BU GÜN SAÑA EJIZLEMEK BOLMAÝAR
Bu gün saňa ejizlemek bolmaýar,
Kelläňi sämedip pikir-dumana.
Bu göreşde kimiň kimi ýeňeni,
Kimiň ýeňileni heniz gümana.
Ýöne indi öňkiňdenem mert bol sen,
Başyň belent bolsun,
Egilmesin hiç.
Ar-namysa,
Ynsabyňa berk bol sen,
Adam şol bagytdan ýeňilmesin hiç.
Olar bu gün seň kastyňa çykdylar,
Bet hyýallaň tüssesine bogulyp.
Sen gyýylma betpäl üstün çykdy diýip,
Geçen ýokdur öz pälinden sowulyp.
Başa iş düşende,köpräk pikir et,
Şükür et etmişden çekmeseň ejir.
Öz ýüregiňe ynam bilen höküm et,
Bu zatlaryň baryn biperwaý geçir.
Ömür dowam edýär,
O zatlar hiçdir,
Bilýäň,nämeler ýok gara göwünde.
Adam üçin iň ullakan ýeňişdir,
Halal bolsa ynsabynyň öňinde.
Bibi ORAZDURDYÝEWA.
Goşgular