17:13 Durmuş öwrümleri | |
DURMUŞ ÖWRÜMLERI
Goşgular
Atamyrada Bu dünýä şeýlebir täsin, gyzykly — Beýik Taňryň guran beýik binýady. Oň ýollary çylşyrymly çyzykly, Hiç bir zat ýok oňa meňzeder ýaly. Munda her adamyň öz dünýäsi bar, Pikir etdigiňçe çuňlaşyp barýar. Şol dünýäde şeýle ajap pursatlar Hem şeýlebir agyr pursatlar bolýar. Döredýän adamlaň dünýäsi başga, Olaň yşky özgerdýär bu dünýäni. Her söze jan berip hem salyp keşbe, Altyna çalyşmaz ýeke jümläni. Olaň yşky — köňülleriň halysy — Öwşün atýan baharlarda, ýazlarda. Olaň yşky ýaşaýyşyň manysy bolup owaz edýär çeşme-çaýlarda. Aýdyp gidýär olar aýtjak zatlaryn Sözleň dürün goşup köňül sazyna. Söýüp dünýäň eşretlerin, şatlygyn, Maýyl bolýar ynsan köňül ýazyna. Äkitdimi joşup goşgy okanda Giden märekäniň edýän şowhunyn?! Görkezdi ol bu bagtyýar mekanda Il-ýurda söýgüsin şahyr oglunyň. Bibi ORAZDURDYÝEWA. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |