10:19

Mete han / romandan bölek

Taryhy proza
Категория: Taryhy proza | Просмотров: 818 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy proza bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 14
0
1 Garaýolly  
27
Ajayyp eser

0
2 Bagabat  
43
@Has, bagyşla, ýöne entek bu roman dolulygyna ýazylmadyk. Ygym-sagym epizodlar görnüşinde. Olary birleşdirip, belli bir görnüşe getirmänem, hödürlän bolmak, özüňi masgaralamak ýaly bir zat boljak. Aslynda-ha dogrusy, şu epizodam goýýanymyň sebäbi, janymy barlap göresim geldi. Belki başga biri has gowy, has düýpli edip ýazandyr ýa-da Mete han, onuň döwri barada öň mälim bolmadyk gyzykly maglumatlary habar berer diýip. Mysal üçin, Kürşat beg we onuň kyrk ýigdiniň Tan imperatorynyň köşgüne hüjüm edişleri hakynda saýtda goýan maglumatlaryňyz, göktürkmenler hakynda romanyň tutuş gurluşyna täzeden garamaklyga itergi berdi. Şonuň ýaly maglumatlaryň Mete han barada-da ýüze çykmagy gaty ähtimal. Anyk ýadym-a düşmeýär welin, ýazyjylaryň biri, eseri ýazyp bolanyňdan soň ony bir-iki ýyllap tekjede goýmaly, şol ýyllar geçenden soňam oňa täzeden bir seredip, onsoň köpçülige hödürlemeli diýipdir. Dogry pikir diýip hasap edýärin. Ýazylan zat güýmenje üçin däl-de çynlakaý zat bolsa, ony hökman şeýtmeli.

0
3 Bagabat  
43
Munuň ýaly taryhy zat ýazanyňda bolsa mesele juda kän. Mysal üçin, hunlaryň geýimleri, olaryň başyndaky sopbaç nähili atlandyrylypdyr, "başlyk" diýipmi?! Elbetde, munuň ýaly kinniwanja jikme-jiklikleri okyjy ýazylan zady okanda ýüzüniň ugruna, düýbünden ähmiýet bermän okap geçip gidiberýän ýaly. Şonuň üçinem okyjynyň ähmiýet bermeýän, bolgusyzja detaljygy agtaryp on günläp interneti sökmek nämä gerek? "Sopbaç" diý, "şypyrma" diý, "başgap" diý, "başlyk" diý, "börük" diý, "telpek" diý, "gulakjyn" diý, "zömmekçe" diý, "uçdepelik" diý, söz gytmy, diýsene?! Emma, hakykatda welin beýle däl. Taryhy eseriň, aslynda-ha her bir eseriň hem birinji maksady okyjynyň şol beýan edilýän wakanyň içinde ýaly bolmagyny, hut özi başdan geçirýän ýaly bolmagyny gazanmak. Bu maksat hem diňe şonuň ýaly, şeýle seredeniňde göze görünmeýän ýaly bolup görünýän ownuk-uşaklyklaryň kömegi bilen üpjün edilýärmikä diýip pikir edýärin. Bozgurtlar barada bir zat ýazyp durkaň "onuň söweş geýminiň üstünden bronežilet geýlipdir, awtomatyň okuny saklar ýaly berk titandan we kewlardan" diýip ýazsaň beýan edilýän wakanyň barça özünçekijiliginiň ýitjekdigi öz-özünden düşnükli zat.

0
4 Bagabat  
43
Her hili adamlar bar. Bir-iki ýyllykda saýtlaryň birinde Markiz de Sada "ajaýyp ýazyjy" diýlip, onuň aradan çykmagynyň 200 ýyllygy mynasybetli gynanç bildirilen ýerini hem okapdym.

0
5 Bagabat  
43
Elbetde, adam bar ýerinde hemme zat bar. Azgynçylygam bolup biler. Ýöne beýle kadadan çykmalar hut tebigatyň özüne garşy. Ýaňky agzaýan ýeriň bolsa, belki awtoryň ýalňyşlygydyr, belki çakdan aşa kellesiniň gyzmagydyr, belki özüne ünsi çekip aňsat meşhurlyga bolan ymtylyşydyr...

0
6 Bagabat  
43
Dogrusy, şü edebiýatda tankyt meselesi juda köptaraply mesele. Ilki bilen-ä ony naýza haçjardyp garşy almajak bolmaly, eger-de ol hakykatdanam tankyt bolsa, günesöwerlik bolmasa. Ikinjidenem, eger-de öz ýazan zadyňa çynyň bilen ynanýan bolsaň, tankytça öz nukdaýnazaryňy ýetirmäge dyrjaşmaly, onuň bilen bir towuk ketege salnan iki sany jüýje horaz ýaly ütmeleşip başlamaly däl-de. Üçünjiden, tankytçynyň (ýene-de ýaňky aýdýanym, eger-de ol hakykatdanam tankytçy bolsa, hažžyk däl-de) hem saňa, seniň eseriňe ýagşylyk isleýändigine düşünmeli. Ýene-de bir bellemeli ýagdaý, adatça tankytçy (ýene-de ýaňky aýdýanym) ýazyjydan edebiýat, onuň nazaryýeti meselesinde kän-kän gezekler güýçli bolýar. Dördünjiden tankytça: "ilki özüň menden gowy ýazyp görkez, onsoň tankyt et" diýmekligiň ýalňyşlykdygyny unutmaly däl. Gurbannazar şahyrymyzyň aýdyşy ýaly "biri ýykmak bilen talant bolsa biri gurmak bilen talantdyr"  tongue . Tankytçy hem hut tankytda talantlydyr, eger-de...umuman ýene-de ýaňky aýdanym. Şeýle tankytçynyň mysaly hökmünde lenji çykanragam bolsa ýene-de W.Belinskiýni, Dobrolýubowy agzamaly bolýar. Bizde-de güýçli edebiýat tankytçylary köpdi, Öde Abdylla, Saýlaw Myradow, Nazar Gulla, Osman aga pahyr we ş.m.

0
7 Bagabat  
43
Öz mysalymda aýdanymda, takmynan 10 ýyl mundan ozal gadymy türkmenler barada bir zatjyk ýazdym, neşirem edildi, gowam garşylandy, hiç kim belligem etmedi. Emma häzirki döwürde toplan maglumatlarymyň esasynda şol zatjykda nähili agyr ýalňyşlyklar goýberendigimi açyk görýärin. Ýogsa şol wagt öz ýanymdan: "bäh maglumat baryny öwrenip ýazdym-aý" diýen bolýardym. Hakykatda welin...Müňlerçe ýyllar mundan ozal adamlaryň Zeminiň dörtburçdugyna ynanyşlary ýaly bir zat ekeni. Indi ol hekaýany üýtgetmeýändigimiň sebäbem, bu iş öz gözüňe çöp atan bolmak ýaly bir zat bolýar.

0
8 afrasyyap  
13
Ertir.comda okapdym şu romanyñ gysgaldylan görnüşini. Özem şony ýazan awtoryñ lakamam Ataýewdi öýdýän ýalñyşmasam. Awtor dogry aýdýar. Esasy okyjy şol wakasy gidýän eseriñ içine girip özi başdan geçirýän ýaly duýmagy. Edil kino görüp oturýan ýaly. Seresaply çemeleşmeli diýilýän gürrüñleri umuman goldamok. Osman Ödäñ Altynjan hanymy, J. Mülkiýewiñ Seljuklary, galyberse-de daşary ýurtly ýazyjylardan Ahmet Haldun Terzioglynyñ taryhy romanlary we ş.m. ýazyjylaryb romanlarynda seresaplylyk görünenok. Romanda Taryhy detallara ruhy öwüşgini bermek anyk taryhy çeşmelere görä salynmasa hemme taryhy romanlary okamaklygyñ peýdasam ýok, ýazmagam gerek däl. Bu meñ pikirim...

0
9 afrasyyap  
13
Taryhy romanyñ ýazylmagyna welin örän şat. Şular ýaly romanlaryñ köpelmegine özümem kömek berip biljek...

0
10 afrasyyap  
13
Romany dowam etdirip ýazyp durmaklygyñyzy arzuw edýärin!

0
11 Bagabat  
43
@afrasyyap, dogrusy bu temanyň teswirleriniň hiç birinde-de "taryhy wakalara seresaply çemeleşmek" hakynda ýazmadym. Teswirlerde-de taryhy detallara ünsli bolmak barada aýdylanda, eseriň taryhylyk şekilini, düzümini häzirki zaman düşünjeleri bilen morta bölmejek bolmalydygy göz öňünde tutulýar. Elbetde islendik taryhy waka hem awtoryň ýaşaýan zamanasynyň ýukajyk örtüginiň (prizmasynyň) aňyrsyndan seredilip, çeper beýan edilýär. Munuň başga hili bolmagy mümkinem däl. Sebäbi awtoram Aýdan (başga planetadan, başga döwürden, geljekden, geçmişden) gelen adam däl, ol elmydama öz ýaşaýan zamanasynyň, jemgyýetiniň bir ülüşjigi. Şonuň üçinem hatda jalbaryňdan çykyp bökeniňde-de isleseň-islemeseň islendik waka ýa-da şahsyýete baha bereniňde, onuň çeper keşbini çekeniňde özüňi emele getirýän ruhy gymmatlyklaryň, durmuşy ynançlaryň, öz ýaşaýan jemgyýetiň hem döwrüň edim-gylymlarynyň nukdaýnazaryndan hereket edýärsiň.

0
12 Bagabat  
43
Şonuň ýaly-da teswirlerde: "taryhy eser ýazylanda taryhy detallara ünsli bolmaly" diýmek bilen, islendik taryhy eseriň içini arhaizmlerden doldurmalydygy hem göz öňünde tutulmaýar. Dil hem edil jemgyýetçilik aňynyň beýleki ugurlary ýaly hökmany ýagdaýda jemgyýetiň özgerişi bilen bilelikde özgerýär. Öz eseriň öz döwrüňde we soňra gyzyklanyp okalmagyny isleseň hökmany ýagdaýda onuň dili öz döwrüňe görä bolmaly. Mysal üçin: muňa düşünmek üçin Kitaby Dädem Gorkudy öz asylky dilinde okajak bolup synanyşyp göräýmeli. Nähili gyzykly bolanda-da iki-üç sahypadan aňry geçip bilmän geçäýersiň. Şeýlelikde taryhy eser ýazylanda-da taryhylyk bilen ony farsa (ýeňiljek mazmunly komediýa) öwürmegiň arasynda altyn ortalygy tapmaga çalyşmaly.

0
13 afrasyyap  
13
@Has, onuñ tapawudy näme Osman Ode hem Seljuklylary ýamanlaýarda! Aslynda hemme taryhy patyşalar, şalar duşman gözünde basybalyjy, jeñbaz, zalym bolup görünýär dälmi? Bu obraz hakyky obraz! Özem Mahmyt Gaznaly şerap içýän eken. Eger hindistana yslamy ýaýýan bolsa, onuñ özi ilki bilen özüni düzetmeli. Soñ din ady bilen gitmeli eken. Ol taryhda dini yayyan hökmünde görkezilen. Özi bolsa kim bilyar pespal adam bolan bolsada bolandyr. Yöne name oña şol obrazy esasy waka bilen taryhyñ gerdişine görä şeyle siñdirmek gerek bolup duryar. Menä şeýle pikirde. Bilemok beylekiler nähili pikirde. Jogabyña garaşyan jenap @Has,!

0
14 afrasyyap  
13
Seresaply çemeleşmän men mysal üçin bir roman yazjakda internet köpçüligine görkezjek. Şonda okajak okap, tankytlajak tankytlar, ana şonda düzedip bolyar diyjek bolyan. Näme gep uzaldyp otyrsyñ @Has???

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]