16:37 Merdem geç | |
Merdem geç!
Goşgular
Yşk başa uranda uçmajak bolsañ, Asmandan geç, ganatdan geç, perden geç! Görogly deý esräp, göçmejek bolsañ, Agaýunus periden geç, Hüýrden geç! Gara daşdan gaýtma, ok deý atylsañ, Bal bile ýag bolgun ile gatylsañ, Bina galdyr ynsap bilen akyldan, Hazynañda altyndan geç, Zerden geç! Bir ýanda Hudaý bar, bir ýanda şeýtan, Aralykda bäş gün kylar sen seýran, Watana, il-ulsa ýetmese peýdañ, Peýdadan geç, haýyrdan geç, şerden geç! Toýda arlap, damak ýyrtar pul mesi, Degirmen ýörüder höküm-hemlesi, Döwür güni, howp abanan pillesi, Sen gerçek sen, Arslan bolup serden geç! Saparmyrat, göter iliñ derdini, Il depesne götermeýär her kimi! Ömrüñ berdiñ, sen ýene-de bergili, Bu dünýäde merdem ýaşa, merdem geç! Saparmyrat TÜRKMENBAŞY | |
|
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |