01:54 Molla Çäklini ýatlap... | |
MOLLA ÇÄKLINI ÝATLAP...
Aýdym-saz sungaty
Ýaşadyk. Işledik. Gördük. Gojaldyk. Köp wakalaryñ şaýady bolduk. Döwürleriñ inim-çykymlaryny, ýagşylary ýatlamaga ýaşymyz ýetmäni duranok. "Ýagşynyñ ýagşysyny aýt, abraýy artsyna" uýup, öñki-soñky ilhalar şahsyýetler hakynda yzygiderli makala ýazmaklyk adata öwrüldi. Bu ýagşylygyñ, sogabyñ alamaty. Abraý dirä-de, ýalançydan ötenlere-de gerek. "Adam gezmez, at gezerleri". Adam pahyr kazasy dolsa, amanadyny tabşyrmaly bolýar. Ýagşy kişiniñ ady il arasynda ömürlik gezýär, ruhy baky ýaşaýar. Gadymy pederlerimiz: "Alym bolmak añsat, adam bolmak kyn" diýipdirler. Bu pähimiñ añyrsynda örän tereñ manyly pikir ýatyr. "Yhlas bilen aglasañ, sokur gözden ýaş çykarlary", adam zehinini, ukybyny, zähmetini alymlyk derejesine ugrukdyryp, maksadyny bir düwünçege düwse, alym bolup biler. Adam bolma - juda kyn. Ömrüñde bir adamyñ göwnüne degmeli däl. Adam bolmak üçin, birinjiden, Allatagalanyñ beren nusgalyk gylyk-häsiýeti gerek. Ýaradan adamzada gylygyñ ýagşysyny-da berýär, ýamanyny-da. "Hudaý beren gylyk Hudaý alanda galar" diýen çaklama muña tymsal bolup biler. Ikinjiden, adam bolmak üçin sadalyk, akgöwünlilik, sahawatlylyk, dogry sözlülik bileb bir hatarda ynsap, iman, lebiz-wada, giñ göwünlilik zerur. "Ýagşylyga ýagşylyk, her kişiniñ işidir, ýamanlyga - ýagşylyk är kişiniñ işidir" ýa-da "Daş bilen urany aş bilen ur" ýaly nakyllarda giñ göwünli, geçirimli bolmak ündelýär. Adam bolmaklyk ömür bilen dalaşýar. Molla Çäkli hakyky adamdy. Açyk göwünlidi, geçirimlidi, sadady, öýke-kinesi bolmazdy. "Dil - ýüregiñ açary" diýilişi ýaly, süýji dili ýüreginiñ päkdiginden habar berer durardy. Molla Çäkliniñ başga bagşylara meñzemeýän ýoly, heñi, labzy bardy. Öñ eşidilmedik "Bagty han", "Keýki han", "Eneş", "Har etmen", "Balam", "Ýagma, bulut" ýaly ençeme aýdymlary dünýä inderdi. Aýdymlaryñ namalaryny il arasyndan toplady, ýat tutdy, özboluşly heñe getirip, halka paýlady. Türkmen aýdym-sazynyñ ösmegine özboluşly, äpet, mizemez, baky goşandyny goşdy. Ýitmez yz galdyrdy. Aýdym-saz hazynasyny galñatdy. Molla neressäniñ kakuwly eli, ýüwrük barmaklary Hudaý tarapyndan ýörite dutar çalmak üçun berlen ýalydy. Barmaklarynyñ dutaryñ perdelerjnj yzarlap aşak-ýokary inip-çykymy geñ galdyrardy. Bir gezek Molla Çäklini okyjylar köpçüligine giñden tanyşdyrmak maksady bilen, Gazanjyga bardym. Ilki bilen, manyly ömrüni aýdym-saz bagş eden, ençe ýyl ansamblyñ çeper ýolbaşçysy bolup işlän ezber gyjakçy Güýç Nurýagdyýew bilen söhbetdeş boldum. Bular 1956-njy ýylda içgin tanyşýarlar. Şol ýylda Molla Çäkli ansamblyñ agzasyna goşulýar. Ol işiniñ daşyndan Soltan Atanepesowyñ şägirdi bolýar. Şol wagt Molla oglantak bolsa-da, aýdym-sazdan paýyny alan bagşydy. Şol ýyldan başlap Güýç Molla Çäkloniñ gyjakçysy bolup, olar baýramçylyk günlerinde, toýlarda toý märekesine heziller berýärler. - Molla neressäniñ eli çendenaşa ýüwrükdi. O ýyllar Mylly aganyñ sazlary säher bilen radioda ýañlanardy. Haýsy saz bolsa bolsun, birki gezek diñlese bolanydy. Derrew öwrenerdi. Onuñ öwrenen sazyny bilelikde çalardyk. Aýdym-saza durkumyz bilen ulaşdyk. 1966-njy ýylda Aşgabatda "Eneş", "Bagty han", "Ýagma, bulut", "Balam" diýen aýdymlary ýazga berdik - diýip, Güýç Nurýagdyýew sözüni dowam etdirdi. Bular işiñ daşyndan, Aşgabatdaky medeni-añ bilim tehnikumyna gaýybana girip, 1967-nji ýylda tamamlaýar. Molla Çäkliýewiñ özüne, aýdymlaryna sarpa goýýan okyjylar onuñ ömür beýany bilen tanyşmak isleýändir diýen pikire uýup, şu makalanyñ başyny çatmagy niýet edindim. Isgender stansiýasynyñ çak gaýrasynda çenek bilen 30 km daşlykda Hydyr gören gumuñ günortasynda Ok diýen oba bar. Şol obada Molla Çäkliýew 1933-nji ýylyñ 21-nji fewralynda dünýä inýär. Çaga wagtynda ene-atanyñ mährinden mahrum bolýar. Agasy Tañryberdi ekläp-saklaýar. Ol ikinji jahan urşuna gidip gaýdyp gelmeýär. Oñşuk agasy Amangeldiniñ, ejekesi Akbäbegiñ gerdenine düşýär. Ikinji jahan urşunyñ ilkinji ýyllarynda Okdaky oba demirýoluñ golaýlaryna göçürilip getirilýär. Köp hojalyklar oñşugy geçjek ýerlere çekilýärler. Soñ-soñlar Mollany ykbal Gumdag şäherinden çykarýar. Ejekesi Akbäbegiñ elinde gezýär. Şol şäheriñ 1-nji orta mekdebini 1954-nji ýylda tamamlaýar. Az wagt mugallymçylyk kärinde işleýär. Soñra Gazanjyk şäherine gaýdyp gelýär. Agasy Amangeldiniñ, ýeññesi Mawynyñ öýünde bolýar. Haly artelinde buhgalter, kolhozara gurluşyk edarasunda sklad müdiri, medeniýet öýünde zähmet çekýär. Aýdym-sazyñ ýoluna ymykly gadam basýar. Gadamyñ bady 1977-nji ýyla çenli dowam edýär. Şol ýylyñ 5-nji sentýabrynda jan saglygynyñ ýaramazlygy zerarly zähmet inwalidiñ 2-nji gruppasy berilýär. Işden sowulýar. Ýöne aýdym-saza bagry badaşanlygy üçin elinden dutaryny düşürmedi. Toý-tomaşada iline heziller berdi. Birnäçe aýdymlaryny ýazga geçirdi. Molla Çäkliniñ ýoly, heñi, labzy dowam etdi. Ol öýken keseline ýolugypdy. Nähoşlugyna garamazdan, gum içlerinde, dag jülgelerinde ýaşalýan obalara baryp, aýdym aýdyp, ýaşaýjylaryñ gulaklarynyñ posuny açýardy. Iñ soñky aýdym aýdan ýeri - gum bilen gyryñ sepleşýän ýerindäki Burgun diýen obada aýdym aýdyp gutaran soñ, 1989-njy ýylyñ fewral aýynda amanadyny tabşyrdy. Onuñ jesedi Gazanjyk şäheriniñ demirgazygynda gara ýoluñ ýakasynda "Gaýyp öwlüýäde" ýatyr. Onuñ tanyş-bilişleri, dogan-garyndaşlary Molla neressäni ýatlaýarlar. Il-günüñ göwün taryny awlaýan şahyrdyr bagşynyñ ýa-da watan üçin janyny gurban eden ýaş ýigitleriñ ömür tanapy ir kesilende: "Uçup gitdi Horasanyñ durnasy" diýip gynanylýar. Öñler durnalaryñ hatary kerwen gurap, sähralarymyza, jülgelerimize, arkaja gelip gonardylar. Meýdanyñ dürli-dürli otlaryny çokardylar. Hezil edip iýerdiler. Dähedem-dessemläp, uzyn injikli aýaklary howlukman gadam urýardy. Ol durnalar gözden gaýyp boldy. Ýöne olaryñ sesleri gulagymyzdan gidenok. Molla neresse-de şol durnalar ýaly uçup gitdi. Ony ýatlanyñda tirsegine daýanyp ruhy "Eneş", "Bagty han", "Har etmen", "Ýagma bulut" ýaly aýdymlary aýdyp berjek ýaly göwnüñe gelýär. Onuñ aýdymlary radio hazynasynda saklanýar. Aram-aram onuñ aýdymlaryny hezil edip diñleýäris. Munuñ belli bahasy ýok. Ogul-gyzlarynyñ, dogan-garyndaşlarynyñ göwünlerine teselli berýär. Radionyñ üsti bilen ýaş bagşylarymyz Molla Çäkliniñ aýdymlaryny öwrenýärler. Telewizoryñ, radionyñ üsti bilen halkymyza eşitdirýärler. Molla neresse ýüreklerde ýaşaýar, ýaşar. Aýdym-sazymyza aýratyn üns berilýän şu döwürde aýatdaky atly bagşylarymyz bilen bir hatarda il-gününe hyzmat edip, ýagty jahandan öten bagşylara-da hormatly atlar dakylyp durulýar. Molla Çäklä-de mynasyp at dakylsa, türkmen ili begenerdi. Tatar ÜÝŞMEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||