16:14 Meşhurlaň durmuşyndan: Wakalar hem aýtgylar | |
MEŞHURLAŇ DURMUŞYNDAN: WAKALAR HEM AÝTGYLAR
Degişmeler
Ýelekçi söwdagär Bir gezek Wiktor Gýugo Prussiýa (Germaniýaň bir bölegi) gidipdir. -Siz näme bilen meşgullanýaňyz?-diýip serhetde ondan žandarm sorapdyr. -Ýazýan. -Men sizden: “Näme bilen gazanç edýäňiz?” diýip soraýan. -Ýelek bilen. -Bolýa. Onda şeýle-de ýazaýarys: “Gýugo. Ýelekçi söwdagär”. Haýdan-haý kapyýa Bir gezek Kondyba familiýaly Puşkiniň tanyş serkerdesi oňa sorag beripdir: -Siz “рак и рыба” (leňňeç we balyk) diýen sözlere haýdan-haý kapyýa oýlap tapyp bilersiňizmi? -Baş üstüne,-diýip Puşkin jogap beripdir:- Дурак, Кондыба! (Akmak, Kondyba!). Serkerde gep alyp galmajak bolup ýene-de diýipdir: -Onda belki tersine, ýagny “рыба и рак” sözlerine-de ýüzugra kapyýa taparsyňyz?! -Gözel göwnüňiz, “Кондыба — дурак”. Başgap we kelle Bir gezek meşhur ertekiçi Gans Kristian Andersen Kopengageniň köçelerinde köne sypal başgapdyr, peti giden ýapynjaly seýil edip ýören ekeni. Şonda oňa sataşan tanyş jalaýlarynyň biri, degşesi gelip, dili gijäp Andersene ýüzlenipdir: -Aýtsaňyzlaň gadyrdan, bu siziň kelläňizdäki gözgyny bir zada “başgap” diýilýärmi? Andersen ýeke pursadam sakynman jogap gaýtarypdyr: -Elbetde. Ýöne aýtsaňyzlaň gadyrdan, bi siziň jalaý başgabyňyzyň astyndaky gözgyny bir zada hakykatdanam “kelle” diýilýärmi? Lomaý sahawat Bir gezek Aleksandr Dýuma ulusyna meşhur edebiýat tankytçysynyň ýas dessuryna sadaka hökmünde bäş frankdan ýygnaýandyklaryny aýdypdyrlar. Ol: -On frank alyň-da, iki sanysyny birden jaýlasaňyzlaň,-diýip, ýygnalýanyndan iki essäni uzadypdyr. Semizlik we arryklyk Bir gezek semiz adam henekçilsiräp arryk Bernard Şoua ýüzlenipdir: -Size seredeniňde siziň maşgalaňyzyň açlykdan ejir çekýändigi hakynda pikir emele gelýär. -A size seredeniňde bolsa şo betbagtçylygyň sebäbiniň sizdigi hakynda pikir döreýär!-diýip ýazyjy jogap beripdir. Ýaradylyşyň tertibi Bir gezek bir hanym Bernard Şoudan sorapdyr: -Nämüçin Hudaý ilki erkegi, soňam aýaly ýaradypdyr? -Erkegi ýaradýarka aýal biderek sowallarydyr-maslahatlary bilen ýüregine düşmez ýaly. Ýazmagyň usuly Bir gezek bir hatyn Bernard Şoudan maslahat sorapdyr: -Aýtasňyzlaň, gowy ýazyjy bolmak üçin nädip ýazmaly? -Çepden saga. AÝTGYLAR: “Çagalaryňyzyň bolmagynyň sizi ata-ene edişi, edil fortepiýanoňyzyň barlygynyň sizi pianist edişinden artyk däşdir” – Maýkl Lewin. “Birleri nirä barsalaram bagt getirýärler, beýlekileri – nireden gaýtsalaram” – Oskar Uaýld. “Men şeýlebir akylly welin, käte gürleýän zadymdan ýekeje sözüne-de düşünmeýärin” – Oskar Uaýld. “Optimist bu dünýä mümkinleriň iň gowusy diýip hasaplaýar. Pessimist munuň çyn bolmagyndan eýmenýär” – Robert Oppengeýmer. “Iň zyýanly zat – ömür. Ondan hemme kişi ölýär” – Mihail Zadornow. “Meşhur kişi – bu bütin ömrüne ady belli bolmak üçin yhlasly zähmet çekýän, soňunda bolsa tanalmazlyk üçin gara äýnek dakynyp gezýän adamdyr” – Fred Allan. “Adamy ýazgarmazdan öň onuň pätiňkesinde bir mil geç. Mundan soň bolsa tapawudy näme? Ol senden bir mil yzda, a sende bolsa onuň pätiňkesi!” – Billi Konnolli. “Harby ýesir – bu ilki seni öldürjek bolýan hem-de şowsuzlyga uçrandan soň senden özüni öldürmezligi haýyş edýän adamdyr” – Uinston Çerçill. “Şöhle sesden çalt ýaýraýar. Ine nämüçin käbir adamlar gepleýänçäler has nurana görünýärler” – Stiwen Raýt. “Gowy adam – bu nejisligi lezzet almazdan edýän kişidir” – Sergeý Dowlatow. “Dünýäni özgertjek bolsaňyz, ýekekäňiz ediň, öýleneňizsoň hatda teleýaýlymy-da başgasyna geçirip bilmersiňiz” – Näbelli awtor. “Men bu çykyşyň maňa ýarandygy üçin däl-de, onuň gutarandygy üçin çapak çaldym” – Näbelli awtor. “Ýigitler, men çagalara ynanamok. Olar bu dünýä biziň ornumyza geldiler” – Stiwen Kolbert. “Eger-de hatyn erkege ol iň akylly diýip aýdýan bolsa, onda ol ikinji bir şo derejede akmagy tapmajagyny anyk bilýändir” – Faina Ranewskaýa. “Sarkazm (kinaýa, teýene) – bu haçan-da siziň ýüzüňize ýakymsyz bir zat aýtmakçy bolnanda ulanylýan ýaşyryn sözleýiş usulydyr” – Näbelli awtor. “Sarkazm – akmaklary olara bildirmän masgara etmäge mümkinçilik berýär” – Näbelli awtor. “Taryh bize, adamlaň we halklaň haçan-da galan ähli usullary ulanyp, paltasy daşa degenden soň parasatly hereket etmäge başlaýandyklaryny öwredýär” – Abba Ebon. “Wagt bejerýär. Ýöne ondan soň diri galmagy başaran ýok” – Mihail Mamiç. “Bilim – bu adam mekdepde öwrenen hemme zatlaryny ýadyndan çykaransoň galýan zatdyr” – Albert Eýnşteýn. “Adamlaň näme pikir edýändigi hakynda ynjalykdan gaçmaň. Olar muny beýlebir ýygy-ýygydanam edip barmaýarlar” – Näbelli awtor. “Adamlar bilen oňuşmak ukyby jenjellerden ýadawlyk bilen bilelikde gelýär” – Mihail Mamiç. “Ybadathana barmak, edil ulaghana barmagyň sizi ulaga öwrüşi ýaly, sizi takwa edýär” – Billi Sandeý. “Hemme zady biler ýaly men o derejede ýaş däl” – Oskar Uaýld. “Ondan gowy adam çykdy. Erbedi bolsa galypdyr” – Mihail Mamiç. “Çyn jalbaryny geýýänçä, ýalan dünýäň ýarysyny aýlanmaga ýetişýär” – Uisnton Çerçill. “Durmuş agyr, ýöne eger-de sen akmak bolsaň, ol hasam agralýar” – Jon Ueýn. “Iň soňundan gülme – birdenkä saňa: “hemmelerden giç ýetýär” diýip pikir edäýmesinler” – Mihail Mamiç. “Eger-de hemme zat gowy barýan bolsa, diýmek onda siz nämedir bir zady ünsden düşürensiňiz” – Merfiniň kanuny. “Eger-de siz özüňiziň barlygyňyz-ýoklugyňyz hiç kimi gyzyklandyrmaýandyr öýdýän bolsaňyz, onda bergiňizi wagtynda bermän görüň!” – Näbelli awtor. “Goýnuň ömründe esasy zat – sürüdäki öz ornuny tapmak” – Mihail Mamiç. “Eger-de size goh turuzmak zerur bolsa, onda ýuwaşja turzuň” – Oliwer Hardi. Dürli internet materiallaryndan terjime edilip taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |