11:38 Şadyýan gözel | |
ŞADYÝAN GÖZEL
Goşgular
«Durmuşa çykjak gyza» Gözleňde müýnüň ýok, Sen öýe bezeg. Näm üçin aglaýaň, Şadyýan gözel?! Ýatlaýaň güneşiň, Tylla zerlerin. Gulpagyň tasadyp, Gezen ýerleriň. Gyzlyk dünýäsinden, Gitmezden ozal, Näm üçin aglaýaň, Şadyýan gözel. Gyýylma gidýän diýp, Dogduk öýüňden. Bagtyňy taparsyň, Jandan söýülseň. Ýa ýaman görýärmiň, Başyň boglanyn? Ýa birinden kemmi, Söýýän oglanyň? Wah... aglap doýmadyň, Gutarar ýerde, Göýä egisýän deý Ulaşan derdiň. ... Ýok, ýok, agla bu gün, Aýyp görülmez. Gyzlyk dünýäň saňa, Gaýdyp berilmez. Bibi ORAZDURDYÝEWA. | |
|
√ Nädip gozgadyň / Goşgular - 09.12.2024 |
√ Boş bolgaý / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Ýigrimi ýyldan soñ / Goşgular - 12.07.2024 |
√ Daglar we adamlar / Goşgular - 10.12.2024 |
√ Saýhally hem sada / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Suw perisi / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Bu jany gördüm / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Meniň gimnim / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Şygyrlar / Goşgular - 14.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | |||
| |||