02:09 Migrantlaryñ ynjalyksyzlygy | |
MIGRANTLARYÑ YNJALYKSYZLYGY
Publisistika
Anyk sany jedelli bolsa-da, millionlara ýeten Türkiýedäki migrantlar üçin 28-nji maýdaky prezident saýlawlary iñ esasy mesele bolup durýar. Oppozisiýa häkimiýet başyna gelen ýagdaýynda ähli daşary ýurtlardan gelen migrantlary iki ýylyñ dowamynda ýurtdan çykarjakdygyny aýtsa, häkimiýetdäki partiýa saýlawçy seslerini ýitirip biljekdiginden gorkup, migrantlaryñ tapgyrlaýyn ýagdaýda ýurtlaryna ýollanjakdygyny aýdýar. A migrantlaryñ özi bu babatda näme pikir edýär? Türk syýasatçylarynyñ özleri baradaky beýanatlaryndan ynjalyksyzlanýarlarmy ýa ýurtlaryna dolanmaga taýýarmy? Türkiýedäki migrantlary üç topara bölmek mümkin. Birinji nobatda iñ köp topary düzýän siriýalylar bar, migrantlaryñ arasynda özlerini gaty arkaýyn duýýanam şolar. Hem Türkiýede, hem serhediñ añyrsynda Türk Ýaragly Güýçleriniñ gözegçiligi astyndaky sebitde ýaşaýan siriýalylar Ankaranyñ howandarlygynda astyndadygyny bilýändikleri üçin özlerini diýseñ arkaýyn duýýarlar. Şeýle-de, siriýalylaryñ aglabasy geçen ýyllardanam prezident Erdogantñ saýlawlardaky üstünligine gözli şaýat we öwrenşikli bolandyklary üçin bu gezegem onuñ üstün çykjagyna tüýs ýürekden ynanýarlar, şonuñ üçinem olar oppozisiýanyñ berýän beýanatlaryna o diýen ünsem bermeýäne meñzeýär. Ikinji nobatdaky owganlar öz aralarynda iki topara bölünýär. Birinji topardakylaryñ köpüsi puluny töläp raýatlyk alandyklary üçin syýasy taýdan gaýgy duýanoklar. Her näme-de bolsa, olar aty alyp Üsküdary geçenler. Ikinji nobatyñ ikinji toparyny bolsa sany ýüzlerçe müñe ýeten gaçgak owganlar düzýär. Iñ köp gaýgylanýanlaram şolar. Olaryñ her biri ýurtlaryna ugradýan pullary bilen yzda galdyran gol doly maşgalasyny ekleýär. Pul ugratmadyk ýagdaýlarynda maşgalalarynyñ aç-hor boljakdygyny bilip durlar. Bu adamlar Türkiýede gaçgak ýagdaýda ýaşap ýörendikleri üçin iñ agyr işlerde iñ pes hak-heşdege işleýärler, ortaça aýlyk haklary 400-500 dollar çemesi bar. Ýöne türk lirasynyñ walýuta çalşygyndaky hümmetsizlenip durandygy sebäpli her aý ellerine az pul düşýär. Şeýle-de, gaçgak owganlar siriýalylardan tapawutlylykda elinde hiç hili kanuny güýjünde resminamalary bolmandygy üçin bosgun hökmünde-de kabul edilenok, aýratynam BMG we beýleki guramalardan migrasion kömegi-de alyp bilenoklar. Türkiýede ýaşaýan türki babadaşlarymyz Owganystan barada aýdanda bolsa; hakykatda Talibanyñ 2021-nji ýylyñ tomsunda häkimiýet başyna geleninden bäri bu ýurtda uruş we çaknyşyk togtady, agzybirlik we howpsuzlyk üpjün edildi. Emma işsizligiñ penjesinde urunýan Owganystanda ýagdaý barha ýaramazlaşýar. Işläp biläýjek ýaşdaky erkekleriñ köpüsi ýurduñ daşyna gidendigi üçin owgan obalarynda iñlär siñer ýok, yzda galan maşgalalar we garry-gurtylar daşary ýurtdaky çagalarynyñ ugradan puly bilen güzeranlaryny dolaýjak bolýarlar. Edil şumat owgan bolaýmak añsat däl. Gidenlerem dertli, galanlaram. Türkiýede gaçgak bolup işleýän ýaş owgan üç ýyllap her gün 10 sagat işlese-de, öýlenmek üçin gerekli 10 müñ dollaryny üýşürip bilmeýänliginden zeýrense, ýurdunda galan başga bir owgan ýigidi obasyndan alyp ugradan wideosynda "Bärde iş ýok, bar edip bilýän zadymyz jan gaýgysyndan ýollary arşynlamak. Siz Eýranda ýa-da Türkiýede işleýän ýaşlar, ol ýerlerde diñe garnyñyzy doýurmak üçin işleseñizem işläñ, ýöne yzyñyza bir geläýmäñ, bärde iş ýok" diýip, daşary ýurda giden ýaşlara seslenýär. Migrantlaryñ deportasiýa edilmeginden gaýgylanýan ýene bir gatlagam birnäçe ýyl bäri Türkiýede ýaşap ýören türki halklar. Bularyñ başyny çaga seredýän eneke,, syrkawa seredýänçi, öý bikesi, hyzmatkär, kurýer ýaly işlerde işleýän türkmen we özbek babadaşlarymyz çekýär. Türk dilinde suwara gürläp bilýän we Türkiýäni ikinji watany ýaly görýän bu adamlar hökümetiñem, oppozisiýanyñam Türkiýede daşary ýurtlylary aýyl-saýyl etmezligine janlary ýanýar. Olaryñ bar umydy türki halkdan bolandyklary üçin özlerine ýörite statusyñ berilmegi, başgaça aýdanda, bimöhlet ýaşamaga we işlemäge rugsat berilmegi. Otuz ýyldan gowrak wagt bäri türk dünýäsiniñ bileleşmegi we bitewileşmegi üçin jan çekýän Türkiýe Respublikasy türki garyndaşlarynyñ sesine diñ salmaly. Ýogsam bolmasa, TİKA, TRT-AVAZ, Diýanet, YÖK, Türk Geñeşi ýaly guramalaryñ nijeme ýyllap çeken azaby püçege çykyp biler. Elbetde, dünýäde birnäçe ýurt öz garyndaş halklaryna birnäçe artykmaçlyklar we hak-hukuklar berýär, şonuñ üçin Türkiýäniñem şeýtmegine garaşmak gaty kän zadyñ tama edildigi bolmasa gerek. Meselem, Germaniýa Ikinji jahan urşundan soñ häzirki çäkleriniñ daşynda galan ähli nemeslere raýatlyk hukugyny beren bolsa, Ysraýyl dünýäniñ nirsinde bir jöhit bolsa, getirip hemmesini öz ýurduna ýerleşdirýär. Türkiýäniñ olar ýalam etmegi gerek däl. Diñe Türkiýä işlemäge gelýän özbek, türkmen, gazak, gyrgyz, uýgur ýaly türki kowumdaşlaryna bimöhlet ýaşamaga we işlemäge rugsat berse ýeterlik. Ýatdan çykarmalyñ, biziñ bilen birmeñzeş dilde gepleýän, birmeñzeş medeniýeti bolan bu adamlaryñ göwünleri-de biziñ bilen. Olary öýkeletsek, Türk dünýäsi arzuwy bilenem hoşlaşyp bileris. Bosniýadan Gündogar Türküstana çenli uzaýan ümmülmez türk geografiýasyny gazanmagyñ ýeke-täk ýoly diñe ol ýerlere gidip metjitleri, ýokary okuw jaýlaryny, ýollary, köprüleri, söwda merkezlerini gurmakdan däl-de, göwünleri awlamakdan geçýär. Owganystanly bir türkmen ýigidiniñem diýşi ýaly, özüñ türki halkdan bolup Türkiýede arkaýyn ýaşap bilmejek bolsañ, onda Türk dünýäsinden söz açan bolup oturmagyñ manysy näme? Esedulla OGUZ, Türkiýeli türkmen žurnalisti. Şenbe, 27.05.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |