02:14 Şygryýet melekleri / makalajyklar toplumy - Bibi Orazdurdyýewa | |
BIBI ORAZDURDYÝEWA
Şygryýet melekleri
Türkmen zenan-şahyrasy Bibi Orazdurdyýewa 1950-nji ýylyñ 2-nji sentýabrynda Mary welaýatynyñ Sakarçäge etrabynyñ Goñur obasynda dünýä indi. Sakarçäge etrabynyñ 1- nji orta mekdebini 1966-njy ýylda tamamlap şol ýyl häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniñ türkmen filologiýasy fakultetine okuwa girýär, ony 1972-nji ýylda tamamlady. Ilki bilen Türkmen telewideniýesiniñ sazly gepleşikler radiosynda redaktor bolup, 1973-1780-nji ýyllar aralygynda işledi. Şoñ şol ýyldan başlap neşirýat gullugynda häzirki güne çenli uly hünärmen bolup işleýär. Döredijilik işi mekdep ýyllaryndan başlady. Ilkinji goşgulary 1965-nji ýylda etrabyñ "Hakykat" gazetinde çap edilip başlaýar. Meşhur şahyrymyz Atamyrat Atabaýewiñ aýaly bolan B.Orazdurdyýewanyñ "Bahar bolup ýaşasadym" (1975), "Oba gyzlary" (1979), "Altyn gupba" (Bibi Orazdurdýewa, Gözel Şagulyýewa, Tagangül Taganowa), "Saña" (1984), "Песня любви" (1987 ý, rus dilinde), "Durmuş şeýle owadan" (1996), "Aýa meni" (1982) ýaly goşgular kitaby çap edildi, şeýle-de "Watana bolan söýgüsi üçin" (1996) "Gaýrat" (2006) ýaly medallar bilenem sylaglandy. • B.Orazdurdyýewanyñ goşgularyndan: • TERJIMEHAL GOŞGY Obada ýaşardyk çaga mahalym, Daş-töweregimiz açyk meýdandy. Ol günler gyzygy, şatlygy bilen Süýjüje düýş bolup, uzakda galdy. Ol mahallar dünýä gamyma däldi, Bir ýetmezim — bir owadan gurjakdy. Ah, meň pukaraja çagalyk dünýäm, Sen ony henizem ýatlap ýörjekmi?! Soň ýetginjek döwrüm urdy bir heser, Ne özüme sygdym, Ne-de äleme. ... Ýöne meni söýmedi ol, şonda-da Hakydamda otyr häli-häzirem. Soň kem-kemden dogduk obam daralyp, Şäheriň telwasy köňle ornady. Bu giň Watanymyň dagy-düzleri, Sähralary öz erkime goýmady. Serhetlerden aşyp gezdim dünýäni, Gördüm Pyragynyň arzuwlan ýurdun. Nirelerde gezsemem, öz Watanym, Mährem atam deýin kalbymda durduň. Ýaşlyk döwrüm bahar bolup gülledim, Geýinipler gezdim gyzyl keteni. Ýöne käte bahyl gözler bakdylar, Çümdi ýüregime dilleň tikeni. Men özümi mydam belentde saýdym Pesliklerden, bahyllykdan, baýlykdan. Arşyň paýhasyndan gözledim ýolum, Döwlet tapdym kanagatdan, barlykdan. Käte bagtyň çür başynda pelpelläp, Ýöräp däl-de, uçup geçdim ýaşlygy. Käte bolsa çökder geldi çekerden Bu durmuşyň maňa atan daşlary. Ýöne şükürim kän ýaşan ömrümden, Bolmagyn islämok şundan başgaça. Bu mährem mekanyň mahmal goýnunda Bar zadym ýerbe-ýer bagtly maşgala. * * * Sen undup bilmersiň, Eger gözlermiň Odundan kalbyňda köz galan bolsa. Sen undup bilmersiň Suwjuk sözlerden Bez bolup, gursagyň gussadan dolsa. Sen undup bilmersiň, Gözüňe ilse Uçup barýan durnalaryň hatary. Altyn kuýaş bolup bassaň bagryňa Başyn aşak egen günebakary. Şirin aýdymlaryň süýji gussasy, Meň keşbimi alyp gelse ýanyňa. Çagyrmasaňam bor bagtly günüňde, Men kyn günüň ýetişerin zaryňa. Ömrüňe nur çaýan ajap dünýäňi, Sen undup bilmersiň — tutsa-da bulut. Ol on sekiz ýaşyň ýakan otlary, Galan bolsa süýji ýatlama bolup. Dar otagyň dolduranda çal duman, Al tüsse men bolup aýlasa başyň, Gyzlaň bagtly gözlerine bakaňda, Gözleriňe dolsa meniň gözýaşym — Sen undup bilmersiň, Dik bolsa başyň — Meniň barlygyma bolarsyň şärik. Heý, ýaşap bolarmy özüňi aldap, Heý, ýaşap bolarmy özüňden dänip?! Ýalan duýgularyň aldandyr seni, Diýmek, söýen dälsiň unutsaň meni. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||