MILLI DÄPLERIMIZ − EDEP GÖZBAŞY
Asyrlaryň gatlarynda döräp, halkymyzyň durmuşyna berk ornaşyp, milli ruhy baýlygymyza öwrülip giden däp-dessurlarymyzyň tutuş bir toplumy özüniň täsinligi, gyzyklylygy bilen haýran galdyrýar. Olaryň haýsy biri hakda gürrüň edilse-de, beýleki halklaryňka meňzemeýän milli özboluşlylygy, aýratynlygy görmek bolýar. Onuň düýp mazmuny bolsa ynsana, nesillere edep-terbiýe bermeklige ýugrulandyr. Türkmen halkyna mahsus bolan watana, il-halka, ene-ata, dost-ýara wepalylyk, sadalyk, lebizlilik, ulyny sylamak, batyrlyk, myhmanparazlyk, şahandazlyk ýaly birnäçe ajaýyp sypatlar şol däp-dessurlarda jemlenen.
Şeýle ajaýyp däp-dessurlaryň biri hem OTURYŞMAK däbidir. Oturyşmak däbi esasan Daşhowuz welaýatynda rowaçdyr. Ol gadymdan häzirki günlere çenli hem dowam edýär. Oturyşmakdan başga-da oňa «Gürrüň ýaran» hem diýilýär. Oturyşmak diňe gyş döwri agşamyna geçirilýär. Sebäbi bu döwürde ekin-dikin ýygnalyp, adamlaryň eli birneme boşaýar, gün gysgalyp, gije uzaýar, şeýle çäräni geçirmeklige şert döreýär.
Oturyşma ýetginjekler, uly erkek adamlar gatnaşyp, öz deň-duşlary bilen 15-20 adamdan ybarat topar döredýärler. Ol köplenç hepdäniň şenbe güni agşam ýa-da toparda adam köp bolsa hepdede iki gezek geçirilýär. Şeýlelikde, oturyşma bütin gyş dowam edýär.
Oturyşma gatnaşjak adamlar ilki öz aralarynda il içinde sylanýan, musulmançylygyň düzgünlerini doly bilýän, takwa adamy oturyşmanyň hany edip saýlaýarlar. Oturyşma ilki şol hanyň öýünde başlanýar, soňkusy hem hanyň öýünde geçirilip, oturyşmanyň jemi jemlenýär. Jemleýjide gatnaşyjylar tarapyndan oturyşma oňat ýolbaşçylyk edenligi üçin hem hana hormat-sylagdan nyşan hökmünde oňa don, telpek ýa şuňa meňzeş bir zat serpaý edilýär.
Ilkinji oturyşmada oturyşmanyň düzgünleri, tertibi maslahat edilýär. Ol düzgünler şeýle: oturyşmadan galmak bolmaýar, eger saý-sebäp bilen galynsa, oturyşmanyň agzalaryna, hana öňünden duýdurmaly ýa-da habar ibermeli. Gijä galmak, baş geýimsiz ýa-da içgili ýagdaýda gelmek bolmaýar. Gödek sözleri, başga diliň sözlerini ulanmak bolmaýar. Sözläňde edepli, salykatly, türkmençe gürlemeli. Jaýda çilim çekmek, nas atmak gadagan, handan rugsat sorap daşary çykmaly.
Oturyşma geçiriljek ýerde irgözinden baýramçylyk şowhuny bilen taýýarlanylýar. Dowar soýulýar, milli tagamlar taýýarlanylýar. Oturyşmaçylar gelenden soň, çaý başyňda hal-ýagdaý soraşylýar, obadaky ýagdaý, hojalyk meseleleri barada gürrüň edilýär, pikir alşylýar. Soňra oturyşmany gyzykly edýäň, şowhunly peçiz oýnuny oýnamak başla¬nýar. Peçiz gadymy türkmen oýny bolup, ol esasan oturyşmada oýnalýar. Peçize dört sany adam gatnaşýar, ikisi beýleki ikisine bäsdeş bolýar Gezekli-gezegine ýylanbaşdan ýa-da ýörite süňkden ýasalyp edilen ýedi düwme ortada ýazylan saçaga düşer ýaly ýokary zyňylýar. Ýylanbaşlaryň arkan ýa-da ýüzin düşüşine garap hem gapdalda duran ýörite matanyň ýüzüne çekilen tablisa boýunça at göçýärler. Her tarapyň tapawutly dört aty bolýar. Oýun kesgitli wagtda gutarmaýar, ol uzaga-da çekip biler, gysga wagta hem. Oýna gatnaşmaýanlar oýun dowam edýärkä, taraplara janköýerlik edip, şowhunyny ýetirýärler. Gyjalat berýärler, heşelle kakýarlar, goldaýarlar. Oýun gutaransoň, iň bir gyzykly ýeri gelýär. Utan tarap oýnuň düzgünine görä, utulanlara jeza (yza) berýär. Jeza dürli görnüşde bolup biler. Meselem, bir ädim daşda durup, diwary ogşatdyrmak, mal hökmünde hamana juwazyň daşyndan aýlandyrmak, horaz bolup gygyrtmak, aýal eşigini geýdirip, goňşulardan çörek soratmak, eglip gelin salamyny berdirmek we başgalar. Jeza çäresi kesgitlenmeýär, ol utanyň oýlap tapyşyna we zabunlygyna bagly. Jeza üýtgeşik, oň görülmedik bolsa, oturyşmanyň gyzygy, gülküsi, şowhuny has-da artýar. Utulan berlen jeza boýun bolmaly, munuň özi onuň mertligini, lebizliligini görkezýär, şeýle hem oňa indiki oýunda ezberlemäge, ökdelemäge, utulmazlyga itergi berýär. Nahardan soň hem oýun dowam edýär. Gatnaşyjylaryň hemmesi gezegine oýun oýnamaly.
Oturyşmanyň ahyrynda sorag-jogap bilen «han tertip» atlandyrylýan çäre geçirilýär. Bu hem oturyşmanyň iň bir gyzykly tarapydyr. Oturyşmaçylar döwür gurap çök düşüp oturýarlar. Miusulmançylyga, dini düzgünlere degişli soraglar bilen wezir handan başlap, oturyşmanyň hemme agzalaryna ýüzlenýär. Ol sorag-jogabyň mazmuny şeýle:
− Pylany, musulmanmyň?
− Şükür alhamdülilla, musulman.
− Kimiň guly?
− Hudaýyň guly.
− Kimiň ymmaty?
− Muhammediň ymmaty.
− Haçandan bäri?
− Elimsakdan bäri.
− Elimsak manysy nämedir?
− Adam ata, How ene döräli bäri.
− Dostlaryň kimdir?
− Dört çaryýarlar: Omar. Osman. Abubekir Syddyk. Hezret Aly Şahymerdan.
− Musulmançylyk näçe iş bilen berjaý edilýär?
− Bäş iş bilen: Owaly iman. Bäş wagt namaz. Otuz gün oraza. Maldan başdan hüşür-zekat. Gurbatyň çatsa Hanaýy Käbä zyýarat etmek.
− Musulmançylygyňa şekim bar.
− Keleme şaýadym bar (kelemesini aýdýar).
− Kelläňde näme bar?
− Taji döwlet.
− Gulagyňda näme bar?
− Azan kamat .
− Gözüňde näme bar?
− Çeşmi çyrag.
− Burnuňda näme bar?
− Moý Muhammet.
− Agzyňda näme bar?
− Keleme şaýat.
− Iki egniňde näme bar?
− Iki perişde, bir güwähak.
− Eliňde näme bar?
− Haýyr-sahabat.
− Biliňde näme bar?
− Kemeri hümmet.
− Dyzyňda näme bar?
− Edebi hormat.
− Aýagyňda näme bar?
− Ýol şerigat.
Şeýle mazmunly sorag-jogap gutaransoň, wezir jogap berýäniň eline dürre bilen çalaja urup: «Molla bolgaýsyň» diýýär we beýlekilere geçýär. Eger jogap berýän degişli jogabyny bilmese, ondan sebäbini soraýarlar. Ol hem «öwrenip ýörün, talabynda» diýip jogap berýär. Indiki oturyşmada hem sözünde tapylman öwrenmän gelse, hanyň buýrugy bilen degişli dürresini «iýýär». «Han tertip» gutaransoň, han «Halaýyk, indiki oturyşma pylanynkydyr» diýip, habar berýär. «Aýtjak zadyňyz bolmasa, hemmäňize rugsatdyr» diýýensoň, adamlar öýli-öýüne dagaşýarlar.
Ine, gadymdan bäri biziň gunlerimize çenli däp bolup gelýän oturyşmanyň gysgaça beýany şeýle. Bu däbiň gyzyklylygy bilen birlkde onuň peýdaly taraplaryny, adamlara, ýaş ýetginjeklere edep bermekdäki ähmietini hem aýtmak gerek. Ýaş ýetginjekler, ýigitler oturyşma gatnaşyp edep öwrenýärler. Dini kada-kanunlar esasynda berilýän şol edebiň netijjesinde hem olar boş wagtlary peýdasyz güýmenjeden daşda bolýarlar. Çilim çekmek, nas atmak ýaly dürli zyýanly endiklerden saklanýarlar. Peçiz oýnundaky hereketler ýaşlaryň bedenlerini berkidýär, berilýän jezalar kynçylyklara döz gelmäge, çeýe hem edermen bolmaga taýýarlaýar. Oturyşmada birek-biregi sylamaklygyň kadalaryny, sözleşmegiň medenýýetini öwrenýärler. Umuman, oturyşma däbiniň baş maksady nesillere edep-terbiýe bermek bolup, ol öz wezipesini asyrlarboýy ýerine ýetirip gelýär.
Nury SEÝIDOW.
«Watan» gazeti, 1996-njy ýyl, 16-njy fewral.
Halk döredijiligi we rowaýatlar