10:35 Ýok, hakym ýok! | |
ÝOK, HAKYM ÝOK!
Goşgular
![]() Ýok! Hakym ýok saňa nälet okara, Ýakmadyň ýüregmi biwepalykdan. Ýetilmedik umyt-arzuwlarymyň Yhlasyna özüm köýüp galypdym. Kalbymy päki deý gyýan hasratlar Bürgüt bolup inseler-de depämden. Ýok, hakym ýok seni ýigrenmäge-de, Durmuşdyr, Kynçylyk öňümde kän meň. Daşyndan gabanyp özge gyzlardan, Gabanyp-gabanyp ýanardym oda. Talaň salyp ýördüň duýgularyma, Sen beýle zatlardan bihabar ýa-da. Sen öýderdim bagtyň gözbaşy, Indi, Giç, wagty däl ýürek syrym açmagyň. ...Ýanyň bilen barýar garagöz gelin, Sypap gyzjagazyň tylla saçlaryn. Söýgimiň tarlary üzülmese-de, Şo ýerde üzüldi umyt tarlarym. Maňa nämä gerek kişiň bagtyna Badak atyp boljak bagtyýarlygym. Zyýany ýok. Kynçylykdyr, geçer bu, Yşga düşüp, köýen azmydyr başga. ...Siz barýaňyz bu köçeden howlukman, A men durun... Ýok, sen meni bagyşla! Bibi ORAZDURDYÝEWA. | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |