17:12 Meniñ ejem / poema | |
MENIŇ EJEM
Poemalar
Garyp ataň ýalňyz oglundan galan ýalňyz naçar — bu meň garyp ejemdi. Meniň ejem bir üýtgeşik aýaldy, Biz üçin nusgalyk ýoly geçendi. Bary-ýogy üç ýyl alan bilimi, Ýöne men öwrendim ondan kän zady. Läleler, hüwdüler, köne dessanlar... Maňa salgy berdi dil-edebiýaty. Käteler ol ýaşlyk döwrüni ýatlap, Kän aýdyp bererdi goşgy-gazallar. Şonda mydam göz öňüme gelerdi Uruş ýyllar ne gün gören gözeller... Meniň ejem bir üýtgeşik aýaldy, Her kim çekip bilmez çeken derdini. Ýöne onuň mertebesin aýardy, Kynçylyga werziş bolan gerdeni. Ejizlände şeýtan ýolundan barman, Hudaýdan diläpdir kalba giňligi. Hem namazyn, orazasyn sypdyrman, Berk tutdy ynanan, sygnan dinini. Kän çekensoň ýetimligiň daglaryn, Hudaýdan perzent köpräk diläpdir. Barynyň jem bolup, üýşen çaglaryn Dünýäň ähli baýlygyna deňäpdir. Her bir işde dür dökülýär elinden, Togsan ýaşyn göz öňüne getirmez. Käte wagty biperwaýlar gelinler, Ol şol wagtam eli işsiz oturmaz. ...Meniň ejem bir üýtgeşik aýaldy, Meň üçin aýal ýok onuň deňinde. Ýüzünde şeýle bir razylyk gördüm, Ýuwlugnyň elinden suw içeninde. Ýanyna gelene sowgatjyk paýlap, Hiç babatda kinesi ýok ömürden. Derýa ýaly giňdi açyk ýüregi, Kän hoşaldy Arkadagly döwürden. Janym ejem, käte şeýle bir küýsäp, Örtenýärin kalby gaplap hesere. ...Otyrsyň sen sary giden köňülde, Meňzäp hiç wagt soňlanmajak esere. * * * Men söýgimden örteneýin, ýanaýyn Geýen otly köýnegime beslenip. Hem ýüregmi urşy ýaly ýazaýyn Käte bilmän ylhamyma kesdirip. Men ynanýan diňe söýýän ýürege, Dünýä bolsa käte salar hile-al. Onsoň ýürek kem-kem dönýär ýüpege, Parçalatman ony saklar ýaly däl. Söýýän ýürek aňsat dönenok buza, Ikilik çykanok söýýän ýürekden. Şoň üçin hesreti köpräk çekerin, Bir gün şol ummanda galsam küreksiz. Söýgüsi bolanyň bolar messebi, Söýgüsi ýok her bir aşyk bolanyň. Söýgim, goý, horlasyn, gynasyn meni, Men şonda-da seň şatlygyň bolaryn. Käte seni öz ugruňa goýmazlar, Men deý gözel duşar her bir ädimde. ...Sen ömürde diňe meni söýmersiň, Ýöne diňe men ýaşaryn ýadyňda. * * * «Goşgyny az ýazýaň soňky döwürde, Ýazsana köpräk» diýýärler maňa. Pikir edýän, Eger ýazmaly bolsam, Gury azap bermändirin galama. Men asmana bakyp ýazamok goşgy, Sebäp, Ne Aý görýän, Ne-de bir ýyldyz. Özün joşdurmasa şahyryň yşky, Aýdyň siz, Ol kimiň kalbyny ýyldar. Kä şeýlebir güldüm gözlem ýaşaryp, Käte bolsa şonuň ýaly agladym. Ýöne ýere däldir dolup-daşanym, Men olary goşgularma paýladym. Şeýdip rahatlandy däli gursagym, Goşgularym boldy iň güýçli lukman. Giň jahanda jaý tapmadyk pursadym, Ol wepaly dost deý ýetişer hökman. Belki, az bolandyr şeýle pursatlam, Meň goşgusyz geçen bolsa günlerim. Ýöne bir zat Lowlamasa gursakda, Men goşgyny köpräk ýazyp bilmerin. Meň köpräk ýazmagym gerekdir, belki, Ýitip gitmezligi üçin adymyň. Ýa-da siz meň ýazan goşgularymdan Tapdyňyzmy öz gözleýän zadyňyz. Eger gerek bolsa köpräk ýazmagym, Oňam ýöne ýere däldigi aýan. Gorkýan, Menem şol bulut deý ýagmaryn — Asmanyň başyna salýan müň hyýal. Ýöne bir zat, Gerek zadyňyz näme, Galan ömrüm gözläp gezmäne kaýyl. Diňe kalbym getirmese heýjana, Men goşgyny ýazjak bolup ýazmaýyn. * * * Ne şatlyk bar, Ne gussa bar ýürekde, Biperwaý geçildi, gör, näçe menzil. Bir garagöz ýigit ýaly jadylan Poeziýa, Men nädip oňdumkam sensiz! Ýok, Sensiz oňmadym, Gözel poeziýa, Ýürekde tutaşdyň ýalyn-ot bolup. Penjireden Gün tyglaryn gezände Sen seretdiň maňa hakykat bolup. Käte ýürek balyk deýin urunyp, Maňlaýyma sepelände zerini, Eý, gözel poeziýa, Saňa ynandym Dostuma-da ynanmadyk syrymy. On ýedide enä açyp bilmedik Syrlam saňa siňdi ýuwaş-ýuwaşdan. Ylham joşsa, çüwýän ýaly bagtyňam, Men dünýä sygmadym çäksiz guwançdan. Soň elýetmez bir gudrata öwrülip, Akja bulut bolup galdyň asmanda. Maňa peşgeş berlen dünýäni sensiz Göz öňüme getiremok aslynda. Birdenem Ýürekde joşan duýgular Gurban boldy şol garamyk gözlere. Hernä, olam biwepalyk etmedi Ýüregimiň gany siňen sözlere. Söýdüm adamlary, Ak bulutlary, Olar gök asmana nagyş çekende. Gün ýylgyrdy, Pagyş para eredim Saçlaryma tylla reňkin dökende. Ah, ýöne... Birdenem ýata köl deýin, Biperwaý geçildi, gör, näçe menzil. Bir garagöz ýigit ýaly jadylan Poeziýa, Men nädip oňdumkam sensiz?! Ýürek joşup urunmady kenara, Meni munça günläp idemediň sen. Eý, gözel poeziýa, Gözel poeziýa, Aýt, munça günläp niredediň sen?! Bibi ORAZDURDYÝEWA. | |
|
√ Jeñnama / poema - 03.08.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessanyň dowamy - 03.03.2024 |
√ Kyssa -2: poemanyñ dowamy - 14.06.2024 |
√ Esger guýusy / poema - 19.08.2024 |
√ Jeñnama / poemanyñ dowamy - 05.08.2024 |
√ Ýol başynda ene bilen / poema - 14.09.2024 |
√ Gözleg / sonetler çemeni - 14.09.2024 |
√ Aşyk Aýdyñ / poema - 22.06.2024 |
√ Kyssa -4: poemanyň soňy - 22.06.2024 |
√ Daýanç nokady / publisistik poema - 14.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |