10:05 Mete han | |
METE HAN
Taryhy şahslar
• Oguz türkmenleriniň Beýik Hun döwleti barada Oguz türkmenleriniň Beýik Hun döwleti we onuň edenli hökümdary Mete han hakynda dürli ýurtlaryň taryhçylary köp sanly ýazgylary galdyrypdyrlar. Emma şol ýazgylaryň hiç biri-de özüniň ähmiýeti boýunça Hun döwleti bilen goňşuçylykda ýerleşen Hytaý taryhçylarynyň ýazgylary bilen deňleşip bilenok. Hun döwletiniň taryhyny bar bolan köp sanly ýoýulmalara garamazdan, dine hytaý çeşmeleri doly we yzygiderli beýan edýär. Mete han Hun hökümdary Duman Beýigiň iki oglunyň ulusy bolupdyr. Duman Beýigiň hökümdarlyk eden döwründe Mete han Hun döwleti bilen gonşuçylykda ýerleşen Ýuwejilerin döwletiniň köşgünde gulluk edipdir. Şazadalaryň keseki döwletiň köşgünde gullukda bolmaklary dünýä tejribesinde köp ulanylan däp bolupdyr. Şazada Metäniň ýuwejileriñ köşgünde gullukda bolýan wagty iki goňşy döwletiň arasynda özara dawa döräpdir we Duman Beýik Ýuwejileriň döwletiniň üstüne ýöriş geçiripdir. Bu waka Mätäniň janyna uly howp salypdyr. Ýöne, oňa ýyndam atlaryň birine atlanyp, bu ýurtdan gaçmak başardypdyr. Duman Beýik oglunyň edermenligine buýsanyp, oňa bir tümeni, ýagny 10 müň öýli ilaty dolandyrmaga beripdir. Şondan soň Mete öz nökerlerine harby tälim berip, harby işe türgenleşdirip başlapdyr. Mete han «şuwlap ses çykarýan oklary ýasapdyr, ýörite ýaý hem ok ussahanalaryny döredýär» Kakasy Duman Beýik ölenden soň Mete han b.e.o. 209-njy ýylda özüni «Şanýuý» diýip yglan edýär. «Şanýuý» hytaý dilinden türkmençä terjime edilende «Beýikleriň beýigi» diýen manyny berýär. Mete hanyň Hun döwletini dolandyryp başlan ilkinji ýyllary beýleki bir goňşy döwlet bolan Dunhunyň hökümdarlary her-hili ýollar bilen Hun döwletine yrsarapdyrlar. Mete han amatly pursata garaşypdyr we assyranlyk bilen güýç toplapdyr. Ahyrynda Dunhunyň hökümdary Mete handan serhetde ýerleşýän çöllük zolagy bermegi talap edipdir. Mete han bu barada özüniň begzadalaryna maslahat salypdyr. Begzadalar bir agyzdan şol ýeriň ulanmak üçin ýaramsyzdygyny aýdypdyrlar we şol ýeri dunhulara bermeli diýip karar edipdirler. Emma pähimdar Mete han olara: «Ýer döwletiň esasydyr, ony hiç kime berip bolmaz» diýip çürt-kesik jogap beripdir. Şundan soň Mete han dunhularyň üstüne goşun çekipdir we olary derbi-dagyn edipdir. Netijede uly ýerler gün-günden güýçlenýän oguz türkmenleriniň Beýik Hun döwletiniň düzümine goşulypdyr. B.e.ö 205-204-nji ýyllarda Mete Han Hun döwletiniň düzümine täze-täze ýerleri girizipdir. Mete han oguzlaryň ähli 24 taýpasyny bir ýere jemläpdir we hytaý taryhçysy Syma Sýanyň (b.e.ö. 145-90) ýazmagyna görä, onuň goşunynyň sany 300 müňe ýetipdir. Şeýle uly ýerleri öz içine alan we kuwwatly goşuny bolan bu ýurdy hytaýlylar öz ýurtlary bilen deneşdiripdirler. Hun döwletiniň kuwwatlanýan döwri Hytaýda raýatlyk urşy dowam edipdir we b.e.ö. 202-nji ýylda bu uruş gutarypdyr. Raýatlyk urşunda ýeňiş gazanan Lýu Ban Hytaýda Han imperiýasyny esaslandyrypdyr. Ol özüne Gaoszu tagt adyny alyp imperator bolupdyr. Han imperatory Gaoszu özi bilen goňşyçylykda güýçli Hun döwletiniň bolmagyny islemendir. Bu bolsa iki goňşy döwletiň arasynda uruş hereketleriniň başlamagyna getiripdir. B.e.ö. 200-nji ýylyň gyşynda Pinçen şäheriniň golaýyndaky Baýdyn obasynyň ýanynda iki goşun duşuşypdyr. Mete han öz atlylaryny dört bölege bölüpdir we han goşunlarynyň daşyny gabapdyr. Syma Sýanyn ýazmagyna görä, daşy gabalan Hytaý goşunlarynyň sany 320 müň, Mete hanyň atlylarynyň sany bolsa 400 müň bolupdyr. Emma belli rus taryhçysy L.N.Gumilýowyň hasaplamalaryna görä, hun goşunlarynyň sany 20-40-müňden geçmändir. Hytaýlylaryň gabawy aýyrmak hakyndaky haýyşlarynyň Mete han tarapyndan gowjenlik bilen ýerine ýetirilmeginiň sebäbini belli bir derejede hun goşunlarynyň hytaýlylaryňkydan birnäçe esse az bolmagy bilen düşündirmek mümkin. Gaoszunyň dowamly haýyşlaryndan soň Mete han hytaý goşunlarynyň daşyndan gabawy aýrypdyr. Şundan soň Hun döwleti bilen Han imperiýasynyň arasynda parahatçylyk we garyndaşlyk şertnamasyna gol çekilipdir. Şertnama boýunça Gaoszunyň gyzlarynyň biri Mete hana aýal edilip berilipdir we ol Han imperatoryndan ummasyz köp sowgatlary alypdyr. Mete hanyň döwründe hunlar bütewi bir oguz-türkmen milleti bolup ol 24 sany taýpadan ybarat bolupdyr. Her taýpanyn hokumdary bolup, olar şanýuýyň egindeşleri saýylypdyr. Mete hanyň döwründe hunlarda üç sany tanymal urug bolup, olar Huan, Sýuýbu, Lan diýlip atlandyrylypdyr. Huan köne oguz sözi bolup, ol «öküz», «sýuýbu», «Sübe» bolsa «ülke» manylaryny aňladýar. Hun döwletindäki ähli wezipeler şu üç uguryň wekilleriniň arasynda bölüşdirilipdir, sebäbi şanýuý özüne aýal edinip dine şu uruglardan bolan gyzlary almaly bolupdyr. Döwletdäki ähli wezipeler nesilden-nesle geçipdir. Mysal üçin, döwlet kazysy diňe sýuýbu urugyndan bolan adamlara berlipdir. Şu tanymal uruglardan başga-da, öz begleri tarapyndan dolandyrylýan uruglar hem bolupdyr. Oguz türkmenleriniň Beýik Hun döwletinde şanýuýdan, kazydan başga-da, Syma Sýanyn ýazmagyna görä, şeýle wezipeler we derejeler bolupdyr. 1) Gündogar we Günbatar Toky begi, 2) Gündogar we Günbatar begi, 3) Gündogar we Günbatar beýik serkerdesi 4) Gündogar we Günbatar duýuýy, 5) Gündogar we Günbatar Danhu, 6) Gündogar we Günbatar Gutlugy. Hunlarda dana adamlar toky diýlip atlandyrylypdyr we tagtyň mirasdary Gündogar Toky begi wezipesini eýeläpdir. Wezipeleriň we derejeleriň öňünde «Gündogar we Günbatar» sözleriniň getirilmeginiň sebäbi, bu döwlet iki ganata – sag (Günbatar) we çep (Gündogar) ganatlara bölünipdir. Bu wezipeleriň ählisini diýen ýaly şanýuýyň neslinden bolan şazadalar eýeläpdirler. Köşkdäki wezipeleri şazadalardan başga-da şanýuýyn neslinden bolmadyk zehinli we başarjaň begzadalar hem eýeläp bilipdirler. Olar «gutlug» diýlip atlandyrylypdyr. Gutluglar ýokary begzadalaryň «kömekçileri» bolupdyrlar. Öz hojaýynlary ýaly, olar hem aýry-aýry taýpalar bilen däl-de, merkekzi dolandyryş ulgamyna bagly bolup galypdyrlar. Ähli begzadalaryň özleriniň şahsy nökerleri bolup, uly begzadalaryňky 10 müňe, kiçiräkleriniňki bolsa birnäçe müňe ýetipdir. Şeýlelikde, hunlaryň döwründe begzadalaryň üç görnüşi bolupdyr: şazadalar, gullukçy begzadalar we tire-taýpa begzadalary. Şu uly güýç bilen şanýuýlar hemişe ylalaşmaly bolupdyrlar, sebäbi döwletiň syýasy durmuşynda olaryň uly ähmiýeti bolupdyr. Hunlaryň döwründe oguz-türkmenleriniň durmuşy ozboluşly kanunlar bilen düzgünleşdirilipdir. Hytaýly taryhçylaryň ýazmagyna görä, «olaryň kanynlary ýeňil we ulanmak üçin amatly» bolupdyr. Agyr jenaýatlar edilende ölüm jezasy berlipdir. Oguz-türkmenlerinde ogurlyk aýratyn bir ýigrenilýän jenaýat hasap edilip, ogry diňe bir emläginden däl, eýsem maşgalasyndan hem jyda düşürilipdir. Mete hanyň döwründe hunlarda adatdan başga-da, döwlet kanunlary hem ýüze çykypdyr. Harby düzgün–nyzamy bozanlara, gulluk etmekden boýun gaçyrýanlara ölüm jezasy berlipdir. Bu kanunlar Mete hanyň döwründe Hun jemgyýetiniň bitewileşmegine, güýçli goşunyň emele gelmegine we şularyň netijesinde bolsa Hun döwletiniň Aziýada kuwwatly döwlete öwrülmegine getiripdir. Hunlarda gulçulyk bolupdyr, ýöne Aziýa üçin häsiýetli bolan bergidarlyk gulçulygy bolmandyr. Hun öz ýurdunda hiç haçan gula öwrülmändir. Gullar esasan ýesir düşen kese ýerliler bolupdyr. Gullar hojalyk işlerinde ulanylyp, olaryň ýagdaýy beýleki ýurtlardaky gullaryňkydan ýeňil bolupdyr. Hun döwletiniň bütin taryhynda gul söwdasy alnyp barylmandyr. Mete hanyň geçiren özgertmeleri oguz-türkmenleriň ata-ogul gatnaşyklaryna esaslanýan jemgyýetini kämilleşdiripdir we harbylaşdyrylan Hun döwletiniň kemala gelmegine ýardam edipdir. Her bir hun kişisi esger hasap edilipdir. Esgeriň özüniň serkerdesi bolup, ol oňa doly suratda boýun egipdir. Mete hanyň geçiren özgertmelerinden ählumumy harby borçlylyk, öz serkerdäňe gürrüňsiz boýun bolmak we derejeleriň girizilmekligi, aýratyn hem ýere döwletiň esasy binýady hökmünde garamaklyk, hun taýpalarynyň bir ýere jemlenmekligine giň mümkinçilik beripdir. Munuň özi tire-taýpa gurluşynyň dargamagyna päsgel beripdir we bu gurluşyň birnäçe asyrlap dowam etmegine ýardam edipdir. Ýönekeý hun söweşiji bolup doglupdyr we ömrüniň ahyryna çenli şol derejesinde-de galypdyr. Hun ýigdiniň esgerligi ony ähli kynçylyklardan mäkäm gorapdyr, erkin adam bolup galmagyny kepillendiripdir. Parahatçylyk döwri ýönekeý esger öz mallarynyň yzynda gezipdir, harby türgenleşik bilen meşgullanypdyr we dynç alypdyr. Hytaýly taryhçylar «hunlarda esgerler şadyýan ýaşaýarlar» diýip belläpdirler. Şol sebäpden hem araçäk ýerlerde ýaşaýan hytaýlylar häli-şindi erkinlikde ýaşaýan hunlaryň arasyna gaçyp gidipdirler. Hytaýlylar hun goşunynyň umumy sanynyň 300 müňe barabardygyny belläpdirler. Bu bolsa hunlaryň şol döwürdäki ilatynyň umumy sanynyň 1,5 million töweregi bolandygyny anladýar. Hunlaryň goşunynyň esasyny atlylar düzüpdir. Esasy ýaraglary bolsa ýaý bolupdyr. Hunlaryň örän okgunly hereket edýän atly goşunynyň öňünde duşmanyň ne pyýada, ne-de agyr ýaraglandyrylan atly goşuny durup bilipdir. Hun goşunynyň esasy söweş tilsimi garşydaşyny tapdan düşürmek bolupdyr. Kä yza çekilip, käte-de gabawa salyp, hunlar öz garşydaşlaryny ýadadypdyrlar. Şeýle söweş tilsimi ulanylanda garşydaş tarapyň birnäçe günüň dowamynda halys tapdan düşürilen ukusyz we aç esgerleri ýaraglaryny taşlap, boýun bolmaga mejbur bolupdyrlar. Olaryň ýeke-täk arzuwy garynlaryny doýrup, ýatmak bolupdyr. Ýalandan yza çekilen bolup, hun goşunlary duşmany gabawa salypdyrlar we özüne göwni ýetýän garşydaşyny derbi-dagyn edipdirler. Haçan-da, duşman aýgytly hüjüme geçeninde hun atlylary hytaý taryhçylarynyň ýazyşlary ýaly, gaýtadan jemlenmek we garşylyklaýyn hüjüme geçmek üçin «guş sürüsi kimin dyr-pytrak» bolup dargapdyrlar. Oguz-türkmenleriniň Beýik Hun döwletiniň taryhyny ýazan alymlar «Hunlary kowmak ýeňil, ýeňmek kyn, derbi-dagyn etmek bolsa asla mümkin däl» diýip ýazypdyrlar. Taryhçylaryň hun goşuny hakyndaky ýazan bu pikirleri türkmen taryhynyň ähli döwürleri üçin häsiýetlidir. Mete hanyň döwründe Oguz-türkmenleriniň Beýik Hun döwletinde halk döwlete salgyt tölemändir. Sebäbi adaty jemgyýet üçin salgyt tölemeklik ýat hadysa hasap edilýär. Erkin esger salgyt tölemäge razy bolmandyr, üstesine-de, salgyt tölemeklige öz erkinligine şikes ýetirýän hadysa hökmünde garapdyr. Hun döwletinde salgytlar boýun egdirilen ýapja taýpalardan we halklardan ýygnalypdyr ýa-da uruşlar döwri alnan oljalar döwlet serişdeleriniň esasyny duzüpdir. Oguz türkmenleriniň Beýik Hun döwletiniň özboluşly jemgyýetçilik gurluşy bolupdyr. Mete hanyň döwründe hun jemgyýeti atalyk deplerine esaslanypdyr. Ýagny, ogul ene kowmuna däl-de, ata kowmuna degişli bolupdyr. Uly agasynyň dul galan gelni hunlarda ýuwurjisine dakylypdyr. Hun jemgyýetiniň aýratyn taraplarynyň biri-de, uruglaryň, kowumlaryň nesilleriniň ähli agzalary biri-biri üçin jogap beripdirler. Urugyň ýa-da maşgala agzalarynyň eden jenaýaty üçin olaryň ählisi bile jogap beripdirler. Bu bolsa hun jemgyýetiniň berk we uzak wagtlap dowam etmeginiň möhüm şertleriniň biri bolupdyr. Hunlarda tire-taýpa serdary şol tire-taýpanyň bähbitlerini araýan özboluşly wekil bolup, ol öz taýpasynyň goldawyna daýanypdyr. Şol sebäpden hem ägirt uly imperiýada şanýuý hem uly goldawdan hem-de uly abraýdan peýdalanypdyr. Çünki şanýuý golasty halklar üçin hökümdar, hunlaryň özleri üçin bolsa ata hasap edilipdir. Munuň özi hun döwletiniň uzak ýyllaryň dowamynda saklanyp galmagyna mümkinçilik beripdir. Oguz türkmenleriniň Beýik Hun döwletiniň kemala gelmeginde, onuň kuwwatly imperiýa öwrülmeginde we şol döwrüň türkmen jemgyýetine laýyk gelýän gurluşynyň kemala gelmeginde Mete hanyň ägirt uly hyzmaty bardyr. Mete han tarapyndan döredilen gurluş urug gatnaşyklaryny berkidipdir we ol gurluş ylmy dilde «gerontokratiýa» – urugyň ýaşulysynyň häkimiýeti diýlip atlandyrylýar. Elbetde, urugyň ösen ulgamynda urugdaky şahslaryň ýaşynyň ulylygy kän bir hasaba alynmandyr. Sebäbi urug gurluşynda ýaşulylygyň çylşyrymly hasabaty ýöredilipdir. Şonuň üçin hem, kähalatlarda, täze doglan oglanjyk urugyň iň garrysyndanam «ýaşuly» bolupdyr. Urug begzadalary ähli häkimiýeti öz ellerine almak bilen halk maslahatyny, urug serdarlarynyň ýygnagy bilen çalşyrypdyrlar. Halk maslahaty Hun döwletiniň taryhyna degişli maglumatlaryň arasynda duş gelmeýär, oňa derek urug serdarlarynyň we begzadalarynyň ýygnagy ýylda iki gezek yzygiderli geçirilipdir. Şol sebäpden hem Hun döwletiniň taryhyny öwrenen alymlar ony urug imperiýasy diýip atlandyrypdyrlar. Emma şeýle çylşyrymly we täsin gurluşy döretmek ýeňil iş bolmandyr. Munuň üçin şeýle döwleti esaslandyryjynyň diňe bir asylzada gelip çykyşynyň bolmaklygy zerur bolman, eýsem şeýle adamda ägirt uly harby zehiniň bolmagy hem hökman bolupdyr. Hut şu sypatlary hem döwleti esaslandyryjy Mete handa görmek bolýar. Hut onuň ägirt uly başarnygy we erki bilen kuwwatly döwlet döräpdir. Mete han aýratyn hem döwletde tertip-düzgüniň berjaý edilmegini gazanypdyr. Şu düzgüne garşy gidýänlere berk çäre görüpdir. Bu bolsa hun jemgyýetinde ula hormat goýmak däbiniň harby düzgün-nyzamlylyk bilen has hem berkemegine getiripdir. Şol sebäpden hem Hun döwletiniň mundan beýläkki taryhynda tertip-düzgün bozulma hadysalary hakynda bir ýerde-de ýatlanylyp geçilmeýär. Çingiz han döwrüniň döwlet işgäri Ýelýuý Çusaý «At münüp döwlet döretmek bolar, ýöne at münüp döwleti dolandyryp bolmaz» diýip aýdypdyr. Şu pähime Mete han Çingiz hanyň döwründen müň ýyldan hem öň düşünipdir. Öz dolandyryşynyň soňky ýyllarynda ol hytaýly gaçgak emeldarlaryň hyzmatyndan hem giňden peýdalanypdyr. Mete hanyň ogly Gök han hem bu meselede atasynyň ýoluna eýeripdir. Mete han edenli hökümdar, başarjaň serkerde bolsa-da, goňşy döwletler - esasan hem Hytaý döwleti bilen parahatçylykly gatnaşyklary alyp barmaga çalşypdyr. Öz hökümdarlyk eden ýyllyrynda şeýle syýasytan ýöredilmegi Mete hana Aziýanyň ägirt uly giňişliklerinde parahatçylygy we asudalygy kemala getirmäge mümkinçilik beripdir. Şeýle syýasatyň netijesinde halklaryň arasynda söwda we medeni gatnaşyklar başlanypdyr. Mete hanyň döwründen birneme soňrak Gündogar bilen Günbataryň arasynda «Beýik ýüpek ýoly» diýip atlandyrylan uly söwda ýoly açylypdyr. Şu ýoluň açylmagynda we soňra gülläp ösmeginde Mete hanyň uly hyzmaty bardyr. Sebäbi Hytaý bilen Günbatar ýurtlarynyň arasynda Mete han tarapyndan döredilen merkezleşdirilen asuda oguz döwleti ýerleşipdir. B.e.ö. 209-njy ýyl oguz-türkmenleri üçin iň bir jogapkärli sene bolupdyr. Sebäbi onuň ykbaly çözülipdir. Eger-de, Mete hanyň başarjaňlygy we akyl-paýhasy bolmadyk bolsa, hunlar öz güýçlerini gürrüňsiz tire-taýpa oňşuksyzlygyna we özara uruşlara sarp ederdiler. Şonuň üçin hem Mete hanyň geçiren özgertmeleri oguz-türkmenlerini galkyndyrypdyr we ägirt uly imperiýanyň kemala gelmegine getiripdir. Mete han b.e.ö. 174-nji ýylda aradan çykypdyr. Onuň amal eden işleri ýene-de 300 ýyllap dowam edipdir we nesillerinden hiç kim Mete han bilen bäsleşip bilmändir. Jumadurdy ANNAORAZOW, taryh ylymlarynyñ kandidaty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |