär. - Ah, türmede diýseňizläň!.. – diýip, men aýdýaryn. – Onda arkaýyn bolaýyň. Men oňarmaryn. - Sen rysary öldürdiň ahyryn! Seniň şerebeli diliňden gutulmak üçin häkimiýetler bu bolan wakany bahanalap, seni zyndana atýarlar. - Şo ýerde bir az-owlak dynjymy alaryn-da! - Seni türmede çüýredýärler! “Haýdar, zalywat, pugta dur!” - Türmä bagtyýatan grafinýa bilen seniň kakaň gelýär. Sizem şonda gaýgy-hesretden... hemmämiz... - Ölýäris! - Hawa. Meniň burnumyň üstüne äýnek ildirdiler, aýagyma gandal saldylar, ellerimi zynjyr bilen saradylar we sahna bakan itekläp goýberdiler. Perde göterildi, menem monologa başladym: - Ah, madam de Lýa grafinýa de Gazgantran de Pýazo de Mawlariýa!.. Çärýek asyr seniň söýgüliň sütem astynda çüýräp ýatyr! Eger ýurda demokratiýanyň dolanyp gelenini gözi bilen görse, ol arkaýyn ölüp giderdi!.. Stražnik peýda bolýar. - Ahow, seniň kakaň geldi! Sahna on sekiz ýaşly ýaş ýetginjek ylgap geldi. Onuň eňegine bir çogdam pamyk ýelmenipdir. Ol meniň boýnuma bökdi. - Meniň balam! Biz gujaklaşdyk. Pamygyň erbet ýelmenendigi açyk bildirip dur, sebäbi diýseň onuň sakgaly meniň ýüzümde galdy. Sahna grafinýa ylgap geldi. Ýene-de gujaklaşyk... sakgal grafinýa geçdi. Suflýor maňa: - Öl! Öl ahyryn! – diýip, pyşyrdady. - Ýykyl! Ýykyl ahyry, saňa aýdylýar! Öl! – diýip, gapdaldan gygyrdylar. “Ýykylmag-a bolar welin, burnumyň üstündäki äýnegim döwler-dä!” diýip oýlanýaryn. Men äýnegimi bildirmän öz söýgülime uzatdym, gapdallygyna agdarylyp gitdim hem-de: - Hoş galyň, ölýärin! Goý duşmanlar hezil etsinler! – diýip gygyrdym. Ynha, şeýdip men bu biedepçiligiň soňuna çykdym. Eziz NESIN. Terjime eden Ata YKLYMOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |